Hakyky danalyk

Adamlar ozuning kimdigini yagny akyldarlygyny, danalygyny nameler bilen bashgalara gorkezmage chalyshyarlar?
Koplench kop adamlar eden ishlerine, yeten derejelerine yada nahilidir bu dunyade edinen baylygyna esaslanyp ozlerini akyldar, dana, abrayly diyip baha beryarler… Hatda ozlerine kimdir biri diydirmek uchin her bir yol bilen ugur tapyp yol aljak bolup hereket edyarler. Gerek bolsa zorluk bilenem, mekirlik bilenem, bashgalary tokmaklap pese dushurmage chalyshypda, yada hokum ediji sozler aydyp hem, dawa-jenjel edip yol aljak bolup, adamlary kemsidip gownuni agyrdyp hem at-abray yada shohrat gazanmak uchin hereket edyarler… Kawagt hatda hak Hudayy tanayan diyip, bu at bilen hyzmat edyanlering arasynda hem sheyle men-menlikden doly hasiyetler bolyar… Beyle adamlar ozlerini beygeldip, men-menlikden, tekepbirlikden, shohratparazlykdan doly adamlardyr.
Beyle hasiyetler, Hudaydan bolman bu dunya degishli yorelgelerden we gara guychlering hokumdary sheytandan ugur alan hasiyetlerdir…
Hakyky danalyk bolsa pesgowunlikden, parahatsoyujilikden, merhemetden, rehimden, adalatdan, yagshy niyetlilikden, mahir-shepagatdan doly bolan hasiyetlere esaslanandyr. Beyle adamlary Huday beygeldyandir!

Hakyky danalyk

13 Araňyzda dana hem parasatly adam barmy? Eger bar bolsa, goý, ol muny dogry durmuşy we danalykdan çykýan pespälligi bilen bitiren oňat işlerinde görkezsin.14 Emma kalbyňyzda bahyllyk we men-menlik bar bolsa, onda danalyk bilen öwünmäň. Bu aňrybaş ýalançylyk bolar!15 Beýle «danalyk» gökden inen däldir, ol dünýewi bolup, ruhy däldir, şeýtandandyr.16 Çünki bahyllygyň, men-menligiň bar ýerinde bidüzgünçilikler we her dürli pyssy-pyjurlyklar hem bardyr.
17 Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.18 Parahatlyk döredýänler parahatçylyk tohumyny sepip, dogrulyk hasylyny orýarlar.” Injil, Yakubyng Haty 3nji bap

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *