Günüňdir

Günüňdir

Delalat agtaryp geldim ýanyňa,

Rebbim Seniň medet berer günüňdir

Ganlar döken gyljym salýan gynyna

Rebbim Seniň medet berer günüňdir

Nije menzil sökdüm garşyňa gidip,

Durmuş ýollarynda öz-özüm idip,

Bu gün Atam öýne geldim men gaýdyp,

Rebbim Seniň medet berer günüňdir.

Toba gözýaşlary ýuwdy ýüzümi

Günäň tümi gapan eken gözümi,

Takat kylyp diňle meniň sözümi

Rebbim Seniň medet berer günüňdir.

Didelerim diňe Saňa intizar,

Çünki dünýäň kületinden men bizar,

Bilýän, Atam, Sende durmuş gül-gülzar

Rebbim Seniň medet berer günüňdir.

Huzuryňda günälerme toba edýän,

Etmişlermiň baryn boýnuma alýan,

Ýüregimiň törün Saňa bagyş edýän

Rebbim Seniň medet berer günüňdir.

Ýaradanyň Ogly Isa Mesihi

Halasgär hökmünde kabul edýärin.

“Ölümi ýeňenňe sag bol” diýýärin.

Rebbim Seniň medet berer günüňdir.

Ýazyklarmy öteniňe ynanýan,

Günälermi öçüreniňe begenýän,

Bagtdan ýaňa ýüregimden aglaýan

Rebbim Seniň medet beren günüňdir.

Ölüm diýarynda goýmadyň meni

Nuruňa çykaryp görkezdiň güni,

Sada dilim her gün beýgeltsin Seni.

Rebbim Seniň medet beren günüňdir.

Leave a Reply

Your email address will not be published.