WADA…ynsanyň wadasy…Hudaýyň WADA-sy…

10-92scrainbow_lg

WADA…ynsanyň wadasy…Hudaýyň WADA-sy…

 

“WADA”, “söz bermek” düşünjesi ynsanlar arasynda gaty wajyp bolan düşünjedir. Adamlar arasyndaky aragatnaşykda iň wajyp zadyň biri hem “wadalaryň” berilmegi we şol wadalaryň hem ýerine ýetirilmegidir. Mysal üçin söýüşýänler biri-birine wepaly bolmagy, eňil günde hem agyr günde hem bir birine ynamdar bolmagy wada berýärler. Bu wada olaryň bilelikde bir maşgala gurmagynyň esasy bolup durýar. Haçanda berilen bu “wada” hormatlananda we ýerine ýetirilende maşgala berk bolýar we ölüm aýyrýança dowamly bolýar. Emma bu wada hormat goýulmasa we berilen wada ýerine ýetmese onda maşgala bozulýar, kalblar ýaralanýar. Wada-iki dost arasynda hem, ata-enäniň çagalaryna bolan, çagalaryň ata-enesine bolan gatnaşykda hem, işewürlikde hem iň wajypdyr. Bulara meňzeşlikde ruhy dünýäde hem wada bermek we şol berilen wadalaryň saklanmagy, ýagny ýerine ýetmegi gaty wajypdyr.

Ýaradyjy Biribar Hudaý hem ýaradan ynsanlary bilen şeýle aragatnaşyk saklaýandyr. Hudaý –WADALAR-Hudaýydyr. Hudaý hem wada berdi we wadalaryny asyrlaryň jümmşinde ýerine ýetirip geldi we WADA-laryna ynamly boldy. Hudaý imanlylar hem öz Ýaradyjysy Hudaýa Onuň tabşyryklaryna wepaly bolmaga wada berdiler, emma gynansak-da beren wadalarynda tapylyp bilmediler. Çünki ynsan ejizdir, Hudaýyň halaýan kämilligine we mukaddesligine öz güýçleri bilen ýetip bilmediler we bilmeýärler. Bu sebäpden hem we Hudaý Özüniň merhemetine, rehimine baýlygy bilen bize bu “gutulyşy” WADA berdi. Dört müň ýyl mundan ozal ýaşap geçen Ybraýym pygambere Hudaý şeýle diýip wada beripdi: ““Mukaddes Ýazgy Hudaýyň milletleri imanlary arkaly aklajagyny öňünden görüp.Ybraýyma “Bütin milletleri sen arkaly bereket iner”diýip öňünden buşlady .

Bu wada edilen “ruhy bereket” nämekä ýada kim arkaly gelýärkä? Biz bu soraga jogaby başga ýerlerden ýagny dinden, kimdir biriniň aýdanlarynda, ýada logikada, adam akyldarlygynda( filosofiýa) we ş.m tapyp bilmeris. Hudaýyň wadasyna düşünmekde biz hökmän Hudaýyň Sözüne salgylanmalydyrys. Mukaddes Ýazgy munuň jogabyny bize aýan edýär. Mysal üçin Ýazgy şeýle diýýär: “Hudaýyň ähli wadalary Mesihde “hawadyr”…”Ine, Hudaýyň mukaddes resullaryna, pygamberlerine Ruh arkaly aýan edilişi ýaly, öňki nesillere bildirilmedik bu syr şeýle: Özge milletler hem mirasa şärikdir, olar hem bir teniň agzalary bolup, Hoş Habar arkaly Mesih Isada berlen wada şärikdir…

Taryha ser salsaň we “birhudaýlyk” dinleri bolan Islam we Ehudylyga seretseň we ol dinlere ynanýanlar, özlerini Ybraýyma degişli görmäge çalyşýarlar we Ybraýyma berilen wadanyň özleriniňkidigini subut etmäge synanyşýarlar. Ybraýym ata hakynda geplänlerinde uly hormat we ondan geljek “berekete” bolan küýseglerini bildirýärler.

Elbetde olarda nähilidir bir derejede degişlilik hem bar, ýagny Ehudy halky( ewreýler) we araplar ýagny Islamyň gelip çykan ýerindäki halk, Ybraýym atanyň ten nesilleridir. Bilşimiz ýaly Hudaý Ybraýymyň çagalaryna hem bereket bermegi wada edipdi. Emma biz bu ýerde olar barada gürrüň edemizok. Biziň gürrüň edýänimiz –  Ybraýyma berilen iň uly ruhy wada- ýagny diňe bir onuň teninden bolanlar barada bolman, ähli milletlere berilen Wada hakynda gürrüň edýäris. Ýagny: “Bütin milletlere sen arkaly bereket iner” wadasy hakynda gürrüň edýäris. Bu nähili bereket? Bu ruhy bereket, ýagny günäniň näletinden we baky dowzah ot jezasyndan, şeýtanyň gulçulygyndan gutulyp, günä sebäpli Hudaý bilen ýitirilen aragatnaşygy dikeltmek we Hudaýyň Mukaddes Ruhynyň bizde ýaşamagy, diňe bir Hudaýyň hyzmatkärleri bolman, hatda Hudaýyň oglanlary bolmak wadasydyr. Hudaýa asyrlar boýy öwgüler we şöhrat bolsun, Ol ynamdardyr we wepalydyr! Bu ajaýyp WADA-syny ýerine ýetiren Ýaradyjymyza şükürler bolsun! Hudaý WADA-syny ýerine ýetirdi! Iki müň ýyl mundan ozal Hudaý bu “WADASYNY” Isa Mesihde üpjün etdi. “Ybraýymyň berekedi Isa Mesih arkaly milletlere iner ýaly, biz-de wada edilen Ruhy iman bilen alar ýaly, Mesih biziň ugrumyzda gargalyp, bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi!…Şu sebäpli hem, Mesih birinji äht astynda edilen jenaýatlary bagyşlatjak bolup, gutulyş gazandyrýan gurban hökmünde öldi, çagyrylanlar ebedi mirasy alsynlar diýip, täze ähtiň töwellaçysy boldy…

…Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hakyny berdi. Olar ne gandan, ne bedeniň islegi bilen, ne-de adamyň islegi bilen, eýsem Hudaýdan doguldylar. …Çünki siziň hemmäňiz Mesih Isa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň ogullarysyňyz…Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz.” (Galatlylar 3:8, 13,14,26, 29; Efesliler 3:6; Ewreýler 9:15; Ýahýa 1:12-13)

“Ähli ynsanlar üçin bolan Hudaýyň ähli wadalary Isa Mesihde jemlenendir. Her bir günäkär bolan ähli mätäçlikleri bilenIsa Mesihde Hudaýa gelende, ol Hudaýyň Isa Mesihdäki ähli wadalary bilen onuň ýanyna gelýändigini görer. Haçanda günäli ynsan Isa Mesihde Mukaddes Hudaýa gelse ol Ondan “HAWA” sözüni eşider. Hudaý Sen meni söýýäňmi? Hawa. Sen meni bagyşlarsyňmy? Hawa. Sen meni kabul edermiň? Hawa. Hawa. Öz durmuşymy ýagşylyga üýtgetmege ýardam edermiň? Hawa. Saňa hyzmat etmegimde maňa güýç berermiň? Hawa. Meni saklarmyň? Hawa. Özüňiň şöhratyňy maňa görkezermiň? Hawa.

Hudaýyň ähli wadalary –göklerdäki ähli bereketleri –Isa Mesihde HAWA-dyr. Isa Mesih Oňa iman edenleriň ählisine Hudaýyň anyk HAWA-sydyr!” (by DR. John Piper)

Gadyrly ildeşim, meniň kalbym seniň bu ajaýyp wada-baky gutulyşa, Hudaýyň göklerdäki seniň üçin arzuw eden bereketlerine Isa Mesihde ýetmegiňi isläp her gün seniň üçin Biribara dileglerde ýüzlenýär!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *