Ýahýa Pygamberiň Isa Mesih baradaky güwäligi…

Ýahýa Pygamberiň Isa Mesih baradaky güwäligi…

“Ehudylar Iýerusalimdan ruhanylary, Lewilileri iberip, Ýahýadan: “Sen kimsiň?” diýip soranlarynda, onuň güwäligi şeýle boldy. Ol ykrar etdi, inkär etmedi. “Men Mesih däl” diýip ykrar etdi. Onsoň olar : “Onda, sen Ylýasmyň?” diýip soradylar. Ol “Ýok” diýdi. “Şol geljek pygambermisiň?”diýdiler. Ol: “Ýok” diýip jogap berdi. “Onda sen kimsiň? Biz özümizi bu ere ýollanlara näme jogap bereli, sen özüň hakda näme diýýärsiň?” diýip soradylar. Ýahýa: “Men, Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, Rebbiň ýoluny dogrulaň diýip çölde gygyrýanyň sesi” diýdi…Olar onda “Eger sen Mesih, Ylýas ýada şol pygamber däl bolsaň, onda näme üçin çokundyrýarsyň?” diýip soradylar. Ýahýa olara jogap berdi: “Men suw bilen çokundyrýaryn, ýöne siziň araňyzda biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz. Menden soňra geljek Şoldur. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin…Ertesi gün Ýahýa özüne tarap gelýän Isany görüp: “Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzysydyr” diýdi. “Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýip aýdanym, ine, Şudur. Men Ony tanamaýardym, ýöne Ol Ysraýylda aýan bolsun diýip, suw bilen çokundyrmaga geldim”. Ýahýa güwä geçip diýdi: “Men Ruhuň gökden gögerçin ýaly inip, Onuň üstünde duranyny gördüm. Men Ony tanamaýardym, ýöne meni suw bilen çokundyrmaga ýollan Hudaý maňa Ruhuň inip, kimiň üstünde duranyny görseň, Mukaddes Ruh bilen çokundyrjak Şoldur diýdi. Men görüp, Onuň Hudaýyň Ogludygyna güwä boldum”. Ertesi gün Ýahýa ene öz şägirtleriniň ikisi bilen durdy. Ol gezip ýören Isany görüp: “Ine Hudaýyň Guzysy!” diýdi. Onuň aýdanlaryny eşiden iki şägirt Isanyň yzyna eýerdiler.”

Nähili ajaýyp güwälik, Isa Mesihiň “Hudaýyň Guzysydygyna” “dünýäniň günäsine Öz üstüne aljak, Gurbanlyk Guzy” ýalydygyna we seniň hem günäleriň üçin tölegi töländigine iman edersiňmi!

Hudaýyň Öz pygamberi Ýahýa pygamber arkaly bize etiren Isa Mesih hakyndaky ajaýyp güwäligine iman etseň, Isa Mesih ýokarda aýdylyşy ýaly saňa günäleriňden saplanma, dowzah odundan gutulyş we Hudaý bilen baky ýaşaýşy berer we seni gündelik durmuşyňda manydan, dynçlykdan we şatlykdan doly durmuşda dogry ýolda alyp gider we Isa Mesih arkaly beriljek Mukaddes Ruhy arkaly Hudaý seni her gün tä ýanyna barýançaň ideklär! Ýahýanyň şägirtleriniň, Isa Mesihiň Hudaýyň dünýä iberen adamzadyň Halasäridigini Ýahýanyň güwäligi bilen eşidenlerinde, Isa Mesihiň yzyna eýerdiler. Bu haýran galdyryjy, Ýahýa pygamber olary saklajak bolmandy, olar-da biziň öz ýolumyz bar ol ýoldan gideris diýip durmadylar-da, “YOL, Hakykat we Ýaşaýyş” bolan Isa Mesihiň yzyna eýerdiler. Çünki Ýahýa pygamberiň ýerine ýetirmeli işi hem, Isa Mesih hakynda güwälik etmek, Onuň ýoluny taýýarlamakdy, Işaýa pygamberiň öňünden aýdan pygamberligini ýerine ýetirmekdi!

Şonuň üçin gadyrly dost, imanly bol, imansyz bolma we Isa Mesih arkaly Hudaýyň saňa berjek ajaýyp patalaryny kabul et we ruhda erkin we azat ýaşaýşa eýe bol! Eger şu wagt Isa Mesihe Halasgäriň hökmünde iman etmek seniň islegiň bolsa, onda Hudaýa şeýle iman bilen ýüzlen we Hudaýyň seniň hem günäleriň üçin üpjün eden “Gurbanlyk Guzysy” üçin we Isa Mesihiň seniň üçin janyny aýaman ere gelip janyny seniň dowzahdan halas bolmagyň üçin berenine minnetdarlyk bildir, Isa Mesihi Halasgäriň hökmünde iman edýändigiňi ýüregiňden bildir!

Injilde şeýle sözler bar: “Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýüregiň bilen ynansaň, gutularsyň. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir. Çünki Mukaddes Ýazgy: “Oňa iman eden kişi utandyrylmaz” diýýär.

“Başga hiç kimde gutulyş ýokdyr; biz ol arkaly gutular ýaly, gök astynda ynsanlara berilen gaýry at ýokdur”.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *