Dünýäniň geçegçidigi barada Magtymguly şahyrymyz

Ýeter sen

Gelen geçer, gonan göçer, adamzat,

Ýöri, sen hem bir menzile ýeter sen.

Ýalançyda ýegdir galsa ýagşy at,

Bu dünýäge gelmiş bolsaň, öter sen.

Gapyl adam ýada salsa asylyn,

Pelek goýmuş ajal atly masylyn,

Gelen-geçse, eken-biçsa hasylyn,

Orta ýerde sen ne işler tutar sen.

Jepa goýma, kaýitmegin bu janyň,

Serişdesi hiç tutdurmaz jahanyň,

Terpendikçe, derdi artar dünýäniň,

Gadam goýsaň, göwräň birler batar sen.

Joşgun geldi, heddin ýardy, söz aşdy,

Bu ýollardan dogry bargan düz aşdy,

Bihuda imesdir ömrüň güzeşti,

Her çäştiňe bir günüňi satar sen.

Duzak durar al kumaşyn, sim-zeriň,

Güzergähiň, tutup durmuş bu ýeriň,

Germ eýlediň, pelek, sen bu bazaryň,

Maglumdyr ki, bu söwdada utar sen.

Magrur olup bu tört günüň dirligne,

Ebed galma kyýamatyň, horlugna,

Ynanmagyl bu dünýäniň, barlygyna,

“Bar-bar” bilen, ýok bolar sen, ýiter sen.

Magtymguly, başyňda ýüz köý bardyr,

Aýry menzil, aýry mekan, jaý bardyr,

Lahat (gabyr) atly dar, düşeksiz öý bardyr,

Ol öý içre tä kyýamat ýatar sen.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *