Salam gadyrly ildeşler! Bilşiňiz ýaly bu günlerde Türkmen halky özüniň söýgüli we beýik halk şahyry Magtymguly şahyryň gününi baýram hökmünde belläp geçýärler. Bu mynasybetli biz hem siziň hemmäňizi bu baýramçylyk bilen gutlaýarys. Magtymguly şähryň arzuw eýlän ruhy gymmatlyklary esasynda durmuşyňyzy gurmaklyga we olardan gelýän bereketleri siziň ähliňize arzuw edýäris.
Kär Bile
Gapyl adam, gam astynda ýatyp sen,
Ötdi ömrüň uşak-düşek kär bile,
Dünýä mardyr-ýastanyp sen, ýatyp sen,
Ynjalarmy bile ýatan mar bile?
Iman gazan, ynsabyňny ýutmagyl,
Göre-bile özüň oda atmagyl,
Bidar bolup, gijelerde ýatmagyl,
Munça dözüp ýatajak sen gör bile.
Her ýan gitseň, barar ýeriň gör bolar,
Haýyr gazan, ýatan ýeriň nur bolar.
Ýagşy bolsaň jaýyo jennet, hüýr bolar,
Ýaman bolsaň, köýdürerler nar bile.
Gözüň ýumdyň, senden aýrylar malyň,
Öleňsoň, tirikler nä biler halyň,
Ýagşy-ýaman herne eden agmalyň
Garşyň alyp durar mydam bar bile.
Ömrüňe aldanma, ötgenňe ýanma,
Malyňa guwanma, mülke daýanma,
Munda bet iş etme, anda utanma,
Hasap güni haýryň alyp bar bile.
Magtymguly, dogry söze ten bergil,
Sogap mundan ötmez –tapsaň, nan bergil.
Köňlüň tapan dost ýolunda jan bergil,
Işiň nedir seni diýmez ýar bile!
BOLMAK HAKDYR
Eý, ýaranalar, adam ogly
Boz toprakdan bolmak hakdyr.
Asly häkden önen adam
Guma garlyp galmak hakdyr.
Kelamda bar iş beýandyr,
Barça iş Haka aýandyr,
Ynansaň saňa imandyr,
Ölmek hak, dirilmek hakdyr.
Eýup bolmadyň sabyrda,
Takatyň ýokdur jebirde,
Müňkür, Nekir dar gabyrda
Sorag, sowal kylmak hakdyr.
Eden işleriň soralar,
Gün gyzar, mizan gurular,
Tug çekiler, alam urlar,
Ýowuz günler gelmek hakdyr.
Magtymguly, azsaň ýoluň,
Ol gün niçik geçer halyň,
Bu gün zorlap alan malyň
Erte gaýdyp bermek hakdyr.
2 thoughts on “Magtymguly şahyrymyzyň baýramçylyk güni mynasybetli gutlaglar…”
Ýokardaky belläp geçen arzuwyň hasyl bolsun. Ýöne, edýän işiň bilen arzuwyňa deň gelenok eken.
Pikirinizi paylashanynyza minnetdar!
Name uchin edyan arzuwymyz bilen edyan ishimiz deng gelenokka? Eger sizde anygrak bu barada pikir bar bolsa paylashyng!
Ýokardaky belläp geçen arzuwyň hasyl bolsun. Ýöne, edýän işiň bilen arzuwyňa deň gelenok eken.
Pikirinizi paylashanynyza minnetdar!
Name uchin edyan arzuwymyz bilen edyan ishimiz deng gelenokka? Eger sizde anygrak bu barada pikir bar bolsa paylashyng!
Size yagshy arzuwlar bilen,
admin