Adamyň Soraglary;
Hudaýyň Jogaplary
1- nji Bölüm
Salam gadyrly ildeşler.
Gadyrly dostlar, bize Mukaddes Ýazgynyň taglymatlary hakynda soraglar berip ýazan hatlaryňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Biziň size ýollan hatlarymyz, kitaplarymyz we kasetalarymyz peýdaly bolandyr diýip umyt edýäris. Hatda bize hat ýazmasaňyzda, Dogrulyk Ýoly atly radio gepleşiklerimizi yzygiderli diňlän diňleýjilerimizede minnetdarlyk bidirýäris. Goý Gudratyguýçli Hudaýymyz siziň her biriňiz bereketlesin we Özüniň döreden Gutulyş ýoluna siziň düşünmegiňizde size ýardam bersin.
Bu günki gepleşigimizde we indiki gepleşigimizde biz birazajyk üýtgeşik bir zatlar etmegi maslahat etdik. Gadyrly diňleýjilerimiz bolan sizden alan käbir soraglarymyz bilen ähli diňleýjilerimiz bilen paýlaşmak isledik. Ol soraglaryň her birine jogap bermekde biz diňe Mukadde Ýazgylary ulanarys, çünki diňe Hudaýyň Sözi bize tümlükde ýagty ýol saçyp ýol görkezip bilýär. Zeburda bu hakynda şeýle diýip ýazylan: “Sözüň aýaklaryma çyra, ýoluma nurdyr!” (Zebur 119:105)
Häzir bolsa soraglar. Bize bu gün soraglary okaman ýardam bermek üçin stüdiýamyzda biziň dostymyz bize soraglary okap berer.
1) Sag boluň. Biziň hat üsti bilen alan birinji soragymyz: Dogrylyk Ýoly atly radio gepleşigi döredýänleriň dini näme?
Köp wagt mundan öň Hudaý biziň ýüregimize hakykaty—Onuň Hakykatyny gözlemegi goýdy. Biziň özümiz hak Hudaýyň Sözlerini bilmek isledik. Biz Mukaddes Ýazgyny, ýagny Töwrady, Zebury, Pygamberleriň kitaplaryny we Hoş Habary, ýagny Injili okap başladyk. Şeýlelikde ähli pygamberleriň ýazan Halasgäriniň Isa Mesihdigini bildik. Adamzadyň günäsi üçin bolan kämil we iň soňky gurbanlyk Isadyr we muňa iman eden her kes Ol arkaly Hudaýyň huzyrynda baky bolup biler. Hudaýdan gelen Isa eke täk bizi Hudaýa etirip biler. Biz bütin umydymyzy Oňa baglamalydyrys.
Onda biz kim? Biz Isa Mesihiň yzyna eýerijilerdiris ýagny şägirtlerdiris. Gurhan bizi şeýle diýip atlandyrýar “Ahl al-Kitab,” bu Kitabyň adamlary diýmegi aňladýar. Başgalar bize Mesihiler, ýda Hristianlar diýip at berýärler, bu diýmek, Mesihiň adamlary diýmegi aňladýar. Biz Mesihiler ýada Hristianlar diýmek bilen, biz size köp adamlaryň özlerine hristianlar diýipde olar hak ýüzünde Mesihiň yzyna hakyky eýerijiler daldigini biz size ýatlatmak isledik.
Suwda ýatan töňňäniň krokodile öwrülmeýşi ýaly, Hristianlaryň edýan zatlaryny etmek hem Mesihi bolmaýar. Diňe Isa Mesih ynsany Hudaýa getirip bilýär. Mesihiň biziň Halasgärimizdigi, Rebbimizdigi we Dostymyzdygy üçin biz nähili bagtly!
Ol bize Hudaý bilen bolan nähili ajaýyp bu gatnaşygy we ölüm bilen ýüzbe ýüz bolmakda ynamlylyk berdi. Her gun Ol bize bolan ynamlylygyny we söýgüsini görkezýär. Reb Isa Mesihde Hudaý bize baky ýaşaýşa degişli bolan ähli bereketleri berdi! Onda ýüregimize gerek bolan ähli zatlar bizde bar!
2. Sag boluň. Indiki sorag gaty wajyp we anyk jogap berilmegi gerekdir. Bir diňleýjimiz bize şeýle diýip ýazypdyr: Bir zat meni gaty ynjaldýar. Men Gurhanda Muhammet pygamberimiziň ähli musulmanlara Mukaddes Kitapdaky ýagny Bibliýadaky käbir kitaplary, ýagny Töwrady we Injili okamagy buýurupdyr. Men Mukaddes Ýazga hormat goýýan we ony okap başladym. Ýöne meniň dostlarym Bibliya üýtgedilipdir, we şonuň üçin biz oňa big baglap bilmeýäris diýip maňa aýdýarlar. Olar meniň okaýan Mukaddes Kitabym ol ilkinji ýazylan Mukaddes Kitapdan tapawutly diýip aýdýarlar. Siz bu hakynda näme diýersiňiz?
Bu soraga jogap bermezden öň bizde, şol, “pygamberleriň ilkinji ýazan kitaplary üýtgedilipdir” diýýän adamlardan käbir soraglary soramak isleýäs. Bibliýanyň ýagny Mukaddes Kitabyň üýtgedilendigi hakdaky pikiriň çeşmesi näme? Beýle aýgytly edilýän günä ýoňkemeleriň esasy nämede? Aýdyň bize Mukaddes Ýazgy haçan üýtgedilipdir? Nähili üýtgeşikler girizilipdir? Bize ekeje bolsa-da bir subutnama berip bilersiňizmi?
Eger siz dogrulyk we päk ýüreklilik bilen Mukaddes Kitap hakyndaky faktlar hakynda gözlek geçirseňiz, onda Hudaýyň Öz pygamberlerini ylhamlandyryp beren Mukaddes Sözüni gorandygyny bilersiňiz. Mukaddes Ýazgy üýtgedilipdir diýip ynanýanlar, bir esasly subutnama esaslanman bir gep gürrüňlere esaslanýarlar. Bibliýanyň, ýagny Mukaddes Ýazgynyň üýtgedilendigi hakynda hiç bir esasly delil ýokdyr. Munuň deregine Mukaddes Ýazgynyň üýtgedilmändigine bolan subutnamalar gaty köpdir.
Bu günki gün dünýäniň belli muzeýlerinde we uniwersitetlerinde Injiliň we bütin Täze Äht kitaplarynyň iň gadymy golýazmalary bardyr. Hatda bu gadymy Injiliň golýazmalary Muhammet ýaşamazdan birnäçe ýüz ýyllar bolupdyr öň hem bolupdyr we Köne Äht kitaplary ondan öňräkden bari bardy. Eger biziň elimizdäki kitap bilen şol gadymy golýazmalary deňeşdirseň, onda Hudaýyň Öz Sözüni nähili doly gorandygyny görersiňiz. Biziň şu günki okýan Bibliýamyz şol Muhammediň döwründäki kitapdyr.
Pygamberler Hudaýyň Sözlerini haýwanyň derisinden we agaçdan ýasalan sahypalara ýazypdyr. Ewreý hat göçürijileri bolsa Hudaýyň Sözini täze sahypalara her gezek göçüripdirler. Gowyja tälim alan bu göçürijiler bu işde gaty seresapdylar, olar goçirmeleriň esasy golýazmalar bilen doly gabat gelýändigini doly gazanýardylar. Kitapdaky ähli harplar sanalýardy we hasaba alynýardy we sözüň ortadaky harpy belgä alynýardy we şeýdip göçürilen ýazgynyň dogrydygy barlanýardy. Eger bir ýalňyş bolaýsa onda bütin golýazma ýok edilýärdi! Bu ewreý göçürijiler, Hudaýyň Sözi bilen iş salyşmagyň Hudaýyň Özi bilen iş salyşmak ýaly görýärdiler! Belki siz, 1947-nji ýylda Öli Deňizinden tapylan belli golýazmalar hakynda eşidensiňiz. Şol Köne Äht golýazmalaryň Isa dogulmazyndan ýüz ýyl öň ýazylandygyny siz bilýärsiňizmi? Şol gadymy golýazmalar müň ýyl soňra göçürilen golýazmalar doly gabat gelýär. Mukaddes Ýazgy üýtgedilmändir!
Hiç kim Mukaddes Kitaby üýtgedip bilmeýär. Eger biri Mukaddes Kitaby üýtgetjek bolsa onda ol Mukaddes Ýazgynyň ähli göçürmelerini üýtgetmeli bolardy. Ýöne muny etmek düýbünden mümkin däl! Isa Mesihiň döwründe alymlar Bibliýany ýazylan original dilinden ýagny Ewreý, Arameý we Grek dillerinden başga dürli dillere terjime edip başlapdyrlar. Hiç kim dünýädäki ähli Bibliýalary üýtgedip bilmeýär! Bü günki gün Mukaddes Kitap, ýagny Bibliýa bütinleý ýada bölekleýin dünýäniň iki müňden gowrak dillerinde ýazylan. (Iňlis dilinde Bibliýanyň onlarça ajaýyp terjimeleri bar we bu iňlis dilinde gürleýänler üçin uly bereket) Hudaý Öz Sözüni gorapdyr we Onuň hyzmatkärleri ony dünýäniň halklarynyň dillerine terjime edýärler, çünki Hudaý her bir adamyň ony öz gulaklary bilen eşitmegini, öz aňlary bilen düşünmegini we öz ýüreklerine kabul etmegini we şeýdip halas bolmagyny isleýär.
Gudratygüýçli Reb Hudaý Öz Sözüni Şeýtandan we ony üýtgetmek we zyýan etirmek isleýän erbet adamlardan goramagy başararmy?
Elbetde! Ol ony goramagy başarar we Ol ony gorady! Allahu Akbar! Hudaý beýikdir! Şeýtanyň başlangyçdan bäri adamlaryň aňynda Hudaýyň sözüniň nädogry düşünilmegini we üýtgedilmegine synanyşyp gelýändigini elbetde biz bilýäris. Mysal üçin, eger ýadyňyzda bolsa Mukaddes Kitapdaky birinji kitapda, Hudaý Adam ata şeýle diýipdi: “Bu agaçdan iýen günüň ölersiň!” Emma Şeýtan bolsa Hudaýyň Adam atan we How enä aýdanyny ret edip, olara şeýle diýdi: “Siz ölmersiňiz!” Şeýlelikde Şeýtan Hudaýyň Sözüni üýtgetmäge synanyşdy. Bilşiňiz ýaly Adam ata we How ene Şeýtanyň ýalanyna ynandylar we gadagan edilen agajyň miwesinden iýdiler. Munuň netijesinde bolsa, olaryň ruhlary öldi we olaryň tenleri garrap başlady we öldi, we bular edil Hudaýyň aýdyşy ýaly boldy. Şeýtan ýalançy we aldawçydyr. Şeýtan adamlary aldamak isleýär we adamlaryň Mukaddes Kitabyň üýtgedildi diýip ynanmagyny isleýär. Ýöne Reb Isa Mesih şeýle diýýär, “Ýazgy bozulmaýar ahyryn! (Ýahýa 10:35) “Gök hem er öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez!” (Matta 24:35)
3. Şeýle açyk düşünikli jogap bereniňiz üçin minnetdar. Indi üçünji sorag. Näme üçin Isa siz Hudaýyň Ogly diýýärsiňiz? Hudaý dogulmandyr we dogmaýandyr hem onda Isa nädip Onuň Ogly bolar?
Biz bu soraga eýýäm birnäçe gezek jogap beripdik. Ýöne ene-de gaýtalap jogap bermäge şat. Beýle wajyp zada biperwaýlyk etmek gaty elhençdir! Atalar sözünde, “biperwaýlyk seni öldürende bilmän galarsyň” diýýilýär. Sorag beren şeýle diýip sorag beripdir, “Näme üçin siz Isa Hudaýyň Ogly diýýärsiňiz? Birinjiden, biz Isa “Hudaýyň Ogly” diýen ady bermän Hudaýyň Özüniň Oňa “Özüniň Ogludygyny” tassyklandygyny size ýatlatmagy wajyp diýip hasapladyk! Ikinjiden, “Hudaýyň Ogly” diýen at, Hudaý öýlenipdir ýada aýal alypdyr we ogly bolupdyr diýmegi aňlatmaýar! Biziň görşümiz ýaly Isada ýüzlerçe atlary we titullary bolandygyny biz Mukaddes Ýazgyda görýäris. Ol atlar bize Isanyň kimdigine gowy düşünmäge ýardam edýär. Mysal üçin, Oňa “gapy” diýilip at berilen, ýöne bu diýdigi Isanyň agaçdan ýada bir demirden ýasalan gapydygyny aňlatmaýar. Ol ene-de, Ýaşaýyş beriji Iýmit” hem diýilip atlandyrylan, ýöne bu diýildigi onuň biziň iýýän tüwiden bişirilen palawdygyny aňlatmaýar. Hudaýyň pygamberi Isany “Hudaýyň Guzysy” diýip atlandyrdy, ýöne bu Ol goýundyr diýip aňlatmaýar. Muňa meňzeşlikde, haçanda Hudaý Isany Özüniň Ogly diýip atlandyranda, munuň Hudaý aýal aldy we çaga emele geldi diýip aňlatmaýandygyna siz hökman düşünmeli! Beýle pikir etsek onda bu Hudaýa dil etirmedir!
Eger men ýurdumdan başga bir ere göçüp gitsem, maňa “Turkmenistanyň ogly” diýýärler, çünki men Turkmenistandan. Emma beýle diýildigi, Turkmenistan aýal alypdyr we ogly bolypdyr, diýildigi däldir! Muňa meňzeşlikde, Mesihiň gökden Hudaýdan gelendigi üçin Hudaý, perişdeler we pygamberler Oňa “Hudaýyň Ogly” diýdiler. Isa päk el degirilmedik gyzdan dogulýar. Onuň erden bolan atasy ýokdur. Hatda Ol erde dogulmazyndan öz Gökde ýaşaýardy, çünki Ol “Kalimat Allah” bu ozal başda Hudaý bilen bolan Söz diýmegi aňladýar. Mukadde Ýazgy şeýle diýip yglan edýär:
“Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady,Söz Hudaýyň Özüdi. Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady;biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýazňyz Oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük. Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Ony bize Atasynyň gujagynda bolan ýalňyz Olgy tanatdy!” (Ýahýa 1:1,14,18)
Isa Hudaýyň baky Oglydyr, ynsan teninde ere inen Hudaýyň Sözüdir. Hudaýyň Sözi näme? Belki siz şeýle diýip jogap berersiňiz, Hudaýyň Sözi bu Hudaýyň pygamberlere ylham berip ýazdyran Ýazgylarydyr. Bu dogrydyr. Hudaýyň pygamberleriniň ýazgylary Hudaýyň Sözüdir we olar Hudaýyň bize ýollan hatlary ýalydyr. Ýöne geliň biz sizden siziň bir başga şäherde ýaşaýan dostyňyz hakynda sizden soralyň. Siz haýsysyny isläsiňiz: dostyňyzyň diňe hat ýollap ýoremeginimi ýada onuň sizi görmäge özüniň gelmegini isleýärsiňiz? Elbetde siz onuň özüniň siziň ýanyňyza gelip ýüzbe ýüz görüşmegini islärsiňiz. Muňa meňzeşlikde Hudaýyň hemme zat başarýandygy üçin we adamlara Özüniň nähilidigini we biz üçin isleginiň nähilidigini bildirmek islese, onda Onuň bize diňe yzygiderli hat ýollarmy ýada Özi gelermi? Dostlar, pygamberleriň yglan eden hoş habary Hudaýyň Özüniň günäli adamzady görmäge gelmegidir!
Injilde, biz Hudaýyň adamlary günäsinden halas etmegi üçin Öz Sözüni adamlaryň arasynda Ynsan bolup ýaşamak üçin iberendigini görýäris. Gökden gelen Ynsan bu Isa Mesihdir. Ozal başda Hudaý bilen bolan Sözdügi üçin, Isa Hudaýyň Ogly diýilmäge mynasypdyr. Isa Hudaýyň Baky Ogludyr, adamzada Hudaýyň hakyky häsiýetini aýan eden kämil wekilidir. Köplenç biz bir ýaş oglana, “Ol edil kakasy ýaly” diýýäris. Isa bilen hem edil şeýledir. Isa Hudaýyň keşbini göterýär. Isany bilmek Hudaýy bilmekdir we Onuň nähilidigini bilmekdir. Şeýlelikde, ýazgy şeýle diýýär:
“Hudaý gadym zamanlarda pygamberler arkaly ençeme gezek dürli ýollar bilen atalarymyz bilen gepleşipdir. Ol soňky wagtlarda hem bar zadyň mirasçysy edip belläni we Ol arkaly älemi ýaradan Oglunda biziň bilen gepleşdi. Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymy, Onuň barlygynyň keşbi bolup, bar zady gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden tämizländen soň göklere Şöhratlynyň sagynda oturdy.” (Ewreýler 1:1-3)
Bu hakunda soňky söz. Hudaýyň Isa Özüniň Ogly diýmeginie nämedigine siziň doly düşünmegiňizi Hudaý sizden soraman, siziň Oňa ynanmagyňyzy soraýar. Hudaýyň Dawudy şu aşakdaky sözleri ýazmaga ylhamlandyran Birdigini ýatda saklaň, “Ogly öpüň, Ol gaharlanaýmasyn we siz ýoluňyzdan ýok bolaýmaň, çünki Onuň gahary tiz lowlaýandyr. Oňa sygynýanlaryň hemmesi bagtlydyr!” (Zebur 2:12)
Injilde resul Ýahýa şu sözleri ýazmaga ruhlandyran Hudaýdygyny hem ýatdan çykarmaň:
“Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp alamatlar görkezdi. Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy. (Ýahýa 20:30,31)
“Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Hudaýyň gazabyna sezewar bolar!” (Ýahýa 3:36)
Diňläniňiz üçin köp sag boluň. Hudaýyň erki bilen indiki radio eşitdirmämizde biz başga soraglara jogap bermegimizi dowam etdireris.
Şu aşakdaky Mukaddes Ýazgynyň yglan edýänleri hakda oýlanmakda Hudaý size pata bersin diýip siziň bilen hoşlaşýaryn. Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär:
”Bütin adamzat ot ýaly we ynsanyň bütin şöhraty otuň güli ýalydyr. Ot gurar, güli hem döküler. Emma Rebbiň sözi ebedi galar!” (1Petrus 1:24,25)