Biz namazymyzy gecirsek Alla bizi bagyslarmy, bizin gunamizi gecermi sony aydayynda?

Gadyrly ildeshimizing beren ine bu soragyna jogap hokmunde hatymyzy bu yerde yerleshdirmegi makul bildik!

Bize hat yazanynyz uchin uchin minnetdarlyk aydyarys! Beren soragynyza hem Hudayyng Yazgylaryndan jogap bermage chalysharys.

Bu soraga jogap bermek uchin Hudayyng Yazgylarynda aydylanlar barada oylanmagymyz gerek. Ilki bilen sizing kalbynyzda Hudaydan gorkmak we Hudayy hoshnut etmek uchin isleginizing bardygy gowy zat.

Yone adamyng gunalidigi we gunasini eden ishleri bilen aklap bilmejegini yagny bizing etjek ishlerimiz Hudayyng talap edyan dogrulygyndan gaty uzakdadygyny Hudayyng Sozi aydyar. Hudayyng talaby “ynsanyng 100% mukaddes bolmagy” bu talaby bolsa yerine yetirip biljek ynsan yok. Chunki ahli adamlar guna edip Hudayyng shohratyndan mahrum boldular. Adam atadan bashlap adamzat neslining ahlisi gunali we Hudayyng “mukaddeslik talabyny” yerine yetirip bilmediler. Mukaddes bolmadyklar bolsa, yagny Hudayyng bu belent talabyny yerine yetirip bilmedikler hem Hudayyng jezasyna mynasyp boldular, yagny “olume we baky dowzah oduna hokum edildiler” Bu pajygaly habardy, chunki bu hokumden hich kim hem oz guyji bilen gutulyp bilmeyardi. Emma Hudaya shukurler bolsun Ol bize bolan soyguden, rehimden we merhemetden doly Hudaydyr, ine shonung uchin hem Hudayymyzyng Ozi bizing uchin gutulysh Yoluny achdy! Yagny Hudayyng Ozi asmandan Ozuning hemishede ichinde bolan Bolegini yagny bashgacha Ona Hudayyng Sozi hem diyilyar yada Ogly diyilyar, Oz Ogly Isa Mesihi yere iberdi, Isa Mesih kamil bolandygy uchin Hudayyng “talap eden mukaddes durmushynda” yashap bildi we yere gelip kamil yashayyshda gunasiz yashady, we Hudayyng talap eden ” kamil we mukaddes gurbanlygyny” Oz tenini hachdaky olume bermek bilen upjun etdi! Isa Mesih bizing gunalerimizing muzdyny tolemek uchin oldurildi, gany dokuldi, jaylandy, emma uchunji guni oluming ustunden we sheytanyng ustunden yenish gazanyp yene-de direldi we 40 gunden songra goge gelen yerine Ata Hudayyng yanyna gitdi! Sheydip Hudayyng bu eden belent gutulyshyna yagny Isa Mesihing edenlerine iman edip, Ony halasgaring we Rebbing hokmunde kabul edeninde Huday bizi bagyshlayar we bize baky yashayyshy sowgat hokmunde beryar!

Shonung uchin, “namaz okamak bilen, yada dini dap-dessurlary yerine yetirmek bilen” biz halas bolup bilmeyaris, chunki bular Hudayyng talap eden ” kamil mukaddesligini” bize berip bilmeyar, shonung uchin hem bize Hudayyng Ozuning upjun eden Isa Mesihdaki gutulyshy gerekdir!

Eger sen Hudayyng onunde gunalerini boyun alsang we Halasgar Isa Mesihing sening uchin edenlerine iman etseng we Ona Halasgar we Reb hokmunde yuzlenseng Huday sening gunalerini bagyshlar we sana dowzah odundan we sheytanyng guyjunden halas bolmagy berer! Ona yuzleneninde, Isa Mesih sening kalbynda yashap bashlar we sana Hudayyng Mukaddes Ruhyny sowgat berer, Hudayyng Ruhy, sening kalbyndaky “gunaler netijesinde oli bolan ruhyny direlder we Huday bilen hemishe gatnashykda bolmagy emele getirer!”

Elbetde bu Hosh Habara iman etmek bilen sizde taze yashayysh bashlanar, bu taze iman yolunda Huday Oz Yazgylarynda nahili yashamalydygyny we nahili ozune ybadat etmelidigini owreder! Sizing bu ajayyp yolda yoremeginizde ilkinji adimi atmeginiz gerek, bu hem Halasgar Mesihe bolan imandan bashlanyar! Bu ajayyp gutulsh adimini atmek isleyarmisiniz?

Eger bu sizing isleginiz bolsa bize habar bering, biz size dogada Hudaya nahili yuzlenmelidigini owrederis…!

Size Rebbimizdaki bereketleri arzuw edip we Hudayyng Hosh Habaryna dushunmekde size yardam etsin diyip,

Admin

38 thoughts on “Biz namazymyzy gecirsek Alla bizi bagyslarmy, bizin gunamizi gecermi sony aydayynda?

  1. Ýogsada Hristianlarda-da namaz okalýarmy? Nähili okalýar. Umuman hristian daky ybadatlaryň görnüşi we edilişi hakda azyragam bolsa maglumat berseň, erbedä bolmazdy.

  2. Isa Mesihe iman edenlerde yslamyng owredishi yaly “namaz” yokdyr. Eger “namaz” diymegi Hudaya ybadat diyip dushunilyan bolsa, onda mesihilerde hak ybadat we dileg-doga etmek bar. Name uchin biz hak ybadat bar diyyaris, chunki bize ybadaty owredyan Rebbimizing Ozudir.
    Ybadat yada dileg-doga diymek bu Yaradyjymyz bilen bolan aragatnashyk yagny ona yuzlenmek yagny gurleshmeklige dushunilyar we bu arkaly biz Ona sejde hem edyaris. Mukaddes yazgylar sheyle “doga ybadatlardan” dolydyr. Biz olara arkaly hak ybadaty owrenip bilyaris. Ybadatda elbetde biz “Yaradan Hudayymyzyng beyikligini, gudratyguychludigini dile getirip Ona owguler,shukurler shohratlar aydyp yuzlenyaris sejde edyaris, Onung ajayyp hasiyetlerini yagny Onung adalatlydygyny, soygusini, rehimlidigini, merhemetlidigini kalbymyzda shukurler bilen yatlayarys. Onung bize bolan wadalaryny, ajayyp ishlerini we upjun eden ajayyp gutulyshy uchin Ona owguler we shukurler aydyarys. Munung ustesinede biz Onung onunde durmushymyzdaky gundelik kemchiliklerimiz yada gunalerimiz uchin otunch sorap, toba edip baryarys we olar uchin pushman edyandigimizi bildiryaris, Ozuning hakykatynda gezmage bize yardam etmegini sorap dileg edyaris. Ona dileglerimizde yene-e, gundelik matachliklerimiz uchin hem baryarys…” Bular yaly dilegde ybadatda bolmagy bize REbbing Ozi ichimize beren Mukaddes Ruhy arkaly owredyar, we shol Ruh arkaly biz ozumizing kabul edilyandigimizi bilyaris we Rebbing kalbymyza beren dynchlygyny duyyarys. Sheyle ybadatda gelmek uchin bolsa, ilki Huday bilen yarashmak gerek we shahsy aragatnashygyng emele gelmegi gerek, chunki bu bolmasa Huda bizi kabul etmez. Chunki biz gunalidiris we hokume mynasypdyrys. Biz ozumiz bolsa Huday bilen yarashmak uchin hodur edip biljek zadymyz yokdur. Yone Hudayymyz Reb ynamdar we biz soyyar shonung uchin bize gutulyshy yere Oz Baky Sozi Isa Mesihi Halasgar hokmunde ibermek bilen we Isa Mesihing bizing gunamizing muzdyny Oz janyny gurban bermek bilen upjun etdi!
    Bu wagt bolsa Hudayyng bu belent gutulyshyna iman edenleri Huday bagyshlayar we olara perzentleri bolmak hakyny beryar. Munung usti bilen Huday indi iman edenler bilen “perzentleri” bilen gatnashykda yaly aragatnashyk edyar we olaryng dieglerini dinleyar we kabul edyar!

  3. onda Muhammet (s.a.v)ming alyp baran yoly yalanmy?yalan bolsa name uchin Gudraty guychli Allahym name uchin Muhammet (s.a.v)yaratdy name uchin Yslam dinini doretdi?onsangam Gudraty guychli ALLAH bilen nadip aragatnashyk edip bolar?aragatnashygy dinge Pygamberlerimiz eder.biz ony edip bilmeris ederis hachanda bu yalanchy dunyani terk edip bakylyga baranymyzdan song ederis ondan barde ony etmeris yone yene bir nache yylang dowamynda Yslam dini dunya dini bolar shonga ynanyan ynanyasam!Namaz okaman,Resul ALLA ynanmasang sen Jennede nadip barjak Hudayyng ongunde name jogap berjek?

  4. LA ILAHA ILLAH MUHAMMEDIN RESUL ALLAH
    belki shu yazgyny okap sizem Musulman dinine uyarsyngyz shu sozi diyen adamlang baram musulmandyr engshallah sizem musulman bolarsyngyz

  5. Salam gadyrdan ildeshim,
    Oz pikirilering bilen paylashandygyng uchin we bizing websaytymyza gelip gorendiging uchin minnetdar. Indi bolsa sening kabir soraglarynga jogap bermage chalyshalyng.
    Muhammeting yolunyng yalan yada daldigini bir adam kesgitlap bilmez. Chunki “men Hudaydan diyip” gelyanlering her birini Hudayyng Ozi tassyklamalydyr we yalandygyny hem Ol ayan etmelidir. Muny bolsa Huday hemishe hem Oz Yazgylary arkaly bize ayan edip gelipdir. Bu sebapden Muhammeding yolunyng yalan yada daldigini Towrat, Zebur, Pygamberler Yazgylarynda we Injilde esaslanan Hudayyng taglymaty bilen kesgitlap bolyar. Mysal uchin, Hudaydan gelyan pygamber koplench ozunden onki pygamberler tarapyndan shayatlyk edilmelidir we Yazgylarda yatlanyp gechilmelidir. Eger muny goz onunde tutsak onda Muhammet barada hich yerde aydylmandyr.
    Ondan bashgada gelip Isa Mesihing gelmegi bilen Huday ahli adamzat uchin maksadyny doly yerine yetirdi we indi bolsa bashga bir yol gorkezjek birini yollamajagyny aytdy. Chunki shol adamzat uchin gerek bolan Yolung, Hakykatyng we Yashayshyng Ozi goklerden yere geldi we Ynsan bolup adamlar arasynda yashady, ine bu sebapden hem hem indi birining yol gorkezmage gelmek zerurlygy aradan ayrylyar. Huday Towratdan bashlap shol Halasgar bolan Isa Mesihing gelmegini tayyarlap geldi we bu barada habar bermage pygamberleri saylady we olar Ol hakda gurrung etdiler. Indi shol wada edilen geldi we yerine yetirmeli ishini berjay etdi. Mundan songra birining gelmek zerurlygy yok! Huday yslam dinini doretmedi, chunki muny doretmek uchin zerurlyk yokdyr! Yaradan bilen dinge bir yol bilen aragatnashyk edip bolar ol hem “YOl, Hakykat we Yashayysh” bolan Halasgar Isa Mesih arkalydyr. Onga iman edenimizde bizing gunalerimiz netijesinde yitiren Huday bilen gatnashygymyz dikeldilyar we bu iman arkaly Huday bize gonuden goni Ozune gelmeklik mumkinchiligini achyar. Chunki bizing gunalerimiz uchin kamil tolegi bir gezekde doly Isa MEsih toledi we bu mumkinchiligi bizing uchin achdy! Onung ady arkaly bize goklere bolan ahli mumkinchilikler achyldy!
    Yslamyng dunya dini bolmagy hich zat kesgitlemez, dinge Hak Hudayyng Yoly bolan hemme zady kesgitlar. Onsongam, “gutulysh gapysy kichi we yoly hem insizdir… helakchilige eltyan yol inli we derwezesi hem gingdir…”

  6. Kimem bolsa birining gelip namazly meselani senden soramagy akla layyk dal. Elbetde layyk bolubam biler nury pesrak bolsa.
    Bir Hristianyng Yslama garayshy bilen, Bir Krishnacyhynyng Yslama garayshy durli durlidir. Elbetde seng diling bilen aytsang manysyz bir zada manysyz garayysh hem bolup biler. Emma onung yaly daldir.
    Onsongam 5 wagt namaz barada seng bilyan zadyng yeterlik dal bolsa gerek. Eger hikmet we tasinlik bilen yzlayan mahalymyz hem ne giden gudratlary gormek mumkin.
    Mes: 5 wagt namaz. Saher namazy elbetde ol wagt jahan yagty nura burener yagny yagtylar we acyklanar (Yagny agarar, Ak)we Öýle wagty gun nuruny bize sarymtyk reňkde berer jahan birazrak sarygylt bolar (yagny açyk sary)(emma koplenç gök hem bolar); ikindin ara gün aşak gidip ugrar we onuň ýaşjak tarapyndan gün gyzaryp ugrar (yagny gyzyl); agşam namaz wagty älemi nury bilen yagtyltyan gün bize görünmän ugrar we shol sanda gündogarden günbatara uzap gidyän gök asmany göreris( g.b dan g.d a uzadygyça gök reňk goýalar) (yagny gök) we ýassy wagty jahan doly tümlüm bolar (yagny gara) .
    Elbetde bulary aytyam bilen her namazda jahanyň bürenýän reňki sähelçede bolsa özgerer. Ýokarda 5 sany reňki bellap geçişimize esaslansak onda uly gudrat bolyar.
    Bu gun islendik bir surat bejermekde işleýän oglandan sora: islendik çykaryan foto suraty çykaryan aparadyna näçe reňk guýulýar. Elbetde 4 gara, sary, gök we gyzyl. Hemde foto kagyzyň öz reňki bolan ak bilen islendik reňkdäki suraty çykarýandyklarty belli. Elbetde printring hem kartrijine 4 reňk guýulýar. Diymek görýan ähli zatlarymyz 5 wagt namazda jahanyň bürenýän reňki bolan reňkleri birleşmeginden emele gelýar.
    Elbetde şonuň ýaly biziň bir reňkimiz kem bolsa onda ähli zat bulaşyk bolar.
    Elbetde biziň hem gurlyşymyzda agzalarymyzyň we reňklerimizi ýerli ýerinde bolmagy uly bagtdyr.
    Ynsanyň hem elinde 5 barmagy bar ….

  7. Elbetde bir nebiniň aramyzda ýaşap gideninden song, Hudaý kitaby diyip çykan kitapdan meseläni çözmek kyn bolsa gerek.
    Eger her birimize Rebbimiziniň özi ybadaty öwretse onda bütewi bir din galmazdy. Elbetde iman 1-nji şert we ybadat bolsa ondan yzda duryar. Iman bolmasa ybadatyň peýdasy bolmaz. Esasy iman zerurdyr.
    Yslamy birinji şertide imandyr. Yagny Şehadetiň soňunda Muhammeden abduhu we resuluhu diymek ahli zady açyp görkezdi. Elbetde bu sena her müminiň kalbynda baydak kimin parlaýandyr we oňa seredenimizde ilki baydagy görýändiris. Elbetde muny diymek bilem Muhammed(saw)iň ilkinjilik bilen ynsanlygy göz öňünde tutulýar we ondan soň (wezipesi yagny) ilçiligindedir. Elbetde her pursat bu sözleri gaytalayan müminler bolmasady onda onuň gudratlarynyň hiç birini hem beşeri kanuna degişli edip bolmaz diyip, ony ilah derejesine çykaranlaram bolardy. Emma Nebiler Soltany fundamentini berkden gurdy. Elbetde Allanyň ýardamy bilen.
    “Namaz meniň üçin gözümiň nury kylyndy” hadys.

    “Aýt: Amal ediň! Amallaryňyzy Alla-da, resuly-da, müminlerem görerler. Soňra görleni we görülmeýäni bilen Allaha gönderiljeksiňiz. Ol hem size edenle-riňizi habar berer.” (Tewbe, 9/105).

    Ähli zada düşünerden ejizdir ynsanyň akly,

    Onça ýüki götererden bu mizan çäklidir-çäkli.
    Ziýa Paşa.

    Elbetde mugjyzalary özünde jemläp gelen ilahi kitaba , ilkinji adamdan iň soňkusyna çenli bolan duşmany tarapyndan bolaymasyn diyip bilmek, elbetde akla makul däldir.

    “Gulumyz Muhammede indirilen Kurana şübhe edýän bolsaňyz, hany onda siz hem şoňa meňzeş bir süre dörediň-dä! Eger, gepiňiz çyndyr öýtseňiz, Alladan başga bil baglaýan kimiňiz bar bolsa kömege çagyryň. Başarmasaňyz – başarmarsyňyz hem – onda inkär edenler üçin taýýarlanan we ýangyjy ynsanlardyr daşlardan bolan otdan seresap boluň”. (Bakara 22/23-24 )

  8. Gadyrdan idesh, hawa elbetde yslamyng namaz baradaky ahli pikirlerini bilyaris diyip aydyp biljek dal! Yone yslam namazynyng namedigini we name uchin edilmelidigi baradaky dushunjelerden habarlydyrys. we Hudayyng Yazgylarynda ybadat baradaky dushunjeler esasynda bu barada we bashga meseleler barada hem pikir yoredip bilyaris. Chunki ing sonunda her bir adam uchin hem awtoritet bolup durjak zatlar Hudayyng pikiridir. Olary bolsa biz Hudayyng Yazgylarynda bilip bilyaris!

  9. Sizing diyyanleriniz bilen Hudayyng Towrat, Zebur we Injil kitaplaryndaky pikirler gabat gelmeyar. Ondan bashgada eger Kuran we Yslam dogry boljak bolsa olar Hudayyng Yazgylarynda esaslanmalydyrlar, eger bu esas yok bolsa we Yazgylardan gelip chykyan umumy maksada gulluk etmese onda nadogry hasaplanylyar!

  10. Birinjilik bilen yazylan pikirler Töwrada,Zebura we İnjile gabat gelmegi hökman dal.Esasy zat Kurana gabat gelse bolyar.Onsongam Kuranyng we yslamyng dogrylygyny üytgan kitaplara göra karar berip bilmeyang.Hamana tutuş dünyade nadogry hasaplanyan yaly”umumy maksada gabat gelmese nadogry hasaplanyaram” diyen bolupsyng. 🙂

  11. Gadyrly ildeşim,
    Kuranyň diýýänleriniň ýada taglymatynyň Töwrada, Zebura we pygamberler ýazgylaryndaky we Injildäki maksada we taglymatyň akyşyna laýyk gelmegi gaty wajypdyr. Çünki Kuran olaryň dowamy hökmünde ýada jemleýjisi hökmünde özüni öňe çykarýar. Ine bu sebäpden hem onuň özünden öňkülerde esaslanmagy ýadat tassyklanmagy gaty wajypdyr. Iň soňky Ýazgy bolan Injil esasynda Kuranyň dünýä gelmeginde Hudaýyň maksady hiç hili hem ýokdur. Çünki Injilde Hudaý Töwratdan başlap beýleki ýazgylarda görkezip gelen iň esasy maksadyny ýagny adamzadyň Öz öňünde gutulyşa eýe bolmagy üçin zerur bolan zady etdi, ýagny dunýä göklerden Halasgär ýollady we Ol Halasgär Isa Mesih bar zady berjaý etdi! Indi bolsa bu Halagär baradaky Hoş Habar dünýäniň soňuna çenli ähli milletler arasynda wagyz edilmelidir! Kuranyň 600 ýüz ýyldan soňra dünýä gelip adamzady Hoş Habardan başga tarapa alyp gitmegi Hudaýyň müňlerçe ýyl dowamynda taýýalap gelen Isa Mesihdäki gutulyş maksadyna gabat gelmeýär!

    Eger Muhammediň durmuşy bilen we eden işleri bilen alyp göreniňde bolsa, onda Injildäki taglymatyň dowamy hökmünde hiç bir zat hem gabat gelmeýär!

    ýöne elbetde pikirleriň bilen paýlaşanyň üçin sagbol!
    Pikiriňi bu taýda dowam etdirip bilersiň!
    hormat bilen,
    admin

  12. Hudaýyň ýazgylary diýip göz öňünde tutýan zatlaryň ilkinjisä Injil bolmaly, tapawudy ýok haýsam bolsa hä. Onda Injiliň çynmy ýa ýalanmy ýa şübheli kitapmy şony bilmegimiz wajyp.
    Ýagny Injil.
    Ýazylyş usuly üns berilen mahaly rowaýatdan tapawutlandyrmak kyn. Hem-de kimdir biri tarapyndan imany ýitirmejek bolup yhlas edilendigi görünýär. Yagny ýazylyşynda Mes: Isa daga bardy, name etdi we name diýdi we ş.m. Belli biri tarapyndan bolup geçen wakany suratandyrylmaga çalşylýar. Iman gazanylmaga çalşylýa we gazanylan imanam ýitirilmezligi üçin pikir ýöredilýär. Diýmek onda, Bir Nebiniň aramyzdan gideninden soň ýazylan kitaba elbetde şübheli garaljagy dini tarapdan dälde akyl tarapyndan hem belli.
    Hemde kitapda seýrek diýäýmeseň Haktagalanyň buýruklary az. Agramly bölegi Isa nyň wagzy , eden işlleri, aý garaz esasy Isa pygamberiň ömrüne degişli diýsegem ýalňyşmarys. Onda Hudaýyň size dünýä hakda we ahyryýet hakda aýdanlary diýseň az.

    Hem-de kitapda mätäçlik duýulýar we taryhy bir maglumat ýalak görülýär. Mätäç tarapyndan ýazylan bir zatdan şübheli meseleleri çözmek hem şübheli bolýar.
    Elbetde Hudaý mätäç däldir Ol Mabud –dyr, ýaradylan zat bolsa mahluk. Elbetde mahluk hem Mabuda mätäçdir.
    Eger Injil hakykatdanam Hudaýyň kitaby bolsa onda onuň içinde ynsan oglunyň heniz görmedik täsinlikleri bolmazmy, heniz eşitmedik buşluklary we bagtlary Hudaý tarapyndan buşlanmazmy, hiç bir asyra ýa hiç bir mekana sygmajak mugjyzalary bolup billmez diýerismi, ýa ony bir ynsanyň pikirinde jemlenip billeris diýerismi (akla sygmajak zat), ….
    Eger hakykatdan Hudaý tarapyndan kitap diýlende ; henize çenli hiç bir ýazuw görnüşi oňa meňzeş bolmadyk, hiç bir sözi hiç bir ynsan tarapyndan asla ýazylyp bilinmejek zatlar, her sözüň ýerleşişindäki ýa aýatyndaky mygjyzalary ne mekana, ne-de zamana sygýar diýlen-de, kim ýalan diýip biler.

    Ýa bolmasa asyrlaryň geçmegi.
    Dilden dile geçmegi käbir zatlaryň ýoýulmagy mümkiin däl diýip billmeris.

    Eger -de biz häzirki Injile Hudaý kitaby diýsek onda elbetde, Isa ilah derejesi berlip bilner. Her bir söz Isanyňky. Isanyňky bolmakda öňünçä hem ony biriniň şoň tarapyndan ýazmagy.

    Eger-de akyl jähtden bu zatary göz öňnde tutsak onda her meselede Injile ýüz tutmak elbetde şühbeli bolýar.
    Hudaýyň kitabynda beýle şübheler bolmaly däldir.
    INJIL Injil-diýmegiň Türkmençe terjimesi Hoş Habar diýmekdir . Mukaddes Kitap-Bu nähili kitap? Bu Hudaýyň sözi, Beýik Hudaýyň bütin adamzada ýollan Mukaddes Kitabydyr. Mukaddes Ruhdan ylhamlanan kyrka golaý awtorlar tarapyndan 1500 ýyllyk döwrüň içinde ýazylyp, dünýä we adamzadyň ýaradylyş syryny açyp berýän bu kitap Mukaddes Ýazgylar ýygyndysyndan ybaratdyr.
    Bu Hudaýyň sözi haýsy nukdaýdazardan Hudaýyň sözi, Birinjidena Injile doly Hudaýyň sözi diýmek akla diyseň ters gelýär, ikinjidenem gülkünç.
    Beýik Hudaýyň bütin adamzada ýollan Mukaddes Kitabydyr O nädip bütin adamzada ýollanan kitap, ýo oňa nädip bbeýle diýip bolýar. Ýa bolmasa ol Luka, Matta, Ýahýa we birgiden şm ana olara Hudaý wahý iberipdirmi, ýa olara iberen ylhamy Isaňkydanam güýçlümi.
    Mukaddes Ruhdan ylhamlanan kyrka golaý awtorlar tarapyndan 1500 ýyllyk döwrüň içinde ýazylyp 40a golaý awtor. Baýbow . Diýmek onda awtory ynsanda, bir adamyň kellesindäki pikirler, bütin ynsan oglunyň ýoluny ýagtylmally (aklym çatanok), 1500 ýyla golaý döwrüň içinde :-O
    Dünýä we adamzadyň ýaradylyş syryny açyp berýän bu kitap Mukaddes Ýazgylar ýygyndysyndan ybaratdyr. Hany onda ýazsana dünýä we adamzadyň ýaradylyş syrynyň haýsyny belläp geçýär. Diňe geçmişden sähel zat aýtýar diýäýmeseň geljege degişlä ullakan aýdylan zadam ýok.
    Onda Kitapda Mukaddes ýazgylar nirräginde duýulýar. Ýa özüň netije çykarmalymy.

    Aýdylýan zatlar asla akla laýyk däl, neha wagtyň içinde munça awtory bolmagy , ne-de Hudaýyň sözi diýilýäni, ne-de dünýä we adamzadyň syryny açyp berýär diýeni.
    Ýogsada Hudaýyň kitaby diýlende awtory hem Hudaý bolmaly dälmi?
    Eger Injili Hudaýyň kitaby diýip Kabul etjek bolsak, onda biz nehä birgiden şübhelere, ne giden garşylykly pikirleri we ýene akylyň pikirlenip netije çykarmagy diýlen zatlary inkär etsek onda dagyn kabul etsegem bolar.
    Ýa Kabul etjek bolsaň diňe iman arkaly Kabul etmelimi galan zat hiçdä.

  13. Eger Kuranyň dünýä we adamzadyň ýaradylyş syryny açyp görkezişini aýatlar arkaly gören mahalyň , onda bialaç Bu Kitap elbetde Hudaý tarapyndandyr diýmeli borsyň.
    Kuran hakta dünýe we adamzadyň däl hatda ähli zadyň syryny açýar diýsegem ýalňyşmarys, geçmiş we geljek, dünýe we ahyryýet, we ýene ähli zady gurşan beýany bilen akyllary haýran etýär.
    Egerde men ýollap geçip barýarkam (mysal)adamlar topara bolünip biri, ilki älem soň Kuran ýaradylan bolaýmasyn diýýän bolsa, ikinjilerem Ilki Kuran soň älem ýaradylan bolaýmasyn diýen pikirde bolsa, onda men 2nji topara goşulardym hatda 1nji toparyň soraglaryna jogap berip bilmesem. Çünki O Kitaby nehä zamanyň içinde nede mekanyň içinde ýerleşdirip bolýar.
    Kuran hakda aýtmaly bolsa, onda seňem saýdyň kiçiräk bolardy. Gowusy köp ýazmaýyn. Ýazaýyn diýemdede kä wagt bir elim degýä.

    «Eger gulumyz Muhammede (s.a.w.) iberenimize şübhelenýän bolsaňyz, onda onuň ýaly bir süre getiriň, eger aýdýanyňyz dogry bolsa. Allahdan başga ähli kömekçileriňizi hem çagyryň» (Bakara, 23).
    «Aýt, ant bolsun, eger ynsanlar we jynlar Kuranyň mislini döretjek bolup bir ýere ýygnansalaram ýene başarmazlar. Biri-birlerine arka çykyp, kömek etseler-de» (Isra, 88).

    «Allah her janly zady suwdan ýaratdy. Olaryň kimi göwresi bilen süýrenip (süýren;jiler) ýöreýär, kimi iki aýagynyň üstünde, kimi dört aýakda ýöreýär. Allah isleýşi ýaly ýaradar…» (Nur, 45).

    Kuranda deňiz sözi 32 gezek, gury ýer sözi 13 gezek agzalar. 32+13=45
    ýer 13 gezek 13/45=28,88888889%

    Deňiz 32 gezek 32/45=71,11111111%

    Jemi 45: 100%
    Bütin ýeriň öl we gury ýerini dolulygyna prosenti bilen takyk beren, hatda ylym soňky derejä ýetip ylym hem şol netijäni beren mahaly.
    Çakym çak bolsa ynsan bedeniniň hem 71% suw öýtýän.

  14. sag bol nb! Bular name ucin gurlanlerinde subtnamasyz guleyaler?
    Gurlejekmi gapdalynda subtnama gorkezin bolmasa bu yazyan zatlarnyz cagalary uka gidirmek ucin aydylyan erteka menzeya

  15. Biz hemishede pikirlerimizi, Hudayyng Hak Yazgylary bolan Towrat, Pygamberler yazgylaryna, Zebura we Injile esaslanyp aydyarys! Chunki bizing imanymyzyng esasy Hudayyng Sozi bolup duryandyr!

  16. Hä şeý diýdä onda. Biziň pikirlerimiz (Hudaýyň kitabydygyny subut edip bilmesekde)Injile daýanýar diýda onda. Diýmek onda Hakykaty tapmak dälde, islendik soragyň jogabyny Hristian garaýşyndaky jogaby alyp bolýada.
    Oňsoňam Injili Hudaýyň hak ýazgysy diýip kabul eder ýalak delil ýeterlik däldir. Hudaýyň kitaby diýip bolmaýan kitapdan bolsa bütin ynsan ýolunyň öňüni arçamak diýseň kyn we ýalňyş.

    Ýogsada bir zat soraýynla.
    Her bir mesele Hudaýyň kitaby esasynda çözülse, anyk we kanagatlanarly bolýar. Eger Hudaýyň kitaby diýip göz öňünde tutulýan kitaplaryň haýsy hakykatlygy 2+2=4 bolşy ýalak, anyk we kesgitli edilse, ýer bilen gök arasyndaky tapawudyň bolşy ýalak tapawutlary açyp görkezseler, onda sen Hak sözünden almazmyň. Ýa şondan soňam pitne oklap, şübhe döredip hakykatyň üstüni basyryp bor diýip pikir edermiň.

    “Altyn guma garylmak bilen hümmetini ýitirmeýär” .

    Hudaýa ynanýanlygyň hormatyna şu sözleri:
    «Eger gulumyz Muhammede (s.a.w.) iberenimize şübhelenýän bolsaňyz, onda onuň ýaly bir süre getiriň, eger aýdýanyňyz dogry bolsa. Allahdan başga ähli kömekçileriňizi hem çagyryň» (Bakara, 23)we «Aýt, ant bolsun, eger ynsanlar we jynlar Kuranyň mislini döretjek bolup bir ýere ýygnansalaram ýene başarmazlar. Biri-birlerine arka çykyp, kömek etseler-de» (Isra, 88)saňa Hudaý diýdi diýde pikir edip gör. Soňra netije çykarmana synanş.
    Emma niýet näme bolsa akyl hem köplenç şony kabul etýär.

  17. Bizing pikirlerimiz hemishde Hudayyng Yazgylaryna esaslanyar! Eger iman baradaky taglymatymyz Yazgylara esaslanmasa onda bular biderekdir. Bu sebapden iman taglymatlarymyzy Yazgylar esaslandyrmasak bolmaz. Bu sebapden hemishede Injil esasynda jogap bermage chalyshyarys! Islendik soragy Injiling taglymaty esasynda jogap tapmalydyrys!
    Muhamet barada aydanlaryng bilen ylalashmayas, chunki Muhammeding dowurdeshlerinden kopusi Kurandaky ayatlardan has gowyragyny aydyp gorkezipdirler Muhammede, yone ol bolsa ol adamlary dushman hasaplap olaryng oldurilmegini buyurypdyr! Ondan bashgada Kurandaky kop ayatlar Muhammeding shahsy islegini kanagatlandyryana mengzeyar…
    Ondan bashgada Isa Mesih Hudayyng Sozuning Ozudir, shol Baky Soz dunya geldi we yashap gorkezdi. Indi bir kitabyng gelip ondan wajyp bolup bilermi? Yok, chunki Bakyyetde Hudayyng Sozu bolan gelip yer yuzunde diri yashandan song bashga bir kitap gornushindaki bir zat gerek dal, chunki Isa Mesihi goreninde “Hakykaty, Yashayshy we Yolung Ozuni” goryarsing! Bu bolsa yeterlikdir!

  18. siz ahli soraglara injilin usti blen jogap bermeyaniz, beripde bilmeyaniz, dine toslama esasynda shol bir jogaby gaytalayanyz toty gushlar yaly! Siz Muhammet asw ynanmarsynyz, sebabi o tayda kakykat yatyr, sizem hakykatdan gacyanyz

  19. Bizing pikirlerimiz hemishde Hudayyng Yazgylaryna esaslanyar! Eger iman baradaky taglymatymyz Yazgylara esaslanmasa onda bular biderekdir. Bu sebapden iman taglymatlarymyzy Yazgylar esaslandyrmasak bolmaz. Bu sebapden hemishede Injil esasynda jogap bermage chalyshyarys! Islendik soragy Injiling taglymaty esasynda jogap tapmalydyrys!
    Eger Injil esasyndynda jogap tapmaly bolsaňyz, onda ilki bilen Injile bolan garaýşlarywe şübheleri aradan aýyrmaly dälmi? Sözüm ýok Injil esasynda jogaby kankretna edýäňiz. Emma Injili Hudaýyň kitabymy ýa Kuran Hudaýyň kitaby diýip kabul edip bolýa diýilse, Yslama we Kurana dil ýetirilip, kyn-kyn meseleler bilen ýa bir çözmesi kynrak prablemmalar bilen pitne atylýar we Injili wasp edip ugralýar.
    Wah sen Muhammet pygamberiň ömrüne degişli kitaplary gowja okan bolsaň, onda özüňi beýle pese gaçyrýan zatlary aýtmazdyň.
    Dost 1-njidena meň diýenime gowy düşünmänsiň ýa düşünseňem jogap ýazmansyň.
    2-njiden bolsa Kuran we Muhammede (iman ýoklugy sebäpli) arkaýyn dil ýetiripsiň. (deliliň bolmasa-da)
    3-njidenem Bir zady doly we dogry aýdaýyn Injili näçe wasp etseň şonça wasp et, ýöne Hudaýyň kitaby diýip kabul edip bolmaýar. Krishnaçylaryňky ýalak wasp bilen aňa salynýar. Hany onda, hakykat esasynda Injili nädip Hudaýyň kitaby diýip bolşuna subut etdä. Ýa bolmasa “Dünýä we adamzadyň ýaradylyş syryny açýar” diýip takal okaýaňyz hany onda, şojagaz ýerini bir düşündir.
    Eger sen : hany onda Kuranyň Hudaýyň kitabylygyny subut et diýseň, onda ýeterlik seň saýdyňy Hristian dälde Yslam dininiň saýdy diýmekleri hem ahmal.
    Dogrudanam iman baradaky taglymatyňyz ýazgylara esaslanyp biler emma, ýazgylar hakta welin diňe şübhe ýatyr. Hiç bir delil bilen Injili Hudaýyň kitaby diýip kabul edip bolanok.

    Ondan bashgada Isa Mesih Hudayyng Sozuning Ozudir, shol Baky Soz dunya geldi we yashap gorkezdi. Indi bir kitabyng gelip ondan wajyp bolup bilermi? Yok, chunki Bakyyetde Hudayyng Sozu bolan gelip yer yuzunde diri yashandan song bashga bir kitap gornushindaki bir zat gerek dal, chunki Isa Mesihi goreninde “Hakykaty, Yashayshy we Yolung Ozuni” goryarsing! Bu bolsa yeterlikdir!
    1njilik bilenä diňe wasp we dowamly gaýtalama bilen aňlara salma ýatyr.2njiden bolsa (“Elderada barýan ýol” atly multikdaki “Men Hudaýyň çapary” diýärä şon ýalak) sen arkaýyn Hudaýyň maksadyny aýdardan we näme zerurmy zerur dälmi o zatlary biler kiçirak bolsaň gerek.
    Wah muň diýän zadyna seret “Kuranyň köp aýaty Muhammediň şahsy isegini kanagatlandyrmaga meňzeýä” , rowaýatlaň toplumy bolan Injili Hudaý kitaby diýip kabul edip bolýada emma Kurany näme üçin kabul edip bolmaýar. Çünki göz bilen görmeýän duşmanymyz mydama aýak üstünde hereketde.
    Belki sen hem: Näme üçin Kurana dil ýetirilse saňa ýaranokda , Injile dil ýetirilende bize ýarar öýtýämiň diýmegiň ahmal. Çünki men Kurana Haky Hudaýyň kitaby diýip bilýän. Emma Injile Hudaýyň kitaby diýip bilmeýän, diýmäne esasam ýok. Eger ähli zatlar, hiç hili şübhe bolmazdan Injili Hudaýyň kitaby diýip öz dili bilen tassyklaýan bolsa, onda men bialaç diýmeli bordum. Emma onuň ýalak hiç hakykat ýokdur.

    “Bes, ol zamanda olara Alla tarapyndan, özlerine iberilen Töwrady tassyk ediji bir kitap – Kuran geldi. We olar Muhammet (saw) dünýä gelmänkä onuň adyny tutup, öz duşmanlaryndan üstün çykmak üçin, Alladan kömek soraýardylar. Bes, haçanda olara özleriniň tanan we çagyran pygamberi Kuran bilen gelende, Ony inkär etdiler. Bes, Allanyň näleti kapyrlaradyr” (Bakara, 2/89).
    “Dogrusy, biz siziň öňüňizde şaýatlyk etjek bir pygamber gönderdik. Şonuň ýaly Fyraguna-da bir pygamber iberipdik.” (Müzzemmil, 73/15)

    “Ýogsa ol, Allahyň bolup geçen (bolýan we boljak) her zady görýändigini bilmeýärmi?” (Alak 96/14)
    “Bütin dinlerden üstün kylmak üçin resulyny hidaýet we hak din bilen gönderen Odur. Muňa şaýat hökmünde Allahyň özi ýeter.”(Fetih 48/28)
    “Ýöne käfirler ýene dini ýalan hasaplamagy dowam edýärler” (Büruj 85/19)

  20. salamlar,
    eger Muhammet (SAV),we Kuran onki kitaplarda yagny, incil, towvrat we zeburda aydylmayar diyyan bolsanyz onda siz hic zat bilenzok diymek bolyar..menin okan kitaplarymda ol kitaplarda pygamberimiz Muhammet (SAV) we Kuran hakda aydilan… yone bashga atlar ulanylan. Pygamberimizin bir nace ady bar.

  21. salam ilki bn,ikinji bn dileg doag bn ybadat etyas diyaniz,name musulmanlardan namaz okandyn gutaryamy bar zat,name musulmanlarda dileg doga yokmy,siz dine guna edenizde dileg doga etyaniz,emma musulmanlar gunde 5 wagatyna alla ybadat etya,allanyn onunde bash egya,alla tagaladan dileg etya.siz bolsa dine dunyanini soyyaniz,allanyn kurany giden hadys lar name size azlyk etyami,siz gozli kormi.

  22. Aleykum salam x-adam ildesh!
    Bizing websaytymyza hosh geldingiz! Gelip pikirlering bilen paylashandygyng uchin kop sagbol. Hawa hakykatdan hem Towratda, Zeburda, yada Injilde Muhammet barada hich bir zat aydylmayar we onung pygamberligi hem tassyklanmayar. Munung tersine, onung pygamber daldigi tassyklanyar! Eger sende nahilidir delil bar bolsa onda sen biz bilen paylashyp bilersing we olar hakynda gurrung alyp baryp bileris!

    yagshy dilegler bilen,
    admin

  23. Aleykum salam ildesh! Hak Hudaya ybadat etmek Isa Mesihing owredishi yaly ” hakykatda we ruhda” bolmalydyr. Yagny biz Hudaya Onung bize owredishi yaly ybadat edip her bir wagtda we yerde Onga ybadat edip bilyaris we dilegde yuzlenip bilyaris. Hudaya ybadat etmek uchin dinge “bash gezek yuzungi hem Mekgedaki gara dasha tarap” tutup dileg etmek gerek dal. Huday butin dunyani gurshap alandyr we Ol hemme yerde we hemme zady bilyandir! Bu sebapden biz islesek yuz gezek hem onga yuzlenip ybadat edip bileris, chunki Huday bizing ichimizde Oz Mukaddes Ruhy arkaly yashayar we bize yol gorkezyar! Isa Mesihing owredenleri esasynda, Huday hak imanlylar bilen shahsy gatnashykda bolmak isleyar we bizing bilen “ata-ogul” yaly gatnashyk etmek isleyar we sheyle gatnashyk edyar!
    Eger hak imana gelseng Huday sanga hem shol yakyn aragatnashygy Isa Mesih arkaly berer!

    dilegler bilen,
    admin

  24. Biz Hudayyng Ruhdygyny Hudayyng Ozuning Mukaddes Yazgylarda ayan edenleri bilen bilyaris! Mysal edip ine Isa Mesihing bize owreden bu sozlerini getirse bolar: “Emma hakyky sejde edijilering Hudaya ruhda, hakykatda sejde etjek wagltary geler, eyyam geldi-de, chunki Huday Ozune sejde edyanleri agtaryar. Huday Ruhdyr, Onga sejde edyanler ruhda, hakykatda sejde etmelidir” Yahya 4:23-24

  25. name un onda siz hudayya sejde edenizok,ruh yenani goyyn,hudayy entek goren yok,isa (a.s)hudayyn ruhdygyny aydar yalak o name hudayy gordumi,gorenaga,ony sizin poplarynyz alkash wagty yazan zady.

  26. Biz Hak Hudaya sejde edyaris, siz bolsa kime sejde edyandigingizi bilengizok! Huday Ozi barada Isa Mesih arkaly ayan etdi, chunki Hudaylygyng dolulugy Onda yashady yer yuzunde. Isa Mesihing Ozi aydyar, Hudaydan chykyp gelendigini we Ozuni gorening Hudayyg gorendigini, Isa Mesihing kimdigin Ony gorup, dinglap we Onung ayan edenleri uchin janyny hich kiming janyny almazdan berenler shayatlyk edyar!
    “Yashayysh Sozi hakda ozal-bashdan bar bolany, eshidenimiz, gozlerimiz bilen gorup synlanymyzy, ellerimizing tutnayny size yglan edyaris. Yashayysh ayan boldy, biz ony gorduk, onga guwa gechyaris. …Atada bolup, bize ayan bolan yashayshy, ebedi yashayshy size habar beryaris” 1 Yahya 1:1-2 Ine bular Isa Mesihing shagirdining beryan shayatlygy.

  27. ay goysanay,isa mesih hudayy gorenak,entek hich bir zat hudayy gorenak,hatda yokardaky perishdelerem gorenak,sho bir zady gaytalaman,hudayyn dolulugy,sozi ol bul sho bir zady aytman,eger siz hudayyn sozune ynanyan bolsanyz,name un injili ozunuzche uytgetdiniz,hazirki sizin injil dp okayanynyz,dine bu dunyaniz un,oz maksatlarynyz un,sebap olyanchaniz bu dunaynin keypini gormek sizin maksadynyz,isa mesihe jan beren kim,isa meshi bashgalara jan berer yalak,her bir zada jan beren beyik alla dami name,onda nadip siz beyik alla shirk yetiryaniz

  28. Isa Mesihi Hudayy gorup gormandigini sen kesgitleyarmising? Men sening gepinge dal, Hudayyng Ozuning aydanlaryna, Isa Mesihing sozlerine, Ony gorup eshiden shagirtlerining guwaligine ynanyaryn! Eger sen ynanasyng gelmeyan bolsa, ynanman bilersing! Chunki Hudayyng Yazgylaryna sen shubhe edyarsing men dal!

  29. Dogry men Şübhe edýärin. Çünki şübhe etmäni uly deliller bar.
    Eger Injil Hudaýdan bolsa, onda ondan soň başga bir kitabyň gelmegine esas ýogom bolup biler. Emma Hudaýyň hak dininden hem öňe geçýän dini Hudaý döretmezdi we ol dini akyl nukdaýnazardan hem doly hak diýip kabul eder ýalak delilleri goýmazdy. Emma ol boldy.

  30. Eger Injil ozunden onki Yazgylarda esas tapmadyk bolsa, yada sholarda aydylan pygamberlikler Ozunde yerine yetmedik bolsa onda shubhe etse bolardy, yone shubhe etmage hich hili esas yokdur! Eger Kurany we ondan ugur alan yslamy Isa Mesihing durmushy we taglymaty bilen dengeshdirip goreningde ara-tapawudyny goryarsing, we Isa Mesih olaryng hemmesinden gaty yokarda duryandyr!
    Ozung oylanyp gor, dunya uchin Hosh Habar diyip berilen Isa Mesih gelmeging bilen bashga bir “ikinji derejeli habar” gerek bolarmy?
    Isa Mesih ozune iman etmediklere we Ony kabul etmediklere Injilden bir tymsal getiripdi, belki bu tymsal sanga hem yardam eder!?
    “Isa halka shu tymsaly aytmaga durdy: “Bir adam uzumlik gurap, ony bagbanlara ekerine berip, uzak wagtlayyn yola gidyar. Mowsumi gelende, uzumliging miwesinden bersinler diyip, bagbanlara bir hyzmatkarini iberyar. Emma bagbanlar ony yenjip, bosh kowup goyberyarler. Ol bashga bir hyzmatkarini (pygamberler) iberyar; bagbanlar ony-da yenjip, biabray edip, bosh kowup goberyarler. Ol uchunjini-de iberyar; olar ony hem yaralap, dasharyk tashlayarlar. Onsong uzumligin eyesi (Huday) diyyar: “Name edeyin? Gel, oz soyguli oglumy ibereyin (Hudaylygyng ichinde bolan Baky Sozi Isa Mesihi) ibereyin; belki ony sylarlar”. Bagbanlar bolsa ony gorenlerinden, ozara pikir alshyp: “Mirasdar shu; shuny oldureling, miras bize galar” diyishyarler. Sheylelikde, ony uzumlukden dasharyk tashlap olduryarler. Indi uzumliging eyesi name eder? (yene-de bir hyzmatkar yagny pygamber iberermi? Yok) Ol (Huday ahyrzamanda gelip) gelip bagbanlary helak eder…”
    Ine dostym, seret name bolar, Huday Isa Mesihden songra bir pygamber ibermez, chunki eger Hudaylygyng ichinde bolan gokden inip gelen Sozi kabul etmedikler indi gelip bir pygamberi yada kitaby kabul etmezler!
    Bu sebapden Isa Mesih diydi: “Ahli ygtyyar yerde-gokde Manga berildi. Shonung uchin gidingde, butin milletleri shagirt eding, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhung ady bilen chokundyryng (imana boyun eding). Size tabshyran ahli zatlarymy berjay etmegi olra owreding. Men dunyaning songuna chenli sizing bilen bolaryn. Omyn”

  31. lä ilähe illella we muhammeden abdyhu weresululla. alla bidir muhammet (s a w) bolsa allahyn resulydyr. suna gowy düsünin näme isa pigamber size enem bilen men suratyma cokunyn diyip aytdymy.

  32. Salam, Muhammeding pygamberdigine hich hili MUkaddes Yazgylarda delil yok… Onung durmushy hem ahlagy hem kabul ederli dal. Biz Isa Mesihing we ejesining suratyna chokunamzok… we shu website nirede biz “surata chokunyng” diydik. Isa Mesih gokden inip gelen Hudayyng Sozudir we Ol Halasgardir, kamildir we mukaddesdir, Nurdyr, Yashayyshdyr, Hakykatdyr, bizing uchin yeke tak Yoldur!

  33. Biz din barada gurrung edemzok, hakykat bolan Huday bilen aragatnashykda bolmak, Onung gunaning jezasy dowzahdan gutulyshyny bashdan gechirmek we bereketli yashayshynda yashamak barada we munung hem dinge Isa Mesih arkaly bolyandygyny ildeshlerimize yetirmekdir! Isa Mesihing dunya gelmegi adamzat uchin Hosh Habardyr we munga Injil diyilyar!

  34. onda sizin maksadynyz adamlary yslamdan ayryp hristiyancylyga gecirmekda dogrymy. howlykman nesip bolsa sizem lä ilähe illellah diyip musulman bolarsynyz ine hakyky hak yoly yslamdyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *