Gurbanlyk bermek bu näme…

sacrifice 

Gurbanlyk bermek bu näme zat…

 

Bir Türkmen ildeşimiziň Tmolympiad websaýtynda Gurbanlyk barada beren soraglaryna bir ildeşimiziň Mesihilik nukdaý nazardan beren jogabyny şu taýda ýerleşdirmegi makul bildik!

Ondan başgada tizara bütin Islam dünýäsinde “gurbanlyk baýramy” bellenip geçilýär, ýöne biziň ildeşlerimiz munuň manysyna düşünýärmi we Hudaýyň hakykatda näme isleýändigini bilýärlermi diýen pikire esaslanyp Mukaddes Ýazgylara esaslanyp bu makalanyň ýazylandygy üçin, muny websaýtymyzda ýerleşdirmegi makul bildik!

 Gurbanlyk barada ýazan öz pikirleriň üçin we soran soraglaryň üçin minnetdar! Elbetde, köp ildeşlerimiz seniň ýazanlaryňa öz pikirlerine we dini ynançlaryna esaslanyp gyzykl jogaplar beripdir. Şol arada sen “hristianlar hem gurbanlyk berýärlermi?” diýip hem sorag beripsiň. Bu soragyňa we başgada käbir soraglaryňa jogap ýazmagy makul bildim.

 

Ilki bilen “gurbanlyk” getirmegiň garyplara ýardam ýada mätäçleri doýurmak diýen düşünjeden ötri ruhy manysy bardyr. Her bir ruhy many berilen däbiň nireden gelip çykandygyny bilmek üçin Ähli zadyň Ýaradyjysy bolan Hudaýa ýüzlenmeli we Hudaýyň sözünden jogap agtarmak dogry bolýar. Bu sebäpden “gurbanlygyň” gelip çykyşy başlangyçdan başlanýar. Adam ata we How ene Hudaýyň diýýänine boýun bolman, öz ýollaryny saýlan-da olar bilen Hudaýyň arasynda ruhy aragatnaşyk bozulýar, we Hudaýyň eýýäm öňünden duýduryş berişi ýaly olar ölümli bolýarlar ýagny hem ruhy we fiziki taýdan ölümli bolýarlar. Olar hemme zadyň doly garmoniýada ýagny doly ylalaşykda bolan ýeri bolan Erem bagyndan kowulýarlar, munuň sebäbi hem olaryň tebigaty üýtgeýar, olar mundan beýläk Hudaý bilen kämil aragatnaşykda ýaşap bilmeýärler, Hudaýyň olara bolan gatnaşygy üýtgemeýärde, olaryň Hudaýa bolan gatnaşygy üýtgeýär. Şeýle ýagdaýa uçranlarynda, olar ezýet çekip başlaýarlar, şeýle boýun bolmasalarda Hudaý ilkinji bolup olara el uzadýar, ýagny ýalaňaç bolan Adam ata we How ene üçin Hudaýyň özi bir haýwan öldürip, haýwanyň hamyndan olar üçin egin-eşik edip olary geýindirýär. Şonda ilkinji gezek ýer ýüzünde haýwan öldürilip gan dökülýär. Ozal başda eýýäm Hudaý olary ýagny ynsanlary yzyna gaýtaryp getirmek üçin bir plan emele getirýär. Şol döwülen ruhy aragatnaşygy dikeltmek üçin kämil töleg gerekdi, muny bildirmek üçin bolsa Hudaý olara bir ýol berdi, ýagny tä kämil gurbanlygy, tölegi Hudaýyň Özi öz wagtynda üpjün edýänçe, özüniň ýanyna ynsanyň gelip wagtlaýynça aragatnaşykda bolup bilmekleri üçin we Hudaýyň günä bolan gahar gazabyny wagtlaýynça aradan aýyrmak üçin “haýwan gurbanlyk getirmek düzgünini emele getirdi” Adam atadan başlap, “haýwan gurbanlyk getirilende” olar Hudaýyň eýýäm olara gutulyş berjek ýagny kämil gurbanlyk getirjek wagtyny, ýagny Onuň rehimini we merhemetini ýatlap iman bilen muny ýerine ýetirip başladylar. Bu Adam atadan başlap, onuň ilkinji ogullar Habyl we Kabylyň mysalynda, Nuh we onuň ogullarynda, Ybraýymda, Yshakda, Ýakupda we Ýusupda soňra olardan dörän Ysraýyl halkynyň durmuşynda wagty bilen Hudaýyň dünýä getirjek kämil gurbanlygynyň simwoly hökmünde ýerine ýetirilip gelinipdi. Uly bir halk dörände bolsa Hudaý Musa pygamber arkaly bu däp dessuryň daşynda ýene birnäçe däp dessurlar berip kanunlar beripdir. Emma olaryň ählisi hem Hudaýyň geljekde ýerine ýetirjek ajaýyp gutulyş planynyň asly bolman kölegesi bolupdyr. Ol berilen kada kanunlaryň ýene bir maksady hem ynsanlara özleriniň näderejede kämil däldiklerini we Hudaýyň rehimine we merhemetine, ýagny Halasgärine mätäçdiklerine düşünmekleri üçin hem berilipdir. Ine Mukaddes Ýazgylardan şeýle sözler bar: “Mukaddes Kanun oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidir. Şu sebäpli her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlar bilen Hudaýa ýakynlanlary hiç haçan kämillige ýetirip bilmez.”

 Gysgaça aýdanda gurbanlygyň taryhy we esasy ine şu ýokardaky aýdylanlardan ybarat, bu sebäpden “haýwan gurbanlyk getirmegiň” esasy maksady açlary doýurmak bolman Hudaý bilen ynsanyň arasyndaky ruhy gatnaşyk  we Hudaýyň Özüniň biziň günälerden, şeýtanyň güýjünden we geljekgi dowzah odundan ýagny baky ruhy ölümden gutulmagymyz üçin üpjün etjek “Kämil çirksiz Gurbanlygynyň” ýatlatma simwoly, ýada saýasydyr. Bu bilen baglylykda, näme üçin Isa Mesihe iman edýänler “gurbanlyk getirmeýärler” diýen soraga jogap. Isa Mesihe iman edýänler, Hudaýyň eýýäm asyrlaryň jümmşinde eýýäm öňünden şol simwollar we mysallar arkaly, we pygamberleriň öňünden aýdyp geçen pygamberlikleri esasynda “Şol wada edilen Kämil Gurbanlygyň” Isa Mesihde Hudaýyň dünýä ýollandygyna ynanýandyklary üçin bu günler  Köne Ähte bagly bolan kanun däp dessurlary aradan aýrylýandygy üçin we hakyky Hudaýyň Özüniň üpjün eden gutulyşynyň gelendigi sebäpli ýerine ýetirmeýändigidir! Mukaddes Ýazgy ine bu barada şeýle diýýär: “Onda Kanun näme gerek boldy? Kanun özüne wada edilen, Ybraýymyň neslinden bolan Mesih gelýänçe perişdeler arkaly araçynyň eli bilen düzgünleşdirilip, jeneýatlar sebäpli ähte goşuldy…Şeýlelikde, biz iman bilen aklanar ýaly, kanun Mesih gelýänçe biziň terbiýeçimiz boldy. Iman geleni üçin, biz indi terbiýeçiniň gol astynda däldiris. Çünki siziň hemmäňiz Mesih Isa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň ogullarysyňyz…Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz!”

Bular bolsa meniň ýokarda aýdyp geçenlerimiň tassyklanmasy bolýar. Bu sebäpden hem Isa Mesihiň dünýä gelmegi Hoş Habar diýilip atlandyrylýar, ýagny şol ozal-başda Hudaýyň wada edeni we Onuň üçin ýol taýýarlany dünýä geldi we Ol kämil “Gurbanlyga” iman getirmek arkaly bolsa şol ýitirilen aragatnaşyk dikeldilýär!

Ýöne gynansak-da, musulman ildeşlerimiz Hudaýyň üpjün edenine iman getirmän, kämillige ýetirmejek köne däp dessurlarda ýaşaýarlar! Isa Mesihiň dünýä gelmegi bilen Täze Äht emele geldi, Köne Äht öwrenilsede indi onuň güýji ýok bolup galýar! Bu sebäpden hem “mal gurbanlyk” getirmegiň zerurlygy galmaýar-da iman arkaly Hudaýyň rehimi we merhemeti arkaly Özüniň üpjün edenini, ýagny adamzadyň günäleriniň jezasyny öz gerdeninde çeken, töleg hökmünde janyny gurban edip mukaddes ganyny döken, ölümden direlip ölümiň we şeýtanyň güýjünden eňiş gazanan Isa Mesihine iman getirilmelidir! Hudaýyň bu ajaýyp gutulyşy hakynda bolsa dünýäniň soňuna çenli her bir ynsana buşluk hökmünde ýetirilmelidir!

Guzy ýada mal gurbanlyk getirmek baradaky Mukaddes Ýazgylarda duş gelýän wakalar hakynda aýratyn durup geçmäge bu taýda wagt ýok, emma şeýle edilmek mümkinçiligi bolan bolsady, olar arkaly Hudaýyň ajaýyp gutulyş planynyň asyrlar jümmşinden gyzyl sapak ýaly bolup geçýandigini görüp bolýar!

Eger bu ýazylanlary uzyn görmän soňuna çenli okan bolsaňyz, köp minnetdar we size bir telpek!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *