Süleýman Pygamberiň Pähimleri

Süleýman pygamberiň Pähimleri

7-nji Bap

Oglum, meniň sözlerimi sakla, tabşyryklarymy içiňde tygşytla. Meniň tabşyryklarymy saklap ýaşa; öwredenimi gözüň göreji ýaly gora. Olary barmagyňa dak, ýüregiňiň daş sahypasyna ýaz. Özüňe keseki aýaldan, sözleri bilen ýaramsalyk edýän bigäne aýaldan saklar ýaly, akyldarlyga: “sen meniň uýamsyň” diý we düşünjäni garyndaş diýip çagyr. Men öýümiň penjiresindäki gözenegimden seretdim, mön adamlar arasyna bakdym; ýaşlar arasynda düşünjesi kemlik edýän bir ýaş ýigidi synladym. Alagaraňkyda, agşamara, gije aralaşyp garaňky düşende, ol aýalyň öýüniň burçuna ýakyn köçeden geçip barýardy; onuň öýüniň ýolundan barýardy. Ine, kemçin lybasyndaky gara ýürek aýal ony garşylady. Ol gykylykçydyr, kesirdir, aýaklary öýde durýan däldir. Kä köçelerde, kä meýdanlarda, her burçda bukuda ýatýandyr. Ýaňky aýal ol ýigidi tutdy, ony öpdi, ýüzüni galňadyp oňa diýdi: “Parahatlyk gurbanlaryny ütüme alypdym; bu gün hudaýýolylarymy berdim. Şeýdip hem basym seniň ýüzüňi göreýin diýip, seni garşylamaga çykdym we seni tapdym. Ýerime Müsür matasyndan alaja örtgüler bilen düşek ýazdym. Ýerime, mür, sarysabyr we dalçyn sepdim. Gel, ertire çenli yşkdan serhoş bolaly, muhabbetden lezzet alaly. Çünki ärim öýde ýok; uzak ýola gtid; eline bir torba kümüş aldy, öýüne aýyň on dördünde geljek”

Sözüniň köplügi bilen ony yrdy, dodaklarynyň ýalynjalygy bilen ony özüne çekdi. Ol bagryndan ok geçýänçe, öldürilmäge barýan öküz ýaly, akmaklyk jezasyna barýan gandally adam ýaly, duzagyň öz janynyň kastyndadygyny bilmän, oňa okdurylýan guş ýaly derrew ýaňky aýalyň yzyna düşdi.

Indi, eý ogullar, meni diňläň, agzymyň sözlerine üns beriň. Ýüregiň onuň ýollaryna sowulmasyn, onuň ýodalarynda azaşma. Çünki onuň ýaralap ýykanlary köpdür, öldürenleri sansyz-sajaksyzdyr. Onuň öýi ölüler diýarynyň ýoludyr, ölüm otaglaryna inýändir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *