HUDAÝA ORUN BERIŇ

HUDAÝA  ORUN  BERIŇ

 

Eý, söýgüli doganlar, özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: <<Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini Men bererin>>. <<Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, suwsan bolsa gandyr, sebäbi muny etseň, onuň başyna közler guýarsyň>> diýip ýazylgydyr. Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň” (Rimliler 12:19-21).

Imanly adam nädip karara gelmelidigine düşünmelidir. Gelnen kararlar şahsy jogapkärçilik bilen baglanyşyklydyr. Hawa, ene-atalar çaganyň aňyna her hili hapa zatlary geçirýärler, şonuň üçin ol ulalanda-da, 40 ýaşyna ýetende-de, köplenç edil 13 ýaşyndaky edýän hereketlerini edýär. Durmuşyňyzyň käbir ulgamlarynda haýsy ulgamda ýaşaýandygyňyza baglylykda size 9. 10, 11, ýaş bermek bolar. Kähalatlarda 40-60 ýaşly adamlar 16 ýaş döwründe ýaşaýarlar. Bu hemişe şeýle bolup durýar. Näme üçin? Sebäbi akyl ýetirmedik aňa köp hapa zatlar agdarylypdyr, şol sebäpli-de, adam durmuşynyň belli bir ulgamlarynda yza galak bolýar. Daşyndan göräýmäge ol özüni türgenleşdirýär, öwrenýär, düzelýär, emma şeýle-de bolsa, ol ösmeýär. Men ýazgaramok, ýöne adamzadyň gussaly faktyny belläp geçýärin. Bu gün şu ýerde oturan adamlaryň arasynda-da, käbir ulgamlarda, ýagny söýgi we wepalylyk ulgamynda kämillige ýeten, ýöne durmuşynyň käbir ulgamlarynda entegem 12 ýaşynda gezip ýören ajaýyp adamlaram bardyr. Bu olaryň akyl-paýhas ukyby bilen asla baglanyşykly däl-de, akyl ýetirmedik aňy bilen baglanyşyklydyr.

Munuň ýaly ýagdaýdan çykalga bardyr, ýöne bu babatda dogruçyl bolmalydyr. Emma adamlar munuň deregine öz-özlerini inkär etme sistemasynda ýaşaýarlar: “Men däl, aýalym etdi. Men günäkär däl, kakam günäkär”. Kakaňyzyň ýa-da ejeňiziň akyl ýetirmez aňyňyza köp zady goýandygy bilen hiç kimem jedelleşmeýär.

Hudaýyň Sözi çözgüt teklip edýär—ýerli ýygnak, ýerli ruhy çopan, siziň maslahatçyňyz deregiňize karara gelýär. Onuň edýän her bir wagzy size maslahat berýär, çözgüt sistemasyny görkezýär we serişde toplamanyň tükeniksiz mukdaryny berýär. Hudaýyň Sözi—şeýtany gorkuzýan adaty bolmadyk maslahatlar sistemasydyr. Hudaýyň sözi gürrüň berlende, çüýremez tohumyň ýaşaýşy-da berilýändir. Ol siziň kalbyňyza girmäge taýýardyr. Ýöne siziň ony ýüregiňizde kabul etmeýän bolmagyňyz mümkin. Eger akyl ýetirmeýän aňyňyz hapadan doly bolsa, onda Hudaýyň Sözüni eşitseňizem Onuň maslahatyny Kabul edip bilmersiňiz. Şunuň ýaly ýagdaýda Hudaýyň Sözi size hiç haçan peýda getirip bilmez-de, siz durmuşyňyzyň käbir ulgamlarynda barybir şol yzagalaklygyňyza galarsyňyz. Bu siziň akyl-paýhasyňyz zerarly däl-de, ruhy ösüşiňiz, çeýnemäge we özleşdirmäge, Hudaýyň Sözüni janyňyza siňdirmäge ukyply däldigiňiz zerarly bolýandyr. Hudaýyň Sözüni jana siňdirme bolmasa, siz özgerişe girmeýärsiňiz-de, diňe ruhy refleksde ýaşaýarsyňyz.

Akyl ýetirilmedik aňda hapa galsa, onda ol hemişe siziň içiňizde saklanyp, köp ýagdaýlarda näbelli zat bolýar-da, aňyňyzyň 90%-i bolup durýan akyl ýetirmedik aňyňyz aslyýetinde siziň kimdigiňizi görkezýär.

Bilimiňiz, taýýarlygyňyz, faktlary kabul edişiňiz sizi belli bir derejede üýtgedýär, ýöne sizde beýleki adamlar üçin açyk bolan 10% -iň üsti bilen aslyýetinde kim bolsaňyz, şoldugyňyzy görkezmäge çalyşýan ikinji şahsyýetem bardyr. Bu siziň köpçüligiň öňünde üýtgemeli, açylmaly, göze görünmeli bolan bir bölegiňizdir. Adam ajaýyp maska dakynyp, aňrybaş oýun görkezibem biler, ýöne oňa peýdasyzlyk hökümdarlyk edip, onuň özeni bolup durar. Munuň ýaly adam geçmişde ýaşaýandyr.

Belki, onuň özüniň beýle pikir etmeýän bolmagy mümkin. Ol telefonda jaň edip: “Eger biz şeýle etsek, munuň ýaly etsek, gaty gowy bolar” diýip biler. Ol häzirki wakalaryň ölçeginde gürläp biler, ýöne şonda-da geçmişde ýaşaýandyr. Geçmişde ýaşaýan adam häzirki döwründe hiç haçan hem ösýän däldir. Adam geçmişiň haýsy böleginde ýaşaýan bolsa-da, häzirki döwründe hiç haçan hem ösýän däldir. Geçmiş oňa ýaralary, agyrylary, öz büdremelerini ýatladyp durýandyr, şol sebäpli-de, häzirki döwründe ol ösüp bilmeýär. Onuň dyrjaşmagy-da mümkin, durmuşynyň käbir ulgamlarynda üstünlik gazanmak üçin güýjem tapyp biler, emma geçmişi bilen ýaşaýan adam häzirki döwründe Hudaýyň planynyň içinde ýaşaýandygynyň bar özenini elinden sypdyrýandyr.

Gep adam Hudaýyň planynyň içinde bolýan bolsa, onda ol özüni Hudaýyň planyna tabyn edip, Onuň öz durmuşyndaky maksadyny açar. Şonda ol ebedi ýaşaýyş merhemetini doly Kabul edip, geçmişini doly aradan aýryp biler. Belki, ol geçmişini ýadyna salsa-da, bu babatda hasrat çekmez, ony çeýnäp oturmaz we gaýta-gaýta özleşdirip durmaz.

Häzirki döwrümizde Hudaýyň planyna girenimizde, şol planyň tolgundyryjy mümkinçiliklerini —ýerdäki ýaşaýşymyzyň hakyky maksadyny — duýup başlaýarys.  Şonda ilki bolup geçýän zat özümiziň beýik hakykaty görmegimiz—adamlary däl-de, Hudaýy eşitmegimiz—bolup geçýändir. Biz adamlaryň ýaşaýyş hakda diýýän zatlaryny däl-de, Hudaýyň Sözüniň: “Hudaýdan gelen Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz diňlemeýärsiňiz, çünki siz Hudaýdan däl” (Ýahýa 8:47) diýýän sözlerini diňleýäris. Hudaýyň sözüni eşitmek üçin men Hudaýyň Sözi öwredilýän ýerde bolmalydyryn, men Onuň sözi eşidilýän ýerde oturmalydyryn ýa-da her gün az bolanda iki sagat kasseta diňlemelidirin. Bu has gowy peýda getirýändir. Ikinjiden, Hudaýyň sözüni diňlänimde, Onuň sözüni kiçigöwünlilik bilen kabul etmelidirin (Ýakup 1:21). Üçünjiden, men Isa Mesih hakda eşiden zatlarymyň hemmesini iman bilen utgaşdyrmalydyryn. Soň taglymaty özleşdirme bolup geçýär. Çeýneme bilen özleşdirme bilelikde bolup geçende, bu öz düşünjämiň Hudaýyň pikirleri bilen ýuwulýandygyny aňladýar. Soň meniň düşünjäm Adamdaky durmuşda ýygnanan ýyllara hökümdarlyk edip başlaýan Hudaýyň ýaşaýşynyň hereketini kabul edip başlaýar. Şu sebäbe görä-de, resul Pawlus: “meniň üçin ýaşaýyş Mesih” (Filipililer 1:21). Şonuň üçin mezmurçy biziň Hudaýyň sözi tarapyndan ideklenilýändigimizi aýdýar. Şol sebäpli-de, adam azat erk bilen merhemete, rehimdarlygyň öňe gitmesine, rahat ýaşaýşa, özüni hakykatda mukaddes edilmäge alyp barýan çözgütlere şeýle jogapkär bolýar. Ine, adam şu zatlary eşidibem, gomoseksualizme gaýdyp barsa, Hudaýy näme üçin gaharlandyrýan eken, sebäbi oňa ýaňyja çözgüt hakda aýdylypdy ahyryn. Sebäbi oňa çözgüdi teklip eden Hudaý we çözgüt teklip eden Kitap hakykatdyr we ebedidir.

Mukaddes Kitapda Hudaý zynanyň biziň aramyzda hatda agzalmalam däldigini, sebäbi häzir merhemetiň, Hudaýyň planynyň we maksadynyň çözgüt getirendigini aýdýar. Şol çözgütler şöhratlydyr, üýtgeşmeler gudratlydyr. Olar Hudaýyň Sözüni eşitmek, ony kiçigöwünlilik bilen kabul etmek, eşiden zatlarymyzy iman bilen utgaşdyrmak we Hudaýyň Sözüni özleşdirmek arkaly ýazgarmasyz merhemet bilen bolup geçýändir. Bu bolsa durmuşda imanly adamyň pikirlerini ösdürýän zatdyr. Bu jogapkärçiligiň beýleki görnüşleriniň hemmesini akyl taýdan aradan aýryp, mümkinçilik bolanda belli bir maksat bilen edýän, etmegi planlaşdyrýan ýöne bir akyl ýetirýän pikirlerimiz däldir. Men bu ýerde özüm düşünmesem-de, Mukaddes Ruhda pikirlenenimde, Mukaddes Ruh arkaly bolup geçýän subýektiw pikirlenmäni göz öňünde tutýaryn. Mysal üçin, men kimdir biri bilen duşuşmak üçin koridor bilen gidip barýarkam, öz durmuşymdaky taglymatyň belli bir ulgamyna düşünmezligimem mümkin bolup biler, ýöne aňym geçmiş hakda pikirlenmäniň deregine, hemişe taglymat hakda pikirleinip biler, sebäbi ol ýüregimi doldurýar-da, Rebbe öwgi aýdýar. Şonda men Rebden şeýle doly bolýaryn, sebäbi Ol aňymda häzir näme bardygyny açyp görkezmek üçin akyl ýetirmez düşünjämi motiwirläp, meni gurşap alýar. Soň men muňa düşünmesem-de, eýýäm Mukaddes Ruhuň akyl ýetirip bolmaýan pikirlenmesinde ýaşaýaryn. Ýüregimiň akyl ýetirmez pikiri-de, aňymyň akyl ýetirýän pikirlenmesi-de bolup bilýändir.

Şeýlelikde, eger içiňizde ajaýyp iýmit bar bolsa, onda sizde örän ajaýyp iýmit bolýandyr. Eger siz birnäçe hepdäniň dowamynda duzly, ýagly iýmit iýmeseňiz, undan bolan önümleri iýmegi bes eden bolsaňyz, onda siz içiňizde nähili iýmitiň bardygy hakda hatda pikir hem etmeýärsiňiz. Bu barada pikir etmegem birhiliräk bolardy, ýöne şol iýmit size kömek edýär, gurbat berýär. Hatda haýsydyr bir ders, haýsydyr bir taglymat, haýsydyr bir tema hakda pikir etmeýän bolsaňyzam, öz gün tertibiňiz bilen gümra bolsaňyzam, akyl ýetiriji aňyňyz içiňizdäki zatlar bilen oýnaýar. Uka giden wagtyňyzda-da, şunuň ýaly zatlar bolýandyr. Eger uklap ýatan bolsaňyz, işdäsiz bolan ýagdaýyňyzdan başga wagtlarda, gije-gündiziň dowamynda 24 sagatlap işleýän aňyňyz hem akyl ýetirmeýän zadyňyz uklap ýatan düşünjeli aklyňyz bilen işleýär-de, hemişe içindäki zady özleşdirýär. Mysal üçin, eger men položitel, dinamiki zatlar hakda pikirlenýän bolsam, onda ruhy dinamikada rahat ýataryn (Zebur 4:9).  Men şonda uky taglymatynda ýaşap, biologiki we emosional kynçylyklaryň hemmesinden dynç alýaryn.

Mukaddes Kitap: “Eý, söýgüli doganlar, özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: <<Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini Men bererin” diýýär. “Söýgüli doganlar”—agapemos—erkeklik derejesine degişli bolup, köplük sanda ulanylandyr. Ol näzik ysnyşyk hakda gürrüň berýär. “Özüňiz öç alman”—me ekdikointes—häzirki zaman işligi, buýruk sandyr. Bu söz: “Özüňiz üçin ar almaň, ar aljak bolup hereket etmäň”diýmegi aňladýar.

Özleri üçin ar alýan adamlar geçmişi bilen ýaşaýan adamlardyr. Olarda häzirki döwürde özlerini goramaklyga sebäp hem bolýandyr: “Men beýle etmedim, men munuň ýaly däl, name üçin men şeýledirin diýip pikir edýärsiň? Men beýle diýmedim. Men beýle diýjek bolmadym. Men beýle etmedim. Sen näme üçin muny men edendirin diýip pikir edýärsiň? Ýok!” Bu näme? Özüň üçin ar almadyr! Näme üçin bu adam özüni gorap ýaşaýar? Sebäbi akyl akymlary hapa akymlary getirýär. Aňda az  bolan 8 sany bölüm bolýar-da, olar hapa akym öndürýärler. Adamlar hapa akymlar sebäpli, ahlaksyzlyga, neşä, gazaba, garşy çykma, kinä, akla sygmaýan zatlara, ar alma, gorka, ynamsyzlyga, özi hakda erbet pikir etmä ýüz urýarlar.

Özüň üçin ar almaklyk 8 bölümi bolan hapa aňyň akymlary sebäpli bolýar. Eger kimdir biri size özüňiz üçin ar aljak bolup ýaşaýandygyňyzy aýdaýsa, onda: “Siz name üçin beýle diýýärsiňiz?” diýen jogaby alardy. Ar almanyň yzyndan hem giden mehanizmi bolan özüňi gorama gelýändir. Eger siz aňyň zäherlenen akymynda ýaşap, nädogry karara gelen bolsaňyz, onda sizde özüňizi gorama sistemasynyň emele gelendigi göze görnüp durandyr, sebäbi eger özüňi goramaklyk bolmasa, onda adam newroz bolýar. Eger sizde özüňizi gorama sistemasy bar bolsa, onda siz gowy newrozsyňyz. Başgaça aýtsak, gowy newroz bolmak üçin sizde gowy işlenilip düzülen özüňi goraýyş sistemasy bolmalydyr, şonuň üçin  siz ar alma güýjüni logika, rasional pikirleniş sistemasy we özüňi gorama sistemasy arkaly beýgeltmelisiňiz.

Şeýlelikde, siz adam pikirinde özüňizi rasional goramak üçin hemişe maglumatlary özüňize siňdirmek bilen ýaşaýarsyňyz. Bu Hudaýyň merhemetiniň özüňiz babatdaky başlangyç planyny öňüňizden aýyrmak üçin her hili psihologiýadyr, ruhy ölçegler bilen garyşdyrylan garyşyk filosofiýadyr. Özüňiz üçin ar almaň. Özüňiz üçin ar aljak bolup ýaşamaň-da, Hudaýyň gazabyna ýol beriň! “-dä” diýen söz baglaşdyryjysy aýdylýan pikire wajyplyk berýän ajaýyp baglaşdyryjydyr. Näme uly wajyplyga eýedir? Ýer beriň. Beriň—dimodaiden alnan dote—buýruk san bolup durýandyr. Hudaýa Öz beýikligindäki ornuny beriň, sebäbi siz Hudaýyň taglymaty bilen hyzmatdaşlykdasyňyz. Özüňizde Hudaýa ornuny berme sistemasy bolar ýaly, bir gezekde hemişelik karara geliň, sebäbi siz öz ykbalyňyzy çözýänsiňiz. Buýruk san siziň karara gelýändigiňizi görkezýär. Siziň deregiňize hiç kim karara gelip bilmez. Siz ýeriňizden turýarsyňyz-da, hereket edýärsiňiz. Buýruk san—Hudaýyň bu zatlary siziň bähbidiňiz üçin tabşyryk berýändigini görkezýär.

“Hudaýyň gazaby” birlik sanda bolup, gahar emosiýasy hakda gürrüň berýär. Grek dilinde gahary beýan edýän iki söz bardyr. Olaryň biri içki gahar, ikinjisi bolsa, gaharyň daşky beýan edilmesi hakda gürrüň berýär. Bu ýerde gaharyň daşky beýan edilmesi—orge—hakda gürrüň edilýär. Bu ýerde ynsanlyk zäherlenmesini ýeňmek üçin Hudaýyň dogrulygynyň biziň otrisatel hereketlerimizi ýeňýändigi hakda gürrüň edilýär.

“Çünki…diýýär”—gegraptai—hereketiň tamamlanan görnüşi, işligiň mälim formasy we gaýdym dereje geçmişde aýdylan zatlaryň häzirki wagtda-da netijesiniň bolýandygyny görkezýär. Siziňem şol hereketiň netijelerini almagyňyz mümkin. Gaýdym dereje bolsa, siziň şol hereketleriň netijesini merhemet boýunça alyp biljekdigiňizi, munuň öz kalbyňyza, aňyňyza we düşünjäňize peýda getirjekdigini aňladýar.

“Öç Meniňkidir”—emoi ekdikesis—baş düşümdedir. Bu söz gaharyň adalatlylyk sebäpli bolýandygyny aňladýar. Hudaý Öz tagtyndan gelip çykýan adalaty ýerine ýetirýändir. Men rahatlanyp bilerin. Men öz üstüme hüjüm eden adamlar hakda pikirlenmän bilerin, sebäbi Hudaý meni goraýar, meniň üçin ar alýar. Ol adalatlydyr, şonuň üçin hem, olara mynasyp bolan zatlarynyň hemmesini berer, sebäbi olar hakykaty ret etdiler, merhemeti inkär etdiler we dildüwşügiň  bir bölegi boldular. Şeýlelikde, men rahatlanyp, jogabam bermän, munuň üçin aram aljak bolman oturyp bilerin. Men Hudaýyň özümiň deregime edýän hereketlerini kabul edýärin.       

 

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *