Çüňňür Imanyň Mysaly

Çüňňür Imanyň Mysaly

 

Çuňňür imanyň mysaly faşistler tarapyndan ynsana ezýet bermek üçin döredilen kons-lageriň diwaryndan tapyldy. Ol diwarda, ine bu sözler gyrylyp ýazylypdy:

 

Hatda, ol şöhlesin saçmasa-da, men Güne ynanýan,

Hatda, ol bize görkezilmese-de, men Söýgä ynanýan,

Hatda Ol geplemese-de, men Hudaýa ynanýan.

Bu sözleri, ol diwara gyryp ýazan adamy göz öňüne getirmäge çalyşdym. Men onuň açlyk we ezýet netijesinde inçelip gurap barýan süňki çykyp duran ejiz elleriniň, bir daşy ýada çüýşe bölegini gysymlap diwara ýazyp oturyşyny, göz öňüme getirmäge çalyşdym. Onuň garaňkylykda çalaja, ezýet we jebir netijesinde öçügsi bolan gözleriniň, diwara seredip, her bir harpy ýazyp oturyşy, göz öňüme geldi…

 

Bu nähili el, şeýle çüňňür ynamy ýazyp bilýän?

Bu nähili göz, şeýle elhençligiň içinde ýagşylygy görüp bilýän?

 

Muňa diňe bir jogap bar: Görünmeýäni görmegi saýlan göz!

 

Ata kimin alada edýän Gudratly Hudaý, durmuşyň kynçylyklarynda biziň üçin berjek kuwwatyňy we ynamyňy wada edensiň! Hudaýym, aladalar netijesinde arzuwlaryny taşlanlara, keselçilikler içinde umytlary ysmaz bolanlara, ýükleri gerdeninden uly bolanlara güýç-kuwwatyňy ber!


“Ol ejizleri kuwwatlandyrýar,

mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar,

Hatda ýaşlar-da ysgyndan gaçyp, ýadaýarlar,

ýaş ýigitler-de büdräp, ýykylýarlar.

Emma Rebbe umyt baglaýanlar

täzeden güýç toplarlar,

bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar,

ýüwrerler, ýöne ýadamazlar,

ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar. Işaýa 40:29-31


28Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.29Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň, çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar.30Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir». Matta 11:28-30


Hudaý biziň penamyz hem-de

güýjümiz,

Ol muşakgat wagty dadymyza

ýetişýär.Hökmürowan Reb biziň bilendir,

Ýakubyň Hudaýy –

berkitmämizdir. Mezmur 45:1,12

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *