Umytsyzlygyñ içinde umyt berÿän Rebimiz Hudaÿa šükürler bolsun!

Young green tree seedling grow from the old stump.
Young green tree seedling grow from the old stump.

Umytsyzlygyñ içinde umyt berÿän Rebimiz Hudaÿa šükürler bolsun!

Mukaddes ÿazgylarda Hudaÿyñ hemiše yzygiderli özüne bil baglaÿanlara her bir kynçylygynyñ içinde hem olara ćykalga berišini görÿäris.

Šeÿle ÿagdaÿy göz öñune getirip görüñ: bir kesilen agajyñ gurap barÿan töññesi. Bu gury töññeden bir šaha ösüp çykmagy mümkin däl yalydyr, emma gudrat bolanda öli ÿaly bir töńńeden hem miwe berjek šaha ösüp çykyp biler.

Huday asyrlaryñ dowamynda, dünÿäni halas etjek bir Mesih Halasgäri dünÿä iberjekdigini wada berip gelipdi we bu gelmei bolan Mesih Ybraÿymyñ neslinden bolan Yessä yada Ÿyšaÿ diÿilÿaniñ ogly Dawut pygamberiñ neslinden bolmalydy. Emma adamlaryñ imansyzlygy bilen mukaddes, adalatly we kämil bolan biri Dawudyñ neslinden çykmandy… Hatda halk umytsyzlygyñ içine düšüpdiler. Ynsanlar arasynda kamil, mukaddes we adalatly bolup kim bolup biljekdi… Hiç kim! Bu ÿagdaÿ ÿokarda aÿdyp geçen düÿbünden kesilen bir gury töññe ÿalydy… Seredip otursak, adamzat nesliniñ içinde günäsiz bolup kamil, mukaddes bolan hiç kim ÿok… Hemmeler günä edip Hudaÿyñ jezasyna mynasyp boldular….Hiç kim Halasgär bolup bilenok we öz-özüni ÿada bašgalary dowzah höküminden halas edip bilenok. Her birimiziñ ÿagdayymyz bu gury töññe ÿaly, umytsyzlykda, baky dowzah ody hökümi astyndadyrys… Dürli günäleriñ, tekepbirligiñ, men menligiñ yada dünÿedäki boš zatlaryñ yzynda gezip ÿadawlykda, agyr yüküñ astyndadyrys… kalbymyzda bir çykalga üçin ah çekÿäris…

Emma Huday umytsyzlykda umyt bermegi  bašarÿar we hatda gury töńñeden hem bir ÿašyl diri šaha çykaryp bilÿär. Muña iman edip, Halasgar Isa Mesihe iman edenler gutulyša eÿe bolarlar.  Śonuñ üçin Hudaÿ Išaÿa pygamber arkaly Mesihiñ geljegini šeÿle diyip wada beripdi:

“1 Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar,

kökünden gögeren Şaha miwe berer.

2 Rebbiň Ruhy:

danalyk hem paýhas,

maslahat hem güýç-gudrat,

Rebbi bilmek hem

Ondan gorkmak ruhy

Onuň üstünde bolar.

3 Ol Rebden gorkmakdan lezzet alar,

görşüne görä höküm çykarmaz Ol,

eşidişine görä karar çykarmaz.

4 Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol,

ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar.

Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol,

pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.

5 Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline.”

Išaÿa pygamberiñ kitaby 11nji bap

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *