Hudayyng Arakkeshlige garshy Serishdesi…

Resul Pawlus serhoşluk babatda Hudaýyň duýduryşyny şeýle ýazdy: «Ýa-da adalatsyz- laryň Hudaýyň Patyşalygyny miras alma- jakdygyny bilmeýärsiňizmi? Aldanmaň, Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne but- parazlar, ….. ne beçebazlar, ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne agzy paýyşlar, ne- de talaňçylar miras alar» (1 Korintos. 6:9-10).

UMYT

Ýokarda berlen duýduryşdan soň, Kor- infda ejir çeken mesihiniň hakyky halas bol- magy babatdaky ýazgy gelýär: «Siziň hem käbirleriňiz şeýlediňiz, ýöne ýuwuldyňyz, mukaddes edildiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen, Hudaýymyzyň Ruhy arkaly aklan- dyňyz» (1 Korintos. 6:11). Resul Pawlusyň hatyny okan her bir adamyň Hudaýyň arak- keşlige garşy serişdesinden peýdalanandygy şundan mälimdir. Gürrüň başga-da köp mysal- lardan durýar, ýagny düzedip bolmajak arak- keşler öz ýüreklerinde işlän Mukaddes Ruhuň üsti bilen doly halas boldular.

SERIŞDE

Bu serişdäniň gerekli täsir etmegi üçin, özüňiň doly alaçsyzdygyňy boýun almaly. Adatça, arakkeşler geljekde haçan hem bolsa bir gün özlerine erk edip bileris öýdüp pikir edýärler. Emma, adamyň özüni özi halas edip bilmeýär. Hiç kim özüni özi halas edip bilmez. Hudaýyň serişdesi — bu Onuň Ogly Reb Isa Mesihe iman etmekdir. Ine, resul Pawlus Isa Mesihiň güýji barada näme aýdýar: «Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» (Filip. 4:13). Isa doglanda perişde şeýle diýdi: «…Onuň adyna Isa dakarsyň, çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder.» (Matta 1:21). Günäden diňe Isa Mesih halas edip biler. Onuň Özi günäsiz ýaşady we her bir günäden ýeňiş gazandy. Ölümiň güýjünden halas bolar ýaly, Ol günäsiz öldi. Ol ölümden direldi, munuň bilen Ol Özüniň Hudaýlyk güýjüni ýene bir gezek subut etdi. Ol göge Hudaýyň ýanyna baryp, Özünden kömek sorap ýüz tutýan günälileriň ýüreginde we kalbynada işlemek üçin Mukaddes Ruhy iberdi.

Dowamyny okamak uchin shu linke basyng!!!

Hudayyng Arakkeshlige garshy serishdesi

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *