Haýsy dine ynanmaly…?

Haýsy dine ynanmaly…

Gadyrly ildeşler, käbir ildeşlerimiz şeýle düşünjelere eýerýärler, ýagny “Hudaý hristiany, yahudiyni we hudaýsyzy hem Islama çagyrýar we Isa Mesihe uýýanlary hem kapyrlar bilen bir kategoriýada goýýarlar”, elbetde bu Kuranyň taglymatydyr, emma şol Kuranda hem eger meniň diýýänlerime düşünmeseňiz baryp Kitaplara ynanýanlardan maslahat soraň diýen ýeri hem bar dälmi eýsem? Degmäň goý olar Öz Kitaplaryna esaslanyp hereket etsinler diýen ýeri hem barmyka diýýärin, eger şeýle aýatlar bar bolsa onda Kuran öz-özüne gapma garşy gelmeýärmi?!
Hudaýyň bardygyny logiki, filosofiki we ylmy taýdan hem çemeleşip subut edýänler bar. Elbetde Birhudaýlyga uýýan dinler
hasaplanýan: Yahudalyk, Mesihilik (hristianlyk) we Islam Hudaýyň barlygyny has ýakyndan düşündirip bilerler.
Elbetde,Hudaýyň bardygyny ret etmek her bir adama hem gaty kyn düşer emma wajyp sorag bolsa şol BirHudaýlyk taglymatyna eýerýan dinleriň haýsysynyň hakykatlygydyr! Olaryň Kitaplarynda ýazylanlaryň köp bölegi biri birine ýakyn ýaly görünýär emma absalýut hakykat haýsynda?! Bu jogap berilmeli we jogap tapylmaly esasy zat!

Magtymguly şeýle diýipdir:

Ýazygym ýat edip, ýakam çäk edip,
Säher nalyş bilen boldum girýäna.
Didämden ýaş döküp, ýüzüm häk edip,
Telbeler dek özüm urdum her ýana.

Köňlümni geçirdim jümle-jahandan,
Ne jahandan, belki, el üzdüm jandan,
Hezreti Isadan Şahymerdandan
Hümmet istäp, bakdym suýy-asamana.

Özüni musulman hasaplaýan ildeşlerimiz üçin Kuranda duş gelýän Nissa süresindäki aýat hem Isa Mesihiň başgaçadygyny subut edýär. Ýagny ol aýat: Isa Mesih KelamAllah we Ruhallah, ýagny Hudaýyň sözi we ruhydyr diýýär!
Ondan başgada Merýem süresinde Isa Mesih barada şeýle hem diýilen:”Biz ony (Isany) ynsanlara bizden bolan “alamat we rehim” ederis!
Injil bolsa şeýle diýýär: “Ozal başda Söz bardy, Söz Hudaýdady. Söz Hudaýyň Özüdi…Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady…” diýýär. Isa Mesihiň Hudaýyň Sözüdigini
, adamzadyň günäleri üçin gelen Halasgärdigini, ýaşaýyşdygyny, ýoldygyny, hakykatdygyny Injil aýdyp geçýär, Injil bolsa Isa Mesih baradaky taryhyň original çeşmesidir!
Bu sebäpden
Injili okamak mümkinçiligi bolmasa-da, käbir Kuranda duş gelýän aýatlara esaslanyp Magtymguly hem Isadan hümmet isleýär!Çünki Isadan başga hiç kimde gutulyş ýokdyr, Ol Hudaýyň adamzat üçin üpjün eden merhemetidir! Bu sebäpden Isa Mesihe çyn kalbyndan iman edýänlere Islama gelmek gerek däl-de, her bir ynsan Hudaýyň üpjün eden söýgüden we rehimden ugur alan Isa Mesihdäki gutulyşyny we baky ýaşaýşyny kabul etmäge çagyrylmalydyr! Bu sebäpden hem Isa Mesih baradaky habar Hoş Habarlygyna galýar we ähli ynsanlar üçin Hoş Habardyr. Bu Hoş Habar dünýäniň soňuna çenli bolsa ýeriň her bir künjeginde wagyz edilmelidigini Hudaý buýurýar!

 

 

2 thoughts on “Haýsy dine ynanmaly…?

  1. men =>Home » 2007 » 02 » 06 » Dört Ruhy Hakykatlar makalasina sol taydaky pikirlere seredip oz pikirmi yazdim yany-yakynda.shol biraz musluman-hirystiyan doganlarimza peydaly bolarmika diyen pikirim bar.

  2. Pikiriň üçin köp sagbol gadyrdan ildeşim!
    Ol ýazan pikirleriňe tizwagtda jogap ýazmaga çalyşarys!
    Eger bu makala barada hem pikirleriň bolsa ýazaý!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *