Imanly doganlarymyzdan gelip gowushan goshgular…

Doganlarymy berdiň

Dünýä döreli bäri islediň bir maşgala,
Ugrunda ýere gelip, çekdiň köp ahy-nala.
Günäleri göterýän meňzäp gurbanlyk mala,
Ganyň bilen döreden Öz maşgalaňy berdiň.

Sen üçin beýik boldy perişdelerden ynsan,
Ony Senden aýyrdy günä diýlen nägehan,
Oňa gazabyň dökmän, ýöne ah çekip pynhan,
Jezalap Öz Ogluňy, doganlarymy berdiň.

Patyşalygyň taşlap Sen ýere geldiň Isa,
Şahana durmuşyňy öwürdiň uly ýasa.
Halas ediş ýolunda çekip Sen agyr gussa,
Gözýaş bilen döreden doganlaryňy berdiň.

Meniň Size söýgimiň ýokdur hiç çaky-çeni,
Bir-biriňizi söýüň – söýseňiz eger Meni,
Söýgi diýmek bermekdir bütinleý jany – teni
Diýip, tabşyryp maňa, çagalaryňy berdiň.

Söýgi diýmek bermekdir bütinleý jany – teni
Sen hem şeýle söý diýip, doganlarymy berdiň.

Hudaýa ýalbaryş

Dünýä gurulmazdan saýladyň bizi,
Diýdiň siz dünýäniň yşygy, duzy.
Şol yşyk, duz kimin epýäris dyzy:
Doganymyza Atam Özüň şypa ber.

Gaýtalama:
Şypa ber, Atajanym,
Doganymyza gelsin rehimiň!
Şypa ber, Atajanym,
Aýama ondan Öz merhemetiň!
Aýama bizden Öz merhemetiň!

Aýan edeniňde  Ogluň Isany,
Mykaddes etdi bizi Onuň gany.
Doganymyz bilen bir etdiň jany,
Doganymyza Atam Özüň şypa ber.

Gaýtalama

Birek-birek üçin özünden geçen
Etdiň birleşdirip bizi bir beden.
Biz bilen aglap, hem biz bilen gülen,
Doganymyza Atam Özüň şypa ber.

Gaýtalama

Bile geçeli ýerdäki durmuşy:
Paýlaşyp, deň iýip nany we aşy.
Atam galdyrma ýerde bu haýyşy,
Doganymyza Atam Özüň şypa ber.

Gaýtalama
Doganymyza gelsin rehimiň!
Öz ýygnagyňa gelsin rehimiň!
Öz maşgalaňa gelsin rehimiň!

5 thoughts on “Imanly doganlarymyzdan gelip gowushan goshgular…

  1. Günäleri göterýän meňzäp gurbanlyk mala,
    Ganyň bilen döreden Öz maşgalaňy berdiň.

    shu setirler kime degishli hudayamy..onda siza gaty wank ekeniniz,huday nire sizin o yazyp denap otyran zadynyz nire..daje pygamberlerem beydip mala denap bolmaza,siz sheyle bir akylsyz,o nadip huday aglap gulya,siz olary nirden nadip bilyaniz,nadip adama mahsus bolan zady hudaya deneyaniz siz.alla dan gorkanyzokmy bu un jogap bermelidiginize

  2. Bu yokardaky mysal getiren setirlering Isa Mesihe degishlidir! Chunki Isa Mesih bu dunya gokden inip gelip yone bir yashap bize dogry yoly gorkezmek bilen chaklenman, adamzadyng gunasi uchin “gurbanlyk guzy” hokmunde hem janyny gurban etdi we ganyny dokdi! Munga elbetde sen dushunmersing, chunki “gutulanlar uchin bu zatlar Hudayyng gudraty, rehimi, merhemeti we akyldarlygydyr, halas bolmajaklar uchin bolsa bu “akmaklykdyr” chunki olar kichijik akyllary bilen Hudayyng edenini ret edyarler!

  3. ay adam siz isa mesihe hudayy diyyaniza,ya men yalan aytyanmy,diymek isa meshie degishli bolsa isa mesih hich hilek huday bn baglanshygy yok,ol dine pygamberligine galya,onsonam men sheyle akylsyz bolaysamam men beydip pygamberi mala denemen,yeri men akylsyz ekenim,men hany haysy pygambere sheyle deneshdirme getirdim,yok hich yerde,diymek siz menche de yok ekeniniz,siz ullakan akyllarynyz bn bosh bir topar.

  4. Hich kim Hudayy mala denganok! Hudayyng Ozi hemishelik ichinde bolan Baky Sozi bolan Isa Mesihi gokden yere iberdi we ol “suratlandyrma” gornushde adamzadyng gunasini Oz ustune alan hokmunde aydylyar! Ondan bashgada bu zatlary eden Hudayyng Ozudir! Sen isleseng kabul etman bilersing, yone Isa Mesihing Halasgardigi we adamzadyng uchin gunasi uchin olendigini aradan ayryp bilmersing! Dinge gazanjak zadyng gapyllygyng netijesinde Hosh Habardan yagny Yashayshyng cheshmesi bolandan ayra dushersing!

  5. onda o yazgynyz name,gurbanlyk mala diyip yazlga hana,sizin nadip hakynyz bar allanyn pygamberini we allanyn ozini beydip suratlandyrmana,ay goyun how,huday siz yalak mallar un gunani oz boynuna almak un yere gelermay,diymek siz ozuniz olduripsinizda gunaleriniz bn isa mesihi sheyle bolya da adamlaryn gunasi un oldi diyip ozuniz bellapsiniz,ay ertekinizem ynanar yalak dal.yone hasaplashyk guni siz shirikchilerin gunune dat bi dat

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *