Ahyrzaman alamatlary… ahyrzaman bolarmy… haçan bolar…nähili bolar…men oňa taýynmy???
Dünýäde bolup geçýän hadysalar, uruşlar, dawalar, ýer titremeler, tupanlar, terorizm, ykdysady problemalar, bilimiň soňky 50 ýylyň içinde şeýle bir uly depginde ösmegi, dünýäniň bütewileşmegi ýagny tehnologia arkaly, ykdysadyýet we syýasat arkaly bütewileşmegi, munuň ýakyndygynyň alamatymyka… Bular hakynda Mukaddes Ýazgylarda ýazylypmy?
Haýran galdyryjy zat bolsa, ahyrzamanyň boljakdygy we onuň alamatlarynyň 2000 müň ýyldan gowrak öň ýazylan Hudaýyň Sözi diýilip tanalýan Kitaplarda öňünden aýdylyp pygamberlik edilip geçilmegidir. Olary yzygiderli we jikme-jik öwreneniňde dünýäniň nirä barýandygyna göz ýetirýärsiň we Hudaýyň adamzada nädip öňünden olar hakynda duýdyryş berendigine haýran galýarsyň. Hudaýyň olar hakynda öňünden aýtmagynyň sebäbi bolsa biziň ýalan bilen aldanmazlygymyz we hakykata göz ýetirip, Hudaýyň biziň üçin üpjün eden gutulyşyndan mahrum bolmazlygymyz üçin we umytsyzlgyň içinde umytly, galagolplugyň içinde dynçlykdan doly, ýigrenç we gaharyň içinde söýgüden we ýumşaklykdan doly, imansyzlygyň içinde imandan doly bolmagymyz üçin olary bize öňünden bildirýär!
Injilde Isa Mesih bize nämelerden hüşgär bolmagy we nähili alamatlaryň boljakdygyny aýdyp geçipdir: “Isa Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri ekelikde Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: “Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň almaty näme bolar?” Isa olara şeýle jogap berdi: “Ägä boluň, sizi aldaýmasynlar. Çünki köpler: “Men Mesih” diýip, Meniň adym bilen gelerler, köp adamlary aldarlar. Uruş seslerini, uruş turanlygy barada habarlar eşidersiňiz. Ägä boluň, gorkmaň, çünki bularyň bary bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir. Çünki millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde açlyklar bolar, ýer titrär. Emma bular burgularyň başlangyjydyr. Onsoň size gaýga basdyrarlar, öldürerler, Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener. Şonda köpler imandan dänip, biri-birilerine haýynlyk eder, biri-birilerini ýigrenerler. Birentek ýalan pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar. Şer işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar. Emma soňa çenli çydan halas bolar. Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzaman şonda geler. Şeýlelik bilen, Daniýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň (Antiçhrist) mukaddes ýerde (ýagny Iýerusalimdäki ybadathanada) duranyny göreniňizde, Ýahudadakylar daglara gaçsyn. Öýüň üçegindäki –öýünden bir zat almak üçin aşak inmesin. Ekin meýdandaky-donuny almak üçin yzyna öwrülmesin. Ol günlerde göwreli we çaga emdirýän aýallaryň gününe waý! Gaça-gaçlygyň gyş ýa Sabat güni bolmasyn diýip doga ediň. Çünki şonda uly muşakgat bolar, beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagt çenli bolanam däldir, bolmazam. Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, ond, hiç kim halas bolmazdy, ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar. Şonda bir size: “Ine, Mesih şu ýerde” ýa-da “Ine, ol ýerde” diýse ynanmaň. Çünki ýalan mesihiler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça, saýlananlary-da azdyrjak bolup, uly alamatlar, gudratlar görkezerler. Ine, Men size öňünden aýtdym. Şeýlelikde, size: “Ine, Mesih çölde” diýeseler-de çykmaň, “Ine, içki otaglarda” diýseler-de ynanmaň. Çünki ýyldyrym nähili gündogardan turup, günbatarda hem görünýän bolsa, Ynsan Oglunyň (Isa Mesihiň) gelşi hem şeýle bolar. Maslyk nirede bolsa, garaguşlar şol ýere üýşüşýändir. Ol günleriň muşakgatynyň yzysüre Gün garalar, Aý yşygyny bermez, ýyldyzlar Gökden gaçyp, Gök gudratlary titrär. Onsoň Gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner, şonda ýer ýüzüniň bütin taýpalary perýat eder, Ynsan Oglunyň Gökdäki bulutlarda gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görer. Ol Öz perişdelerini belent surnaý sesi bilen ýollar. Olar-da Onuň saýlananlaryny dört tarapdan, Gögüň bir üjundan ol ujuna çenli ýygnarlar. Injil agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykara mahaly tomsuň golaýdygyny bilýärsiňi. Şonuň ýaly-da, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň. Men size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez.”
Bu aýatlar bize gaty köp hakykatlary we hatda käbir jikme-jiklikleri aýan edýär we biziň nämelerden ägä bolmalydygymyz hem ýatladýar. Ahyrzamanyň bolmagynyň iň esasy wakasy hem Isa Mesihiň dünýä ikinji gezek gaýdyp gelmegi bilen baglanyşyklygydyr.
Bu tekst bize soňky günleriň gelmeginiň öň ýanyndan bolup geçýän wakalary aýdýar: uruşlar bolar, millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy, açlyk bolar, ýer titrär. Bular heniz burgularyň başlangyjydygyny aýdýar. Ikinji bir iň wajyp kriteriýa hem Isa Mesihe iman edenler, ýagny “saýlananlar”, diýilýänler bilen baglanyşykly. Olar barada Ýazgy şeýle diýýär: “Onsoň sizi gaýga basdyrarlar, öldürerler, Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener.”
Üçünji bir bagly zat Hoş Habar (Injil) bilen baglanyşykly. Ýazgy bu barada şeýle diýýär: Patyşalyk baradaky Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzaman şonda geler.”
Dördünji bir bagly zat, “weýrançylyk getirýän ýigrenji” bilen baglanyşykly. Ýazgy bu hakynda şeýle diýýär: “Daniýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň mukaddes ýerde duranyny göreniňizde…” Bu barada Mukaddes Ýazgynyň başga ýerinde “ Mesihe garşy göreşiji, Antiçhrist, bikanun adam, heläkçilik ogly” diýilip agzalyp geçilýär.
Başinji bir belläp geçmeli zat, ol günlerde köp ýalan pygamberleriň gelmegi we hatda men “Isa Mesih” diýip geljekleriň boljakdygy we adamlary azdyrmagydyr.
Özüniň nädip geljegini bolsa Isa Mesih doly düşündirip geçýär we özüne iman edenleriň Onuň aýan eden bu taglymatyna bagly galmagy we başga zatlara ynanmazlygy, aldanmazlygy we soňuna çenli çydamagy öwredýär. Munuň üstesinede, Özüniň gaýdyp gelmegi bilen olara täze umyt berýär. Isa Mesih gelende gudrat hem uly şöhrat bilen geler. Ol Öz perişdelerini ýer ýüzüne ýollar we olar hem Onuň saýlananlaryny Isa Mesihiň ýanyna ýygnar! Isa Mesih “antikristi, ýigrenjini” demi bilen, gelmeginiň haýbaty bilen ýok eder!
Bu bolup geçjek wakalaryň astynda galyp umytsyzlykdan, Hudaýyň höküm gününden gutulmak üçin, baky jeza bolan dowzahdan gutulmak üçin nähili çykalga bar? Hudaýyň çykalgasy, gutulyşy eke-täk, ene bir gezek bu okan tekstimiziň tassyklaýşy ýaly, Isa Mesihdedir! Hudaý Isa Mesihi biziň günälerimiziň tölegini tölemäge Halasgär hökmünde Gökden ýollady, Ol “Gurbanlyk guzy” hökmünde ezýet çekdi we öldürili, jaýlandy emma şeýtanyň güýji we ölüm ony ölüler diýarynda saklap bilmedi, Ol ene-de direldi we Göge galdy. Ol ene-de geler! Hudaýyň bu gutulyş ýoly baradaky Hoş Habar ähli milletler arasynda güwälik hökmünde wagyz edilýär, belki sen hem bu barada kimdendir birinden, nämedir bir zat arkaly eşidensiň, eşitmedik bolsaň onda ene bir gezek Hudaý saňa, ine bu ýazylanlar arkaly hem Hoş Habaryny saňa aýan edýär. Ölüm ýada ahryzaman gelmezinden öň biziň “saýlananlaryň” hataryna, ýagny Isa Mesihe hak ýüzünde iman edenleriň hataryna goşulmagymyz gaty wajypdyr. Şonda bizde geljege bolan umyt, hak iman we baky ýaşaýyş bolar! Sen saýlananlaryň hataryndamy? Ýada sen “ýalan mesihleriň” ýalan pygamberleriň ýolundamy? “Ýigrenjiniň, Hoş Habaryň we Isa Mesihiň garşysyna göreşijiniň tarapyndamy?
Bu soraglara çyn ýüregiňden jogap ber! Çünki muňa berjek jogabyň we Isa Mesihe bolan imanyň seniň bakyýetdäki ykbalyňy kesgitleýär we ahyrzmanda boljak ahwalyňy anyklar! Bu gün gutulyş güni, diýlişi ýaly, bu gün çözgüt çöz, giç bolaýmasyn!
Eger sende käbir soraglar bolsa, hemme zadyňy goýda sorap öwren, dindarlaryň ýada başga dindäkileriň diýýänlerine esaslanyp ýalňyşma, Hudaýyň hakykat çeşmesi bolan we Isa Mesih barada original çeşme bola Injile salgylan we onda ýazylanlara iman getir!
Saňa elbetde “Injil üýtgedilipir, okama, diňe şujagazda ýazylanlar ýeterlikdir, ol başgalaryň dini, bizde täzesi bar” diýýänler tapylar… Emma Isa Mesihiň aýdan diňeje şu sözleri hem olaryň seni aldawa salmaga çalyşýandyklaryny we şeýle diýip öwredýänleriň “Mesihe garşy göreşijiniň, antikristiň” ruhy bilen ideklenýändiklerini paş edýär.
Isa Mesih şeýle diýdi: “Gök hem Ýer öter, ýöne Meniň Sözlerim asla ötmez!”
Imansyz bolma, imanly bol! Eger imanly bolup, Hudaý bilen baky bolmaga saýlananlaryň arasynda bolmak islegi bolsa we saňa ene-de düşündirilmek zerur bolsa, biziň bilen habarlaş!
Eger bu ýazylanlar hakynda sende pikirleriň bar bolsa aşakda komentler bölümde öz pikiriňi galdyryp bilersiň!