TÄZE ÄHT

INJIL

Täze Äht (Injil) hem Isa Mesiihden soň birinji asyrda şol döwrüň edebi dili bolan grek(ýunan) dilinde ýazylypdyr. Köne ähtde Hudaýyň älem-jahany ýaradyşy, adamzadyň günä batyşy, şeýle hem Hudaýyň saýlan hlaky Ysraýylyň taryhy hakda maglumat berilýär. Ol gadymky pygamberleriň ýazgylaryny, Süleýmanyň Tymsallaryny, Zebur atly kitaplary öz içine alýar. Täze Ähtde bolsa Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrluşy, ömri, görkezen mugjyza we alamatlary, günäkär adamlary halas etmke üçin ölüp, gaýtadan direlişi beýan edilýär. Biziň ýyl hasabymyz Isa Mesihiň dogaln ýylyndan başlanýar. Ähli döwürlerdäki ynsanlara ýüzlenýän Mukaddes Kitabyň özeni ýalňyz Hudaýyň sypatlary we Onuň adamzat bilen gyzyklanyşyndan ybaratdyr. Mukaddes Kitapda, bir tarapdan, adamzadyň günä edip, Hudaýyň huzyryndan kowluşy, müdimi heläkçilige höküm edilişi barada aýdylsa, beýleki bir tarapdan, Hudaýyň adamzady halas etmek üçin, gören çäreleri hakda gürrüň berilýär. Aýratyn hem adamzada gutulyş ýoluny açan Halasgärimiz Isa Mesih hakda Kitapda doly maglumat berilýär. Mukaddes Kitap çap bolan ilkinji kitapdyr (“Gutenbergiň Mukaddes Kitaby” 1452-1456-ýyllarda çapp edilipdir). Kitap çap etme we sowatlylygyň aratanlygy netijesinde, häzir Mukaddes Kitap juda köp adamlar tarapyndan okalýar. Ol hem ýonekeý zähmetkeşler öýünde, hem bilimliler arasynda iň zerur kitapdyr. Mukaddes Kitabyň taryhda köp halklaryň medeniýetine biçak uly täsir edenligi öz-özünden düşnüklidir. Mukaddes Kitap başga dillere terjime we neşir ediilişde hem dünýäde birinji orny eýeleýär. Ol mundan baş ýuz ýyl ozal doly ýa-da bölekleýin bary-ýogy 33 dile terjimel edilen bolssa, 19-njy asyryň içinde dört ýuzden gowrak dilde neşir edilýär. 20-nji asyrda Mukaddes Kitap doly ýa-da onuň aýry-aýry bölümleri ene-de 1500 dile terjime edildi. 1992-nji ýylda Mukaddes Kitabyň doly ýa-da bölekleýin terjime edilen dilleriniň sany bir müň dokuz ýüz ýetmiş sekize ýetdi. Ýer şarynda ýaşaýan halklaryň 2 prosenti heniz öz dilinde Mukaddes Kitabyň tekstlerine eýe däl. Şu baglanyşykda 1880-nji, 1884-nji ýyllarda türkmen dilinde arap elipbiýinde Londonda çykan “Mattadan Ýazylan Injil” we 1982-nji ýylda Mukaddes Kitap Terjime Instituty tarapyndan neşir edilen “Ýahýa Boýunça Injil” aýratyn bellenip geçilmäge mynasypdyr. Görşimiz ýaly, Mukaddes Kitap dünýäde iň köp neşir edilýän we okalýan kitap. Şonuň üçin türkmen halkyna hem Mukaddes Kitabyň şu bölümini hödürlemek uly medeni waka, türkmen edebiýatyna möhüm goşantdyr. Mukaddes Kitaby okap tanyşmak bilen siz Hudaýyň siziň üçin döreden gutulyş ýoluna hem düşünersiňiz we ol ýoly kabul edip günäleriňiziň bagyşlanmagyna we ebedi ýaşaýşa gowuşarsyňyz diýip umyt edýäris.

Mukaddes Kitaby edinmek isleseňiz biz bilen habarlaşyň. Biz size onuň käbir bölümlerini sowgat hökmünde berip bileris. Size Hudaýyň Mukaddes Sözüni okap düşünmekde Biribar Hudaýymyz düşünje we pata bersin diýip arzuw edýäris! Mukaddes Kitap hakynda soraglaryňyz bar bolsa bize hat ýazyň.

Matta lat cyrl

Markuslat cyrl

Luka lat cyrl

Ýahýa lat cyrl

Resullaryň Işleri lat cyrl
Ýakubyň haty, Petrusyň 1-nji Haty, Petrusyň 2-nji Haty, Ýahýanyň 1,2,3-nji Hatlary lat cyrl

Ýahudanyň haty, Rimlilere hat lat cyrl

Korintoslara 1-nji we 2-nji Hatlar lat cyrl

Galatýalylar we Efesliler lat cyrl

Filipililere, Koloselilere, Selanikleriň 1-nji we 2-nji hatlary, Timoteosa 1-nji we 2-nji hatlar, Titusa hat, Ewreýlere hat lat cyrl

Ýahýa gelen Ylham lat cyrl

 

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *