Ebedi söz jan-ten bolýar

Wordle: Ozal-bashda Soz Bardy, Soz Nurdy

 

Ebedi söz jan-ten bolýar

1Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi.2Ol ozal-başda Hudaýdady.3Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.4Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurudy.5Bu nur garaňkylykda parlaýandyr, garaňkylyk ony öçürip bilen däldir.
6Hudaý tarapyndan iberilen bir adam bardy, onuň ady Ýahýady.7Ol güwälik etmäge, hemmeleriň özi arkaly iman etmegi üçin Nur hakda güwälik etmäge gelipdi.8Onuň özi nur däldi, ol diňe nur hakda güwälik etmelidi.9Ähli ynsanlary ýagtylandyrýan hakyky nur dünýä geldi.
10Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady.11Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler.12Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi.13Olar gandan, bedeniň islegi bilen ýa-da adamyň islegi bilen dogulman, eýsem, Hudaýdan doguldylar.
14Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýalňyz Oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük.
15Ýahýa Ol hakda güwä geçip gygyrdy: «Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýenim, ine, Şudur».16Onuň dolulygyndan biziň hemmämiz merhemet üstüne merhemet aldyk.17Çünki Musa arkaly Mukaddes Kanun berildi, Isa Mesih arkaly bolsa merhemet we hakykat peýda boldy.18Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Ony bize Atasynyň gujagynda bolan ýalňyz Ogly tanatdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *