Edi Ädim

steps.gif 

SIZIŇ BU GÜN ýa-da SOŇRA ETJEK ÝEDI ÄDIMLERIŇIZ

Satyjylar harydyň basym geçmegi üçin alyjylara ýygy-ýygydan aýratyn teklipleri edýärler. Isa Mesih hem edil şol satyjylar ýaly teklip edýär. Hemmeleriň ýa ölmezinden öň ýa-da şondan soň, edip biläýjek ýedi ädimleri bardyr. Eger siz, bu gün şol iru-giç edilmeli ädimleri etseňiz, Mesih size aýratyn teklibiniň bardygyny aýdar. Bu – siziň kalbyňyzyň halas bolmasydyr. Geliň, siziň bu gün ýa-da soň etjek ädimleriňize seredip geçeliň.

1. Siz Mesihiň çakylygyny eşidersiňiz BU GÜN Isa:Men size hakykaty aýdýaryn, Hudaýyň Oglunyň sesini ölüleriň eşitjek wagty geler, bu wagt eýýäm geldi. Onuň sesini eşidenler ýaşar.” – diýýär (Ýah.5:25). Bu ýerde agzalýan “ölüler” sözi – fiziki taýdan diri bolsa-da, günä babatda ölen adamlary aňladýar. Bu gün Isa, ruhy taýdan ölenleriň we günädir jenaýata batanlaryň hemmesine çagyryş edýär. “Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin” (Mt. 11:28). Eger, Isanyň şu söýgä ýugrulan çakylygy inkär edilse, SOŇRA “gabyrdakylaryň Onuň sesini eşitjek wagty geler. Haýyr iş edenler ýaşamak üçin, şer iş edenler bolsa höküm üçin direler (Ýah. 5:28-29). Bu gün Isanyň söýgi çakylygyny inkär etmek – bu, SOŇRA Hudaýyň hökümi üçin Onuň batly sesini eşitmegi aňladýandyr. Onda näme üçin bu gün şol çakylyga seslenmeýärkäk?

2. Siz rehim edilmegi üçin Hudaýa ýalbararsyňyz

BU GÜN Injil bize:Hudaýy tapmaga mümkinçilik barka Ony gözläň: heniz Ol ýanyňyzdaka Ony çagyryň” (Iş. 55:6) diýýär. Hudaý sabyrlylyk bilen garaşýar, Ol rehimdarlyk edilmegini soraýan sesi eşitmek isleýär. Ol golaýdadyr we bagyşlamaga taýyndyr. SOŇRA adamlaryň rehimdarlyk edilmegini soraýan wagty geler, şonda Hudaý rehim etmez. Ol “turup, gapyny ýapanda, siz daşarda galyp: “Ýa Reb, gapyny bize aç.”- diýip, gapyny kakmaga durarsyňyz. Emma Ol size: “Men sizi tanamaýaryn, nireden gelendigiňizi bilmeýärin.” – diýip jogap berer. Şonda siz şeýle diýersiňiz: “Biz Seniň öňüňde iýip-içdik, Sen biziň köçelerimizde sapak berdiň”. Emma Ol: “Men sizi tanamaýaryn, niredendigiňizi bilmeýärin, diýip aýdýaryn ahyryn. Baryňyz ýanymdan aýrylyň, eý, nähak iş edenler.”-diýer. Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Patyşalygynda, özüňiziň bolsa daşaryk kowulanyňyzy göreniziňizde, ol ýerde aglama we diş gyjama bolar” – diýer (Lk. 13:25-28). Onda näme üçin şu wagt rehimdarlyk edilmegini soramaýarkak?

3. Siz Isany Reb hökmünde ykrar edýärsiňiz

BU GÜN Hudaýyň wadasy: “Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň” – diýýär (Rim. 10:9). Eger, sen muny şu wagt ykrar etmeseň, Hudaý SOŇRA: “çünki biziň barymyz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde durmalydyrys. “Reb diýýär: Öz direlmegimden kasam, her dyz öňümde epiler, her dil Hudaýy ykrar eder.” diýip ýazylgydyr” – diýýär (Rim. 14:10-11). Isany ykrar etmäge garaşýan adamlar, Ony özleriniň höküm gününde ykrar ederler. Onda näme üçin Ony şu wagt ykrar etmeýärkäk?

4. Siz günä etmegi goýarsyňyz

BU GÜN Mesihe uýana edilýän tabşyrykda şeýle diýilýär: “Höweslerine boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde günä höküm sürmesin. Synalaryňyzy nädogrulyk guraly edip, günä tabşyrman, eýsem, ölümden dirilen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň, synalaryňyzy dogrulyk guraly edip Hudaýa tabşyryň” (Rim. 6:12-13). Hudaýyň çagasy günä etmesini şu wagt goýmalydyr. Çünki ol, günä we bu dünýäniň höwesleri bilen göklere barmaz. Emma, SOŇRA dowzaha barylýarka, hiç kim bu dünýäniň günäli gözelliklerini öz ýany bilen alyp gidip bilmez. Sebäbi, “… dünýä we onuň höwesleri geçip gider” (1 Ýah. 2:17). Günäli hezillikler we lezzetler azwagtlykdyr. Dowzahda onuň ýaly zatlar bolmaz. Ol ýerde ahlaksyzlyk, alkogolly içgiler, çilim bolmaz. Ol ýerde diňe azaplar, “aglama we diş gyjama bolar”. Onda näme üçin günä etmäni şu wagt goýmaýarkak?

5. Siz günä üçin höküm edilersiňiz

BU GÜN Ýahýanyň birinji hatynyň 1:9 –y aýatynda şeýle diýilýär: “Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar.” Eger, biz günälerimizi boýun alsak, onda olar Mesihiň merhemet tagtyna, rehimdarlyk tagtyna baryp, Isa Mesihi günälerimizden halas ediji hökmünde kabul edişimiz arkaly Hudaý bizi bagyşlar. Günälerini boýun almak we olar üçin toba etmek islemeýänler SOŇRA höküm ediler. Rimlilere ýazylan hatyň 2:5-i aýatynda günäkärde gahar-gazabyň ýygnalýandygy aýdylýar: “gazap güni üçin, Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak güni üçin, özüňe gazap ýygnaýarsyň”. Şol günäkärler Hudaýyň öňüne baranda kitap açylar (Ylh. 20:11-15), onda olaryň eden ähli bagyşlanmadyk günäleri we olar üçin höküm edilşiniň subutnamasy hökmünde ot kölüne zyňyljakdygy ýazylandyr. Rehimdarlyk tagtyndan günälerimiziň bagyşlanmagy soralanyndan soň, häzirki ediljek höküm, geljekdäki beýik ak tagtyň öňünde ediljek hökümden has ýeňildir. Onda näme üçin şu wagt günälerimiziň geçilmegini soramaýarkak?

6. Siz öz “meniňizi” we özdiýenli gyzyklanmalaryňyzy ýitirýärsiňiz 

BU GÜN Isa: “Kim Meniň yzymy eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün. Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim öz janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder. Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp, janyny ýogaltsa, oňa näme peýda bolar? Ýa-da adam janyna derek näme berip biler?” – diýýär (Mt. 16:24-26). Köp adamlar dostlaryny, mülki we şahsy maksatlaryny ýitirmegiň bahasyny hetdenaşa ýokary şaýýarlar. Emma, olar şol zatlary şu wagt goýsalar, SOŇRA olar ähli zatlary barybir ýitirerler, ýöne soňky ýitirişiň bahasy has ýokary bolar. Onda näme üçin şu wagt öz-özüňi inkär etmeli däl?

7. Siz azaplara höküm edilensiňiz

BU GÜNMesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker” (2 Tim. 3:12). Hiç bir mesihä azarlardan dynma ýokdur. Hatda olaryň üstünden gülünip we arkasyndan sögünip hem biliner. Şonda-da, Mesih bizi: “Çydasak, Onuň bilen höküm süreris” – diýip ynandyrýar (2 Tim. 2:12). Emma, SOŇRAKY azaplary häzirki görülýän görgiler bilen deňäp bolmaz. Olar ebedilikde “oduň ýalnynda” ejir çekerler (2 Sel. 1:8). Bu dünýäniň islendik adamy ýa BU GÜN, ýa-da SOŇRA ebedilikde Hudaýyň hökümi bilen ejir çekmeli bolar. Onda näme üçin şu wagt ejir çekmeli däl? Siz bu ýedi ädimleri ýa bu gün, ýa-da soňra gürrüňsiz berjaý etmeli bolarsyňyz. Hudaýyň aýratyn teklibi, diňe oňa şu wagt jogap berene ediler.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *