Hudaý Özüni ýaradylyşyň üsti bilen aýan edýär

Hudaý Özüni ýaradylyşyň üsti bilen aýan edýär.

Başlangyç kitabynyň 1-2-nji baplarynda Hudaý Özüni Ýaradylyş üsti bilen aýan edýär. Biz Hudaýyň ýaradan zatlarynyň üsti bilen Onuň häsiýetini öwrenýäs. Başlangyç kitabyndan käbir aýatlara seretmezden öň, geliň, hakyky durmuşdan bir mysal alyp göreliň! Mysal üçin öýümde haly dokma bar. Oýe gelen ony görüp, men barada name öwrenýär? Men halyçy gyz. Ya-da ýene bir mysal, men joramyňka myhmançylyga bardym ilkinji sapar. Ol ertirlik taýýarlap otyr we maňa sen arkaýyn otyr diýdi. Men oturan otagymda kiçijik stoluň üstünde bir çekilýän surat gördüm. Men ol barada täze zat öwrendim, ol hudojnik eken. Ine, görşümiz ýaly, edýän işimiziň üsti bilen beýlekiler biz barada öwrenip bilýärler. Hudaý bilen hem edil şeýle.

Biz Hudaý barada hem edil birek-biregimizi bilşimiz ýaly öwrenip bilýäs. Başlangyç 1:1“Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy”. Ine şu ýerde biz Hudaýyň ýaradyjydygyny, çäksiz akyl-paýhaslydygyny, ebedigini, gudratlydygyny, kiç kime bagly däldigini, hemme zatdan ýokarydygyny öwrenýäs. Hiç ynsan dünýäni ýaradyp bilmeýär, diňe Hudaý. Bu Onuň güýji astynda mümkin.

Hudaý ebedi.

Bu nämäni aňladýar? Ebedi gutarnyksyz geçmişi we gutarnyksyz geljegi aňladýar. Hudaý hemişe bolan, Onuň başlangyjy ýa-da soňy ýok. Hudaý owal hem bolan, şu wagt hem bar, we diňe Ol başlangyjy hem soňy bilýär.

Manysy näme?—Hudaýyň ebediligi biziň Oňa bil baglap biljegimizi görkezýär. Hudaý wagty Özi ýaradanlygy sebäpli, ol wagt çäginden daşarda ýaşaýar we biziň durmyşymyzyň başyny hem soňuny bilýär. Şonuň üçin hem biz Oňa bil baglap bilýäs islendik zat bilen. Şeýle hem biz bu dünýäden gidende Onuň bilen ebedilik bolup bilýäs Isa bolan ynam arkaly. Biz şu durmuşda rahatlykda ýaşap bilýäs.Daglar emele gelmezden ozal, topragy, älem-jahany ýaratmazyňdan ozal, ezelden ebedä çenli bolan Hudaý – Sen” (zebur 89:3). Ybraýym Beýerşebada bir sany ýylgyn dikip, ol ýerde Baky Hudaý Rebbiň adyna ybadat etdi. (Başlangyç 21:33). Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan(Işaýa 57:15). “Ebedi Hudaý seniň penakäriňdir” (2-Nji Kanun kitaby 33:27). “Bütin döwürleriň/ebedi Patyşasy, ölmez hem görünmez ýalňyz akyldar Hudaýa ebedilik hormat, şöhrat bolsun!” (1Timoteos 1:17)

“Hudaý ebedi” diýmek Ol hemişe bolan we bolar. Hiç kim Oňa garşylyk görkezip bilmeýär. Hiç kim Ony ýok edip bilmeýär.

Ine, görşümiz ýaly, Hudaýň soňy ýok we şonuň üçin ol ebedi ýaşaýyş bilen üpjňn etmegi wada berýär. Ebedi ýaşaýyş diňe Onuň ogly Isanyň üsti bilen mümkin. Eger isleseň durmyşyňy Isa ynanyp ýaşap, ebedi ýaşaýşa eýe bolup bilýäň we durmyşyňy Oňa hyzmata bagyş edersiň!

Hudaý hemmeden/bar zatdan beýik, ýokary.

Çünki bu dünýäni, ynsany, haýwanlary özümlikleri we başgada ýer ýüzünde bolan bar zatlary Ol ýaratdy. Hiç kim Oňa akyl berip, ýol görkezip ýa-da Onuň pikirlerini bilip bilmeýär. Pawlus şeýle diýdi: “Ýa Reb, biziň Taňrymyz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! Ýaýdyň söhratyňy gökler üstünde. Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin: «Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly? Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly?” (Zebur 8:1,3,4,5). “Rebbiňkidir ýer we ondaky zatlar, älem hem-de onda ýaşaýanlar. Çünki Ol deňizler üstünde ýeriň düýbüni tutdy hem-de ony suwlaryň üstünde gurdy” (Zebur 24L1-2).  “Ýa Reb Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň we pikirleriň köpdür; men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür”. (Zebur 39:6). “Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur. Çünki Sen beýiksiň, ajaýyp işleri edýän hem Sensiň, diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý”. (Zebur 85: 8, 10)

Hudaý çäksiz akyl-paýhasly, Ol bütin gögi we ýeri ýaratdy.

Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir! Çünki Rebbiň pikirini kim bildi? Kim Oňa geňeşdar boldy? (Rimliler 11:33-34).  “Çuň” sözi grekçe ‘pikirlenip bolmajak pikirler” diýmegi aňladýar. “Ýa Reb, neneň beýik Seniň işleriň! Gaty çuňdur Seniň oý-pikirleriň!” (Zebur 95:6)  Ine, seret Hudaýyň bilimi çuň, ol bar zady bilýär, hatda seniň başyňdaky saç tarlaryňy, pikirleriňi bilýär. Meniň pikirlerim siziň pikirleriňiz däl, siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl» diýýär Reb. Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa, Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan, Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir” (Işaýa 55:8-9). “Owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýärin. Men: «Berjaý bolar maksatlarym, bar isleglerimi amal ederin» diýýärin” (Işaýa 46:10)

Görşümiz ýaly Hudaýyň pikirlerini bilýän yok. Onuň bilimi şeýle çuň. Ol bizi eýýäm gowy tanaýar. Biz Ondan gizlenip bilmeýäs. Şonuň üçin hem biz Oňa bil baglap ynamda ýaşamaly. Hudaýyň bar zady bilýändigi maňa rahatlyk berýär, sebabi Ol biziň gowulygymyzyň tarapdary.

Huday Gudratygüýçli bar zady bir wagtda ýaratdy.

Ol hiç kime hiç zada bagly däl. Men Ybraýymyň durmuşyndan bir mysal paýlaşmak isleýän sebabi Hudaý oňa Özüniň Gudratygüýçlidigini aýan etdi. Nahili aýan etdi? Gel şoňa seredip geçeli: “Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Alladyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol”. (Başlangyç 17:1). Ine, seret nähili, Hudaýyň Özi onuň ýanyna gelip, häsiýetini aýan etdi. Näme üçin? Çünki Hudaýda Ybraýymy Öz maksady üçin ulanmak plany bardy. OI Ybraýymyň ýüregini bilýärdi we Özüne ynanjakdygyny hem. Ybraýym entäk Hudaýyň bu häsiýetini bilmändi. Indi Hudaý Öz etjek ähtiniň üsti bilen Gudratygüýçlidigini praktiki tarapdan görkezmekçidi.Men seniň bilen äht ederin we saňa juda köp nesil bererin. Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur. Sen köp milletleriň atasy bolarsyň” (17:2-4). Bu diňe Hudaýyň güýji, gudraty bilen mümkin, sebäbi, kim 99 ýaşynda köp nesilli bolup bilýär? Ynsan tarapyndan bu asla mümkin däl. Diňe Gudratygüýçli tarapyndan amal edilip bilinýär. Ine, şeýdip Ybraýym Hudayň Gudratygüýçlidigini bildi, seabi Hudaý oňa 100 ýaşynda ogul berdi. Onuň aýaly Sarany hem hem 90 yaşyndady. “Men Sarany ýalkaryn; ondan saňa bir ogul hem bererin. Men ony ýalkaryn; ol ençeme milletleriň enesi bolar. Onuň neslinden şalar dörär” (Başlangyç 17:16). Bularyň ikisi hem Hudaýyň gudratyna şaýatlyk etdiler. Indi hakytdan hem Onuň Gudratygüýçlidigini öz durmuşlarynda ördüler. Sende nähili? Sen Gudratygüýçlini tanamak isleýäňmi? Ýa-da Onuň şu häsiýetini öz durmuşyňda görkem isleýäňmi? Isleseň bu mümkin diňe iman üsti bilen. Hudaya ynam bolmasa, bu bolmaz. Biz zady size ýatladaýyn! Gudratygüýçlide siz üçin hem ajaýyp wadalar bar edil Ybraym hem Sara ýaly. Hudaýyň olaryň durmuşynda eden işi ynsanyň gözünde asla mümkin däl, ýöne Gudratygüýçli Alla bilen hemme zat mümkin. Çünki Hudaý bilen bolmajak zat ýokdur” (Luka 1:37).

3-nji aýatda şeýle diýýär: “Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy”. Hudaý dünýäni diňe sözüniň üsti bilen ýaratdy. Ol gepledi, hemme zat döredi. Onuň sözi gudratly. Özi hem gudratly!

4-nji aýat: “Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy.” Bu aýat Hudaýyň ýaradan zatlarynyň gowudygyna şaýatlyk edýär: Ýagtylyk gowy, Hudaýyň Özi hem gowy!

Başlangyç 1: 5-24 aýatlar Hudaýyň beýik, her durli ýaradan zatlaryny görkezýär. Biz olaryň käsini okap geçeris. 11 Soňra Hudaý: «Ýer dünýäde görnüşlerine görä tohum berýän ösümlikleri we tohumlary miweleriniň içinde bolan miweli agaçlary öndürsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 12 Şeýdip, ýer görnüşlerine görä tohum berýän ösümlikleri we tohumlary miweleriniň içinde bolan agaçlary öndürdi. Hudaý munuň gowudygyny gördi. 21 Şeýdip, Hudaý äpet deňiz aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli-dümen suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi. 24 Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine görä jandarlary: mallary, süýrenijileri hem-de haýwanlary öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. Ol munuň gowudygyny gördi.

Bu aýatlar bize Hudaýyň her zady gudratyna görä ýaradayp bilýändigini görkezýär. Hudaý diňe dünýäni ýaratman, eýsem ola ösümliklerdir haýwanlary hem herisini öz görnüşlerine görä ýaratdy. Şu günki dünýäde görýän zatlarymyzyň bary Hudaýyň Başlangyç kitabynda ýaradan zatlarydyr.

Başda ýaradylan dünýäniň gowudygyny biz nädip bilýäs?

Hudaýyň sözi muňa şaýatlyk edýär Başlangyç 1-nji bap. Biz Hudaýyň gowudygyny nädip bilyas? Ýene Hudaýyň sözi muňa şaýatlyk edýär. Söz Hudaýyň ýüregini, bize bolan söýgüsini aýan edýär. Ýakup kitabynda 1:17-de, “Her bir kämil hem gowy peşgeş Hudaýdan gelýär” diýýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *