Salam gadyrly diňleýjiler! Biz sizi Özüniň döreden ýoluna her birimiziň düşünmegimizi, kabul etmegimizi we munuň netijesinde Özi bilen baky parahatçylykda bolmagymyzy isleýän Parahatçylyk we merhemet Hudaýynyň adyndan bu gunki Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimize hoş geldiňiz diýýäris!
Biz bu radio gepleşigimizi Dogrulyk Ýoly diýip atlandyrmagymyzyň sebäbi, munda biziň Pygamberleriň Ýazgylarynda nädip nädogry saýylan adamyň Hudaýyň öňünde dogry saýylyp biljegi hakynda aýan edenleri hakynda öwrenmegimizdir. Siz bu radio gepleşigimizi aşakdaky linke basmak bilen diňläp bilersiňiz.
[audio:https://turkmenhh.org/audio/1-13-07.mp3] “Dogrulyk Ýoly” 1-nji gepleşik.
[audio:https://turkmenhh.org/audio/WOR02.mp3] “Dogrulyk Ýoly” 2-nji gepleşik.
esselamualeykum siz kim bolarsynyz niyreden
Salam Turkmenner. Men Shwetsijada jashajan. Adym Shatlyk. Siz kim?
Men size named diyeyin, janlarym! Ilim-yurdum mafiyanyng elinde, ozum yesir, sergezdan, Isadan komek sorayynmy, Muhammetden, bilmedim. Yone olardan name komek bolsun? Ozleri yol tapman, aglap, olup gidipdirler. Ozumizi aldayarys, dogrulyk yoly diyen zat yok, ogrulyk yoly bar, shol yol bizing hemmamizi gabra alyp baryar.
Gadyrdan ildeşim Serdar! Senin yurt il hakynda aýdýanlaryňda hakykat bar. Men sen bilen ylalaşýan. Hawa Muhammet öldi, ondan hiçh kime peýda ýok, ýöne Isa Mesih bu gün hem diri, Ol ölüp üçünji güni direlipdi, şonuň üçin hem ol dogrulyk ýolyny görkezip biler, çünki Onuň Özi şol dogrulyk ýoludyr. Bir zat üýtgemek üçin ilki bilen ýürekler dogry bolmaly, ýüregi dogry tutmaga kömek etjek hem Isa Mesihe bolan imandan başlanýar! Ilki bilen ruhymyzda dynçlyk tapsak onda bütin durmuşymyz gowy bolar we munuň netijesinde daş töweregimize hem gowy täsir edip bileris! Isa Mesih şeýle diiýýär, “Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyňda, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar…Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn!”