Dostum Ýatla…
Dostum ýatla, sen näçe gezek
Durmuşyňda dyzyňa çöküpdiň,
Horlaýan şübheleri kowup,
Kyn wagtyň Hudaýa ýüzlenipdiň.
Soň ýüregiňi togundyryp,
Peýda bolupdy şatlykly sesler.
Halas etdi seni ýetişip,
Mähirli we görünmeýän eller.
Ýatla, näçe şol eller seniň
Ýürek agyryňy bejeripdi.
We seni ýolda ýadan wagtyň
Mähirli ýokary galdyrypdy.
Gelen wagty aýralyk birden,
Dökülende ýüzüňden gözýaşlar,
Süpüripdi ýuwaşlyk bilen
Şol owalda görünmeýän eller.
Çüň kakylan, ýaraly eller
Gutulyş berdi günälilere.
Asyrlar bolýy hem şol eller
Gökden pata berýär adamlara.
Gelende günäleriň soňy,
Kyn günler ebedi ýitip gider.
Başyma ýaşaýyş täç berer
Taňrymyň şol nur saçýan elleri.