Mesihiligiň Esaslandyrylyşy

Mesihilige düşünmäge size kömek etjek ajaýyp kitaplaryň birini size hödürlemek isleýäris. Bu kitaby okamak bilen siz dünýäniň Halasgäri Isa Mesihe ýakyndan düşünersiňiz diýip umyt edýäris.

Eger bu kitaby bütünleý okamak isleseňiz, biz bu kitaby sowgat hökmünde size yollap bileris. Mundan başgada bizden Töwrat we Injil kitaplaryny hem sowgat alyp bilersiňiz!

bc.jpg

“Ýyganyşyga (ruhy ybadathana, yada gurama göz öňünde tutulýar)duşmançylykly, Isa Mesihe bolsa mähirli”.. Şu günki gün şeýle sözller bilenn köp adamlary, esasan hem ýaşlary häsietlendirip bolar. Olar guramaçylyga degişli ähli zadyň garşysyna çykýarlar Olar üçin jemgyýetde belleniler tertip düzgünler, aýratyn hem, onuň eňillikleri ýigrenji. Olar ýygnanyşykdan hem, hiç hili esassyz, ýüz öwürýärler. Sebäbi, şeýle kemçilikleri bilen, ony azgyn hasaplaýarlar. Şeýlede bolsa, olaryň ýüz öwürýän zady Isa Mesih däl-de, häzirki zamanyň ýygnanyşygydyr (serkow). Hut şonuň üçin, olar mesihiligi Esaslandyryjy bilen, Onuň esaslandyran ýygnanyşygynyň häzirki döwürdäki ýagdaýynyň araasyndaky gapma-garşylygyy görýärler. Olar şeýle bir howply we sowuk. Onda-da Isa Mesihiň şahsyeti we taglymaty özüne çekijiligini ýitirmedi. Aslyetinde, Onuň Özi hem bellenen tertip-düzgüne garşy çykypdy, Onuň käbir sözleriniň bolsa, rewolusion öwüşginleri bardy. Görüp dursak, Onuň pikirleri üýtgedilmän galdyrylypdyr. Nirä baranda-da, Ol söýgi we parahatçylyk şöhlesini saçypdy. Şonuň ýaly, Onuň Özi hem -edil wagyz-nesihat edişi ýaly yaşady. Ýöne, Ol hakyky bolupdyrmy? Mesihiň hakykylygyna we mesihilige belli bir derejede dogry düşünýän, dünýädäki eterlik derejedäki köp adamlar, häli şu güne çenli hem mesihileriň maşgalasynda terbie alýarlar. Ýöne, haçanda şol adamlarda howply häsietler ösüp, özbaşdk pikir edip başlanlarynda olar üçin onuň agramly tarapyny derňäniňden, özüniň çagalyndan ynanyp gelen dininden boýun towlany gowy ýaly bolup görünýär. Mesihileriň içinde ösmedik başga-da adamlar örän köp. Mesihilige derek olar induizmiň, buddizmiň, yslamyň taglymatlary ýada dünewi gummanizmiň, kommunizmiň ýada ekzistesializmin morallary bilen gümra bolýarlar. Ýöne olaryň ikisi hem, eger-de käwagtlar Isa hakynda okasalar, Onda boýun towlamak şeýle bir eňil bolmadyk, güýçli özün çekijiligiň bardygyny ýüze çykýarlar. Şeýlelikde, biz Nasyraly Isanyň taryhyndan başlaýarys. Ol gürrüňsiz ýaşap geçdi. Bu mesele boýunça hiç hili esaslandyrylan müňkürlik ýok. Onuň taryhylygyny edip butparaz awtorlarynyňky ýaly, mesihi awtorlar tarapyndan hem tassyklanandyr. Ol hakynda näme aýdylan bolsa-da, Ol hökman adam bolupdyr. Ol edil beýleki adamlar ýaly doguldy, ösdi, der döküp işledi, dynç aldy we uklady. Ol iýip-içdi, azar çekdi we öldi. Onda hakyky adamzadyň teni we duýgusy bardy. Ýöne biz Onuň käbir manyda Hudaý bolandygyna, hakykatdan hem, ynanyp bilerismi? Isanyň Hudaýlygynyň özi, diňe mesihiligiň obrazly ýalan düşünjesi bir dälmikä? Mesihileriň Nasyraly agaç ussasynyň Hudaýyň eke-täk Ogly bolandygyna bolan täsin ynamlaryny berkleşdirýän we tassyklaýan, heý bir ekeje subutnamasy barmyka? Bu fundamental sorag. Ondan gutulyp bolmaz. Hakykatçy bolmak gerek. Eger-de Isa adam tenine giren Hudaý bolmadyk bolsa, onda, mundan beýläk mesihilik hem ýok. Bizde özüniň ajaýyp pikirleri we ahlaklyklary bilen, diňe ene-de bir din galýar. Ýöne onuň täsin aýratynlyklary ýitip barýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *