TAÝYN BOL!

HUDAÝYŇ BILEN DUŞUŞMAGA TAÝYN BOL!

Siziň bu okaýan ýüzlenmäňiz Injildäki tekste esaslanandyr. Hudaý: “Şonuň üçin Men seniň bilen şeýle edýärin, Ysraýyl; seniň bilen näme edýändigimi görä-de, öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol, Ysraýyl” (Amo 4:12). Bu aýat, Hudaýyň öňündäki ebedi ýörelgäni habar berýär. “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” – bu, islendik nesile edilýän çakylyk we duýduryşdyr.

Amerikadyky iň uly demir ýol kompaniýasy, demir ýol geçelgelerinde polat parawozlar bilen awtoulagdyr ýük maşynlarynyň arasyndaky döreýän howply çaknyşyklaryň öňüni almak maksady bilen, geçelgelerde duýduryş hökmünde hyzmat etjek iň gowy üç sözi tapan adama 2,500 amerikan dollaryny baýrak berjekdigini yglan etdi. Akylly we bagtly adamlaryň biri, baýragy almak üçin häzirki wagtda geçelgelerde gabat gelýän: “SAKLAN! ÄGÄ BOL! GULAK AS!” diýen sözleri teklip etdi. Bu sözleriň her biri 833 dollara barabardy. Eger şol sözler berjaý edilmese, geçelgäni kesip geçýän üçin olar düýbünden peýdasyz boljakdy. Eger adamlar saklanmak islemese, “SAKLAN!” sözüniň peýdasy näme? Eger hiç kim ägä bolmak islemese, “ÄGÄ BOL!” sözünden nähili peýda bolar? Eger biz gulak asmak islemesek, “GULAK AS!” sözi nähili duýduryşy aňladar? Eger siz gulak asmasaňyz we taýynlanmasaňyz, ebedilik taýynlyk baradaky çakylyklary, edil ýaňky mysallar ýaly ýene köp gezek eşidip bilersiňiz.

1. Ýönekeý sözlere üns beriň. Mysal getirilen tekstiň her biz sözünde adatdan daşary ýönekeýlik bardyr. Injilde: “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” – diýlipdir. Taýynlanmak – bu, taýyn bolmagy aňladýar: ölüme taýyn bolmak, Höküme taýyn bolmak, Rebbiň gelmegine taýyn bolmak. Mukaddes Ýazgy adamlaryň bu dünýä gelip dogulaly bäri, Hudaý bilen duşuşyga taýyn däldigine şaýatlyk edýär. Hudaý, islendik adamyň kanunsyzlykda dogulandygyny aýdýar. Beýle diýildigi, biziň Hudaý bilen bu dünýäde duşuşmagymyz üçin, günälerimiziň bizden aýrylmalydygyny aňladýar. Injil hem Isa Mesihiň ganyndan başga hiç zadyň günäni ýuwup bilmejekdigini anyk yglan edýär. Resul Ýahýa öz hatynda: “… Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir” – diýýär (1Ýah. 1:7). “Taýyn bol” sözi – örän ýönekeý sözdür, onda hiç hili zat gizlenen däldir. Bu tekstiň sözleri matematikanyň meselesi-de däldir. Islendik adam olaryň näme aňladýandygyny bilýändir. “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” – jümlesi, Hudaý bilen duşuşmaga taýyn bolmagy aňladýar. Bu, edil smolanyň (gara sakgyz – şepbeşigiň) garyň ýüzündäki zolagy ýaly aýdyňdyr. Köp adamlar, nähili-de bolsa bu ýönekeý sözleri nädogry kabul edýärler. Birleri öýlenmäge taýynlanýar, başga birleri dynç alyşa gitmäge taýynlanýar. Köp adamlar çagalaryny mekdebe taýynlaýar. Köpler, pensiýa üçin goýlan pullary garran çaglary ulanmak üçin, garrylyga taýynlanýar. Ýöne olar, diňe özleriniň durmuşynda wajyp zat bolan, ebedilikde Hudaý bilen duşuşmaga taýynlanmaýarlar. Dost, Injiliň bu ýönekeý sözlerine gulak goý, – öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol.

2. Hudaý bilen boljak duşuşyk gutulgysyzdyr. Bir zat şübhesizidir. Ol hem, ähli adamyň Hudaý bilen duşuşmagydyr. Isle baý bolsun isle-de garyp, isle garry bolsun isle-de ýaş, isle bilimli bolsun isle-de bilimsiz – hemmeler Hudaý bilen duşuşarlar. Siz, bu dünýäde, bu durmuşyňyzda, şertlenen ähli duşuşyklaryňyzy üýtgedip bilersiňiz. Emma, ýekeje duşuşyk – hemişe öz güýjünde galýandyr. Size, özüňizi ýaradan Hudaý bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak garaşýandyr. Mukaddes Ýazgy: “Her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer” – diýýär (Rim.14:12).

Belki, bu, duýdansyz ölüm bolup biler. Sizi hem, öňünden duýdurmazdan Hudaýyň ýanyna alyp giderler. Bir garry şotland wagyzçysy bir gezek öz obadaşynyň dükanyna gidipdir. “Wagyzçy, gapyny kakman, bir söz aýtman dükana girende, men bir iş bilen gümra bolup ýördüm” – diýip, soň şol dükanyň eýesi gürrüň berýär. Wagyzçy: “Siz maňa garaşýaňyzmy?” – diýýär. “Ýok, jenap, garaşmandym.” – diýip, dükanyň eýesi jogap beýär. Wagyzçy biraz dymyp duransoň, ýüzüni gamaşdyryp: “Eger bu ölüm bolsa näme?” – diýýär-de, gelişi ýaly basym çykyp gidýär. Dükanyň eýesi, soň bu ýagdaý barada gürrüň berip, wagyzçynyň aýdanlarynyň özüni oýlanmaga mejbur edendigini ýatlaýar. Netije-de, dükanyň eýesi Reb Isa iman etdi. Mesihi üçin Hudaý bilen duşuşmak örän ajaýyp başdan geçirme bolar. Resul Pawlus öz ömrüniň soňunda: “Çünki men eýýäm Hudaýa hödürlenen şerap kimin dökülip durun, meniň bu dünýäden ötmeli wagtym geldi” – diýýär (2Tim. 4:6). Ol bu sözleri aýdanyndan soň, basym ölüm hem gelip ýetdi. Hatda, imanly üçin Hudaý bilen duşuşmak – gorkuly synagdyr. Injil şeýle diýýär: “Diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir” (Ýew.10:31). “Reb sabyrlydyr we rehimdardyr, Ol kanunsyzlygy we jenaýaty bagyşlaýandyr” (San.14:18). Emma Ol günäkäri-de jezasyz goýmaýar. Eger siz Hudaýyň söýgüsini äsgermeseňiz, Onuň berýän gutulyşyny ret etseňiz, Onuň duýduryşlaryna üns bermeseňiz, onda Onuň öňünde durjak günüňiz, siziň üçin elhenç gün bolar.

3. Soňa goýmak bolgusyzlykdyr Biziň her birimiz Hudaýyň garşysyna köp günä etdik. Hudaýyň adalatlylygy günälerimiz üçin jeza berilmegini talap edýär. Hudaýyň bize bolan söýgüsi bolsa, adalatlyk talabyna jogap berýär. Bu jogap hem – Hudaýyň Ýeke-täk Oglunyň ölümi bilen düşündirilýändir. Işaýa pygamber: “Hudaý Oňa biziň hemmämiziň günälerimizi ýükledi” – diýýär (Iş.53:6). Mesihiň ölmüniň biziň günälerimize hakykatdan hem töleg bolmagy üçin, bize Ony öz ýüregimize kabul etmek zerurdyr. Emma, köp adamlar muny soňa goýmaga ýykgyn edipdirler. Soňa goýmak – bu, “yza süýşürmekdir”. Injil Resul Pawlusyň (Iudeýiň rim hökümdary) Felikse Hudaýyň halas ediş ýoly barada wagyz edendigini beýan edýär. Şonda Feliks gorkup: “Häzirlikçe git, pursat tapan mahalym seni çagyrdaryn” – diýýär (Res.işl. 24:25). Biziň islendik birimiz agşama çenli ýaşamazlygymyz mümkin – bu, tassyklama-da degişme däldir! Biz ölümiň haçan geljekdigini bilmeýäris, emma Hudaý bizi çagyran wagty – biz barmaly bolarys. Käbir adamlar sagadyň 11 bolmagyna garaşýarlar, şondan soň olar öz ýüregini Hudaýa bermek isleýärler. Emma, sagadyň 11 bolmagyna garaşanlaryň köpüsi 10.30-da öldüler. Şunlukda, olar muny hiç wagt etmediler. Soňa goýmak – hemişe howpludyr! Durmuşyň sagady diňe bir gezek tow alýandyr Has giç ýa-da ýene irki wagtda – Olara täzeden şol bolmak berilende Hiç kimiň hem bir zat aýtmaga erki ýokdur

4. Mesihi inkär etmek – akylsyzlykdyr. Gutulyş – bu sylagdyr. Ony gazanyp bolmaz. Injil: “Sebäbi günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr” – diýýär (Rim.6:23). Bu ýerde, günä, edilen iş üçin hak (muzdy) tölenýän hojaýyn bilen deňeşdirilýär. Eger, “günäniň muzdy ölüm” bolýan bolsa, onda aýatyň ikinji böleginde şeýle diýilmeli ýaly: “Dogrulyk üçin sylag – ýaşaýyşdyr”. Emma, aýatda sadaja seýle diýilýär: “Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr” . Ebedi ýaşaýyş – bu, sylagdyr. Hudaý gutulyşy satmaga büs-bütin garşy bolýar. Emma, Injiliň soňky sahypasynda, siz jemleýiji çakylygy taparsyňyz: “Ruh we gelin: “Gel!” diýýär. Her eşiden “Gel!” diýsin. Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn” (Ylh.22:17). Gutulyş – Hudaýyň sylagydyr. Köpler, özleriniň eden oňat işleri arkaly, öz dininiň işine we däplerine işjeň gatnaşýanlygy arkaly, Hudaý bilen boljak duşuşyga taýynlanýarlar. Emma Injil, Hudaýyň bizi “dogrulyk bilen bitiren işlerimiz üçin däl-de, Öz rehimdarlygy bilen gutarýandygyny” – aýdýar (Tit.3:5). Hiç kim: “Men muny etdim, beýleki zatlary etdim, indi maňa Hudaý gutulyş bermelidir” – diýip, aýdyp bilmez. Mesihiniň durmuşyndaky oňat işler adatdan daşary wajyp zatlardyr, emma olar, günälerimiz üçin töleg bolup hyzmat edip bilmez. Biz, bu dünýä gelip, Öz Ganyny haçda döken we biziň ählimiziň günälerimizi Öz üstüne alan Isa Mesihe eden imanymyz arkaly halas bolup bileris. Reb, Özüniň haçdaky gahrymanlygyny berjaý edip, bize, günälerimiz üçin rehimdarlyk gazanyp berdi. Ine, Hudaýyň rehimdarlygynyň netijesi-de – bize berlen gutulyş sylagydyr.

Elbetde siz, sylag kabul edilmese, sylag bolmajakdygyna, rehimdarlyk inkär edilse, rehimdarlyk bolmajakdygyna göz ýetirýänsiňiz. Amerikanyň taryhynda adaty bolmadyk sud işine garamagyň biri, Jorj Wilsonyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde, Endrýu Jekson Birleşen Ştatlaryň prezidentidi. Wilsona jeza birilmegine üç hepde galanda, Endrýu Jekson, Jorj Wilsonyň köp dostlarynyň towakgasyny nazarda tutup, onuň günäsiniň geçilmegi üçin perman çykardy. Ýöne, hemmeleri geň galdyran zat, Wilsonyň öz günäsiniň geçilmegini inkär etmegidi. Hatda, ol suduň kararyna görä jeza berilmegini-de talap etdi. Şonda, Jorj Wilson, günä geçiş kabul edilmese – günä geçiş däldigini yglan etdi. Taryhda öň hem, söň hem döremedik hukuk ýagdaýy ýüze çykdy duryberdi. Sebäbi, hemişe günä geçiş barada perman çykarylanda, ony şatlyk bilen kabul edýärdiler. Suduň Wılsona jeza bermek baradaky karary ýerine ýetrilmelimi ýa-da günä geçmek baradaky prezidentiň permany berjaý edilmelimi? Kanun, bu sorga jogap berip bilmänsoň, Jekson gutarnykly karar kabul edilmegi üçin Ýokary Sud geňeşligini çagyrdy. Gutarnykly Karar şeýleräk yglan edilipdi: “Günä geçiş – berilýän adamyň kabul edip-etmeýändigine garamazdan, hakyky resminamadyr. Ölüm jezasy berileniň günä geçişi kabul etmejekdigini göz öňüne getirmek kyndyr: emma, günä geçiş inkär edilýän bolsa – günä geçiş ýokdur. Jorj Wilsona ölüm jezasy berilmelidir”. Şunluk bilen, Jorj Wilsony dardan asdylar. Elbetde, köp adamlar, Wilson tarapyndan günä geçilşiň kabul edilmezligini akylsyzlyk hasaplarlar. Ýöne şonda-da, köp adamlar Hudaýyň ýollan günä geçişinden her gün diýen ýaly boýun gaçyrýarlar. Eger siz, bu gün halas edilmedik bolsaňyz, siz – günäniň hökmüniň astyndaky we tüm garaňky dowzahdaky ebedi ejire höküm edilen günäkärsiňiz. Emma Hudaý, bu gün size, ýene günäňiziň geçilýändigini teklip edýär. Ol size ölmegiň zerur däldigini, siziň üçin Isanyň ölendigini aýdýar. Akyl taýdan sagdyn kimdir-biriniň Hudaýyň söýgüsine ýugrulan, Isanyň haçda gazanan günä geçişini inkär edýändigini göz öňüne getirmek kyndyr. Eger siz, ondan boýun gaçyrýan bolsaňyz – onda günä geçiş ýokdur. Beýle bolýan bolsa, günäden gazanylýan netijeleri, özüňiz, öz başyňyzdan geçirmeli bolarsyňyz.

Hudaý Öz Sözünde şeýle çagyryşlary edýär: “Reb Isa iman et” – (Res.işl. 16:31). “Toba ediň, günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň. Ine, şeýdip, siz Mukaddes Ruhuň sylagyny alarsyňyz” (Res.işl. 2:38). Muny, şu gün berjaý ediň!

Leave a Reply

Your email address will not be published.