Gadyrly ildeşler, bizi sizň ähliňizi ýetip gelýän Täze 2010-njy Ýylyň ýetip gelmegi bilen çyn kalbymyzdan gutlaýarys! Her biriňize ruhy rowaçlygy we Rebbiň bereketlerini siziň üçin arzuw edýäris! Iň esasy hem siziň janyňyzyň gutulyşyny yglan eden we size “gurply ýaşaýyş” ýagny ebedi ýaşaýyş, Hudaýyň şatlygyndan we dynçlygyndan doly manyly ýaşaýyş berjek Isa Mesihi hakykat ýüzünde tanamagyňyzy we tanap şol “Ýol, Hakykat we Ýaşaýyş” Bolana iman getirmegiňiz üçin Biribardan dileg edýäris!
Hudaýyň Sözünden bolan bu aýatdaky, “Rebbiň Merhemet Ýyly” 2010-njy ýylda siziň üçin hem “Rebbiň Merhemet Ýyly” bolsun!
“Rebbiň Ruhy üstümdedir. Çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Meni mesh etdi; Meni tussaglara azatlygy, körlere gözleriniň açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga. Rebbiň merhemet ýylyny yglan etmäge iberdi».”