Hudaýyň Töwrat, gadymy pygamberler, Zebur, Injildäki gutulyş maksady…

Hudaýyň Töwrat, gadymy pygamberler, Zebur, Injildäki gutulyş maksady Kuranda we yslamda dowam edýärmi ýada ters gelýärmi….

Bu soraga elbetde biz ilki bilen Töwratdan başlap Hudaýyň adamzada bolan gutulyş maksadynyň nähili aýan bolandygy hakynda gürrüň etmelidiris. Eger bu barada gysgaça gürrüň etsek, onda Hudaý Töwradyň ilkinji kitaby bolan Barlyk ýada Gelip Çykyş kitabyndan başlap Özüniň älem jahany ýaradandygyny, ondan öňürti bolsa müňlerçe müň perişdeleri hem ýaradandygyny we olaryň Özüne baky gulluk etmekleri we şöhratlamaklary üçin ýaradandygyny. Perişdeleriň biri-birinden tapawutly bolup, şöhratda we wezipede tapawutlanandygyny aýdýar. Şol ýaradylan perişdeleriň içinde iň owadany we wezipesi boýunça iň belent wezipede bolan Lusifer (şöhle saçýan) baş perişdäniň hem bolandygyny, soňra Lusiferiň Hudaýa göripçilik edip, “tagtymy Hudaýyň tagtyndan belentde guraryn…” diýip tekepbirlik edendigini, munuň netijesinde başgadä birnäçe perişdeler onuň tarapyna geçendigini, soňra bolsa adalatly Hudaý olary Öz huzuryndan kowandygyny we baş göteren perişdeler üçin baky dowzah oduny ýaradandygyny Töwrat we gadymy pygamberler ýazgylary öwredýär. Soňra Töwratda ýene-de Hudaýyň nädip tebigaty we ondaky haýwandyr ösümlikleri we soňra hemme ýaradylyşdan tapawutly bolan ynsany Öz keşbinde, ýagny olara aň-düşünje, kalb we erk-ygtyýarly edip, ruh, jan we tenli edip ýaradandygyny we ilkinji adam bolan Adam atany ýeriň topragyndan we ilkinji aýal bolan How enäni bolsa Adam atanyň gapyrgasyndan ýaradandygyny bize öwredýär. Soňra Hudaý ilkinji ynsanlar bolan Adam ata we How enäni Hudaý bilen baky we ýakyn aragatnaşykda bolmaklary üçin aýratyn bir bagda ýerleşdirýär. Ol bagyň adyna bolsa Erem bagy diýilipdir. Ol bagda Hudaý olar üçin ähli mümkinçilikleri we olar üçin gerek bolan zatlary artygy bilen ýaradypdyr, iň esasy hem Hudaý olar bilen bile gezerdi we bagda Olar bilen gürleşerdi we ýakyn aragatnaşykda bolýardy. Hudaý olara ýönekeý bir synag goýdy we şol bagdaky agaçlaryň içinde bir agajyň miwesinden iýmezligi emr etdi. Ol agaç hem ýagşylygy we ýamanlygy bilme agajydy. Hudaý şeýle diýdi: ” Ýagşylygy we ýamanlygy tanama agajynyň miwesinden iýme, ondan iýen günüň ölersiň…” diýdi. Muny hem Hudaý, “hany meniň şeýle Özüme ýakyn edip ýaradan ynsanym maňa öz erki-ygtyýary bilen boýun bolarmy we meni çyn kalbyndan hoşnut edermi diýip şeýle ýönekeý synagy berdi.  Ýöne Hudaýyň duşmany we ynsanyň duşmany şeýtan hem ýöne ýere gezmedi, ol Hudaýyň iň gymmatly ýaradany we kalbyna ýakyn bolany ynsanyny Ondan aýyrmagy maksat edinipdi. Bu sebäpden şeýtan mekir bolan ýylanyň keşbine girip How enäni Hudaýyň äýdan sözüne şübhe döredip…”Hudaý şeýle diýdimi, ýok eýle bolmaz beýle bolar….” diýen ýaly edip Hudaýyň diýýänlerine ýalan goşup azdyrdy we aldady, How ene oňa ynandy we ol gadagan edilen miweden iýdi, Adam ata hem aýalynyň gepine girip ol miweden iýdi we Hudaýa boýun bolmazlyk etdiler. Söýgüden doly bolan Hudaýyň kalby paralandy, ýöne Ol adalatly hem bolany üçin olara boýun bolmazlygynyň jezasyny bermelidi we aýdyşy ýaly şol pursatdan başlap Adam ata we How ene ölümli boldy, ýagny hem fiziki olaryň teni ölüme tarap hereket etdi we baky ölüm ýagny dowzah jezasyna hem mynasyp boldular. Hudaý olary jennet bagy bolan Erem bagyndan kowdy. Olaryň üstüne olaryň eden günäsi köp näletleri getirdi…

Hudaý näme etdikä…şeýle umytsyzlykda umyt barmyka….indiki ýazgymyzda mundan soň nämeleriň bolandygyny gürrüň ederis…

Eger sen bu hakynda bilýän bolsaň onda biz bilen paýlaşyp bilersiň…belki seniň bilýän taryhyň biziň bilýänimizden tapawutlydyr…eger şeýle bolsa bu ýazgy barada öz pikirleriňi bildirip bilersiň….

Leave a Reply

Your email address will not be published.