Gunä Nädip Dünýä Girdi

old_fashion_radio_microphone_hg_wht.gif[audio:https://turkmenhh.org/audio/WOR07.mp3]”Догрулык Ёлы”7 (Download edip bilersiňiz)

Günä Nädip Dünýä Girdi

Başlangyç 3

Salam gadyrly diňleýjiler! Biz sizi Özüniň döreden dogrulyk ýoluna düşünmegiňizi we ol ýola boýun bolup Özi bilen baky parahatçylykda bolmagyňyzy isleýän Parahatçylyk Hudaýyňynyň adyndan bu günki Dogrulyk Ýoly atly radio eşitdirmämize hoş geldiňiz diýýäris!

Geçen iki radio gepleşigimizde Hudaýyň ilkinji iki adamy döredendigini öwrenipdik. Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär, “27 Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy,

Hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy,

Olary erkek we aýal edip ýaratdy. (Gelip Çykyş 1:27)

Erkegiň we aýalyň janynda, Hudaýy tanap bilmekleri üçin olara ruh berdi, Ony söýüp bilmekleri üçin oalra ýürek kalb berdi. Hudaý olara mundan başga olaryň Oňa boýun bolmagy ýada bolmazlygy saýlap bilmekleri üçin azat erkin erk berdi. Hudaý olary erde ýasalan ajaýyp bir er bolan Jennet bagynda, ýagny Erem diýilip at berilen bagda erleşdirdi. Hudaý ilkinji ynsan bolan Adam ata we ilkinji aýal bolan How enä olaryň parahatçylykda we bol elinlikde ýaşamaklary üçin ähli zady berdi. Hudaý adamlaryň ony tanamagyny, söýmegini we Oňa baky sejde etmegini isledi. Şeýlelikde, Hudaýyň Özüniň kämil maslahatyna laýyklykda, Özüniň ýaradan adamynyň öňünde bir ýönekeý synag goýandygyny görýäris. Erem bagynyň ortarasynda Hudaý ýagşylygy we ýamanlygy bilme agajyny erleşdirdi we adama şeýle diýip buýruk berdi, 16…: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň. 17Ýöne sen ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň».

(Gelip Çykyş 2:16,17) Näme üçin Hudaý Adam atany şeýle ýol bilen synady? Hudaý Adam atanyň ýüreginiň ýagdaýyny görkezmek isledi. Hudaý Adam atany günä etdirmek üçin synaman, munuň deregine ony bereketlemek we güýçlendirmek üçin etdi. Hudaýyň ýaradan ynsany hiç bir kemsizdi we günäsizdi, emma bu diýildigi onda kämil söýgi ýada kämil etişenlik hasiet bardy diýmegi aňlatmaýar. Hudaý Adam atanyň öňünde barlag goýup, onuň söýgüsini barlady. Eger Adam ata synagda berk duran bolsa we Hudaýa boýun bolan bolsa, ol Hudaýa bolan söýgüsiniň çyn ýüregindendigini subut ederdi. Eger Adam ata synagda duran bolsa we günäni ret eden bolsa, onda synag ony güýçlendirerdi. Sebabi Ýazgy şeýle diýýär, ”synag wagtyndaky çydamlylyk häsieti emeler getirýär. (Rim. 5:4)

Bu gün bolsa, Başlangyç kitabynyň üçünji babyna gelip etdik. Bu bap bize günäniň nädip dünýä girendigini görkezýär. Eger biz bu babyň öwredýänlerini bilsek, onda näme üçin ynsanyň ýüreginiň şeýle erbetdiginiň we näme üçin bu günki gün dünýäniň jebir jepalardan dolydygynyň sebäbini bileris.

Adam ata bilen How enäniň ozal başda Jennet Bagynda dolyp daşyp bagtly ýaşandygyny we sapaly ýaşamak üçin ähli gerek zatlarynyň bolandygyny siziň bilen öwrendik. Iň gowy zat hem, Reb Hudaý her gün baga olaryň ýanyna salkyn agşamda gelýändigidi. Şeýdip Hudaý Adam ata we How ene bilen gürleşmäge gelerdi. Olar bilen manyly we ajaýyp gatnaşykda bolmak üçin Hudaý olaryň ýanyna barardy.

Ýöne, bagda olardan başgada biriniň bolandygyny aýdýar. Onyň kimdigini bilýärmisiň? Ol Hudaýyň duşmany, iblis bolan Şeýtandy. Hudaý dünýäni we ondaky zatlary ýaradanda, Şeýtan görýärdi. Hudaý Adam ata ýagşylygy we ýamanlygy bilme agajyndan iýmezligi buýruk berende, Şeýtan diňläp otyrdy. Emma ol ýöne görüp we diňläp oturmak bilen çäklenmedi-de,  Hudaýyň ajaýyp işini bozmak üçin plan düzdi. Şeýtan, Hudaýyň ýaradan adamynyň Oňa boýun egmän, günä edip, Ondan aýralyga düşip ýok bolmagyny isläp Hudaýyň ýaradan adamyny azdyrmak üçin synaga salmagy oýlap tapdy. Şeýtanyň näme oýlaýandygyny Hudaý bilýärdi, emma Adam ata we How ene mundan habarsyzdy.

Bir gün, Adam ata we How ene gadagan edilen agajyň golaýynda wagtynda, Şeýtan ýylan keşbinde geldi we olar bilen gürleşip başlady. Şeýlelikde, Ýazgy şeýle diýýär: 1Ýylan Reb Hudaýyň ýaradan haýwanlarynyň hemmesinden mekirdi. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady.” (Gelip Çykyş 3:1)

Geliň şu erde gysgaça sakynyp geçeliň. Näme üçin Şeýtan ýylan ýaly bolup olaryň ýanyna geldi? Mukaddes Ýazgy muňa şeýle diýip jogap berýär: ”1Ýylan Reb Hudaýyň ýaradan haýwanlarynyň hemmesinden mekirdi.” Şeýtan azdyryjydyr we şonuň üçin hem ol iň akylly biri ýaly bolup göründi. Şeýtan Adam ata we How enäniň ýanyna uly bir gyzyl ajdarjhanyň keşbinde gelip, ”Size parahatlyk. Men iblis, Hudaýyň duşmany. Men bu gün siziň ýanyňyza ýaşaýyş Rebbi Hudaýdan ýüz öwürtmegä we onuň netijesinde siziň baky ýok bolmagyňyzy isläp geldim.” Şeýtan beýle hereket etmeýär! Onda ol olara nähili ýagdaýda göründi? Ol olara owadan we akylly bir jandar hökmünde göründi. Ol olar bilen ýylanyň üsti bilen gürleşmek isledi, çünki şol wagtlar, heniz günä dünýä girmänkä, ýylan haýwanlaryň içinde iň mekiridi.

Şeýtan hali henizem şeýledir. Ol mekir. Ol hemişe hemişede, özüniň hödüleýän zatlaryny gowy zat hökmünde görkezýär. Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär, “Şeýtanyň özi-de nur perişdesiniň keşbine girýär.” (2Kor.11:14) Hudaý Öz sözünde bizi yzygiderli şeýle diýip habardar edýär, “Ýalan pygamberlerden ägä boluň; olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma içi ýyrtyjy möjekdirler.” (Matta 7:15) Şeýtan ýalançydyr. Şonuň üçin ol Adam ata we How enä akylly mekir ýylanyň keşbinde göründi. Ine şonuň üçin hem ol Adam ata bilen gürleşmän How ene bilen gürleşmegi makul bildi. How enäni azdyrmak Adam atany azdyrmakdan eňil hasaplap ol şeýle etdi. Çünki, Hudaýyň Adam ata agaç hakyndaky buýrugy How enäni ýaratmanka berendigini Şeýtan bilýärdi. Ýöne elbetde How ene hem Hudaýyň buýrugyny bilýärdi. Iblis gaty bilimlidir we name gazanmak isleýändigini bilýändir. Eger How enäni şol gadagan edilen agajyň miwesinden iýdirsem, Adam atada aýalynyň yzynan Hudaýa boýun bolmazlykda eýerer diýip Şeýtan maslahat etdi. Şeýlelikde, Ýazgy şeýle diýýär: “Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady.” (Gelip Çykyş 3:1) Şeýtanyň How enä name diýendigini eşitdiňizmi? Ol şeýle diýdi, “Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?” Şeýtanyň name etmek isleýändigini gördüňizmi? Ol How enäniň aňynda Hudaýyň aýdan SÖzüne bolan şübhe döretmäge synanyşdy. Şonuň üçin ol, “…Hudaý…diýdimi?” Hudaý dogrudanam diýdimi?” diýip soraýar. Şeýtan heniz hem şeýle hereket edýär. Ol Hakykat Sözüne garşydyr, sebäbi Hudaýyň Sözi onyyň ýalan işini paş edýändir. nuryň garaňkylygy aradan aýyrýandygy ýaly, Şeýtan hakykatyň ýalany hem kowjakdygyny bilýändir.

Geliň häzir bolsa, Şeýtan bilen aýalyň arasynda bolup geçen gürrüňiň yzyny diňläliň:

. 2Aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwelerinden iýmäge biziň ygtyýarymyz bar. 3Ýöne Hudaý: “Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz” diýdi». 4Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz. 5Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşy-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär».” (Gelip Çykyş 3:2-5)

Bu gaty haýran galdyryjy! Adam ata we How ene Hudaýyň gadagan eden agajyndan iýselere Hudaýyň aýdan zatlary olar bilen bolup geçermi? Hudaý olara, “Siz ölersiňiz!”, diýdi. Şeýtan olara näme diýdi? Ol olara: “Siz ölmersiňiz!”, diýdi. Şeýlelikde, Şeýtan Hudaýyň Sözüni şübhe salmak bilen çäklenmän, göni Hudaýyň Sözüni garşy durdy we ony ret etdi! Bu hakynda näme pikir edýärsiň? Kim hakykaty aýdýardy, Şeýtanmy ýada Hudaý? Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň Hakykatdygyny we hiç haçan ýalan sözlemeýändigini aýdýar. Şeýtanda bolsa hiç hili hakykat ýokdyr, sebabi “onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlän mahaly öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasy.” (Ýahýa 8:44) Ýöne, Şeýtanyň diňe bir ýalançy bolman, onu aldawçydygyny hem ýatdan çykarmaly däldiris. Ol mekirdir; ol ýalan bolan zady hakykat bilen garyşdyrýandyr. Muny biz hatda Şeýtanyň How ene aýdan sözlerinde hem görýäris, 5Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşy-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär». Haçanda Şeýtan, “Hudaý kimin bolarsyňyz!” dieni bu ýalandy, çünki günä eden biri Hudaý ýaly bolman, Şeýtan ýalydyr. Ýöne, haçanda Şeýtan, “Siz ýagşylygy we ýamanlygy bilersiňiz” diende ol hakykaty aýdýardy, çünki Adam ata we How ene günä edenlerinde ýamanlygyň nämedigini bildiler. Ýöne Şeýtan olara şeýle bilimiň olaryň durmuşyna getirjek erbetliklerini welin olara aýtmady. Hudaý olara, “Ol agajyň miwesinden iýen günüňiz siz hökman ölersiňiz!”, diýdi. Emma Şeýtan, “Eger siz ol agajyň miwesinden iýseňiz siz ölmersiňiz!”, diýdi. Şeýtan ýalançy. Şonuň üçin Hudaý “Siz ölersiňiz!” diende Şeýtan, “Siz ölmersiňiz!” diýip Hudaýyň aýdan hakykykatyny ret etdi.

Ol wagt bolsa Adam ata we How ene üçin Hudaýyň Sözüni ýada Şeýtanyň sözüni saýlamaklyk mümkinçiligi boldy. Olaryň saýlawy şeýledi: Olar Hudaýyň Sözüne ynanarlarmy ýada Şeýtanyň sözüne? Olar hakykaty ýada ýalany saýlarlar? Olar Nur Rebbini ýada garaňkylygyň Rebbiniň yzyna eýererler?

Geliň olaryň nähili saýlaw edengini bilmek üçin Ýazgydan okalyň. Ýazgy şeýle diýýär: 6Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.” (Gelip Çykyş 3:6)

Haýran galdyryjy! Hudaýy tanap bilmekleri, Ony söýüp we Oňa baky boýun bolmaklary üçin Hudaý adamzady Öz keşbinde ýaratdy. Emma adam näme etdi? Ol Hudaýyň yzyndan doly eýermegi üçin Ony doly söýdimi? Ýok! Ol söýgi Hudaýyna boýun bolmazlygy saýlady we Hudaýyň we adamzadyň duşmany bolan Şeýtanyň yzyndan eýermegi saýlady! Bu nähili gynançly gün boldy! Biziň ata-babalarymyz, Adam ata we How ene, Hudaýyň gadagan eden agajynyň miwesinden iýip Reb Hudaýdan ýüz dönderdiler. ”Ýokanç kesel diňe bir emele gelen erinde durmak bilen çäklenmeýşi” ýaly, muňa meňzeşlikde Hudaýyň Sözi hem şeýle diýýär: ”Şeýlelikde bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, çünki hemmesi günä etdi!” (Rimliler 5:12) Biz muny gowy görsekde görmesekde, bu şeýledir!

”Ogul atasyna meňzeýändir”. Sen we men we ähli adamlar hem Adam ata meňzeýändirler. Biz dogabitdi günälilerdiris we ölmelidiris, çünki biz Adam atadan gelip çykandyrys. Hudaýyň buýrugyan boýun bolmadyk ilkinji adam biziň nesilbaşymyzdyr we biz edil ol ýalydyrys. Biziň aramyzda haýsy birimiz, men Hudaýyň buýruklarynyň hiç birini hem bozmadym, diýip bileris? Hiç birimiz hem! Onda Hudaýyň buýruklaryna boýun bolmazlyk tebigatymyzy biz nireden miras aldyk? Adam atadan. Gaty erbet ýokanç kesel ýaly, Adam atada bolan günä biziň hemmämize ýaýrady.  Hakykatdan hem, “epidemia emele gelen erinde durmaýar”

Ýöne, ähli umyt ýitirilen däldir, çünki Hudaýyň Sözi şeýle diýip yglan edýär: Bir tagsyr arkaly bütin adamlara iş kesilişi ýaly, bir dogrulyk arkaly-da bütin ynsanlara ýaşaýyş üçin aklanma geldi. (Rim.5:18)

Biziň bu hakynda bu gün çüňňur öwrenmäge wagtymyz ýokdyr, emma günälileriň Hudaýa baryp bilmekleri üçin Onuň döreden dogrulyk ýoly hakynda indiki gepleşiklerimizde öwreneris.

Dostlar, ine bu siziň Dogrulyk Ýoly atly gepleşigiňizdir. Indiki gezek, Adam ata we How ene dogrulyk ýolundan gidip we nädogrulyk ýoluna eýerenlerinden soňra olara nameleriň bolandygyny öwrenmekligi dowam etdireris. Hudaýyň ine bu aşakda aýdan iň wajyp düýp bolan hakykat hakynda oýlanmakda Ol size pata bersin:

“Şeýlelikde bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi; çünki hemmesi günä etdi!” (Rimliler 5:12)

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *