TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

IŇ BELENT SÖÝGI WE IŇ GYMMATLY GURBANLYK…

17th December 2009

IŇ BELENT SÖÝGI WE IŇ GYMMATLY GURBANLYK…

jesus-crying

IŇ BELENT SÖÝGI WE IŇ GYMMATLY GURBANLYK…

Gadyrly dostlar men size bir wakany gürrüň bereýin…

Birnäçe ýyllar mundan ozal uzak ýürtda bir akylly adam bar eken. Ol pesgöwünli, söýgüden we adamlar üçin aladadan, hoşniýetlilikden dolu bir ynsan bolupdyr. Onuň bir sany ogly bar eken. Ol ogluny bütin jany-teni bilen söýýärdi we ol üçin bar bolan ýagşylyklary arzuw edýärdi.

Ol adam demir ýol geçýän bir köprüde, köprüniň açylyp ýapylmagyny üpjün edýän jogapkärçilikli işde işleýärdi. Otly gelmän wagtynda köpri açylyp, aşagyndan gämileri geçirerdi, otly ýakynlaşandan bolsa köprini birleşdirip otlyny geçirerdi. Ol köprüdäki demir ýoldan köplenç adamlary gatnadýan otly şäherarasy gatnaýardy.

Ogly kakasynyň işleýän ýerini gidip kakasynyň işleýşine syn etmegi gowy görerdi we kakasynyň nädip bu işini erjellik bilen ýerine ýetirişini we otlynyň geçmeli wagtynda köprüni birleşdirip alada edýändigine haýran bolup serederdi. Ogly kakasyndan nädip  arassa zähmet çekmegi we adamlar üçin nähili alada etmelidigini öwrenýärdi. Ondan başgada kakasyna kömekleşmegi hem gowy görerdi. Şeýdip olar bilelikde, kaka we ogul bile wagt geçirerdiler. Otly ýada gämi gelmän wagtynda oturyp bileje çaý içip durmuş barada we kakasy ogly üçin bolan arzuwlary barada gürrüň bererdi. Kakasy ogluna: “oglum men seni söýýän diýip” söýgüsini bildirerdi. Bir gün öňküsi ýaly bu gezek hem ol kakasy bilen şol köprä gelipdi. Kakasy ogluna, aşaga düşüp, köprüniň birleşýän ýerindäki zynjyry aýyryp gelmegi haýyş etdi. Şol wagt hem kakasyna duýduryş stansiýasyndan: adamdan doly otlynyň köprä golaýlaşýandygy habary berildi. Ol oglyna: “çaltrak bol oglum, otly ýetip gelýär…” diýip ogluny gyssady. Otly  tizlik bilen köprä golaýlaşyp başlady, şol wagt bolsa oglynyň aýagy demiriň arasynda galdy. Ogly: …kaka aýagymy çykaryp bilemok…diýip aglamjyrap kakasyny kömege çagyrdy….

Bu wagt eýýäm otly köprüden görünip başlapdy…köprüniň birleşdirilmegi gerekdi, eger birleşdirilmese onda otly içindäki adamlar bilen heläk bolmalydy…kakasy bu wagt çalt çözgüt çözmelidi… “kömek et kaka diýip gygyrýan aglap duran köprüň aşagyndaky oglunymy … ýada ýüzläp adamdan doly bolan otlynymy… bu gaty agyr ýagdaýdy…onuň ýüregi gaýgydan we agyrydan doludy…aglap gygyrýan ogly üçin ýüregi ýarylara gelip gynandy…emma ýüzläp adamy halas etmegi ýüregine düwüp gözlerinden akýan ýaşlary bilen köprüni birleşdirdi…bu wagt köpri ogluny mynjyratdy…şolbada bolsa otly bat bilen köprüdäki demirýoldan geçip başlady….kakasy ogluna ezýet berip öldürendigi üçin ýüregi agyrydan dolup gygyryp, gözünden ýaşlary paýyrdap çykyp aglaýardy…köprüden geçýän otludaky adamlar bolsa… oňa… onuň bu wagt eden işinden habarsyz…ýekeje ogluny olary halas etmek üçin gurban getireninini hem bilmän…käbirleri ellerini galgadyp, ýylgyryp…başgalary bolsa öz pikirlerine ýada gürrüňlerine gümra bolup….geçip barýardylar…Olar onuň ýeke-täk ogluny, jany-teni bilen söýýän ýekeje ogluny olary halas etmek üçin nähili agyry we kynçylyk bilen ezýet çekmäge we ölmek üçin berendiginden bihabardylar…!

Gadyrly ildeşler…bu taryh size kimdir birini ýatladýarmy?

Ine şu wakada bolanlara meňzeşlikde, Hudaý hem biziň üçin şeýle etdi. Hudaý hem bizi, ýagny adamzady halas etmek üçin ýekeje Ogluny (ýagny Baky Söz bolan we Bakyýetde Ýaradyjy Hudaýň bölegi bolan; Ogul diýilende ruhy manyda, ýagny Isanyň Hudaýlyga degişlidigi göz öňünde tutulýar) Isa Mesihi gurbanlyk berdi. Bu sebäpden Ýahýa pygamber özüne tarap gelýän Isa Mesihi görende şeýle diýip güwalik edipdi: “Ine, bütin dünýäniň günäsini Öz üstüne aljak Hudaýyň Gurbanlyk Guzusy Ýaradyjy Hudaý Özüniň ýekeje Ogluny biziň ezýet çekip bakyýeti şeýtanyň bolmaly ýeir bolan dowzahda geçirmezligimiz üçin haçda ezýet berilip öldürilmäge berdi. Köprüdäki işleýän adamyň oglunyň teniniň myjyrap, ölişi ýaly Isa Mesihiň teni hem seniň we meniň halas bolmagym üçin 2000-ýyl mundan ozal ezýet çekip, mynjyradylyp, haçda öldürildi.

Hudaýyň bu getiren, ýüregini agradyjy belent iň gymmat gurbanlygyny kabul etmän ynanmaýanlar…ýokardaky wakadaky ýylgyryp…ellerini galgadyp geçip barýan otludaky adamlara mezňeýärler…

Sen barada näme? Sen Hudaýyň bu görkezen belent söýgüsine ynanýarmysyň ýada öz düşünjeleriňe daýanyp ret edýärmisiň?

Muny ret etmek bilen, Hudaýyň seniň üçin getiren şeýle belent gurbanlygyny ret edýärsiň!

Hudaý Isa Mesihi seniň üçin we meniň üçin ölüme bermeli bolanda, Ol şeýle bir gynanypdy…emma Ol muny bizi köp söýýändigi üçin we biziň heläk bolmazlygymyz üçin berjaý etdi! Bu sebäpdän Mukaddes Ýazgy bu hakynda şeýle diýýär: “Çünki Hudaý dünýäni (seni we meni) köp söýýänligi üçin, Ogluna (Isa Mesihe) iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi.”

Mundan belent söýgi hiç bir ýerde ýokdur! Hudaý bize bolan söýgüsini Özi üçin iň eziz we gymmatly bolan Isa Mesihiň bermek bilen görkezdi!Seniň bakyýeti Hudaý bilen geçirmegiň üçin Ol Isa Mesihi seniň üçin

gurbanlyk berdi, Isa Mesihiň ölmegi bilen sen ýaşaýşa ýetmäge mümkinçilik aldyň! Hudaýyň indi senden we menden isleýäni, Onuň Özüniň iň gymmatly gurbanlygy getirendigine, Onuň bu arkaly bize aýan eden çäksiz rehimine we merhemetine ynanyp minnetdarlyk bilen kabul etmelisiň!

Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Ol Hudaýyň gazabyna sezewar bolar». Injil

posted in Kitaplar, Гозлеглер ве ачышлар | 1 Comment

3rd September 2009

Direliş-de, Ýaşaýyş-da Mendirin…Isa Mesih

jesus_lazarus_1

Direliş-de, Ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar!” Isa Mesih

Geliň Halasgär Isa Mesihiň bu sözleri aýdyp Özüniň hakykatdan hem Ýaşaýyşdygyny iş ýüzünde hem aýan edendigi baradaky taryhy waka seredip geçeliň. Bu taryhy okap öwrenmek bilen, gadyrly ildeşim sen hem hakykata göz ýetirersiň we Isa Mesihiň berjek ýaşaýşyny almak üçin Ony Ýaşaýyş we Direliş hökmünde kalbyňa iman arkaly kabul edersiň diýip umyt edýärin!

“Merýem bilen onuň uýasy Martanyň obasy bolan Beýtaniýadan Lazar atly bir adam syrkawdy. Merýem Rebbiň (Isanyň) üstüne atyr ysly ýag çalyp, Onuň aýagyny öz saçy bilen süpürip guradan aýaldy. Onuň dogany Lazar syrkawdy. Şeýlelikde, uýalar: “Ýa Reb, Seniň söýýän adamyň syrkaw ýatyr” diýip, Isa habar ýolladylar. Isa muny eşidende: “Bu syrkawlyk ölüm üçin däl-de, Hudaýyň Ogly ol arkaly şöhratlanar ýaly, Hudaýyň şöhraty üçindir” diýdi. Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi. Onuň syrkawdygyny eşidende, Isa şol bolýan ýerinde iki gün galdy. Onsoň şägirtlerine: “Ýene Ýahuda gideliň” diýdi. Şägirtleri Oňa: “Mugallym, ehudylar Seni ýaňy daşlamaga synanyşdylar, Sen ýene-de şol ýere gitjek bolýarsyňmy?” diýdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: “Gündizde on iki sagat bar dälmi? Gündiz gezýän adam büdremez, çünki ol bu dünýäniň Nuruny görýändir. Ýöne adam gije gezse, büdrär, çünki onda Nur ýokdur”. Soňra Isa olara: “Dostumyz Lazar uklap ýatyr, diňe şony oýarmak üçin barýaryn” diýdi. Şagirtleri Oňa: “Ýa Reb, ulan bolsa sagalar” diýdiler. Isa onuň ölendigi hakda gürrüň edýärdi, ýöne olar adaty ukudyr öýdýärdiler. Şeýlelikde, Isa olara açygyny aýtdy: “Lazar ölüpdir. Men siz iman edersiňiz diýip, şol ýerde bolmalygyma siziň üçin şat, ýöne indi onuň ýanyna gideliň”. Didimos (Ekiz) diýilýän şägirt Tomas ýoldaşlaryna: “Onuň bilen öler ýaly, biz-de gideliň” diýdi.

Isa gelende, Lazaryň gabyrda ýatanyna dört gün bolan eken. Beýtaniýa Iýerusalimden üç kilometre golaý uzakdady. Doganlarynyň ölümi zerarly, Marta bilen Merýeme göwünlik berjek bolup, bu ýere köp ýehudy gelipdi. Marta Isanyň gelýänini eşidip, Ony garşylamaga gitdi, Merýem bolsa öýde galdy. Marta Isa: “Ýa Reb, Sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi. Hazir hem Hudaýdan näme dileseň, Onuň dilegiňi bitirjegini bilýärin” diýdi. Isa oňa: “Doganyň direler” diýdi. Marta bolsa: “Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin” diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: “Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar. Her bir ýaşaýan we Maňa iman edýän asla ölmez. Sen muňa ynanýarsyňmy?” Ol Oňa “Hawa, ýa Reb, men Seniň Hudaýyň dünýä inen Ogly Mesihdigiňe iman etdim” diýdi. Ol muny aýdyp, gitdi-de, uýasy Merýemi ýaşyrynlyk bilen çagyryp: “Mugallym şu ýerde, seni çagyrýar” diýdi. Merýem muny eşiden badyna tiz ýerinden turup, Isanyň ýanyna gitdi. Isa entek oba barmandy, Ol heniz hem Martanyň garşylan ýerindedi. Öýde Merýemiň ýanynda bolup, oňa göwünlik berýän ehudylar onuň howul-halat ýerinden turup, çykyp gidenini görenlerinde, aglamak üçin gabra tarap barýandyr öýdüp, onuň yzyndan gitdiler. Merýem Isanyň duran ýerine gelende, Ony gördi, Onuň aýagyna ýykylyp: “Ýa Reb, Sen şu ýerde, doganym ölmezdi” diýdi. Isa onuň we onuň bilen bile gelen ehudylaryň aglaýanyny görende, çüňňür gynanyp, ýüregi gyýyldy. Ol: “Ony nirede jaýladyňyz?” diýip sorady. Oňa: “Ýa Reb, bar-da, Özüň göräý” diýdiler. Isa aglady. Ehudylar: “Ol ony, gör, nähili söýýän eken!” diýişdiler. Käbirleri bolsa: “Körüň gözüni açan bu Adam munuň-da ölmezligi üçin bir zat edip bilmezmidi?” diýişdiler.

Şol wagt Isa ýene-de gynanyp, gabryň ýanyna bardy. Gabyr bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar. Isa: “Daşy aýryň” diýdi. Merhumyň uýasy Marta Oňa: “Ýa Reb, ol indi porsandyr, onuň gabyrda ýatanyna dört gün boldy” diýdi. Isa oňa: “Men saňa “Iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň” diýmedimmi?” diýdi. Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni Göge dikip, şeýle diýdi: “Eý Ata, dielgimi eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. Meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin, ýöne Men muny töwerekdäki halaýyk sebäpli, Meni Seniň iberendigiňe ynansynlar diýip aýtdym”. Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: “Lazar, daşaryk çyk!” diýip gygyrdy. Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan öli gabyrdan çykdy. Isa olara: “Onuň daňylaryny çözüň-de, goýberiň, gitsin” diýdi. Şeýlelikde, Merýemiň ýanyna gelen, Isanyň eden işini gören ehudylaryň köpüsi Oňa iman etdiler…

Gadyrdan ildeşim, sen hem iň bolmanda Isanyň, hiç kimiň hiç haçan ýerine ýetirmedik gudratly işini görüp Oňa Ýaşaýyş Beriji hökmünde iman edýärsiňmi? Ölseňde ýene-de direlmek isleýärmisiň? Asla ölümiň bolmajak baky ýaşaýşyna eýe bolmak isleýärmisiň?

Her gezek bolşy ýaly, Isa bu gezek hem aýdan sözüni iş ýüzünde subut edip görkezdi. Biziň Isanyň Halasgärdigine ynanmagymyz üçin Hoş Habar ähli zady aýan etdi. Indi bolsa seniň saýlawyň, bu aýan bolan Nury görüp kabul edersiňmi we Nurda gezmek isleýärmisiň ýada bu Nury ret edip garaňkylykda galmak isleýärmisiň?

Kabul etmek isleseň Isa Mesihiň seniň Halasgäriňdigine we Onuň aýdan sözlerine we eden işlerine kalbyňdan ynan we agzyň bilen Isa Mesihiň Rebdigini ykrar et we Onuň seniň hem günäleriň üçin Öz janyny haçda gurban etmek bilen we ganyny gökmek bilen töländigine we jaýlanyp üçünji güni direlendigine ynan we bulary öz sözüň bilen Hudaýa aýt! Hudaý ýüzlenmäge we gepleşmäge dileg-doga diýilýär, eger sen Isa Mesihiň adyndan Oňa ýüzlenseň Ol seni diňlär we dilegiňi saňa berer!

posted in Kitaplar, Гозлеглер ве ачышлар | 2 Comments

1st September 2009

Hudaý Sizi Söýýär…

10-92scrainbow_lg

Adamlar hemme zatdan beter Hudaýyň söýgüsi hakdaky ylhama mätäçmikä diýip pikir edýärin. Hudaý biziň her birimizi söýýär, bu ylham bolsa, mesihiniň ýeňişli durmuşda ýaşamagy üçin öňünden taýýarlanylan iň wajyp şert bolup durýar. Bize diňe bir Hudaýyň söýgüsi baradaky bilim däl-de, eýsem, ylham hem zerurdyr. Ýöne ony diňe mesihi Hudaýyň söýgüsi barada pikir edip, oňa üns berip, öz durmuşynda Hudaýyň söýgüsiniň peýda bolşuny görüp, şol ylhamy Ýazgynyň we doga etme arkaly gözläp başlanda, Mukaddes Ruh berip bilýär.

Gadyrly okyjy, Hudaýyň bütin dünýäni juda söýýändigine, şonuň üçin hem Isany hemme adamlaryň ugrunda ölmäge iberenine ynanmak size aňsat düşýär, ýöne Hudaýyň özüňizi söýýändigine ynanmak welin, gaty kyn düşýär. Eger siz dünýäde ýeke-täk adam bolan bolsaňyz, Ol barybir Isany diňe siziň ugruňyzda ölmek üçin hem goýbererdi. Ine, Ol sizi şunuň ýaly derejede söýýär.

Men köp lapykeçlikleri başdan geçirdim, emma Hudaý Mukaddes Ruh arkaly hut özüme bolan söýgüsiniň näderejede güýçlüdigini merhemeti bilen açyp görkezdi. Ol ylhamlar meniň tutuş durmuşymy we Reb bilen gatnaşyklarymy doly özgertdi.

Bu kitapda okan zatlaryňyz size Hudaýyň söýgüsine bolan täze düşünjäni berer we sizde Ondan özüňiziň ylham almaklygyňyza teşnelik döreder diýip umyt edýärin. Men size şu kitapçanyň sahypalarynda Ýazgydan alyp beýan eden her bir aýatdyr pikirimiň üstünde gowuja oýlanmak bilen ony edil okuw gollanmasy hökmünde okamaklygy maslahat berýärin.

Gadyrly okyjy, özümiň Hudaýsyz hiç kimdigimi, islendik ylhamyň Ondandygyny bilendigim, Onuň Sözüne düşünmekligiň Hudaýyň merhemeti bilen berlendigini bilýändigim üçin teklip edýärin.  [dowamy...aşakdaky linkde okap bilersiňiz]

Hudaý Sizi Söýýär

posted in Kitaplar | 0 Comments

24th August 2009

Töwrat we Injil mobil el-telefonlary üçin…

1.3_million_dollar_cell_phone

Mukaddes Kitap-Bu nähili kitap? Bu Hudaýyň sözi, Beýik Hudaýyň bütin adamzada ýollan Mukaddes Kitabydyr. Mukaddes Ruhdan ylhamlanan kyrka golaý awtorlar tarapyndan 1500 ýyllyk döwrüň içinde ýazylyp, dünýä we adamzadyň ýaradylyş syryny açyp berýän bu kitap Mukaddes Ýazgylar ýygyndysyndan ybaratdyr. Mukaddes Kitap iki bölüme, ýagny Köne Ähte we Täze Ähte bölünýär (“äht” sözi Hudaýyň adamzat bilen aýratyn gyzyklanyşyny görkezýär). Töwrat, Zebur we pygamberleriň ýazgylaryndan ybarat bolan Köne Äht Isa Mesihden ozal gadymy ewreý dilinde, Täze Äht (Injil) hem Isa Mesiihden soň birinji asyrda şol döwrüň edebi dili bolan grek(ýunan) dilinde ýazylypdyr. Köne ähtde Hudaýyň älem-jahany ýaradyşy, adamzadyň günä batyşy, şeýle hem Hudaýyň saýlan hlaky Ysraýylyň taryhy hakda maglumat berilýär. Ol gadymky pygamberleriň ýazgylaryny, Süleýmanyň Tymsallaryny, Zebur atly kitaplary öz içine alýar. Täze Ähtde bolsa Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrluşy, ömri, görkezen mugjyza we alamatlary, günäkär adamlary halas etmke üçin ölüp, gaýtadan direlişi beýan edilýär. Biziň ýyl hasabymyz Isa Mesihiň dogaln ýylyndan başlanýar. Ähli döwürlerdäki ynsanlara ýüzlenýän Mukaddes Kitabyň özeni ýalňyz Hudaýyň sypatlary we Onuň adamzat bilen gyzyklanyşyndan ybaratdyr. Mukaddes Kitapda, bir tarapdan, adamzadyň günä edip, Hudaýyň huzyryndan kowluşy, müdimi heläkçilige höküm edilişi barada aýdylsa, beýleki bir tarapdan, Hudaýyň adamzady halas etmek üçin, gören çäreleri hakda gürrüň berilýär. Aýratyn hem adamzada gutulyş ýoluny açan Halasgärimiz Isa Mesih hakda Kitapda doly maglumat berilýär. Mukaddes Kitap çap bolan ilkinji kitapdyr (“Gutenbergiň Mukaddes Kitaby” 1452-1456-ýyllarda çapp edilipdir). Kitap çap etme we sowatlylygyň aratanlygy netijesinde, häzir Mukaddes Kitap juda köp adamlar tarapyndan okalýar. Ol hem ýonekeý zähmetkeşler öýünde, hem bilimliler arasynda iň zerur kitapdyr. Mukaddes Kitabyň taryhda köp halklaryň medeniýetine biçak uly täsir edenligi öz-özünden düşnüklidir. Mukaddes Kitap başga dillere terjime we neşir ediilişde hem dünýäde birinji orny eýeleýär. Ol mundan baş ýuz ýyl ozal doly ýa-da bölekleýin bary-ýogy 33 dile terjimel edilen bolssa, 19-njy asyryň içinde dört ýuzden gowrak dilde neşir edilýär. 20-nji asyrda Mukaddes Kitap doly ýa-da onuň aýry-aýry bölümleri ene-de 1500 dile terjime edildi. 1992-nji ýylda Mukaddes Kitabyň doly ýa-da bölekleýin terjime edilen dilleriniň sany bir müň dokuz ýüz ýetmiş sekize ýetdi. Ýer şarynda ýaşaýan halklaryň 2 prosenti heniz öz dilinde Mukaddes Kitabyň tekstlerine eýe däl. Şu baglanyşykda 1880-nji, 1884-nji ýyllarda türkmen dilinde arap elipbiýinde Londonda çykan “Mattadan Ýazylan Injil” we 1982-nji ýylda Mukaddes Kitap Terjime Instituty tarapyndan neşir edilen “Ýahýa Boýunça Injil” aýratyn bellenip geçilmäge mynasypdyr. Görşimiz ýaly, Mukaddes Kitap dünýäde iň köp neşir edilýän we okalýan kitap. Şonuň üçin türkmen halkyna hem Mukaddes Kitabyň şu bölümini hödürlemek uly medeni waka, türkmen edebiýatyna möhüm goşantdyr. Mukaddes Kitaby okap tanyşmak bilen siz Hudaýyň siziň üçin döreden gutulyş ýoluna hem düşünersiňiz we ol ýoly kabul edip günäleriňiziň bagyşlanmagyna we ebedi ýaşaýşa gowuşarsyňyz diýip umyt edýäris.

Mukaddes Kitaby edinmek isleseňiz biz bilen habarlaşyň. Biz size onuň käbir bölümlerini sowgat hökmünde kitap görnüşinde berip bileris. Size Hudaýyň Mukaddes Sözüni okap düşünmekde Biribar Hudaýymyz düşünje we pata bersin diýip arzuw edýäris! Mukaddes Kitap hakynda soraglaryňyz bar bolsa bize hat ýazyň.

Download this file. -şu salgylanmada siz özüňiziň mobil el-telefonlaryňyz üçin Mukaddes Ýazgydan Töwrat kitabyny we Injili mobiliňiz üçin indirip kabul edip alyp bilersiňiz.

posted in Kitaplar | 0 Comments

20th July 2009

Hudaýyň Gudraty we Akyldarlygy Mesih

Hudaýyň gudraty we akyldarlygy Mesih

“Çünki haçyň sözi heläk bolanlar üçin akmakly, biz – gutulanlar üçin bolsa Hudaýyň gudratydyr. Çünki: “Men akyldarlaryň akyldarlygyny weýran ederin, düşünjelileriň düşünjesini güýçden düşürerin” diýip ýazylgydyr. Akyldar hany? Kanunçy hany? Bu döwrüň alymy hany? Hudaý bu dünýäniň akyldarlygyny akmaklyga öwürmedimi? Çünki dünýäniň Hudaýyň akyldarlygynda öz akyldarlygy bilen Hudaýy tanamandygyna görä, Hudaý iman edenleri wagyz akmaklygy arkaly gutarmagy isledi. Çünki ehudylar gudrat görkezmegi talap edýär, grekler akyldarlygy gözleýär. Biz bolsak haça çüýlenen Mesihi ehudylar üçin büdremäge sebäp, grekler üçin-de akmaklyk bolan, ýöne çagyrylanlara, hem ehudylara hem greklere Hudaýyň gudraty we Hudaýyň akyldarlygy bolan Isa Mesihi wagyz edýäris! “ 1Korintoslylar 1:18-24

posted in Kitaplar | 0 Comments

22nd May 2009

Süleýman Pygamberiň Pähimleri

Süleýman pygamberiň Pähimleri

7-nji Bap

Oglum, meniň sözlerimi sakla, tabşyryklarymy içiňde tygşytla. Meniň tabşyryklarymy saklap ýaşa; öwredenimi gözüň göreji ýaly gora. Olary barmagyňa dak, ýüregiňiň daş sahypasyna ýaz. Özüňe keseki aýaldan, sözleri bilen ýaramsalyk edýän bigäne aýaldan saklar ýaly, akyldarlyga: “sen meniň uýamsyň” diý we düşünjäni garyndaş diýip çagyr. Men öýümiň penjiresindäki gözenegimden seretdim, mön adamlar arasyna bakdym; ýaşlar arasynda düşünjesi kemlik edýän bir ýaş ýigidi synladym. Alagaraňkyda, agşamara, gije aralaşyp garaňky düşende, ol aýalyň öýüniň burçuna ýakyn köçeden geçip barýardy; onuň öýüniň ýolundan barýardy. Ine, kemçin lybasyndaky gara ýürek aýal ony garşylady. Ol gykylykçydyr, kesirdir, aýaklary öýde durýan däldir. Kä köçelerde, kä meýdanlarda, her burçda bukuda ýatýandyr. Ýaňky aýal ol ýigidi tutdy, ony öpdi, ýüzüni galňadyp oňa diýdi: “Parahatlyk gurbanlaryny ütüme alypdym; bu gün hudaýýolylarymy berdim. Şeýdip hem basym seniň ýüzüňi göreýin diýip, seni garşylamaga çykdym we seni tapdym. Ýerime Müsür matasyndan alaja örtgüler bilen düşek ýazdym. Ýerime, mür, sarysabyr we dalçyn sepdim. Gel, ertire çenli yşkdan serhoş bolaly, muhabbetden lezzet alaly. Çünki ärim öýde ýok; uzak ýola gtid; eline bir torba kümüş aldy, öýüne aýyň on dördünde geljek”

Sözüniň köplügi bilen ony yrdy, dodaklarynyň ýalynjalygy bilen ony özüne çekdi. Ol bagryndan ok geçýänçe, öldürilmäge barýan öküz ýaly, akmaklyk jezasyna barýan gandally adam ýaly, duzagyň öz janynyň kastyndadygyny bilmän, oňa okdurylýan guş ýaly derrew ýaňky aýalyň yzyna düşdi.

Indi, eý ogullar, meni diňläň, agzymyň sözlerine üns beriň. Ýüregiň onuň ýollaryna sowulmasyn, onuň ýodalarynda azaşma. Çünki onuň ýaralap ýykanlary köpdür, öldürenleri sansyz-sajaksyzdyr. Onuň öýi ölüler diýarynyň ýoludyr, ölüm otaglaryna inýändir.

posted in Kitaplar | 0 Comments

15th May 2009

Magtymguly şahyrymyzyň baýramçylyk güni mynasybetli gutlaglar…

200px-magtimguli_pyragy

Salam gadyrly ildeşler! Bilşiňiz ýaly bu günlerde Türkmen halky özüniň söýgüli we beýik halk şahyry Magtymguly şahyryň gününi baýram hökmünde belläp geçýärler. Bu mynasybetli biz hem siziň hemmäňizi bu baýramçylyk bilen gutlaýarys. Magtymguly şähryň arzuw eýlän ruhy gymmatlyklary esasynda durmuşyňyzy gurmaklyga we olardan gelýän bereketleri siziň ähliňize arzuw edýäris.

 

Kär Bile

 

Gapyl adam, gam astynda ýatyp sen,

Ötdi ömrüň uşak-düşek kär bile,

Dünýä mardyr-ýastanyp sen, ýatyp sen,

Ynjalarmy bile ýatan mar bile?

 

Iman gazan, ynsabyňny ýutmagyl,

Göre-bile özüň oda atmagyl,

Bidar bolup, gijelerde ýatmagyl,

Munça dözüp ýatajak sen gör bile.

 

Her ýan gitseň, barar ýeriň gör bolar,

Haýyr gazan, ýatan ýeriň nur bolar.

Ýagşy bolsaň jaýyo jennet, hüýr bolar,

Ýaman bolsaň, köýdürerler nar bile.

 

Gözüň ýumdyň, senden aýrylar malyň,

Öleňsoň, tirikler nä biler halyň,

Ýagşy-ýaman herne eden agmalyň

Garşyň alyp durar mydam bar bile.

 

Ömrüňe aldanma, ötgenňe ýanma,

Malyňa guwanma, mülke daýanma,

Munda bet iş etme, anda utanma,

Hasap güni haýryň alyp bar bile.

 

Magtymguly, dogry söze ten bergil,

Sogap mundan ötmez –tapsaň, nan bergil.

Köňlüň tapan dost ýolunda jan bergil,

Işiň nedir seni diýmez ýar bile!

 

BOLMAK HAKDYR

 

Eý, ýaranalar, adam ogly

Boz toprakdan bolmak hakdyr.

Asly häkden önen adam

Guma garlyp galmak hakdyr.

 

Kelamda bar iş beýandyr,

Barça iş Haka aýandyr,

Ynansaň saňa imandyr,

Ölmek hak, dirilmek hakdyr.

 

Eýup bolmadyň sabyrda,

Takatyň ýokdur jebirde,

Müňkür, Nekir dar gabyrda

Sorag, sowal kylmak hakdyr.

 

Eden işleriň soralar,

Gün gyzar, mizan gurular,

Tug çekiler, alam urlar,

Ýowuz günler gelmek hakdyr.

 

Magtymguly, azsaň ýoluň,

Ol gün niçik geçer halyň,

Bu gün zorlap alan malyň

Erte gaýdyp bermek hakdyr.

posted in Kitaplar | 0 Comments

12th May 2009

Ruhy Erkinlik…

Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder!” Isa Mesih

 

Erkinlik…

 

 

Ynsan erkinligi küýseýär

Çünki ýaradylypdy ol erkin

Emma şeýtan ýalanyna aldanyp

Ýitiripdi erkinligin ýaýdanyp.

 

 

Erkinlik gözleginde

Hakykat gözleginde

Döredip däp-dessur, din ýoluny

Adamzat geçirdi müňläp ýylyny

 

 

Dünýä bermez erkinlik

Dinler bermez azatlyk

Hakykaty bilmek berer erkinlik

“Ýol, Hakykat, Ýaşaýyş”Bolan berer azatlyk

 

 

 

Erkinlikdir Hak Hudaýa ynanmak

Azatlykdyr Oň Sözüne boýun bolmak

Çünki Oldur erkinligiň çeşmesi

Adamzadyň ýaşaýşynyň gözbaşy

 

 

 

Dünýä geldi Hakykat Isa Mesihde

Azatlygy-erkinligi bermäge

Şeýtan güýjün eňip direlişde

Iman etseň – Isa berer erlkinlik

posted in Kitaplar, Шахсы шаятлык | 0 Comments

30th March 2009

Üç Myhman

Üç Myhman

(Töwratdan alyndy)

Bir gün günüň jokrama yssy wagtynda, Ybraýym Mamräniň dub tokaýjygynyň ýanyndaky çadyrynyň agzynda otyrka, oňa Reb göründi.

2Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi.

3Ybraýym şeýle diýdi: «Eý, jenabym, eger men siziň göwnüňizden turan bolsam, onda öz guluňyzyň duşundan sowlup geçmäň.

4Men size aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin. Şu agajyň aşagynda dem-dynjyňyzy alaýyň.

5Size güýç-kuwwat berer ýaly bir bölek nan getireýin, çünki ýoluňyz bendäňiziň üstünden düşdi ahyryn! Soňra ýoluňyzy dowam etdirersiňiz». Olar: «Aýdyşyň ýaly edäý» diýdiler.

6Ybraýym howlukmaç çadyryna, Saranyň ýanyna geldi-de, oňa: «Derrew üç kersen oňat undan hamyr ýugur-da, nan ýap».

7Soňra Ybraýym mallaryna tarap ylgady-da, sürüden ýaş hem semiz bir göläni saýlap, ony hyzmatkär ýigide berdi. Onsoň hyzmatkär dessine nahar taýýarlamaga girişdi.

8Ybraýym gatyk, süýt hem bişirilen göläniň etini getirip, adamlaryň öňünde goýdy. Myhmanlar naharlandylar. Ybraýymyň özi bolsa olaryň ýanynda agajyň aşagynda durdy.

9Adamlar Ybraýymdan: «Aýalyň Sara nirede?» diýip soradylar. Ybraýym: «Sara ol taýda, çadyrda» diýip jogap berdi.

10Olaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar men seniň ýanyňa ýene dolanyp gelerin we oňa çenli aýalyň Saradan bir ogul bolar» diýdi. Sara onuň arkasyndaky çadyryň agzynda bularyň gürrüňini diňläp durdy.

11Ybraýym bilen Saranyň ikisiniň-de ýaşlary bir çene barypdy; olar örän garrapdylar. Sarada aýbaşy gelmesi kesilipdi.

12Şoňa görä Sara içinden gülüp: «Men-de, adamym-da garry; şu ýaşdan soň men beýle şatlyga eýe bolup bilerinmi?!» diýdi.

13Şonda Reb Ybraýymdan: «Näme üçin Sara „Şu ýaşdan soň men, heý, çaga dogrup bilerinmi?!“ diýip güldi?» diýip sorady.

14«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.

15«Men gülmedim» diýip, Sara gorkusyna boýun almady. Reb: «Ýok, sen güldüň» diýdi.

16 Adamlar turup, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym hem olary ugratmak üçin olar bilen bile gitdi.

17Reb şeýle diýdi: «Etjek bolýan işimi Ybraýymdan gizläýinmi?!

18Ybraýymdan beýik hem güýçli bir millet dörär. Ýer ýüzüniň ähli milletleri Ybraýymdan pata alarlar.

19Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».

Hudaý hakykatdan hem isleýşi ýaly hereket eder, bu taryhda Hudaý ynsan keşbinde Ybraýym pygambere Özüni aýan etdi, Ybraýymyň öýünde myhman boldy we oňa garran wagty adam ölçegi boýunça mümkin bolmadyk zady, ýagny öz aýaly Saradan bir ogul bermekligi wada etdi. Biz ynsanlar aň düşünjämiziň çäklidigi üçin ýada belli bir dini pikirimize esaslanyp, Hudaý eýle ýada beýle etmez diýip pikir ýöredýäris, emma Hudaý Öz maksadyna laýyk işleýär we isleýşi ýaly ýagdaýda Öz hakykatyny aýan edýär. Töwratdaky bu Ybraýym atamyz bilen bolup geçen taryhyň üsti bilen biz Hudaýyň islese ynsan keşbinde hem gelip biljekdigini gördük we Hudaýyň muny edip biljekdigine iman etmelidiris!

Iki müň ýyl mundan ozal hem Hudaý bizi halas etmek üçin Ynsan keşbinde Isa Mesihde dünýä geldi. Adam aňy bilen muňa düşünmek kyn emma hakykatda bu şeýle bolup geçdi. Bu sebäpden Injilde şeýle ýazylan: “Ozal –başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Ol ozal-başda Hudaýdady. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady…Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady…” Hudaý bütin adamzady günälerinden, şeýtanyň güýjünden we dowzah odundan halas etmek üçin bizi idäp Isa Mesihde ýere geldi we şol merhemetinden we söýgüsinden doly gutulyşy Özi üpjün etdi. Isa Mesih biziň günälermiziň muzdyny ýagny jezasyny haçda çeken ezýetleri, ganyny döküp janyny biziň üçin bermek bilen, jaýlanyp soňra üçünji güni gudrat bilen direlmegi arkaly ölümi eňmegi arkaly töledi we Onuň bu eden işine iman edenimizde  wada edilen Hudaýyň gutulyşy bize iman arkaly gelýär! Isanyň gelmeginden müňlerçe ýyllar ozal bolup geçen bu taryhdaky Hudaýyň eden gudratly işi we ogul wadasy ýaly, Isa Mesihdäki gutulyş hem, adam ölçegi bilen mümkin bolmajak ýaly, emma Hudaý üçin hemme zat mümkindir. Ybraýym Hudaýyň wadalaryna we her bir aýdan sözüne iman edip aklandy we hatda “Hudaýyň dosty” diýip at aldy. Muňa meňzeşlikde Hudaýyň wadalarynyň iň soňky we kämil ýerine ýetmesi bolan Isa Mesihe iman etmek bilen biz hem hakyky imana we berekete eýe bolup bilýäris!

Mundan başgada ýene-de bir mysal biziň döwrümize ýakyn wagtda ýaşap geçen we bize has-da tanyş bolan beýik Türkmen şahyry Magtymguly atamyzyň başdan geçirenleri hem biziň ýokarda aýdanlarymyza iman etmäge ýardamçy bolarmyka diýip pikir edýärin. Magtymguly şahyrymyzyň başdan geçirenleri Hudaýyň Ybraýym pyýgambere Üç Myhmanyň üsti bilen aýan bolandygyna meňzeşdir. Ondan başga-da üns berilmeli zat, Magtymguly şahyryň Isa Mesihe -Şahymerdan hökmünde ýüzlenişi we Ondan ýardam isleýşidir.  Magtymguly bilen bolup geçen bu zatlar aklyň haýran edijidir emma ynama laýykdyr!

Boldum Girýana

Ýazygym ýat edip, ýakam çäk edip,

Säher nalyş bilen boldum girýana.

Didämden ýaş döküp, ýüzüm häk edip,

Telbeler dek özüm urdum her ýana.


Köňlümni geçirdim jümle-jahandan,

Ne jahandan, belki, el üzdüm jandan,

Hezreti Isadan, Şahymerdandan (Hudaýdan)

Hümmet istäp, bakdym suýy-asmana.


Asmanyň ýüzünden kähkeşan uçdy,

Nägehan üç äre nazarym düşdi,

Iki ýaşyl geýmiş, bir sepitpoşdy,

Gözüm gördi, tilim gelmez permana.


Biri gelip, elin gögsümge urdy,

Biri bir tyg bilen ýüregim ýardy,

Agzyma agz goýup, biri dem urdy,

Diýdiler: “Arzyň diý Şahymerdana!”


Bular beýle diýgeç, tilim açyldy,

Gana-gana meý muhupbet içildi.

Köňlüme ýedi dür sowal geçildi,

Diýdim, “Rugsat bolsa, gelsin zybana”.


Iki uzyn ärdir, bir gysga kaddyr,

Diýdiler: “Hoş wagtdyr, ýagşy pursatdyr,

Sözüň bolsa sora-diýdi-rugsatdyr,

Köňle gelen sözüň gelsin beýän!”


Diýdim: “Gökden agyr, ýerden mert nedir?

Derýadan baý nedir, daşdan saht nedir?

Otdan ýakyjyrak, buzdan serd nedir?

Zäherden ajyrak nedir bu jana?”


Diýdi: “Ýaman töhmet agyr asmandan,

Gaharsyz ýagşy söz giňdir jahandan,

Mynapygyň köňli sahtdyr daşdan,

Ähli-kanyg meňzer bahry-ummana.


Jebr etgiji soltan –ýakyjy közden,

Bahyldan dilemek –sowukdyr buzdan,

Pakyra jebr etmek –ajy zäherden,

Öwütdir bu sözler bizden nyşana”.

Bular beýle diýgeç, ýerimden turdym.


Ýüwrüp etegine elim ýetirdim,

Mest boldum, sust boldum, özüm ýitirdim,

Gep-kelam tapmadym, galdym haýrana.


Diýdiler: “Üç kişi bolduk ussadyň,

Daýyma destandyr älemde adyň.

Magtymguly, wagtdyr, isle myradyň…”

Bu syr akmak açar ýa bir diwana.

posted in Kitaplar | 0 Comments

24th March 2009

Hudaýyň Ybraýym Pygamberi Synaýşy

abraham_isaac

Hudaýyň Ybraýym Pygamberi Synaýşy

(Töwratdan alyndy)

1 Şol wakalardan soň Hudaý Ybraýymy synady. Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.

2Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.

3Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady. Öz hyzmatkärlerinden ikisini hem-de Yshagy ýanyna aldy; ýakma gurbanlygy üçin odun döwüşdirdi we Hudaýyň özüne aýdan ýerine gitdi.

4Üçülenji gün Ybraýym ol ýeri uzakdan gördi.

5Ybraýym hyzmatkärlerine: «Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň. Oglum ikimiz beýleräge gidip, sežde edip, onsoň yzymyza dolanyp geleris» diýdi.

6Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi. Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler. Olar gidip barýarkalar, birden: «Kaka!» diýip, Yshak Ybraýyma ýüzlendi. Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin guzy nirede?» diýdi.

8Ybraýym: «Ýakma gurbanlyk guzusy bilen Hudaýyň özi üpjün eder, oglum» diýip jogap berdi. Olar ýollaryny dowam etdirdiler.
9Olar Hudaýyň Ybraýyma görkezen ýerine gelip ýetdiler. Ybraýym ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasady. Odunlary onuň üstüne üýşürdi we ogly Yshagy daňyp, ony odunlaryň üstünde ýatyrdy.

10Soňra ogluny gurban etmek üçin pyçagyny eline aldy.

11Onsoň Rebbiň perişdesi oňa gökden: «Ybraýym! Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.

12Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.

13Şol wagt Ybraýym başyny galdyryp, aňyrrakda gyrymsy agaçlaryň gür çybyklaryna şahy çolaşan bir goçuň durandygyny gördi. Ybraýym baryp goçy tutdy we ony oglunyň deregine Rebbe ýakma gurbanlyk edip berdi.

14Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.)

15Rebbiň perişdesi gökden Ybraýymy ikinji gezek çagyryp, oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin, Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.

18Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar“» diýdi.

19Ybraýym hyzmatkärleriniň ýanyna gaýdyp geldi. Olar ol ýerden Beýerşeba gaýtdylar. Ybraýym Beýerşebada ýaşady.

Haýran galdyryjy taryhy waka. Ybraýym atamyzyň imanynyň berkdigi we iň kyn ýagdaýda hem Hudaýa bil baglaýandygyr. Ýokardaky waka seredeniňde Ybraýymyň ogly Yshak ondan gurbanlyk guzy nirede diýip soranda, Ybraýym: “Gurbanlyk guzusyny Hudaýyň Özi üpjün eder” diýip jogap berdi. Ybraýymyň iman edişi ýaly hem Hudaý gurbanlyk goçy Özi üpjün etdi. Bu sebäpden hem Ybraýym ol ýere: “Ýahwe ýire” diýip at berdi, bu diýmek “Hudaý üpjün edýär” diýmegi aňladýar. Şol “Hudaý üpjün edýär” diýip at alan, Ybraýymyň gurbanlyk getiren dagynda hem dört müň ýyldan soňra dünýäniň Halasgäri diýip Hudaýyň üpjün edeni Isa Mesihi haçda “Gurbanlyk Guzy” hökmünde Öz janyny ähli ynsanlary halas bolmagy üçin gurban getirdi! Ybraýym imanyň gözi bilen Hudaýyň üpjün etjek Kämil we soňky gurbanlygy Isa Mesihi görüpdi we iman getiripdi. Şol iman hem Ybraýyma dogrulyk saýyldy. Ybraýyma Hudaý şeýle diýip wada edipdi: “Bütin milletlere sen arkaly bereket iner”.  Bu hem Hudaýyň milletleri Isa Mesihe bolan imanlary arkaly aklajagyny öňünden görüp bu wadany berdi. Şeýlelikde “Ybraýymyň berekedi Isa Mesih arkaly milletlere iner ýaly, biz-de wada edilen Ruhy iman bilen alar ýaly, Mesih biziň ugrumyzda gargalyp, bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi.”

Wadalar Ybraýyma, onuň nesline berildi. Hudaý köplerine wada berýän ýaly, “nesillere” däl, eýsem, birine wada berip, “seniň nesliňe” diýýär. Bu-da Mesihdir.

Ybraýymyň bu taryhynyň we beýleki birnäçe Töwratdaky wakalaryň üsti bilen Hudaý iň soňky we kämil gutulyşy getirjek Halasgäriň dünýä geljekdigini görkezýärdi we Hudaýa öwgüler Ol wadasyny ýerine ýetirdi we bize Halasgär Isa Mesihde geldi we bizi Özi halas etdi!


posted in Kitaplar | 0 Comments