Jana Jan
Birnäçe ýyl mundan ozal şeýle bir adaty däl, geň we tolgundyryjy waka bolup geçdi welin, bu barada jikme-jik gürrüň bermäge men özümi borçly hasap edýän. Gündogar şäherleriniň birinde iki dogan bile ýaşaýardylar. Doganlaryň kiçisi eňilkelle durmuşy alyp barýardy: daň säherden tä garaňky gijä çenli günä hezilliklere özüni berip, keýpi-sapalykda ýaşaýardy, göräýmäge olardan el üzesi-de gelenokdy. Doganlaryň ulusy bolsa, tersine, Hudaýdan gorkýan, ýuwaşwe dogry adamdy. Kiçi dogany öz ýaşaýşy bilen ony kän alada goýýanlygy üçin, ol telim gezek kiçii doganyna günäli durmuşdan el çekmegini sorap, gözýaş bilen ýalbarypdy. Şeýle hem bolsa, kiçi dogany agasynyň ýalbarşyna we gözýaşlaryna üns bermeýärdi. Ol öňküsi ýaly öz janynyň we teniniň zeleline ýaşamagyny dowam etdirýärdi. Onuň ýary gije çenli manysyz gezmegi günden-güne gaýtalanýardy. Agasy bolsa, şeýle halatlarda ýatman, ol barada Hudaýdan dileg edip, öýünde garaşýardy. Bir gün gijäniň bir wagty, doganlaryň ulusy gapynyň güýçli kakylandygyny eşidýär. Oll derrew gapyny açan badyna ondan ganly geýimde ýüzi agaryp, saňňyldap duran jigisi içerik kürsäp girýär. “Meni halas et! Meni gizle! -diýip, ol gygyrdy. -Meni polisia yzarlaýar, men adam öldürdim! Ah, seret, ynha, bu onuň gany. Nähili elhenç!”. Emma ony tapmazlyklary we jeza bermezlikleri üçin nirä gizlemeli? Köp wagt ýitirmän, agasy jigisiniň üstünden gana bulaşan geýimlerini çykaryp aldy-da, derrew öz üstüne geýdi. Onsoň züniň arassa geýimlerini jigisine geýdirip, beýlekii otaga itekledi. Gapyny onsoň üstünden gulplap, name bolaryna garaşyp oturdy. Oňa kän garaşmak gerek bolmady. Tiz wagtda aýak sesler eşdilip, polisia etip geldi. “Biz şeýle hem çak edipdik: adam öldüren şu erde!-olaryň biri gygyrdy..-Biziň çaklamalarymyz başga sebäplere görä hem şu öýi görkezýär”. Olar güman edilýän jenaýatkäre golaýlaşdylar. “Adam öldüren senmi?” diýip, olaryň biri hyrsyz seredip sorady.. Emma ol bir sözem diýmedi. “Sorag edip, wagt ýitirmegiň geregi ýok, – olaryň birinjisi böldi,-onuň geýmine serediň, onuň günäkärdigine bular doly güwä geçýär”. Olar bu pahyryň ellerini daňyp, öz yzlary bilen garaňky köçelerden alyp gitdiler. Getirip, ertire çenli türmä dykdylar. Ol pahyr bütin gije ekeje söz hem diýmedi. Ireden olar ony sorag etmäge geldiler, emma onuň eke jogaby şeýle boldy: “Şu jenaýat üçin men özümiň ölmelidigimi bilýärin we bu näçe tiz erine etse, şonça-da gowy bolar”. Birnäçe günden soň ony suda getirdiler. Sudýa onuň ganly eşiklerini gördi-de: “Bu ýagdaýda başga görkezmeleriň geregiiýok, ähli zat aýdyň” diýdi. “Sende aklaýjyň (adwokatyň) barmy?” diýip sudýa sorady. Ol hem, “Mende beýle adam ýok” diýip jogap berdi. Sudýa, “öz goragyňa çykyş etmek isleýärmiň?” diýdi. Ol hem, “Islemeýän” diýip kesgitli jogap berdi-de, özüniň günäsizdigini gözünden duýulmazlygy üçin aşak seretdi. Sud derrew höküm çykaryp, oňa ölüm jezasyny berdi. Suduň hökümi erine etirilmezden bir gün öň höküm edilen gepläp ugrady. Ol türmäniň naçalnigineň gelmegini haýyş etdi. Haçanda, türmäniň naçalnigi gelende, öz islegini aýtdy: “Men sizden tiz wagtda öldürilip ýok boljak adamyň iň soňky islegine razy bolmagyňyzy soraýaryn. Maňa hat ýazar ýaly kiçijik kagyz, sürgüç, syýa hem-de ruçka beriň. Men ölenden soň bukçany açman, ony görkezilen adres boýunça ibermegi Hudaýyň öňünde wada ediň. Bu erde hiç bir erbetlik ýok, maňa ynanaýyň. Mer ertir Hudaýyň alnynda durmaly bolaryn we men ömrümiň iň soňky sagatlarynda-da ýalan gepläp bilmerin”. Naçalnik tussag edileniň ýüzüne üns bilen seretdi. Ol onuň sözlerine nähili ynanjagyny bilmese-de, onuň iň soňky islegine ýok diýip-de bilmedi. Tussag edilen bütin kalby bilen şu haýyşan siňen ýaly göründi. Ol rahat we mähirli seredýärdi we onuň gözlerinden nähilidir bir adaty däl yşyk gelýärdi. Tussag edileniň soran haýyşyny doly eriine etirjekdigine wada berdi. Giçlik türmäni barlag edeninden soň, onuň agzy sürgüç bilen möhürlenen bukjasyny aldy. Gije soňlap gelýärdi. Bu gije, ebediligiň bosagasyna golaýlaşýan we beýleki dünýäni görýän adam ýaly Hudaýa dogada dyz çöken tussag üçin rahat geçse-de, ol ukusyz gijedi. Daň agardy. Ony ölüme äkitjek adamlar hem, beýleki adamlar ýaly, öz işine başladylar. Bir sagatda…bary gutardy. Şondan soň, tiz wagtda eli bukjaly biri ýola düşdi. Ol iki dogan ýaşaýan jaýyň gapysyny kakdy. Gapyny ýüzi howsalaly, gorkudan ak tam bolan bir ýaş ýigit açyp, bukjany
Haçanda bu dünýädäki ýaşaýyş tamamlananda, baky ýa-da ebedi ýaşaýyş başlanýar. Wagt geldi we bu iki doganlar ebedilikde (bakyýetde) duşuşdylar. Indi olara hiç wagt biri-birinden aýrylmak gerek bolmaz! Meniň gürrüňim soňuna etdi. Emma biziň günlerimizde-de, biziň her birimiz üçin onuň täsiri bar, şeýle-de şu setirleri okap duran gadyrly dostum sen üçin hem. Belki-de, eliňde Injil tutmaga seniň mümkinçiligiň bolandyr, ony okansyň ýa-da ol hakda eşidensiň. Emma sen ony ähli beýleki zatlar ýaly ýüzleý
“Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi”. (2 Kor. 5:21)
“Ol ýaşaýan artykmaç özleri üçin däl-de, olar ugrunda Ölen we Direlen üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi”. (2Kor. 5:15)
“Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagymyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi; siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz”. (1Pet.2:24)
“Ol biziň günälerimiz üçin alnypdy we biziň jenaýatlarymyz üçin gynalypdy; dünýäniň jezasy Oňa ýüklenipdi we biz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyk”. (Işaýa pygamber 53:5)
“Şunluk bilen, öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy egniňizden çykaryň… Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginide döredilen täze ýaradylyşy geýniň”. (Efes.4:21-24)
“Isa iman
Sen Isa Mesihi Halasgäriň hökmünde şuňa meňzeş sözler bilen ýürek kalbyňdan ýüzlenip kabul edip bilersiň: “Halasgär Isa Mesih, men özümiň günälidigimi we öz özümi halas edip bilmejegimi boýun alýan, Seniň meniň günälerim üçin Öz janyň bilen töleg töläniňe minnetdar! Meniň kalbyma gir we maňa täze ýaşaýşyňy ber! Biribar Hudaýym Isa Mesihdäki gutulyşyň üçin minnetdar, men ony kabul edýärin! Omyn