Gijäniň içindäki…durmuş özgerdiji duşuşyk

Gijäniň içindäki…durmuş özgerdiji duşyşyk…

 

Iýerusalim şäheri gyzgalaňly şäherleriň biridi. Günde ol ýere gelip gidýänleriň sany müňlerçedi. Ol döwürde Iýerusalim biziň döwrümiziň iň gyzgalaňly şäherleri ýalydy. Ýeriň dürli künjeklerinden ol ýere adamlar gelerdi. Bu şäher şol döwrüň söwda merkezidi. Biziň döwrümizdäki ýaly otaýdaky adamlar hem gündelik aladalary bilen, arzuwlary we kynçylyklary bilen ýaşaýardylar. Ýene bir bellemeli zat Iýerusalimiň mukaddes şäherdigidir. Çünki, otaýda diri Biribar Hudaý diýip tanalýana ybadathana gurlupdy we ol ýere Biribara sežde etmäge-de dürli obalardan we şäherlerden adamlar gelerdi.

Mundan başgada, Iýerusalim birhudaýlyk ylahyýet taglymatynyň merkezi hem bolup durýardy. Ol ýerde şol döwürde belli bolan ylahy mekdepleri bardy, alymlary ýaşardylar we olaryň köpüsi durmuşynyň köp wagtyny Hudaýyň Kitaplary bolan Töwrat, pygamberler ýazgylaryny, Zebur ýaly kitaplary gije-gündiz öwrenip,olary başgalara öwrederdiler. Olar bu kitaplary göçürmek, originaly we göçürilen täze nusgalary saklamak, olary goramak bilen meşgullanardylar. Ol alymlar iki topara bölünerdiler, olaryň birine “fariseýler” beýlekisine hem “sadukeýler” diýip at bererdiler.

Iki müň ýyl mundan ozal şol şäherde Nikodimos atly fariseý başlyklaryndan bolan dini mugallym bardy. Nikodimus Iýerusalimde bolup geçýän wakalardyr täzeliklerdir bilen gaty ýakyndan gyzyklanardy. Gününiň köp wagtyny Hudaýyň kitaplaryny öwrenmek bilen geçirerdi, Sabat günlerinde ýahudylar ybadat etmäge ybadathana barardylar we otaýda Hudaýyň sözüni wagyz ederdiler, wagyz diňlärdiler. Nikodimos hem otaýa baryp Hudaýyň sözüni wagyz ederdi.

Ol günlerde Nasyra şäherinden bolan bir gudratly täze mugallymyň obalara we şäherlere aýlanyp, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýlandygyny aýdyp, uly gudratlar we alamatlar bilen wagyz edýändigi baradaky habar hemme ýere ýaýrapdy. Köp adamlar Ol dünýäni halas etjek Halasgär Mesihmiş diýip hem gürrüň edýärdiler. Ol baradaky habarlar Nikodimosyň hem gulagyna gelip ýetipdi…

Nikodimos dini däpdessurlary ýerine ýetirmäge näçe çalyşsada, ylahy kitaplary gowy bilsede, içinde diri Hudaý bilen aragatnaşyk ýokdy Hudaý meni kabul edermikä, onuň Öňünde meniň dogrulygym ýeterlikmikä, näme üçin Ol menden şeýle uzakda ýaly görünýär?» diýip hemişe oýlanardy.

Bü gün bolsa günüň jöwzasy düýnkiden hem has ýandyryp barýardy. Nikodimos bolsa jaýyň içinde ol jöwzadan goranmak üçin we günortan naharyny iýmäge maşgalasy bilen oturypdy. Birdenkä, şäheriň merkezine öz işi bilen giden uly ogly jaýa girip, kakasy, ejesi we beýleki öýdäki doganlary bilen hal-ahwal soraşyp, şäherde bolan bir, öň eşidilmedik  habary aýtmaga gyssandy: “ Bu gün men Süleýmänyň Hudaý üçin salan Mukaddes Ybadathanasynyň daşky howlusyndaky bazara öýe gerek zat almak üçin barypdym, “öňler otaýy bazar däldi…” diýip babam dagy aýdardylar, men hem onuň ybadathana bolsa näme üçin bazara dönderendiklerine birhili bolýardym, ybadathana Hudaýa ybadat edip sežde etmeli ýer dälmi eýsem diýip oýlanardym, emma   beýlekiler ýaly  men hem hiç bir sesimi çykarmaga welin milt etmezdim, bu gün bolsa gaty haýran galdyryjy biri we erk-ygtyýarly gürleýän biri  ýüpden bir dürre örüp, goýunlardyr sygyrlary bilen birlikde baryny ybadathanadan kowdy, pul çalyşýanlaryň pullaryny dökdi, öňlerindäki tekjelerini ýykdy…olara “Bulary bu ýerden aýryň, Atamyň öýüni dükäna öwürmäň…diýdi. Bazarda uly galagolplyk döredi. Ýanymdakylaryň käbiri: “Bu Isa Mesih, ynsanlaryň Halasgäri…”diýişdiler. Hemmeler bu Adama haýran galdylar.. Olaryň köpüsi Oňa gaharlanyp: “Sen şeýle etmäge ygtyýaryň barlygyny bize näme alamat görkezersiň”diýip soradylar. Isa olara: “Siz şu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günüň içinde dikelderin” diýip jogap berdi.

Men bu Adamyň edenlerine we sözlerine gaty haýran galdym, meniň kalbymda birzatlar bolup geçýärdi we men Oňa ýanynda galmak isledim…

“Kaka, ol hakykatdan hem biziň halkymyzyň garaşýan Halasgäri Mesihmikä?” Nikodimos: “Mesihiň geljekdigni Hudaýyň pygamberleriniň köpüsi (ýüzlerçeden hem köp) ençeme gezek pygamberlik edipdirler. Mesihiň geljekdigine biz garaşýarys. Emma Onuň Mesihdigini men şu wagt bilemok…”diýip ogluna jogap gaýtardy-da, içinden: «Men hökman Ony görmeli we Onuň kimdigine özüm göz ýetirmeli …emma muny ybadathana ýolbaşçylary bilse…maňa gaharlanarlar, meni ybadathanamdan kowarlar…dinini satan diýerler-ä…» diýip içinden oýlandy. “Nätsemkäm… men Onuň bu gün bolýan ýerini bileýin…soňra bir gün gijäň içinde hiç kime bildirmän, Onuň ýanyna bararyn we Ondan soramaly zatlarymy soraryn…ybadathananyň golaýynda ýaşaýan, hemme zatdan habarly bolýan dostumam bar, ol maňa kömek eder” diýip içinden pikirlenmegini dowam etdirdi.

Bu habary eşidip, Mesih diýilýäniň şäherdedigini bilen Nikodimos oturyp bilmän, öýlän onuň bolýan ýerini bilmek üçin şäher merkezine ugrady. Nikodimosyň şäher merkezinde ýaşaýan, hemişe-de oňa ýakyn bolan we hiç wagt ony ýazgarmaýan,  hemişe köp zatdan habarly bolan dosty ýaşaýardy. Nikodimos şol dostunyň öýüne tarap atyna münüp ýola düşdi…

Nikodimos dostuny öýünde tapanyna gaty hoşal boldy. Dosty hem onuň gelenine begendi, çünki ol hem şäherde bolan haýran galdyryjy waka barada dosty bilen gürleşmäge garaşypdy. Olar özaralarynda, bu günki bolanlar barada we ondan başgada bu Isa atly mugallymyň atowazasynyň dürli ýerlere ýaýrandygy, Onuň şeýle bir erk-ygtyýar bilen Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýändigi, alamatlar, mugjyzalar görkezýändigi, syrkawlara gudrat bilen şypa berýändigi, hatda jynlary hem kowýandygy we başgada kän zatlar barada Nikodimos dosty bilen gürrüň etdiler. Ol Isa baradaky bu gürrüňleri eşidip, öýünde:«Gije gizlin baryp, Ony görerin…»diýen maksady ýüregine düwdi. Dosty gürrüň edip bolandan: “Dostjan, sen Isanyň nirede bolýandygyny bilýärmisiň?” diýip sorady. Dosty bolsa, şeýle dindar mugallymyň näme üçin Isanyň bolýan ýerini soraýandygyna düşünmäge çalyşdy ,ýöne düşünmedi. Nikodimos bolsa özüniň pikiriniň duýulmagyndan heder edip: “aý nemedä… biz tarapdaky ruhanylar bu hakynda bilmek isledilerdä…”diýip howatyrlandy.  Dosty: “Men Onuň nirede bolýandygyny bilýän…”diýip Nikodimosa Isanyň bolýan jaýyny salgy berdi. Nikodimos muňa içinden şeýle bir begense-de, dostuna bildirmejek boldy. “Meniň şäherde başgada işim bar…”diýip, gaýtmak bilen boldy. Dosty: “Nikodimos, garaňkyda düşüp barýar, bizde galyp, ertir öýüňize gaýdarsyňda.. diýip, ýatarlaýyn galmaga Nikodimosy yrmaga çalyşdy…. Munuň sebäbi — ol Nikodimos bilen Hudaýyň kitaplaryndaky Mesihiň gelmegi baradaky pygamberlikler barada çekeleşmegi  gowy görerdi…” Nikodimos bolsa öýüne barmalydygyny nygtap, dosty bilen hoşlaşdy.

Köçä çykanda gije garaňkyrapdy, köçede käbir adamlar bardy. Nikodimos öýüne tarap köçä ugramakçy boldy, ýöne: “Içindäki Isany görüp ol bilen gürleşmek islegi şeýle bir güýçli bolansoň, bu gijäni başga bir gijä goýup bilmeýärdi. Ol atyny yzyna dolady-da, dostunyň salgy beren jaýyna tarap ugrady. Nikodimos Isanyň bolýan jaýyna ýakynlaşdygyça, eýläk-beýläk garanjaklaýardy, “meni tanaýan ruhanylardan ýada başlyklardan hiç kim göräýmesin” diýip içini gepledýärdi. Ine, ol şol salgy berlen jaýa ýakyn ýetip geldi. Ol atyny bir garaňkylykda, agaja daňdy-da, ýuwaşja ýöräp jaýyň gapysynyň agzyna geldi. Gapyny kakanda, öý eýesi gapyny açyp Nikodimosdan habar sorady, şeýle başlyk bolan fariseý mugallymyň Isany görmäge gelenine haýran bolan öý eýesi ony Isanyň bolýan jaýyna geçirdi. Nikodimos Isany görende aljyraňňydy…,ýöne otaga girip Isanyň huzyryna gelende, oňa şeýle bir dynçlyk aralaşyp, Nikodimosyň kalby şeýle bir rahatlandy welin, ol beýle duýguny hiç haçan başdan geçirmändi. Isa Nikodimosy gaty hoş garşylady we halahwal sorap Nikodimos bilen tanyşdy we gürrüň etmäge başlady. Nikodimos Isa şeýle diýip ýüzlendi: “Mugallym, biz Seniň Hudaýdan gelen bir Mugallymdygyňy bilýäris, çünki Hudaý özi bilen bolmasa, hiç kim Seniň görkezen alamatlaryňy görkezip bilmez”. Isa bolsa Nikodimosyň näme gözleýändigini, Hudaýyň patyşalygyna girmäge men mynasypmy… men nädip muny başararyn… meniň eden işlerim ýeterlikmikä…”diýip içinden beren soraglaryny bilýärdi. Bu sebäpden, Isa gös-göni Nikodimosyň kalbyndaky bar soraglara jogap bermäge başlady. Isa oňa: “Hakykatdan-da saňa dogrusyny aýdýaryn, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez”diýip jogap berdi. Nikodimos bu jogaba aňk-taňk boldy-da, Oňa: “Garran adam gaýtadan nähili doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip doglup bilermi?” diýdi. Isa mylakatlylyk bilen şeýle jogap berdi: “Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, suwdan we ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmez. Bedenden doglan bedendir, ruhdan doglan ruhdur. Saňa gaýtadan dogulmalysyňyz diýýänime geň galma. Ýel islän ýerinde öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Ruhdan doglanlaryň ählisi hem şeýledir.” Nikodimos beýle düşündirişi hiç haçan hem eşitmändi. Haýran galyp, Ondan: “Bu nähili bolup biler?” diýip sorady. Isa oňa şeýle jogap berdi: “Sen ysraýylyň mugallymy bolup-da, bulary bilmeýärsiňmi? Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny diýýärin, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize güwä geçýäris, ýöne siz biziň güwäligimizi kabul etmeýärsiňiz. Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma ynanmasaňyz, onda Gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarsyňyz? Hiç kim Göge çykan däldir; oňa diňe Gökden inen we Gökde bolan Ynsan Ogly çykandyr...” Nikodimos Isany diňledigiçe Onuň diýýänlerine düşünip ugrady, ol sözler onuň kalbynda orun tapýardy we ony has-da galkyndyrýardy, çünki ol bütin ömür gözlän we garaşanyna duşupdy…”Musanyň çölde ýylany ýokaryk galdyryşy ýaly, Ynsan Ogly-da ýokaryk galdyrylmalydyr. Şeýlelik-de, Oňa ynanýanlaryň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowşar…” “Heläk bolmaz…ebedi ýaşaýyş…bular eýsem meniň durmuşymyň dowamynda gözleýänlerim dälmi eýsem…men Hudaýyň öňünde günäli…men heläk bolmak islämok!!!…men ölüp ýok bolup gitmek islämok… maňa ebedi ýaşaýyş gerek….” bular Nikodimosyň aňynda we kalbyndan çykýan sözlerdi…
 Musa baradaky bu sözler Nikodimosa has düşüniklidi. Musa pygamber ysraýyl halkyny Müsürden gulçulykdan çykaryp
, kyrk ýyllap çölde wada edilen topraga alyp gidende, bir haýran galdyryjy we Hudaýyň rehimine we söýgüsine esaslanan ajaýyp bir gutulyş bolupdy. Şol döwürde, ysraýyllylar Hudaýa garşy günä edip, Musanyň diýýänlerine-de gulak asman, erbetlikde ýaşap başlanlarynda, Hudaý olaryň üstüne jeza ýollaýar, ýagny zäherli ýylanlar çölde ysraýyllylary çakyp öldürip başlaýar. Bu ýagdaýda, ysraýyllylar bu jezadan gutulmak üçin haraý isläp, Musanyň ýanyna baryp ýalbarýarlar. Musada olar üçin Hudaýa ýalbarýar. Hudaý hem Musa, misden bir ýylan ýasap ony hasasynyň daşyna çolap ýokaryk galdyrmagy we şoňa seredenleriň halas boljakdygyny wada berýär. Musa hem Hudaýyň görkezme berşi ýaly ýerine ýetiripdi we ýylany ýokaryk galdyrypdy, muňa ynanyp seredenleriň hemmesi şol jezadan gutulypdy…Nikodimos bu mysal arkaly Isanyň hem adamzadyň günäsiniň jezasy üçin gutulyş getirmäge gelendigine düşündi, özüniň bolsa günälidigini we Hudaýyň jezasyna mynasypdygyny, emma Hudaýyň ony söýýändigini we rehim edip Isany Mesih Halasgär hökmünde ýollandygyny, Isa ynansa heläk bolmajakdygyna doly düşündi we Isa Mesihe kalbynda eýýäm iman getirdi.Onuň kalby şeýle bir şatlykdan, joşgundan we dynçlykdan dolupdy…

Isa sözüni dowam etdirip şeýle diýdi: “Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç bir heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň  ýeke-täk Ogluny berdi. Hudaý Ogluny dünýäni höküm etsin diýip däl-de, eýsem, dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. Oňa ynanýan höküm edilmez, ynanmaýan bolsa, Hudaýyň Oglunyň adyna iman etmeýänligi üçin eýýäm höküm edilendir…”

Bu sözler Nikodimosyň Isanyň Halasgär bolan Mesihdigine bolan täze ynamyny berkitdi… Nikodimosyň Isa Mesih bilen bu gürrüňdeşligi daňa çenli dowam etdi. Isa Mesih Nikodimosy ýene-de köp sözler bilen ruhlandyrdy, Nikodimos Isanyň ýanyndan aýrylasy gelmedi, ýöne ol öýüne dolanmalydy we özünde bolup geçen bu ajaýyp gutulyşy, özüniň dünýäniň Halasgäri Isa Mesihe duşandygyny we Ony kabul edendigini, bu imanyň oňa beren gutulyşy, ebedi ýaşaýşy, kalbynda bolýan dynçlyk we joşgunyny maşgalasy bilen hem paýlaşmaga howlugýardy…

 

2 thoughts on “Gijäniň içindäki…durmuş özgerdiji duşuşyk

  1. Ey!Musulman doganlar

    Pygamberimiz bir hadysy şerifinde şeýle diýýär:

    «Maňa menden owalky pygamberleriň hiç birine berilmedik bäş zat berlendir:

    Bir aýlyk menzil uzaklykdan duşmanyň ýüregine gorky salmak. Ýer ýüzi maňa mesjit we arassa kylyndy. Şonuň üçin, ymmatymdan her kim namaz wagty nirede bolsa, şol ýerde namazyny okasyn. Olja menden owalkylara halal däldi, emma maňa halal kylyndy. Maňa şefagat etmek haky berildi. Menden owal her pygamber diňe öz kowmuna iberilipdir. Men bolsa tutuş adamzada ilçi edilip iberildim», (Buhary, Müslim,Tirmizi).

    Allah Tagala umumy manyda her kese, hususy manyda bolsa her ymmata we pygambere aýratyn lutuf we yhsanlar edipdir. Hezreti Adama safwet (päklik) berlip, her bir zadyň ady öwredilendir. Hezreti Nuha göreş, birkararlylyk, azymet (takwalyk bilen amal etmek) berlipdir. Hezreti Ibrahime ençeme pygamberiň atasy bolmak bagty, towhyd yşky we hillet (aňrybaş dostluk) berlipdir. Hezreti Musa tälim-terbiýe, ijtimagy ylymlar we jemgyýet dolandyrylyşynda ukyplylyk, hezreti Isa adamzat gatnaşyklarynda ýumşaklyk, sabyr we çydamlylyk, geçirimlilik, rehim-şepagatlylyk we muhabbet bagyş edilipdir. Hezreti Muhammede (s.a.w.) we onuň ymmatyna beýleki pygamberlere yhsan edilen aýratynlyklaryň üstüne erk, irade, hikmet, muwazene (ölçeg), tälif-terkib (jemleýjilik) ýaly kämil we ajaýyp aýratynlyklar bagyş edilipdir. «Biz seni älemlere rahmet edip iberdik», (Enbiýa, 107) aýaty bolsa Pygamberimiziň ähli aýratynlyklaryny bir jümlede beýan edýär.

    Çeşme: Ylmyhal, 2005, Aşgabat

  2. Isa MEsih barada ýüzlerçe ýyllar öňünden Hudaýyň pygamberleriniň aýdyp geçen ýüzlerçe pygamberlikleri hakykat bolsa we Injiliň diýýänleri hakykat bolsa we hakykatdyr hem, men muňa özüm öwrenip göz ýetirdim we seniň hem muňa göz ýetirmegiňi arzuw edýärin, onda Isa Mesihden soňra bir pygamberiň gelmek zerurlygy we täze bir diniň döremegi gerek bolmaýar! Isa Mesihiň dünýä gelmegi Hoş Habardyr-ondan öň hem HOş Habar bolmady-Ondan soň hem Hoş Habar bolmaz! Iň azyndan näme üçin Hoş Habardygy hakynda bir oýlanyp görüň!!!

Leave a Reply

Your email address will not be published.