Söýgi girmese

Söýgi girmese

Yhlasymyzyň bary puçdur
Aramyza söýgi girmese!
Isleglerimiziň soňy ýokdur
Kanagat kalbymyza guýulmasa!

Gulaklarymyz eşitmez
Ýüreklerimiz duýmaz
Taňrynyň nazary düşmez
Kalbymyz sünnetlenmese!

Ellerimiz bulaşýar haram işlere
Imanymyz ýalan sözlere
Humar iýnipdir gözlere
Utançdan ne peýda haýa bolmasa!

Akylsyz mümkin däl Haky tanamak
Hakykata daýanmak, yalany derňemek
Mümkin däldir Allany razy etmek
Imanymyz diri bolmasa

Saçagyň bereketi bolmaz
Daýhan ammar gurmaz
Ekin hasyl bermez
Tohum ölüp direlmese

Diňlenmez dileglerimiz
Puçdur amallarymyz
Kim ýuwar günälerimiz?
Allanyň kelamy Isa ýuwmasa!

*****
Isa doglan günüň gutly bolsun!
Patyşalygyň gelsin!
Baky ýaşa Sen! Baky ýaşa Sen!
Doganlarmyň arasynda!
(Balalaryň arasynda!)

*****
Dawut Şanyň şährinde
Baky Şahym doguldy
Kämil sowgady bile
Isa dädemiz geldi!

*****
Mährem balajyklara
Söýgüsini paýlady!
Eziz ýürejiklere
Gülki-şatlyk getirdi!

Leave a Reply

Your email address will not be published.