KALBYŇ STRUKTURASY

KALBYŇ  STRUKTURASY

 

GIRIŞ

 

 

Eý, söýgüli doganlar, siz özüňizi iň mukaddes imanyňyzyň üstünde gurup, Mukaddes Ruhda doga edip…” (Ýahuda 20).

Öý akyldarlyk bilen salnyp, düşünje bilen berkarar edilýändirBilim bilen otaglar her hili gymmatbaha hem ýakymly şaý-sepden dolýandyr” (Süleýmanyň pähimleri 24:3-4).

Imanly adamyň kalbyny ammar bilen deňeşdirmek bolar. Ol Hudaýyň Öz tabşyryklaryny saklamaklyga niýetlän köp bölümlerinden ybaratdyr. Her bir adamda kalbynyň öz strukturasy bolýandyr. Şol struktura aňy, emosiýany, ynsaby we özüne düşünmäni özünde saklaýandyr. Onda saklanylýan zatlar amadyň başlangyç nokat sistemasyny kesgitleýändir. Adamyň aýdýan ähli sözleri hem hereketleri gönüden-göni kalbynyň strukturasyna degişlidir.
Häzirki döwürde-de kalbynyň sturukturasy azgyn bolan imanlylaram bardyr. Hut şu ýagdaý hem olary otrisatel meýilli bolup, gözgyny günde ýaşamaklyga mejbur edýär. Munuň ýaly durmuş Hudaýyň Öz adamlary babatdaky meýlinden we planyndan uzakda bolýandyr. Hudaý her bir imanly adamyň öz kalbyna Mukaddes Kitabyň tabşyryklaryndan doly nesihaty almaga we Özüniň merhemetine düşünmäge mümkinçilik bermegini isleýär.

Şu kitapda gürrüň berlişi ýaly, özünde şunuň ýaly strukturasy bolan adam asuda we öndürijilikli durmuşdan lezzet alýar. Onuň köne günäsi köki bilen goparylýandyr, şonuň üçin hem, ol Golgotanyň üýtgemegi arkaly mukaddeslik bolup durýandyr.

Imanly adamyň kalby Hudaýyň Öz tabşyryklaryny saklamak üçin niýetlän köp bölümlerinden ybaratdyr. Hudaý her bir imanly adamyň öz kalbyna Mukaddes Kitabyň tabşyryklaryndan doly nesihaty almaga we Özüniň merhemetine düşünmäge mümkinçilik bermegini isleýär. Özünde şunuň ýaly strukturasy bolan adam asuda we öndürijilikli durmuşdan lezzet alýar.

 

KALBYŇ  STRUKTURASY     

 

Häzirki döwürde ýygnakdaky köp adamlaryň ruhy ýagdaýy kimdir birine bagly bolýar. Dürli çeşmeleriň kalbyň dogry iýmitlenmegi üçin zerurdygy gürrüňsizdir. Şeýle-de bolsa, imanly adam özüniň “mukaddes imanda” nädip ündew almalydygyny bilmelidir.

Şeýlelik bilen, iman eşitmekden, eşitmek hem Hudaýyň Sözi arkaly bolýandyr” (Rimliler 10:17). “Indi bolsa sizi Hudaýa, Onuň merhemetiniň sözüne tabşyrýaryn; Ol sizi abatlamagy, size bütin mukaddesler arasyndan miras bermegi başarýandyr” (Resullaryň işleri 20:32).

 

Bu parçalaryň ikisi-de, ündew alma we ösme prosesinde Hudaýyň Sözüniň zerurdygyny görkezýär. Resullaryň işleri 20:32-däki “dunamaý” diýen grek sözi “güýçlülik” manysyny berip, ol içki güýje degişlidir. Imanlylaryň mesihilik durmuşynda lapykeçlige düşmeginiň esasy sebäbi olarda Ýazgyny okama endiginiň ýoklugyndadyr. Ýüzleýlik we ejizlik Sözi diňlemekde yzygiderli bolmadyk imanlylara mahsusdyr. Kalbyň içindäki zatlar adamyň kimdigini kesgitleýändir. Onuň özüni alyp barşy we hereketleri hem öz gezeginde kalbyň içki gurluşyny görkezýändir.

 

Kalbyň  zaýa  strukturasy

 

Imanlylar köplenç taglymatyň öz kalplarynda esas döretmegine ýol bermändikleri sebäpli, özlerine ündew berilmegini kyn görýärler. Mysal üçin, Korintosdaky käbir mesihiler Pawlusy özüni alyp barşy we ýolbaşçylyk edişi bilen özlerinde emosional kynçylyklary döretmekde aýyplaýarlar. Pawlus 2 Korintoslylar 6:11-12-de bu aýyplama: “Eý, Korintoslylar, biziň sözümiz size açyk, göwnümiz giňdir. Sizden öz mährini aýaýan biz däl-de, bizden mährini aýaýan sizsiňiz” diýmek bilen jogap berýär.  Bu ýerdäki “mähir” — menonim — sözi duýgulara degişlidir.  Korintoslylaryň lapykeçliginiň sebäbi daşynda däldi-de içindedi. Olaryň kalbyndaky zatlar subýektiw bolup, duýgulara we syzyşlara esaslanýardy. Şeýdip, olar dolulygyna emosiýalara daýanyp başlaýarlar. Munuň netijesinde bolsa, durmuşda hereket edýän Söz arkaly gürleýän Ruhy gysýarlar.

Käbirleriniň ýürekleri öz-özlerini söýmeden we öz bähbidine çapmadan doludy. Şunuň ýaly meýil şu döwürde has-da giň ýaýrandyr. Pawlus bu hakda 2 Timoteos 3:25-de duýduryş berip, şeýle diýýär: “Çünki adamlar özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, küpür gürleýji, ene-ata boýun egmeýän, gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum, doňýürek, barlyşyksyz, myjabatçy, nebsine buýurmazak, zalym we ýagşylyga duşman bolar. Dönük, ätiýaçsyz, gopbamsy, lezzeti Hudaýdan köp söýýän bolar”.

1 Ýahýa 2:15-16-da ýürekleri gönükdirmäniň üçünji usuly suratlandyrylýar: “Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri dünýäni söýýä bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur. Çünki dünýäde bolan ähli zatlary, ten höwesleri. göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir”.

Sanalyp geçilen häsiýetleri bar bolan adamlar öz ýüreklerini tekepbirlige gönükdirýändir. “Göz höwesi”—şunuň ýaly adamyň atmosferasyna şeýtanyň täsir edýändigini aňladýar. Oftalmos (grek sözi)—adam durmuşyndaky günäli ilkinji ýaragy we synaglaryň esasy serişdesi bolup durýandyr. “Göz  höwesi” köne günäli tebigatyň ten höweslerine degişlidir. Ol adama täsrini ýetirýär hem-de oňa hökümdalyk edýär, ýöne munuň ýaly ýagdaý adam nädogry karara gelip, şeýle zadyň bolmagyna ýol beren ýagdaýynda bolýar. “Ýaşaýyş tekepbiligi”—bu kosmos häkimiýetidir. Ol imanly adama öňküsi ýaly mesihiligine galyp, öz kalbynyň strukturasynda ýaşamagy üçin özüniň mamladygy babatda ýalan duýgy berýär. Munuň ýaly imanly adamyň tekepbir kalby şeýtana tabyn bolýar we atmosferanyň dolandyrmasy astynda bolýar. Her bir adamyň saýlaw azatlygyna eýedigi gürrüňsizdir. Mesihiniň durmuşynda Haçyň kiçigöwünliligi bilen pespälliligi şol azatlygyň esasy bolmalydyr. Kalbynyň strukturasy taglymata esaslanmaýan adamlar özleriniň nädogry düşünjelerine eýerip, nädogry karara gelýärler.

Kalbyň zaýa strukturasynyň dördünji görnüşi tebigy ýagşy häsiýetlilikde ýa-da özüňi takwa saýmakdadyr. Mezmur 39:5-de: “her adamyň durmuşy biderekdir” diýilýär.

Çünki olar Hudaýyň dogrulygyny bilmän, özleriniňkini gurjak bolup, Onuň dorgulygyna tabyn bolmadylar” (Rimliler 10:3).

 

Kalbyň  dogry  strukturasy  üçin  esas

 

Şeýlelikde, ýygnaklar bütin Ýahudada, Jelilede we Samariýada parahat ýaşaýardy, abatlanyp, Reb gorkusynda gezip, Mukaddes Ruhuň göwünlik bermegi bilen köpelýärdi” (Resullaryň işleri 9:31).

 

“Abatlanyp” (oýkodomoumene—grek sözi) oýkodomeo häzirki zaman ortak işliginiň gaýdym derejesidir. Bu grek sözi jaýyň gurluşygyny suratlandyrmakda ulanylypdyr. Pawlus bu sözi ýerli ýygnagyň (1 Korintoslylar 14:12) we her bir imanly adamyň (Efesliler 3:16) ösüş prosesini suratlandyrmak üçin ulanýar. Onuň häzirki zaman formasynda bolmagy bolsa, öwüt-nesihat prosesiniň yzygiderlidigini görkezýär. Işligiň gaýdym derejesi bolsa, eýede nähilidir bir heretiň amala aşyrylýandygyny aňladýar. Başga sözler bilen aýtsak, imanly adam öz kalbynyň strukturasyny özi döretmeýär. Has takygy ol kalbynyň strukturasyny Mukaddes Ruha Hudaýyň Sözi bilen gurmaklyga rugsat berýär. Oýkodomeo (häzriki zaman ortak işligi) sözlemde beýleki zamanlaryň işlikleri bilen bir wagtda gidýän prosesdir. Resullaryň işleri 9:31-e esaslanyp, kalba öwät-nesihat berme hereketiniň imanly adamdaky rahatlyk we Rebbiň öňünde hormat hem sylagda giňelip barýan ýörişi bilen gabat gelýär diýen netijä gelip bolar. Resullaryň işleri 20:32-de biz mesihiniň kalbyny gönükdirmek üçin Hudaýa gerek bolan esasy zady tapýarys:

 

“Indi bolsa sizi Hudaýa, Onuň merhemetiniň sözüne tabşyrýaryn; Ol sizi abatlamagy, size bütin mukaddesler arasyndan miras bermegi başarýandyr

 

Rebden  gormak

 

Ýahudadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklar Rebden gorkýardylar. Grek dilindäki “fabos” (gorky) sözi “höwes dörediji we gatnaşyk täsiri” hökmünde kesgitlenilýär. Bu ýygnaklardaky imanlylar Sözüň öz gatnaşyklaryna, hereketlerine we dürli ýagdaýlardaky garaýyşlaryna we jogaply duýgularyna täsir etmegine rugsat beripdiler. Olar Hudaýyň barlygyna ynanýardylar. Filipililer 2:12-de öz gutulyşlaryny gorky hem sandyrama bilen amala aşyran mesihiler hakda gürrüň berilýär. Bu ýerde ýazyk, gorky ýa-da ejizläp gorkma hakda hiç zat diýilmeýär.

Ýulabeýa” Ýewreler 5:7, 12:28-de “gorky” hökmünde terjime edilen başga bir sözdür. Bu söz Isanyň Getsemani bagynda duýan gorkusy ýaly bolan mukaddes gorkyny suratlandyrýar. Isa şonda gözlerini ýaşa dolduryp, Atasyna ýüzlenýär-de, Özüni halas etmegini soraýar, sebäbi şunuň ýaly doga etmezden, Ol adam hökmünde haçyň jezalaryny çekip bilmezdi. Bu gorky söýgi bilen garyşýandyr. Isa Golgotadan halas bolmany gözlemedi. Ol dünýäni şeýle güýçli söýýärdi, şonuň üçin hatda haçda ölüp,  gutulyş işini gutarmaga-da jan çekýärdi. Ýulabeýa Hudaýy söýýändigi sebäpli, Ondan gorkýan we Hudaý bilen gatnaşyklaryna hiç hili dartgynlylyk salmak islemeýän adamyň garaýyşlaryny aňladýar. Aýaly adamsyny söýýär, şonuň üçin hem, adamsy geçiş döwrüni geçýärkä, oňa düşünme bilen garaýar. Aýaly adamsyna şonda duýduryşam berip bilerdi, ýöne söýgini ýaralamajak bolup saklanýar. Ruhy çopan maslahat berme duşuşyklarynda köp gezekler kimdir biriniň göwnüne degýän dogry hem adalatly sözleri aýdyp bilerdi, ýöne ol beýle etmeýär. Sebäbi ol köp adamlaryň munuň ýaly maslahatlary kabul edip bilmeýändigini bilýär. Şonuň üçin ol özleriniň arasyndaky söýgi gatnaşyklaryny bozmakdan gorkup, doga edýär, ony gönükdirýär we ony diňleýär. Käwagt söýginiň ruhy çopany ýygnak agzalaryny käbir günälerden we ejizliklerden saklamaga alyp barýan wagtam bolýar, ýöne hatda şonuň ýaly ýagdaýda-da ol söýgini gorajak bolup, bu işi ýuwaşlyk hem kiçigöwünlilik bilen edýär.

Öz gutulyşyňy amala aşyrmak nämäni aňladýar? Biz öz gutulyşymyzy ýazgarylma ýa-da günä sebäpli amala aşyrmaýarys-da, Isany Golgota ejirlerini çekmäge ruhlandyran söýgi zerarly amala aşyrýarys. Ýahudadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklar Hudaýyň söýgüsini ynjytmakdan gorkýardylar. Bu ýygnaklaryň adamlary Mukaddes Ruha öz ýüreklerini şol söýgüden doldurmaga rugsat berdiler (Rimliler 5:5). Şeýdip, Ruh olara teselli berip bildi. Adamlara Hudaýy Öz Sözünde diňlemek, ýüreklerinde rahatlanmak we Mukaddes Ruhuň tesellisini kabul etmek zerur gerek. Adamlar Mesihe gelen wagtynda, Hudaý olaryň ýüreklerine Mukaddes Ruhuny iberýär. Şonuň üçin olar Galatýalylar 4:6-daky: “Ogullarydygyňyz üçin hem, Hudaý Öz Oglunyň: “Abba, Ata!” diýip seslenýän Ruhuny siziň ýüregiňize gönderdi” diýen sözlere laýyklykda Atanyň söýgüsini duýýarlar.

Mesihiniň kalbynda Hudaýyň söýgüsi höküm sürende mesihi hemişe ruhy taýdan öser durar.

 

Imanyň  synalmagy

 

Çünki ot bilen synalýan hem bolsa, pany altyndan gymmatly bolan imanyňyzyň synalmagy Isa Mesih görnende öwgä, şöhrata hem hormata öwrüler” (1 Petrus 1:7).

 

Hudaýyň her bir adamy sygandan geçýändir. Eger ol uly merhemetde we taglymatda ösýän (Ýakup 4:6), Ruhdan doly (Efesliler 5:18) bolsa, onda ol Mesih bilen ýaýbaňlanyp barýan ýörişinde synalar. Her bir imanly adam hem, Hudaýyň plany bilen özüniň köne günäli egoistiki islegleriniň arasynda saýlaw etmeli bolýan ýagdaýlara duş geler.

Ysraýyl halky özleriniň nädogry we Hudaýyň planyna garşy bolan karara gelmekleriniň netijesinde juda köp kynçylyklara sezewar bolmaly boldular. Olaryň “inkär ediji” isleginiň püre-pür bolmagy olary Meribadaky, ýagny Müsürden çykyş 17-de, Sanlar 20-de we Ýewreýler 10-da gürrüňi edilýän gozgalaňa alyp bardy. “Şonuň üçin Men bu nesle gaharlanyp: “Olar elmydama ýüreklerinde azaşýar, Meniň ýollarymy bilmediler” diýdim” (Ýewreýler 3:10).

Grek dilindäki asyl nusgada “ýollar” sözi köplük sanda bolup, “hodos” sözündendir. Eger bu söz birlik sanda ulanylan bolsa, onda sözlem Ysraýylyň Hudaýyň maksadyny we planyny bilmändigini aňladardy, ýöne Mukaddes Kitap ysraýyllylaryň Hudaýyň planyny ykrar etmekden ýa-da oňa seretmekden boýun towlandygyny görkezýär.

Rebbiň Öz halky üçin eden zatlary hakda oýlanyň. Ol lider bolup, ysraýyl halkyny Müsür gulçulygydan halas etmegi üçin Musany ulaldýar. Ol Gara deňziň suwuny iki bölüp, Öz halkyny fyrownyň goşunyndan halas edýär. Gökden ýagan manna olara iýmit, gaýadan çykan suw hem içgi bolup hyzmat etdi. Hudaý gündizine olary bulut sütüni, gijesine bolsa, ot sütüni bolup alyp gitdi. Hudaý olara zerur bolan zatlaryň hemmesini berdi. Emma ysraýyllylar Hudaýyň sözleri we wadalary hakda pikir hem etmediler. Başgaça aýtsak, olar Hudaý bilen bile pikirlenmegi öwrenmediler. Munuň netijesinde-de, olaryň kalplarynyň strukturasy ösmezekligine-de galdy. Hudaýyň aýdan sözleri olaryň ýatlarynyň ammarlarynda tertipleşdirilip goýulmady. Şonuň üçin synag wagty gelende, olar imanda durup bilmediler.

 

Munuň üçin, eý meniň küýseýän söýgüli doganlarym, guwanjym we başymyň täji, Rebde berk duruň, eý söýgüliler” (Filipililer 4:1).

 

Ysraýyl Hudaýyň özleri üçin eden aladasyny hemişe inkär etdi. Netijede olar çölde sergezdançylyk çekip, gaty köp wagtyny ýitirdiler. Hudaý olara Kenganda rahatlyk berjekdigine wada beripdi, ýöne olar Hudaýyň wadasyna ynanmagyň deregine, on içalynyň ýalan gybatlaryna gulak asdylar (Sanlar 14). Olaryň kalplarynyň strukturasy Hudaýyň Sözüne esaslanmandy, şonuň üçin Ysraýyl Hudaýyň planyndan öňe süýşmedi.

 

Kalbyň  rak  keseli

 

Otrisatellik—bu kalbyň rak keselidir. Hudaýyň köpsanly gymmatly hyzmatkärleri otrisatel kararlaryň bir toparyny kabul edip, Hudaýyň planyndan çykýarlar. Eger adam Sözi ünsli diňlese, onda onuň kalby güýçli hem yranmaz bolýar. Oňa ýüzleý täsirler ýa-da görnüş boýunça berilýän bahalar täsir etmez. “Bu ýokardan inen akyldarlyk däl-de, dünýä, tebigata, iblise degişli akyldarlykdyr” (Ýakup 3:15). “Dünýä” (epigeýos) akyldarlygy kosmiki sistemanyň filosofiýasy bolup, şahsy günäden has aňyrrak gidýär welin, hatda adam onuň öz kalbyny eýeländigini-de bilmeýär. Munuň ýaly adamyň kalby zerur bolan doktrinal manynyň ýetmezçilik etmegi zerarly, “ruhy” (psuhikos) bolýar. Ony kosmiki filosofiýa gurşap alýar, şonuň üçin adamyň durmuşy ruhy, subýektiw we emosional bolýar. Ahyrynda “iblis” (daýmoniodes) akyldarlygy şeýtanyň täsirini göz öňünde tutýar. Bu iblis tarapyndan eýelenmeklik däldir, sebäbi ýekeje mesihini hem ol eýeläp bilmeýär. Şeýle-de bolsa, eger imanly adamda öz kalbynda bolluk bilen mesgen tutan Söz ýok bolsa (Koloseliler 3:16), onda kosmiki sistema onuň çözgüdine öz täsirini ýetirip biler. Şonda ol Söze otrisatel seredip başlar, gatnaşyklaryny doktrinal taglymat boýunça däl-de, öz düşünişi we pikiri boýunça ýola goýup başlar. Onda ukyp bolup biler, ýöne imany bolmaz. Hatda alan sylaglary hem oňa Hudaýyň Sözi bilen üstünlikli aragatnaşyklary ýola goýmaga kömek etmez.

Hudaýyň akyldarlygy—bu Mukaddes Kitap tabşyryklaryny ulanmakdyr.

 

Emma gökden inen akyldarlyk ilki bilen sap, ondan soň-da parahatlyk söýüji, mylaýym, diýen ediji, rehimden, oňat miwelerden doly, ýüz görmezek we ikiýüzlülikden halasdyr” (Ýakup 3:17).

 

Şunuň ýaly akyldarlyk Hudaýa Öz planlarynda hemralyk eýändir. Pikirlenşiň şunuň ýaly görnüşi wada berlen ýurdy gören Ýeşuwa bilen Kalepde bardy. “Eger Reb bizden razy bolsa, bizi ol ýurda alyp baryp, süýt we bal akýan ýurdy bize berer” (Sanlar 14:8). Şunuň ýaly akyldarlygy almak üçin nähilidir bir ajaýyp subýektiw zat gerek däl-de, Hudaýyň Sözüni yzygiderli öwrenmek, onuň üstünde oýlanmak we öz kalbyň ammarlaryny ondan doldurmak gerekdir. Şonuň ýaly bolanda Mukaddes Ruh her neneň synagda-da ýadymyzyň merkezinden şol ýagdaýda zerur gerek bolan hakykaty çagyrar (Ýahýa 14:26). Hatda ýeňliş gutlgysyz bolup ýaly görnen wagtynda-da siz ýeňiş gazanarsyňyz. Köp adamlar şonuň ýaly ýeňişli durmuşy başdan geçirip görmeýärler, sebäbi kalbynyň strukturasy köne günäli tebigatdan köki bilen goparylmadyk bolýar. Olar Söze çynlakaý garamaýarlar, gökden ýagýan manna hem olara ýaramaýar. Olar Hudaýyň aladasyna nesilme-nesil şeýle garaýarlar we taglymat almakda nadandyrlar. Netijede olaryň durmuşy diňe otrisatel emosiýalaryň turşy beýan etmesi bolýar. Sin çölünde, Kadeşde bolan wagtynda ysraýyl halky suwuň ýoklugy üçin Musa bilen Haruna garşy gozgalaň turuzdy. Olar hatda yzlaryna Müsüre gitjegem boldular (Sanlar 20:5). Ysraýylyň kynçylygy nämededi? Gep olaryň inkär etmede köküni uran nädogry kalp strukturasyndady.

Mesihi maşgalada önüp-ösen ýaşlaryň hem neşe serişdesini ulanýan, nikadan daşary jynsy gatnaşyklar bilen meşgullanýan, rok sazyna gyzyklanýanlary we ş.m. bolýar. Olar özlerine kömek edip bilmeýärler, sebäbi olaryň boş kalplarynyň strukturasy Isa Mesihe we Onuň Sözüne esaslanmaýar.

Adamlar Sözi kalplarynda saklanyp duran zatlara laýyklykda kabul edýär. Eger adam öz kalbynda emosional bolsa, onda ol diňe öz emosionalizmini goldaýan wagza položitel jogap berer. Kanunçylykly wagyz öz göwnüne dogry bolan adama ýaraýar. Ol Hudaýyň şetrsiz merhemeti hakdaky wagzy eşitse, nägile bolar, sebäbi kanunçylyk onuň başlangyç nokat sistemasynyň esasy bolupdy. Golgotada kalbyň munuň ýaly nädogry strukturalarynyň soňuna çykmalydyr. Hudaý diňe şol ýerde merhemeti bilen adam kalbyny üýtgedip biler.

 

JEMLEME

 

Hudaýyň plany Öz adamlaryna merhemetde ündew bermekdir we şowsuzlyklaryň içinde olara merhemet etmekdir. Her bir mesihi ösmekde we Söze jogap bermekde jogapkärdir. Ol muny merhemet arkaly ýerine ýetirmek bilen Titus 2:12-de: “…hudaýsyzlygy, dünýewi höwesleri ret edip…dünýäde sagdyn düşünjeli, dogry we Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamaly…” diýlip ýazylyşy ýaly ýaşap bilerler.

Pes göwünlilikde kabul edilen merhemet Sözi Hudaýa ýürekleri üýtgedip, adamy günäni taşlap, Öz planyna eýertmäge mümkinçilik berýär. Üýtgedilen mesihi pozitiw bolýandyr. Ol Filipililer 4:8-de berlen tabşyryklara laýyklykda dogry, hormatly we taryplanylýan zatlar hakda oýlanýar. Onuň kalby durnukly bolup, Isa Meishiň ýaşaýşynda, ölümnide, ölümden direlmesinde aýan bolan merhemet Sözüne esaslanýar. Ol Ruhdan doly bolýar we taglymatda bolýar. Onuň ähli çözgütleri, sözleri, jogaplary we hereketleri Hudaýyň Sözi bilen kesgitlenilýär. Ol büdrese-de, ýerinden galýar (1 Ýahýa 1:9), aýdan sözleri hemişe ýerlikli bolýar we diňe nesihat berek üçin aýdylýar. Kalbynyň strukturasy-da merhemetde diýseň ygtybarly hem durnukly bolup, ol öz durmuşy bilen beýleki adamlara-da görelde bolýar. Bu kalby hakykatdan doly bolan imanly adamda görünýän Mesihiň durmuşynyň beýan edilmesidir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *