Mesihdäki Täze Ýaşaýyşda Ýaşamak…

10-92scrainbow_lg

Mesihdäki Täze Ýaşaýyşda Ýaşamak....

Isa Mesih barada we Hudaýyň Ol arkaly üpjün eden ajaýyp gutulyşy barada adamlar bilen gürrüň edenimizde, olardan: “günäleriňiz eýýäm bagyşlanan bolsa onda Isa Mesihe ynanýanlar günäni söýüp, günäde ýaşamagy dowam etdiribermelimi, ýada dowam etdirýändirler…” diýen ýaly soraglary ýada düşünjeleri aýdýarlar.

Bu bolsa düýbünden nädogry düşünjedir! Çünki Mesihileriň imanynyň esasy bolan Injil muny öwretmeýär. Injiliň öwredýäni, bizi şeýle çäksiz söýüp gutulyşy üpjün eden Hudaýa ömürlik minnetdarlykdan, söýgüden, şatlykdan, azatlykdan we kalbymyzda bar bolan parahatçylykdan we Mukaddes Ruhyň biziň içimizde ýaşamagy netijesinde imana laýyk arassa ýaşaýyşda ýaşamaga bolan doly hereket bolmalydyr we hakykat ýüzünden Isa Mesihdäki gutulyşa eýe bolanlar we Onuň Adynyň hatyrasyna beriljek Mukaddes Ruh sylagyny alanlar, şol imana laýyk ýaşaýyşda hem ýaşaýandyrlar.

Mesihi bolup ýaşaýanlar baradaky Injiliň talaby barada Ýazgy ine şeýle zatlary ýazýar:

Eý doganlar, siz azatlyga çagyryldyňyz, ýöne bu azatlygy günäli teniň nepi üçin ulanman, biri-biriňize söýgi bilen gulluk ediň. Çünki bütin kanun şu eke sözde jemlenendir: “Goňşyňy özüň ýaly söý!” Biri-biriňizi çeýnäp, iýýän bolsaňyz, onda biri-biriňizi ýok etmegiňizden habardar boluň. Ine, men diýýärin, Ruhda geziň, şonda teniň höweslerini ýerine ýetirmersiňiz. Çünki ten Ruha garşy bolana, Ruh hem tene garşy bolana höwes edýändir. Siz isläniňizi etmez ýaly , bular bir-birlerine garşydyr. Ruh size ýol görkezýän bolsa, onda kanun astynda dälsiňiz. Ten işleri bellidir. Olar zynahorluk, murdarlyk, ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýlük, duşmanlyk, dawa, göripçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar, içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlardyr. Bulary edýänleriň Hudaýyň Patyşalygynda miras almajagyny ozal aýdyşym ýaly, ýene-de aýdýaryn. Ruhyň miwesi bolsa Söýgi, Şatlyk, Parahatlyk, Sabyr, Mähribanlyk, Ýagşylyk, Sadyklyk, Ýumşaklyk we Nebsiňe buýurmaklykdyr. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur. Mesih Isa degişli bolanlar bedeni hyjuw hem höwesleri bilen birlikde haça çüýländir. Ruha görä ýaşaýan bolsak, onda Ruha görä-de gezeliň.”

Ine, Isa Mesihiň durmuşyndaky talap edilýän zatlar, ýagny beden işleri bolan ähli günälerden däş durup, Ruhyň miwelerini durmuşymyzda öndürmek we olar ugrunda ýaşamak soralýar! Bu ýokardaky aýat Isa Mesihe ynanýanlaryň ýaşaýyşynyň nähili bolmalydygy baradaky we ol ýaşaýyş üçin güýji nireden almalydygy baradaky aýatlaryň diňe birije-si, olar ýaly aýatlaryň ýüzlerçesi Injilde aýdylyp geçilendir!

Emma ynsan şeýle ýaşaýşy öz-özünden başarmaz, bu üçin ynsana ilki bilen Şeýtanyň güýjünden, täsirinden we günäniň güýjünden halas bolmagy gerekdir. Bu halas bolmagy hem Hudaýyň Halasgär edip ýollany Isa Mesihe iman etmek arkaly alyp bolýar. Isa Mesihi kabul eden her bir adama Hudaý Özüniň Mukaddes Ruhyny hem berýändir, Ruh ýaşaýanlar hem Ruha görä gezmegi başarýandyr we Ruha degişli miweleri öndürip bilerler!

Bu sebäpden bu Ajaýyp Gutulyşy kabul etmekligi gijidirme, çünki bu gün gutulyş günüdir, ertir giç bolar!

Ine Injilde bu iman etmek hakynda şeýle ýazylan:

“…Hudaýyň Sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir”, ýagny wagyz edýän iman sözümiz. Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir.”

Gadyrdan dost, Hudaýyň ruhy patalaryna eýe bolup ruhy erkinligine eýe bolmak, günäňiň seniň durmuşyňda salýan ezýetinden we ýükünden we olar üçin garaşýan baky dowzah ody jezasyndan, Şeýtanyň güjüniň golastyndan halas bolmak isleýärmisiň, bu isleg seniň islegiň bolsa onda Isa Mesihiň adyny tutup Ony durmuşyňa çagyr, çünki Ol saňa

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *