Sen haýran galýarmyň?
Isa Mesihiň ýere gelişi, ýaşaýşy, öwredýän taglymatlary, ölümi we direlişi, göge galyşy haýran galdyryjydy! Ol patyşalardyr garamaýagy, akyldardyr bilimsizleri, baýlary we garyplary, yaşulylary we yaşlary, ekekdir aýallary haýrana goýan, haýrana goýýan we goýjak biridir!
Isa Mesihe haýran galanlaryň köpüsi bar zatlaryny taşlap Onuň yzyna eýerdiler! Ine aşakdaky taryh munyň bir şaýady:
“Bir gün halaýyk Hudaýyň Sözüni diňlejek bolup, Isanyň daşyny alyp durka, Ol Jenesaret kölüniň kenarynda durdy. Şonda Isanyň gözi kölüň ýakasynda duran iki gaýyga düşdi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdylar. Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň gaýykda oturan erinden halka sapak bermäge durdy. Sözüni gutaranda Simuna: “Çuň ýere gidiň-de, aw üçin torlaryňyzy suwa zyňyň” diýdi. Simun Oňa şeýle diýdi: “Ussat! Bütin gije zähmet çekip, hiç bir zat tutup bilmedik, ýöne Seniň sözüň hatyrasyna torlary zyňaýyn”. Muny edenlerinde, şeýle köp balyk tudylar welin, torlary ýyrtylyp ugrady. Beýleki gaýykdaky ýoldaşlaryna gelip kömekleşmekleri üçin ellerini bulap yşarat etdiler. Olar hem gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy. Simun Petrus muny görende: “Ýa Reb, meniň ýanymdan aýryl, çünki men bir günäkär adam!”diýip, Isanyň dyzyna ýykyldy. Sebäbi tutan balyklarynyň köpdügine ol we ýanyndakylaryň hemmesi-Simunyň ýoldaşlary Zebedeýiň ogullary, Ýakup bileh Ýahýa hem haýran galdylar. Isa Simuna:”Gorkma, sen mundan beýläk ynsanlary tutarsyň” diýdi. Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler.”
Isa Mesihiň ynsanlaryň Halasgäridigini we gudratly Rebdigini bilenlerinde, olar ikirjiňlenmediler-de, bar zadyny taşlap Onuň yzyna eýerdiler. Isadaky gymmatlygyň belentligine düşünmedik biri bar zadyny taşlap Onuň yzyna eýerermi? Yok, elbetde beýle etmez. Balykçylyk işi bilen özlerini we maşgalalaryny üpjün edýän adamlar üçin elbetde balykdan doly gaýyk iň wajyp zat bolup bilerdi, emma olar mundan beýläk balykdan düşýän gazanç, baýlyk, üpjün bolmak hakynda alada etmän durmuşlaryny Isa Mesihe bagş etdiler! Sebäbi olar Isanyň “Bütin dünýä eýe bolup janyňy ýitirseň, saňa näme peýda” diýen sözüne düşünipdiler. Bu balykçylaryň ýolbaşçysy bolan Simun Petrusyň ýokarda aýdan sözlerine üns ber. Ol Isa Mesihiň öz ýanyndan aýrylmagyny sorapdy, munyň sebäbiniň bolsa özüniň günälidigi üçindigini aýdypdy. Biz hem muňa meňzeşlikde, Hudaýyň öňüne günälidigimizi boýun alyp, toba edip gelmegimiz we Isa Mesihiň biziň günälerimiziň jezasyny töländigine iman edip, Ony halasgärimiz we Rebbimiz hökmünde kabul etmegimiz, we bar zadymyzy taşlap Onuň yzyna eýermegimiz gaty wajypdyr. Çünki diňe bir Simun Petrus günäli bolman, ählimiz hem Hudaýyň kanunlaryny bozup günälidiris. Hiç bir dogry adam ýok, hemmeler günä edip Hudaýyň şöhratyndan aýryldylar we Hudaýyň günä üçin jezasyna, gazabyna sezewardyrlar.
Bu jezany hiç kim öz güýji, dini ýada eden ýagşy işleri bilen töläp bilmeýär. Käbir adamlar muňa, “Hudaý rehimlidir, Ol ýöne bagyşlar, munuň üçin töleg hem gerek däl” diýýärler. Emma rehimli bolan Hudaý, adalatly Hudaýdyr hem. Hudaýyň adalatynyň erine etmegi uçin bolsa günäniň jezasy tölenilmelidir. Mysal üçin eger sen adam öldürip ýada ogrulyk edip kazynyň öňünde duran bolsaň, we toba etseňde gowy we dogry kazy rehimli bolsada kanunyň talap eden jezasyny saňa bermeli bolar. Mysal üçin ol saňa uly jerime tölemeli diýip höküm çykardy diýeli, $50000 dollar jerime tölemeseň sen köp ýyllyk türmä gitmeli bolarsyň diýse. Bu pul sende ýok, sen näçe bagyşlama sorasaňda, ökünseňde, sen ol jerimäni tölemeli bolarsyň, diňe şony töläniňde sen türmeden halas bolup bilersiň. Muňa meňzeşlikde Hudaýyň kanuny hem günäniň jezasynyň tölenmelidigini talap edýär. Şol pursatda kimdir biri seniň üçin $50000 müňi tölese, sen bu üçin nähili bolardyň? Men şol adam üçin bütin ömür minnetdar bolardym. Muňa meňzeşlikde, Hudaý adalaty boýunça bizi eden günämiz üçin höküme sezewar etsede, merhemeti bilen şol jezany çekmäge Isa Mesihi biziň Halasgärimiz bolmak üçin iberdi. Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ezýet çekdi, Onyň teni biziň üçin urlyp-ýenjildi, haça çüýlenip öldürildi!
Her gün 150000 adam bu dünýäni terk edip bakyýete gidýärler we Biribaryň höküm tagtynyň öňünde durýarlar. Ölum biziň hiç birimiziň ret edip bilmejek faktymyzdyr. Ölum bizden soraman, duýdansyz biziň bilen duşuşar. Bu sebäpden, biz Hudaý bilen ýaraşmagy ilkinji we gaýragoýmazdan çozmelidiris. Isa Mesih şeýle diýipdi: “syrkaw adam lukmana mätäçdir…”
Bu ajaýyp gutulyşa eýe bolmak üçin bolsa, ilki bilen özüňiň günälidigiňe we Hudaýyň jezasyna mynasypdygyňa düşünip boýun almaly we toba etmeli (toba etmek bu, günäleriň üçin ökünmek we şol günälerden ýüz öwürmek),
Isa Mesihi öz Halasgäriň hökmünde kabul etmeli we Onuň seniň günäň üçin gurbanlygyna minnetdarlyk bildir we bütin durmuşyňy Oňa tabşyr, ýagny ýöne bir ynanmak däl, Oňa doly bil baglamalysyň!
Ynsanyň janynyň dowzah odundan gutulmagyndan wajyp zat bolup bilermi? Elbetde bolup bilmez! Dowzah ody iň elhenç ýerdir we ol şeýtan we onyň yzyna eýerenler üçin bolan sönmez ezýet mekanydyr. Hudaý seniň ol elhenç ýere düşmegiňi islemeýär, seniň özüňiň öz özüňi halas edip bilmejegiňi bilýän Hudaý Isa Mesihde gutulyş üpjün etdi! Bu sebäpden hem, Isa Mesihiň dünýä gelmegine Hoş Habar (Injil) diýilýär!
“Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe Gökden inen we Gökde bolan” Isa Mesih”çykandyr. Musanyň çölde ýylany ýokaryk galdyryşy ýaly, “Isa Mesihde” ýokaryk galdyrylmalydyr. Şeýlelikde Oňa ynanýanlaryň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowşar. Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, “Isa Mesihe” iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, …”Isa Mesihi” berdi. Hudaý “Isa Mesihi”dünýäni höküm etsin diýip däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. Oňa ynanýan höküm edilmez, ynanmaýan bolsa, Hudaýyň …“Mesihine”iman etmeýänligi üçin eýýäm höküm edilendir.”