3rd April 2008

Jana Jan

savors-hand.jpg

Jana Jan

Birnäçe ýyl mundan ozal şeýle bir adaty däl, geň we tolgundyryjy waka bolup geçdi welin, bu barada jikme-jik gürrüň bermäge men özümi borçly hasap edýän. Gündogar şäherleriniň birinde iki dogan bile ýaşaýardylar. Doganlaryň kiçisi eňilkelle durmuşy alyp barýardy: daň säherden tä garaňky gijä çenli günä hezilliklere özüni berip, keýpi-sapalykda ýaşaýardy, göräýmäge olardan el üzesi-de gelenokdy. Doganlaryň ulusy bolsa, tersine, Hudaýdan gorkýan, ýuwaşwe dogry adamdy. Kiçi dogany öz ýaşaýşy bilen ony kän alada goýýanlygy üçin, ol telim gezek kiçii doganyna günäli durmuşdan el çekmegini sorap, gözýaş bilen ýalbarypdy. Şeýle hem bolsa, kiçi dogany agasynyň ýalbarşyna we gözýaşlaryna üns bermeýärdi. Ol öňküsi ýaly öz janynyň we teniniň zeleline ýaşamagyny dowam etdirýärdi. Onuň ýary gije çenli manysyz gezmegi günden-güne gaýtalanýardy. Agasy bolsa, şeýle halatlarda ýatman, ol barada Hudaýdan dileg edip, öýünde garaşýardy. Bir gün gijäniň bir wagty, doganlaryň ulusy gapynyň güýçli kakylandygyny eşidýär. Oll derrew gapyny açan badyna ondan ganly geýimde ýüzi agaryp, saňňyldap duran jigisi içerik kürsäp girýär. “Meni halas et! Meni gizle! -diýip, ol gygyrdy. -Meni polisia yzarlaýar, men adam öldürdim! Ah, seret, ynha, bu onuň gany. Nähili elhenç!”. Emma ony tapmazlyklary we jeza bermezlikleri üçin nirä gizlemeli? Köp wagt ýitirmän, agasy jigisiniň üstünden gana bulaşan geýimlerini çykaryp aldy-da, derrew öz üstüne geýdi. Onsoň züniň arassa geýimlerini jigisine geýdirip, beýlekii otaga itekledi. Gapyny onsoň üstünden gulplap, name bolaryna garaşyp oturdy. Oňa kän garaşmak gerek bolmady. Tiz wagtda aýak sesler eşdilip, polisia etip geldi. “Biz şeýle hem çak edipdik: adam öldüren şu erde!-olaryň biri gygyrdy..-Biziň çaklamalarymyz başga sebäplere görä hem şu öýi görkezýär”. Olar güman edilýän jenaýatkäre golaýlaşdylar. “Adam öldüren senmi?” diýip, olaryň biri hyrsyz seredip sorady.. Emma ol bir sözem diýmedi. “Sorag edip, wagt ýitirmegiň geregi ýok, - olaryň birinjisi böldi,-onuň geýmine serediň, onuň günäkärdigine bular doly güwä geçýär”. Olar bu pahyryň ellerini daňyp, öz yzlary bilen garaňky köçelerden alyp gitdiler. Getirip, ertire çenli türmä dykdylar. Ol pahyr bütin gije ekeje söz hem diýmedi. Ireden olar ony sorag etmäge geldiler, emma onuň eke jogaby şeýle boldy: “Şu jenaýat üçin men özümiň ölmelidigimi bilýärin we bu näçe tiz erine etse, şonça-da gowy bolar”. Birnäçe günden soň ony suda getirdiler. Sudýa onuň ganly eşiklerini gördi-de: “Bu ýagdaýda başga görkezmeleriň geregiiýok, ähli zat aýdyň” diýdi. “Sende aklaýjyň (adwokatyň) barmy?” diýip sudýa sorady. Ol hem, “Mende beýle adam ýok” diýip jogap berdi. Sudýa, “öz goragyňa çykyş etmek isleýärmiň?” diýdi. Ol hem, “Islemeýän” diýip kesgitli jogap berdi-de, özüniň günäsizdigini gözünden duýulmazlygy üçin aşak seretdi. Sud derrew höküm çykaryp, oňa ölüm jezasyny berdi. Suduň hökümi erine etirilmezden bir gün öň höküm edilen gepläp ugrady. Ol türmäniň naçalnigineň gelmegini haýyş etdi. Haçanda, türmäniň naçalnigi gelende, öz islegini aýtdy: “Men sizden tiz wagtda öldürilip ýok boljak adamyň iň soňky islegine razy bolmagyňyzy soraýaryn. Maňa hat ýazar ýaly kiçijik kagyz, sürgüç, syýa hem-de ruçka beriň. Men ölenden soň bukçany açman, ony görkezilen adres boýunça ibermegi Hudaýyň öňünde wada ediň. Bu erde hiç bir erbetlik ýok, maňa ynanaýyň. Mer ertir Hudaýyň alnynda durmaly bolaryn we men ömrümiň iň soňky sagatlarynda-da ýalan gepläp bilmerin”. Naçalnik tussag edileniň ýüzüne üns bilen seretdi. Ol onuň sözlerine nähili ynanjagyny bilmese-de, onuň iň soňky islegine ýok diýip-de bilmedi. Tussag edilen bütin kalby bilen şu haýyşan siňen ýaly göründi. Ol rahat we mähirli seredýärdi we onuň gözlerinden nähilidir bir adaty däl yşyk gelýärdi. Tussag edileniň soran haýyşyny doly eriine etirjekdigine wada berdi. Giçlik türmäni barlag edeninden soň, onuň agzy sürgüç bilen möhürlenen bukjasyny aldy. Gije soňlap gelýärdi. Bu gije, ebediligiň bosagasyna golaýlaşýan we beýleki dünýäni görýän adam ýaly Hudaýa dogada dyz çöken tussag üçin rahat geçse-de, ol ukusyz gijedi. Daň agardy. Ony ölüme äkitjek adamlar hem, beýleki adamlar ýaly, öz işine başladylar. Bir sagatda…bary gutardy. Şondan soň, tiz wagtda eli bukjaly biri ýola düşdi. Ol iki dogan ýaşaýan jaýyň gapysyny kakdy. Gapyny ýüzi howsalaly, gorkudan ak tam bolan bir ýaş ýigit açyp, bukjany kabul etdi. Ol, hamana diersiň oňa däl ýaly, bukja geňlik bilen seretdi. Ahyr soňy ony açyp, haty okady. Okap boldy-da zaryn seslendi. Aklynda däl ýaly, ilki gapa tarap, onsoň yza özüni oklady. Ol durşy bilen saňňyldaýardy. Bukjadaky hatda näme ýazylgydy? Diňe birnäçe söz: “Ertir, seniň geýimiňde, seniň deregiňe men ölerin. Sen bolsa meniň geýmimde täze, dogruçyl durmuşda ýaşap bilersiň. Seniň eriňe men ölerin!” -Ol eňildi. Bu sözler günäden we gorkudan daşa öwrülen, buz ýaly ýüregini eretdi we ony doldurdy. Indi, ýaňy ukudan açylan ýaly, batly gygyrdy: “Seniň deregiňe men ölerin!… Belki, on heniz ölen däldir!”. Ol agasyny halas etmek üçin daşaryk ylgap çykdy. Ol türmä gelende ony sakladylar. Ol özüniň naçalngiň ýanyna goýberilmegini talap etdi. Onuň şeýle bir janygyp soraýanlygy üçin türmäniň sakçysynyň rehmi gelip, ony naçalnigiň ýanyna goýberdi. “Seniň deregiňe men ölerin!”-Bu sözleri okanda olar naçalnigiň hem kalbyny gozgady. Ölüme höküm edileniň haýyşy, özüniň oňa garşy çykyp bilmedik mylaýym we rahat seredişi naçalnigiň ýadyndady. Güýçli tolgunma bilen ol haty sudýa getirdi. Sudýa haty okap, bar zady boýun alan we öz gürrüňini: “Maňa jeza beriň, men günälidim” diiýip soňlan, hakyky günäkäri sorag etdi. Şeýle hem bolsa, ölen agasynyň sözleri öz güýjüni ýitirmändi. Ol sözler sudýa üçin mukaddesdi. Ol ret edip bolmajak we manysy peselmejek gurbanlyk getiripdi. Sudýa şeýle beýik söýgä eýe bolan ýaş ýigide onuň ýürek agyrysyny paýlaşýan ýaly seretdi. Ol ölüm jezasy barada aýdybam oturman, hatda ony günäkär etmäge-de hakynyň ýokdugyna düşünýärdi. Şeýlelikde, doganlaryň kiçisine ýaşaýyş we azatlyk üpjün edilipdi. Günäsi üçin jeza berilmedik jenaýatkär eli hatly öýüne dolanyp geldi. Ol perişan halda, günä ýüküniň astynda perýat edip, Hudaýa ýüzlendi. Öz derdini toba etmek bilen Oňa açdy. Ol gözýaş döküp doga etdi: “Taňrym- Hudaý, meni günälerimde heläk bolmaga taşlama! Olar üçin başga biri öldi. Maňa ýamanlyga garşy durmaga kömek et. Meniň erime öleniň geýimlerini geýmäge meni mynasyp et. Men geýmimi arassa saklar ýaly maňa rehim et we meni her bir günäden gora!” Şol pursatdan başlap adamlar ony tanamaýardylar. Ol özgerdi. Ol adamlaryň arasynda ýat ýurtly adama meňzeýärdi. Şeýle hem bolsa ol olara söýgüden we duýgudaşlykdan doludy. Ilkibaşda dostlary ony ozalky ýaşaýşyna çekjek bolup dyrjaşdylar, emma ol hemmelere mylaýym, ýöne aýgytly jogap bererdi: “Bu geýimde men gelip biljek däl. Meniň doganym onuň ýally erlere barmazdy”. Ýuwaş-ýuwaşdan olar zat diýmediler, beýleki adamlar bolsa oňa we onuň geýmine hormat bilen seredýärdiler. Köp adamlar onuň Hudaýa bagş edilen durmuşyny görüp, özleri-de günäden ýüz öwürdiler. Köp ýyllar geçdi, onuň durmuşy oňat miweleri getirdi. Soňra Hudaý onuň: “Maňa ölmäge rugsat ber” diýip, has ir eden haýyşyna jogap berdi.

Haçanda bu dünýädäki ýaşaýyş tamamlananda, baky ýa-da ebedi ýaşaýyş başlanýar. Wagt geldi we bu iki doganlar ebedilikde (bakyýetde) duşuşdylar. Indi olara hiç wagt biri-birinden aýrylmak gerek bolmaz! Meniň gürrüňim soňuna etdi. Emma biziň günlerimizde-de, biziň her birimiz üçin onuň täsiri bar, şeýle-de şu setirleri okap duran gadyrly dostum sen üçin hem. Belki-de, eliňde Injil tutmaga seniň mümkinçiligiň bolandyr, ony okansyň ýa-da ol hakda eşidensiň. Emma sen ony ähli beýleki zatlar ýaly ýüzleý kabul edensiň. Injiliň Isa Mesih baradaky, Halasgäriň ýaşaýşy we ölümi baradaky taglymatyny kabul etmegiňi haýyş edýärin. Çünki ýokardaky waka meňzeşlikde, Ol seni eke bir geljek jezadan we baky dowzahdan halas etmek üçin däl, eýsem Ol seni günälilikden we günäniň güýjünden azat edip, saňa dogry ýaşaýşa güýç bermek üçin hem Öz janyny berdi. Onuň gany bilen ýuwlup, Onuň dogrulygyna geýinmegiň üçin, Onuň Ruhundan doglup, seniň päk we günäden azat bolan Hudaýyň perzendi bolmagyň üçin Ol seniň deregiňe öldi (Tit.3:5-7, Filip.2:14-15). Bu barada ýürekde pikirlen-de aýt, bular saňa ýönelen Biribaryň sözleri dälmi-kä? Oýlan, nähili edip Ol, seniň günäler ýüküňi Öz üstüne almak bilen, seniň geýmiňde, seniň deregiňe öldi. Ol muny seniň halas bolma geýmini geýnip, Onuň dogrulygynda we päkliginde ýaşap bilmegiň üçin etdi. Reb Isa bize: “Özümiň doganlarym” diýmekden utanmaýar.. (Ewr.2:11) Ol bize meňzeş bolupdy, emma bizi günäniň höküminden gaňryp almak we “Hudaýlyk tebigata şärik etmek, şeýle hem Onuň şalygynyň mirasçylary etmek üçin Ol günäsiz bolupdy! Injil seniň günäleriň üçin seniň eriňe ölen Isa Mesihden hatdyr. Onuň hatyna seniň jogabyň nahili bolar? Ölüm Isany elinde saklap bilmedi. Ol ölümi eňip direldi we senden Özi üçin kalbyňy açmagyňy soraýar: “Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn, biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin.” (Ylham 3:20)

“Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi”. (2 Kor. 5:21)

“Ol ýaşaýan artykmaç özleri üçin däl-de, olar ugrunda Ölen we Direlen üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi”. (2Kor. 5:15)

“Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagymyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi; siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz”. (1Pet.2:24)

“Ol biziň günälerimiz üçin alnypdy we biziň jenaýatlarymyz üçin gynalypdy; dünýäniň jezasy Oňa ýüklenipdi we biz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyk”. (Işaýa pygamber 53:5)

“Şunluk bilen, öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy egniňizden çykaryň… Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginide döredilen täze ýaradylyşy geýniň”. (Efes.4:21-24)

“Isa iman eden her kesiň Onuň ady bilen günäsiniň ötüljegine ähli pygamberler güwä geçýär”. (Resul.işl.10:43) Ol saňa gutulyş ellerini uzadýar, Ony kabul et, halas bolarsyň!
Sen Isa Mesihi Halasgäriň hökmünde şuňa meňzeş sözler bilen ýürek kalbyňdan ýüzlenip kabul edip bilersiň: “Halasgär Isa Mesih, men özümiň günälidigimi we öz özümi halas edip bilmejegimi boýun alýan, Seniň meniň günälerim üçin Öz janyň bilen töleg töläniňe minnetdar! Meniň kalbyma gir we maňa täze ýaşaýşyňy ber! Biribar Hudaýym Isa Mesihdäki gutulyşyň üçin minnetdar, men ony kabul edýärin! Omyn

posted in Durmuşyň Manysy näme, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments

31st March 2008

Uzak Ýurtdan Hat

 

Uzak ýurtdan hat
Size Abdyl Kadyr hakdaky gürrüňi diňlemegiň gyzykly boljakdygyny men bilýärin. Onuň ata-enesi ýogalypdy. Ol wagt Abdyl heniz iki hem ýaşamandy. Olar öz ogluna uly baýlyk we birnäçe jaýlary miras galdyrdylar. Çaga we onuň emlägine kakasynyň dogany hossarlyk edip ugrady. Adaty şertlerde şeýle ylalaşyk doly amatly bolardy. Emma Abdylyň daýysy örän zalym adamdy. Ol çagany başga bir daş erdäki garyndaşlarynyňka iberdi, olar-da çaga barada hiç bir alada etmeýärdiler. Soňra daýysy Abdyl Kadyr ölüpdir dien myş-myş ýaýratdy. Ol özüniň şahsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin Abdylyň emlägini satyp, pullary harçlapdy.Abdyl ulalanda ol özüniň adamlaryň rehmine mätäç, öýsüz-öwzarsyz etimdigine göz etirdi. Şu döwürden başlap, ol bir döüm çörek üçin meýdanda agyr zähmet çekmelidi. Şonuň netijesinde ol zordan okamagy we ýazmagy öwrendi. Ýyllar geçip, Abdyl ýigrimi iki ýaşady. Bir gün giç agşam, eke özi öýünde otyrka, oňa öz adyna iberilen bir bukja gelip gowuşdy. Ol –hatdy! Siz onuň togunmasyny bir görsediňiz! Ertesi ol meýdana gelensoň, töwerekde hiç kimiň görmeýändigine göz etirip, bukjany açdy we kynlyk bilen okamaga durdy:
Hormatly Mübärek ogly Abdyl Kadyra: saňa parahatlyk bolsun!Haty ýazýan men-Abdyl Eziz, ejeň dogany. Birnäçe ýyl ozal men seniň nähili ýagdaýlara düşendigiňi eşitdim. Seniň diridigiňe men şatlygymdan iki bolup bilmedim, çünki sen meniň tenimden ten we ganymdan hem gansyň. Meniň ýüregim saňa ýüzlenýär.
Gadyrly Abdyl Kadyr. Kakaň saňa goýup giden mal-mülkünden mahrum eden duşmanlaryňyň arasyndadygyňa sen heniz güman hem etmeýärsiň. Men şeýle gynançly hakykat barada eşidenimde, ene-de saňa degişli bolar ýaly, seniň emlägiňi yzyna satyn almagy karar etdim. Indi, köpýyllyk tagallalar bilen men uly töleg tölänimden soň, seniň ägirt uly emlägiň babatda dokumente eýe boldum. Ol document Kazynyň elinde, onuň adyny we adresini hatyň ýanyna goşandyryn. Ol dokumentde seniň eke goluň kemlik edýär we şonda ähli emläk seniňki bolar. Indi bolsa şu haty al-da Kazynyň ýanyna bar we özüňi tassykla. Ertesi biz duşuşanda bile şatlanarys.
Beýle zady Abdyl öz ömründe hiç haçan eşitmändi. Ol namä ynanjagyny bilenokdy. Ýaş, garyp ýigit galan ömrüni bir döwüm çörek ugrunda gul ýaly geçirmelimi? Ýa hakykatdan hem ol ägirt uly baýlygyň eýesimikä? Şeýle howsala düşenligi üçin ol haty näçe gezek okandygyny hem bilmeýärdi. Ahyr soňy hojaýyn görmez ýaly ol haty daşyň astynda gizledi. Emma ertesi irden ol ähli zady hojaýynyna gürrüň berdi. Hojaýyn güýçli gazaplandy. “Sen nähili samsyk ýigit! Sen, name, dünýäde Abdyl Kadyr eke men diýip pikir edýäňmi? Bu hat seniň üçin däl, başga bir Abdyl Kadyr üçin nietlenen”. Muňa ýaş ýigit, şeýle jogap berdi: “Şeýle bolmagy-da mümkin, ýöne her halda hatda meniň hem adym bar. Men ol ere giderin we ähli zat barada bilerin, soňra name boljagyny göreris!”
Hojaýyn Abdyl Kadyry haty görkezmäge yryp ugrady. Hatda onuň haýbat atmagy hem biderek bolup çykdy. Gün ýaşmazynyň öňüsyrasynda Abdyl Kadyr haty gizlän erine gizlinlikde geldi. Ol ony öwran-öwran okap çykdy. Şol agşam nahardan soň, käbirleri Abdyl Kadyra şeýle diýdiler: “Ýigit, bizi diňle-de, parasatly maslahaty Kabul et. Saňa gelen ol hata ynanma. Kimdir biri seniň üstünden güljek bolyp, seni aldaýar. Bu hat ýalan we ondaky gol hem galp. Biz haty getiräý, biz onuň toslamadygyny subut ederis”. Bu gezegem Abdyl Kadyr olaryň aýdanyny etmedi. Ýaşulylar örän gaharly bolsalar-da, hiç zat edip bilmejekdigini duýdular.
Şeýle hem bolsa, ýaşulylar Abdyl Kadyryň ýüreginde şübhe döretdiler. Aýdaly olar dogrumyşyn. Ertesi ol bazaar gidend adamlardan bu barada soramagy ýüregine düwdi. Köp soraglap, ahyr soňy hatyň iberilen eri barada bilýän adamy tapdy.
Ol dam bir ýyl mundane öň ol şäherde bolan eken. Gürrüňini dowam etdirip, ol adam şeýle diýdi: “Ol şäherde Abdyl Eziz atly bir adam ýaşaýar. Şäher adamlary onuň aýratyn häsietli we oňat adamdygy barada gürrüň edýärler. Olaryň aýdyşyna görä, ol örän gurply adam, ýöne soňky bir ýylyň dowamynda güýçli işläp, girdejisini nähilidir bir geň maksat üçin süýşürip, özi garyp ýagdaýda ýaşapdyr”.
Abdyl Eziziň agyr zähmetiniň maksady gürrüň berýäne düşnüksiz ýaly bolup görünsede, Abdyl Kadyr muňa düşünýärdi. Onuň ýüregi umyt we şatlyk bilen güpürdäp, şu wagta çenli bilmedik duýgulary başdan geçirýärdi. Ol Abdyl Eziziň agyr zähmetiniň maksadynyň söýgüdigini bilýärdi. Onuň ozone, Abdyl Kadyra bolan söýgüdi.
Abdyl Kadyr ol şähere gitmäge hyýallanýandygyny ene bir ýola hojaýynyna bildirdi. Hojaýyn türmä basaryn diýip, ene-de haýbat atdy. Ol şeýle hem etid. Emma Hudaý Abdyl bilendi. Ol diwaryň aşagyndan çykalga etmek üçin gije güýçli işledi. Çykalga edip, ol gaçdy. Aýyň ýagtysynda gizlän hatyny tapdy-da, Abdyl Eziziň şäherine ugrady. Adamlardan ugur sorap, birnäçe hepdeläp ýol ýörenden soň, şähere etdi we Kazynyň öýüni tapdy. Eden syýahatynda ol ene-de ençeme gezek haty okady! Hat ony ruhlandyrýardy, umyt berýärdi.
Kazy kakylýan gapysyny açanda gözi düşen ýaş ýigidi uly emlägiň eýesine meňzemeýärdi. Abdyl Kadyr ýola azyk almak üçin özüniň bar bolanja ähli zadyny satypdy. Eşigi ýyrtykdy, aýagy ýalaňaçdy, emma şeýle hem bolsa Kazy Abdyl Kadyryň özüniň tanyş edip, haty görkezmeginden hoşal boldy. Ol: “Sen gowy edipsiň” diýdi. “Abdyl Eziz seni gelmäge mejbur edesi gelmedi. Özüniň beren wadasyna ynanyp, seniň şeýle ýoly söküp gejekdigiňi bilmek isledi. Şondan soň sen öz emlägiňe eýe bolup bilerdiň”. Şol gije ýatanynda Abdyl Kadyr özüni nähili duýýandygyny siz göz öňüne getirip bilersiňizmi? Ýok, ol bularyň düýş däldigine doly ynanmalydy. Ol hakykatdan hem uly baýlygyň, birnäçe jaýlaryň eýesidi. Ol özüniň täze emlägini dogry ulanjakdygyna wada berdi.
Şol günden başlap Abdyl Kadyryň şatlygy barada we özünde bar zatlaryň gözelligine guwanyşy barada aýdyp oturmagyň geregi ýok. Emma ähli zatdan artyk ol Abdyl Eziz bilen duşuşjak gününi arzuw edýärdi. Sebäbi ol özüniň ähli emlägini hut Abdyl Eziziň satyn alayp, sowgat edendigini ýatdan çykaryp bilmeýärdi. Hakykatda ol satyn alyjyny satyn alnan zatlaryndan gymmat hasaplaýardy!
Gadyrly dostum, mende seniň adyňa uzak ýurtdan gelen hat bar. Bu hat-gökden gelen Mukaddes Injil. Ol seniň üçin Hudaýyň gökde taýýarlan mirasy hakda gürrüň berýär. Ol çüýremez mirasdyr, erdäki wagtlaýyn baýlyklara meňzeş däldir, arassadyr, kämildir we ebedidir. Şol ebedi mirasyň hazynalarynyň arasynda-günäleriň geçilmegi, täze ýaşaýyş we Hudaý bilen ýaraşyk bardyr. Özüniň gökdäki mirasyny saňa we ähli adamzada Hudaýyň eýýäm wesýet edendigini, sen bilýäňmi?
Bu hatda şeýle hem Hudaýyň ol mirasy seniň üçin nähili edip taýýarlandygy barada aýdylýar. Onda seniň üçin Hudaýyň Isa Meishih agyr jebirlere iberendigi aýdylýar. Seniň bähbidiň üçin Isa Mesih Göklerdäki Patyşalygynyň şöhratyny hem-de baýlygyny taşlap, Özüni gurban berdi. Ol Öz janyny seniň üçin bermäge ynsan kimin bu dünýä geldi. Onuň ölülerden direlmegi bolsa Onuň mirasynyň hakykatdan saňa degişlidigi baradaky Hudaýyň beren subutnamasydyr.
Emma name üçin Mesih seniň üçin bu zatlary etdi-kä? Sebäbi, bu hatda aýdylyşy ýaly, sen duşman-şeýtanyň elindesiň. Ol seniň mirasyň ogurlamak isledi. Ol seniň bu zatlar barada hiç zat bilmezligiň üçin seni garaňkylykda we gapyllykda saklamak isleýär. Hudaýyň seni söýýänligi sebäpli, seniň mirasyňy halas etmek we seni şeýtanyň zynjyrlaryndan azat etmek üçin Mesih kän zähmet çekdi.
Gadyrly dostum, sen Hudaýyň bu wadasyna ynanýarsyňmy? Ozalky günäli ýaşaýşyňy we şeýtanyň elindäki gulçulygy taşlamaga sen erk edip bilermiň? Sen Hudaýyň berjek bolýan beýik sowgadyny almaga taýynmy? Elbetde, bu zatlar ýalan diýip käbir adamlaryň seni yryp ugrajagy şübhesizdir. Olar seniň ozalky ýaşaýşyň dogrudygyny subut edip ugrarlar. Beýlekiler bolsa bu hat, Injil, seniň üçin däl, başga biri üçin ýazylan diýerler. Ene birileri bu hat hakyky däl, onuň mazmuny galplaşdyrylypdyr, ähli wadalary bolsa-ýalan dierler.
Her niçik-de bolsa, gadyrly dost, bu hat ähli günäkärler bilen birlikde saňa ýollanandyr. Ony açyk ýürek bilen üns berip oka. Haçanda onuň hakykylygyny göreniňde we ebedilik mirasyň gymmatyny bileniňde, seniň ýüregiň hem edil Abdyl Kadyryň ýüregi ýaly özüniň eýe bolan täze zatlaryna guwanar. Sen Isa Mesihiň seniň üçin gazanan günäleriň geçilmegine, rahatlyga hemde täze ýaşýaýşa eýe bolarsyň. Sen hem Onuň bilen duşyşyga sabyrsyz garaşarsyň
Hudaý beýik! Onuň ähli eden işleri üçin Oňa şöhrat bolsun!
“Emma Ol Özüni Kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň ogullary bolma hakyny berdi.” (Ýahýa 1:12)
“Şeýlelikde, sen indi gul däl-de, ogulsyň. Ogul bolsaň onda Isa Mesih arkaly Hudaý seni mirasçy hem edendir.”
(Galat. 4:7)

posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 0 Comments

26th March 2008

TAÝYN BOL!

perfectly_ready.jpg

HUDAÝYŇ BILEN DUŞUŞMAGA TAÝYN BOL!

Siziň bu okaýan ýüzlenmäňiz Injildäki tekste esaslanandyr. Hudaý: “Şonuň üçin Men seniň bilen şeýle edýärin, Ysraýyl; seniň bilen näme edýändigimi görä-de, öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol, Ysraýyl” (Amo 4:12). Bu aýat, Hudaýyň öňündäki ebedi ýörelgäni habar berýär. “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” - bu, islendik nesile edilýän çakylyk we duýduryşdyr.

Amerikadyky iň uly demir ýol kompaniýasy, demir ýol geçelgelerinde polat parawozlar bilen awtoulagdyr ýük maşynlarynyň arasyndaky döreýän howply çaknyşyklaryň öňüni almak maksady bilen, geçelgelerde duýduryş hökmünde hyzmat etjek iň gowy üç sözi tapan adama 2,500 amerikan dollaryny baýrak berjekdigini yglan etdi. Akylly we bagtly adamlaryň biri, baýragy almak üçin häzirki wagtda geçelgelerde gabat gelýän: “SAKLAN! ÄGÄ BOL! GULAK AS!” diýen sözleri teklip etdi. Bu sözleriň her biri 833 dollara barabardy. Eger şol sözler berjaý edilmese, geçelgäni kesip geçýän üçin olar düýbünden peýdasyz boljakdy. Eger adamlar saklanmak islemese, “SAKLAN!” sözüniň peýdasy näme? Eger hiç kim ägä bolmak islemese, “ÄGÄ BOL!” sözünden nähili peýda bolar? Eger biz gulak asmak islemesek, “GULAK AS!” sözi nähili duýduryşy aňladar? Eger siz gulak asmasaňyz we taýynlanmasaňyz, ebedilik taýynlyk baradaky çakylyklary, edil ýaňky mysallar ýaly ýene köp gezek eşidip bilersiňiz.

1. Ýönekeý sözlere üns beriň. Mysal getirilen tekstiň her biz sözünde adatdan daşary ýönekeýlik bardyr. Injilde: “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” – diýlipdir. Taýynlanmak – bu, taýyn bolmagy aňladýar: ölüme taýyn bolmak, Höküme taýyn bolmak, Rebbiň gelmegine taýyn bolmak. Mukaddes Ýazgy adamlaryň bu dünýä gelip dogulaly bäri, Hudaý bilen duşuşyga taýyn däldigine şaýatlyk edýär. Hudaý, islendik adamyň kanunsyzlykda dogulandygyny aýdýar. Beýle diýildigi, biziň Hudaý bilen bu dünýäde duşuşmagymyz üçin, günälerimiziň bizden aýrylmalydygyny aňladýar. Injil hem Isa Mesihiň ganyndan başga hiç zadyň günäni ýuwup bilmejekdigini anyk yglan edýär. Resul Ýahýa öz hatynda: “… Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir” – diýýär (1Ýah. 1:7). “Taýyn bol” sözi – örän ýönekeý sözdür, onda hiç hili zat gizlenen däldir. Bu tekstiň sözleri matematikanyň meselesi-de däldir. Islendik adam olaryň näme aňladýandygyny bilýändir. “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” – jümlesi, Hudaý bilen duşuşmaga taýyn bolmagy aňladýar. Bu, edil smolanyň (gara sakgyz – şepbeşigiň) garyň ýüzündäki zolagy ýaly aýdyňdyr. Köp adamlar, nähili-de bolsa bu ýönekeý sözleri nädogry kabul edýärler. Birleri öýlenmäge taýynlanýar, başga birleri dynç alyşa gitmäge taýynlanýar. Köp adamlar çagalaryny mekdebe taýynlaýar. Köpler, pensiýa üçin goýlan pullary garran çaglary ulanmak üçin, garrylyga taýynlanýar. Ýöne olar, diňe özleriniň durmuşynda wajyp zat bolan, ebedilikde Hudaý bilen duşuşmaga taýynlanmaýarlar. Dost, Injiliň bu ýönekeý sözlerine gulak goý, – öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol.

2. Hudaý bilen boljak duşuşyk gutulgysyzdyr. Bir zat şübhesizidir. Ol hem, ähli adamyň Hudaý bilen duşuşmagydyr. Isle baý bolsun isle-de garyp, isle garry bolsun isle-de ýaş, isle bilimli bolsun isle-de bilimsiz – hemmeler Hudaý bilen duşuşarlar. Siz, bu dünýäde, bu durmuşyňyzda, şertlenen ähli duşuşyklaryňyzy üýtgedip bilersiňiz. Emma, ýekeje duşuşyk – hemişe öz güýjünde galýandyr. Size, özüňizi ýaradan Hudaý bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak garaşýandyr. Mukaddes Ýazgy: “Her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer” – diýýär (Rim.14:12).

Belki, bu, duýdansyz ölüm bolup biler. Sizi hem, öňünden duýdurmazdan Hudaýyň ýanyna alyp giderler. Bir garry şotland wagyzçysy bir gezek öz obadaşynyň dükanyna gidipdir. “Wagyzçy, gapyny kakman, bir söz aýtman dükana girende, men bir iş bilen gümra bolup ýördüm” – diýip, soň şol dükanyň eýesi gürrüň berýär. Wagyzçy: “Siz maňa garaşýaňyzmy?” – diýýär. “Ýok, jenap, garaşmandym.” – diýip, dükanyň eýesi jogap beýär. Wagyzçy biraz dymyp duransoň, ýüzüni gamaşdyryp: “Eger bu ölüm bolsa näme?” – diýýär-de, gelişi ýaly basym çykyp gidýär. Dükanyň eýesi, soň bu ýagdaý barada gürrüň berip, wagyzçynyň aýdanlarynyň özüni oýlanmaga mejbur edendigini ýatlaýar. Netije-de, dükanyň eýesi Reb Isa iman etdi. Mesihi üçin Hudaý bilen duşuşmak örän ajaýyp başdan geçirme bolar. Resul Pawlus öz ömrüniň soňunda: “Çünki men eýýäm Hudaýa hödürlenen şerap kimin dökülip durun, meniň bu dünýäden ötmeli wagtym geldi” – diýýär (2Tim. 4:6). Ol bu sözleri aýdanyndan soň, basym ölüm hem gelip ýetdi. Hatda, imanly üçin Hudaý bilen duşuşmak – gorkuly synagdyr. Injil şeýle diýýär: “Diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir” (Ýew.10:31). “Reb sabyrlydyr we rehimdardyr, Ol kanunsyzlygy we jenaýaty bagyşlaýandyr” (San.14:18). Emma Ol günäkäri-de jezasyz goýmaýar. Eger siz Hudaýyň söýgüsini äsgermeseňiz, Onuň berýän gutulyşyny ret etseňiz, Onuň duýduryşlaryna üns bermeseňiz, onda Onuň öňünde durjak günüňiz, siziň üçin elhenç gün bolar.

3. Soňa goýmak bolgusyzlykdyr Biziň her birimiz Hudaýyň garşysyna köp günä etdik. Hudaýyň adalatlylygy günälerimiz üçin jeza berilmegini talap edýär. Hudaýyň bize bolan söýgüsi bolsa, adalatlyk talabyna jogap berýär. Bu jogap hem – Hudaýyň Ýeke-täk Oglunyň ölümi bilen düşündirilýändir. Işaýa pygamber: “Hudaý Oňa biziň hemmämiziň günälerimizi ýükledi” – diýýär (Iş.53:6). Mesihiň ölmüniň biziň günälerimize hakykatdan hem töleg bolmagy üçin, bize Ony öz ýüregimize kabul etmek zerurdyr. Emma, köp adamlar muny soňa goýmaga ýykgyn edipdirler. Soňa goýmak – bu, “yza süýşürmekdir”. Injil Resul Pawlusyň (Iudeýiň rim hökümdary) Felikse Hudaýyň halas ediş ýoly barada wagyz edendigini beýan edýär. Şonda Feliks gorkup: “Häzirlikçe git, pursat tapan mahalym seni çagyrdaryn” – diýýär (Res.işl. 24:25). Biziň islendik birimiz agşama çenli ýaşamazlygymyz mümkin – bu, tassyklama-da degişme däldir! Biz ölümiň haçan geljekdigini bilmeýäris, emma Hudaý bizi çagyran wagty – biz barmaly bolarys. Käbir adamlar sagadyň 11 bolmagyna garaşýarlar, şondan soň olar öz ýüregini Hudaýa bermek isleýärler. Emma, sagadyň 11 bolmagyna garaşanlaryň köpüsi 10.30-da öldüler. Şunlukda, olar muny hiç wagt etmediler. Soňa goýmak – hemişe howpludyr! Durmuşyň sagady diňe bir gezek tow alýandyr Has giç ýa-da ýene irki wagtda – Olara täzeden şol bolmak berilende Hiç kimiň hem bir zat aýtmaga erki ýokdur

4. Mesihi inkär etmek – akylsyzlykdyr. Gutulyş – bu sylagdyr. Ony gazanyp bolmaz. Injil: “Sebäbi günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr” – diýýär (Rim.6:23). Bu ýerde, günä, edilen iş üçin hak (muzdy) tölenýän hojaýyn bilen deňeşdirilýär. Eger, “günäniň muzdy ölüm” bolýan bolsa, onda aýatyň ikinji böleginde şeýle diýilmeli ýaly: “Dogrulyk üçin sylag – ýaşaýyşdyr”. Emma, aýatda sadaja seýle diýilýär: “Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr” . Ebedi ýaşaýyş – bu, sylagdyr. Hudaý gutulyşy satmaga büs-bütin garşy bolýar. Emma, Injiliň soňky sahypasynda, siz jemleýiji çakylygy taparsyňyz: “Ruh we gelin: “Gel!” diýýär. Her eşiden “Gel!” diýsin. Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn” (Ylh.22:17). Gutulyş – Hudaýyň sylagydyr. Köpler, özleriniň eden oňat işleri arkaly, öz dininiň işine we däplerine işjeň gatnaşýanlygy arkaly, Hudaý bilen boljak duşuşyga taýynlanýarlar. Emma Injil, Hudaýyň bizi “dogrulyk bilen bitiren işlerimiz üçin däl-de, Öz rehimdarlygy bilen gutarýandygyny” – aýdýar (Tit.3:5). Hiç kim: “Men muny etdim, beýleki zatlary etdim, indi maňa Hudaý gutulyş bermelidir” – diýip, aýdyp bilmez. Mesihiniň durmuşyndaky oňat işler adatdan daşary wajyp zatlardyr, emma olar, günälerimiz üçin töleg bolup hyzmat edip bilmez. Biz, bu dünýä gelip, Öz Ganyny haçda döken we biziň ählimiziň günälerimizi Öz üstüne alan Isa Mesihe eden imanymyz arkaly halas bolup bileris. Reb, Özüniň haçdaky gahrymanlygyny berjaý edip, bize, günälerimiz üçin rehimdarlyk gazanyp berdi. Ine, Hudaýyň rehimdarlygynyň netijesi-de – bize berlen gutulyş sylagydyr.

Elbetde siz, sylag kabul edilmese, sylag bolmajakdygyna, rehimdarlyk inkär edilse, rehimdarlyk bolmajakdygyna göz ýetirýänsiňiz. Amerikanyň taryhynda adaty bolmadyk sud işine garamagyň biri, Jorj Wilsonyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde, Endrýu Jekson Birleşen Ştatlaryň prezidentidi. Wilsona jeza birilmegine üç hepde galanda, Endrýu Jekson, Jorj Wilsonyň köp dostlarynyň towakgasyny nazarda tutup, onuň günäsiniň geçilmegi üçin perman çykardy. Ýöne, hemmeleri geň galdyran zat, Wilsonyň öz günäsiniň geçilmegini inkär etmegidi. Hatda, ol suduň kararyna görä jeza berilmegini-de talap etdi. Şonda, Jorj Wilson, günä geçiş kabul edilmese – günä geçiş däldigini yglan etdi. Taryhda öň hem, söň hem döremedik hukuk ýagdaýy ýüze çykdy duryberdi. Sebäbi, hemişe günä geçiş barada perman çykarylanda, ony şatlyk bilen kabul edýärdiler. Suduň Wılsona jeza bermek baradaky karary ýerine ýetrilmelimi ýa-da günä geçmek baradaky prezidentiň permany berjaý edilmelimi? Kanun, bu sorga jogap berip bilmänsoň, Jekson gutarnykly karar kabul edilmegi üçin Ýokary Sud geňeşligini çagyrdy. Gutarnykly Karar şeýleräk yglan edilipdi: “Günä geçiş – berilýän adamyň kabul edip-etmeýändigine garamazdan, hakyky resminamadyr. Ölüm jezasy berileniň günä geçişi kabul etmejekdigini göz öňüne getirmek kyndyr: emma, günä geçiş inkär edilýän bolsa – günä geçiş ýokdur. Jorj Wilsona ölüm jezasy berilmelidir”. Şunluk bilen, Jorj Wilsony dardan asdylar. Elbetde, köp adamlar, Wilson tarapyndan günä geçilşiň kabul edilmezligini akylsyzlyk hasaplarlar. Ýöne şonda-da, köp adamlar Hudaýyň ýollan günä geçişinden her gün diýen ýaly boýun gaçyrýarlar. Eger siz, bu gün halas edilmedik bolsaňyz, siz – günäniň hökmüniň astyndaky we tüm garaňky dowzahdaky ebedi ejire höküm edilen günäkärsiňiz. Emma Hudaý, bu gün size, ýene günäňiziň geçilýändigini teklip edýär. Ol size ölmegiň zerur däldigini, siziň üçin Isanyň ölendigini aýdýar. Akyl taýdan sagdyn kimdir-biriniň Hudaýyň söýgüsine ýugrulan, Isanyň haçda gazanan günä geçişini inkär edýändigini göz öňüne getirmek kyndyr. Eger siz, ondan boýun gaçyrýan bolsaňyz – onda günä geçiş ýokdur. Beýle bolýan bolsa, günäden gazanylýan netijeleri, özüňiz, öz başyňyzdan geçirmeli bolarsyňyz.

Hudaý Öz Sözünde şeýle çagyryşlary edýär: “Reb Isa iman et” – (Res.işl. 16:31). “Toba ediň, günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň. Ine, şeýdip, siz Mukaddes Ruhuň sylagyny alarsyňyz” (Res.işl. 2:38). Muny, şu gün berjaý ediň!

posted in Durmuşyň Manysy näme, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments

25th March 2008

Pesahyň (Pasha) manysy hakynda

Pesah

 

PESAH (PASHA) BAÝRAMY
Bütin Mesihilik (hristian) dünýäsinde Pesah (Pasha) baýramy giňden, aýratyn bellenip geçilýär. Bu sebäpli biz hem Isa Mesihiň yzyna eýerýan ildeşlerimizi bu baýramçylyk bilen gutlaýarys! Size Rebbimiziň ähli bereketlerini arzuw edýäris. Şeýle hem gysgaça bolsa-da bu Pesah baýramçylygynyň taryhy we manysy hakynda ildeşlerimiz bilen paýlaşmak isledim.
Ehudylar üçin bu baýram Ysraýyl halkynyň gulçulykdan azat bolma baýramçylygy. Isa Mesihiň yzyna eýerijiler üçin bu Isa Mesih arkaly günälerden gutulyş we Isanyň ölümden direlmeginiň ýatlanma baýramydyr. Isa Mesihiň ölümden direlmegi bu geljege bolan umydy we baky ýaşaýşa bolan ynamy tassyklaýar. Ýöne hemmeler bu baýramyň gelip çykyş taryhyny we manysyny bilmeýärler. Mukaddes Ýazgylarda bellenmeli diýip görkezilen her bir baýramçylygyň manysy we simwoliki suratlandyrýan bir hakykaty bar. Geliň şu wagt Pesah baýramynyň gelip çykyş taryhy barada gürrüň edip geçeliň. Pesah (Pasha) dien sözüň manysy “sowulup geçme” diýmegi aňladýar. Müňlerçe ýyllar mundan öň Hudaýyň halky diýip at alan Ysraýyl halky Müsürde gulçulyk çekipdi, ýöne Hudaý olaryň ata babalary Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada edişi ýaly olary Müsüriň gulçulygyndan azat etmek üçin we olara yurt bermek üçin Musa atly pygamberi olara ýollapdyr. Musa arkaly Hudaý Müsür patyşasyna gudratlar we alamatlar görkezipdir. Müsür patyşasy Bar bolan Biribara imansyz bolupdyr we Musanyň berýän duýdyryşlaryny kabul etmändir, Hudaý näçe gudrat görkezsede ýüregini gataldypdyr. Hudaý on sany belany Müsür patyşasynyň we halkynyň başyna inderipdir. Şolaryň onunjysy bilen Pesah ýagny “ sowulyp geçme” baýramçylygy dolylygyna esaslanandyr. Şol onunjy bela-da Hudaý Musa şeýle diýipdi, “her bir adam öz maşgalasy üçin bir arassa, çirksiz we sagdyn guzyny alsyn we ony soýup öldürsin. Ganyny alyp şol guzynyň eti iýiljek jaýyň daşky gapylarynyň gapdal we üstki söýelerine şol gany çalsyn. Bu — Rebbiň Pesahydyr. 12Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. 13Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden aýlanyp geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.
14
Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Maňa bagyşlap, baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.” Hudaý aýdyşy ýaly hem guzynyň gany çalynan her bir öýden “sowulyp geçýär” ýagny ölüm belasy “sowulyp geçýär”. Şol beladan soň Müsür patyşasy Ysraýyl halkyny gulçulykdan azat edýär. Ysraýyl halky soňra Hudaýyň wada eden ýurdyna barýar we ol ýurda eýe bolýarlar. Bu ajaýyp taryh we biziň üçin hem iň wajyp taryh bolup durýar. Munda ruhy many we Hudaýyň bütin adamzat üçin döreden gutulyş ýolunyň nyşany bar. Injilde Isa Alehsalama “Bütin dünýäniň jezasyny öz üstüne aljak Hudaýyň güzusydyr” diýilýär. Ondan başgada Isa Mesih biziň hakyky “Pesahymyzdyr” hem diýip Injil aýdýar. Ysraýyl halkynyň ilkinji dogulan çagalarynyň halas bolmagy üçin guzynyň gany gerekdi. Şol gapylarynyň daşyna çalynan guzynyň gany arkaly olar ölümden halas boldular. Muňa meňzeşlikde Isa Mesih hem adamzat günäsiniň jezasyny çekmek üçin guzy kimin öldürildi we ganyny haçda dökdi. Ölüp jaýlandy we üçünji güni direldi. Hudaý Ysraýyl halkyny gan arkaly gulçulykdan halas edişi ýaly bu günki gün hem her bir ynsanyň günä üçin çekmeli jezasyny Isa Mesihiň gurbanlygy arkaly bagyşlamak isleýär. Isanyň direlmeginiň hakykaty arkaly bolsa diri baky ýaşaýyş üçin ajaýyp umyt berýär. Ysraýyl taryhyndan görşimiz ýaly, olaryň halas bolmagy üçin olaryň erine etirmeli zady bardy. Birinjiden olar Hudaýyň Musa arkaly aýdýan sözlerini kabul edip ynanmalydylar we munuň netijesinde hem şol guzyny öldürip, ganyny bolsa gapylarynyň daşky söýelerine çalmalydylar. Muny berjaý edenler bolsa halas boldylar. Şeýle günälerden gutulyşy hem Hudaý muňa meňzeş ýol bilen amala aşyrdy we aşyrýar. Ol gutulyşda guzynyň gany esasy bolşy ýaly Isa Mesihiň gany hem gutulyş üçin esasydyr. Şol döwürde ýaşaýan jaýlarynyň gapysyna guzynyň ganyny çalmaly boldular, bu gunki gün hem her bir kişi Injiliň Isa Mesih hakyndaky Hoş Habaryna ynanyp, Isanyň döken ganyny iman bilen kabul etse günäleri bagyşlanyp Hudaýyň wada eden jennedine girmäge mümkinçilik alar. Şonda bu baýramçylyk Isa Mesihi Halasgär we Reb hökmünde kabul eden her bir adam üçin hem hakyky manysyna eýe bolar we hakyky baýramçylyk bolar. Isa direldi, Ol hakykatdan hem direldi!
Bu hakynda radio gepleşigimizi hem diňläp bilersiňiz:

posted in Durmuşyň Manysy näme, Radio | 0 Comments

5th March 2008

Näme Üçin Isanyň Yzyna Eýerdiler?

steve-m.jpg

Näme üçin Isanyň yzyna eýerdiler? atly kitap Mukaddes Kitabyň hakykylygy, Isanyň kimligi we Onuň bize näme üçin gerekligi barada wajyp soraglara jogap berýär. Bu kitapda yslamyň däpleri mesihileriň öwredýän zatlary bilen deňeşdirilýär we Injiliň ýada Hoş Habryň aýdýan zatlaryny okamak we olara ynanmak üçin anyk esaslar görkezilýär.

Näme üçin Isanyň yzyna eýerdiler? atly kitap mesihilige düşünmeklikde hakykaty gözleýän musulmanlara kömek berýär.

Stiwen Masud Päkistanda, Orta Gündogarda we Britaniýada ýaşapdy we ýazyjy we dini öwrenýän alym hökmünde gowy tanalýar we hormatlanýandyr.

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

19th February 2008

Gökdäki Öýüm

Diňläp hakykata göz ýetiriň!

Gökdäki Öýüm

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

22nd January 2008

Ruhym Şat Saňa

Ruhym Şat Saňa

 

Hudaý Saňa minnetdar

Meni ýaratdyň

Ogluň ere iberip

Özüň tanatdyň

 

Ruhym şat Saňa

Minnetdar Saňa

Näçe waspyň etsem-de men

Şonça az saňa

 

Öz üstüňe aldyň Sen

Ähli günäni

Meniň üçin öldüň Sen

Çekip jezany

 

Üç günden soň direlip

Haýrana goýduň

Meň durmuşyma girip

Arkadag bolduň

posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 0 Comments

18th January 2008

Şeýtan we Perişdeler

Şeýtan we Perişdeler

Işaýa14; Ezekiel 28

Salam gadyrly diňleýjiler! Biz sizi Özüniň döreden ýoluna her birimiziň düşünmegimizi, kabul etmegimizi we munuň netijesinde Özi bilen baky parahatçylykda bolmagymyzy isleýän Parahatçylyk we merhemet Hudaýynyň adyndan bu gunki Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimize hoş geldiňiz diýýäris!

Geçen radio gepleşigimizde, Mukaddes Ýazgylardaky ilkinji aýady okadyk: “Başda Hudaý gögi we eri ýaratdy.” (Başlangyç 1:1) Hudaýdan başga ähli zatlaryň başlangyjynyň bardygyny biz siziň bilen gördük. Ozal başda hiç zat ýok wagtynda, diňe Biri ýaşaýardy. Ol bar bolan Biride Hudaýdy.

Ozal başda diňe Ol bardy. Hudaý Bakyýet Rebbidir. Hudaý beýikdir we Onuň deňi-taýy ýokdyr. Onuň başlangyjyda we soňyda ýokdyr. Ol hiç zada mätäç däldir. Ol çäklendirilen däldir. Hudaý ruhdyr we hemme erde bir wagtda bolup bilýändir. Ol ähli zatlardan we hemmelerden hem ýokarydyr. Ol ähli zady doldurýandyr. Ol ähli zady görýändir. Ol ähli zady bilýändir. Ol aýratyndyr. Hudaý beýikdir! Şonuň üçin Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär: “Ölümsizligiň eke-täk eýesi, etdirmez nurda ýaşaýan, hiç bir ynsanyň görmedik hem görüp bilmejek Hudaýy Mesihi öz wagtynda görkezer. Hormat hem gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn!” (1Tim.6:16)

Bu gün bolsa, Pygamberleriň Ýazgylaryndan üçinni sapagymyzy başlarys. Bu gunki radio eşitdirmämizde, Hudaýyň Sözüniň perişdeler we Şeýtan hakynda öwredýänleri hakynda öwreneris. Perişdeleriň nireden gelendigini bilýärsiňizmi? Ýada Şeýtan we jyn-arwahlarlyň nireden gelendigini bilýärmisiň? Eger Hudaý bu hakynda bize aýtmadyk bolsa, onda biz bulary bilip bilmeýäris. Ýöne Hudaý olar hakynda bize Öz Sözünde aýdýar. Şonuň üçin geliň, Şeýtan we perişdeler hakynda hakykatlary bilmek üçin Mukaddes Ýazgylara seredip geçeliň. Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimizde, Pygamberleriň Ýazgylaryny yzygiderli başyndan soňuna çenli öwrenýändigimizi, size ýatlatmak isleýäris. Şonuň üçin, geçen gepleşigimizde biz Hudaý hakynda öwrendi, çünki ähli zatdan öň bolan Hudaýdyr. Indiki gepleşigimizde bolsa, Hudaýyň dünýäni we ondaky ähli zatlry ýaradyşyny öwreneris. Ýöne, Hudaý dünýäni we ondaky zatlary ýaratmazdan öň, başga bir zady: perişdeleri ýaradypdyr.

Hudaýyň Sözi perişdeler hakynda köp zatlar aýdýar. Bu gun biz ýaradylan bu perişdeler hakynda gaty wajyp hakykatlary öwrenmegi jemläris. Ruh bolan Huday köp wagt ozal perişdeler diýip atlandyrylan ruhlary döredipdir. Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär: “Perişdeleriň ählisi…ruhlardyr.” (Ewreýler 1:14) “Ol perişdelerini ýel, hyzmatkärlerini ot ýalny edýändir.” (Ewreýler 1:7) Şeýlelikde, perişdeleriň ruhdygyny bize aýdýar. Olaryň bolşy el we ot bilen deňeşdirilen. Biz eli görüp bilmeýäris. Hiç kim ody tutup bilmeýär. Perişdeler hem ine şolara meňzeýär. Hudaý olary biz ýaly tende ýaratmandyr. Biz ynsanlar beden we ruh bilen ýaradylypdyrys. Ýöne, perişdeler bolsa diňe ruhdyrlar. Şonuň üçin biz olary görüp bilmeýäris.

Hudaý näçe sany perişde ýaradypdyr? Ol hakynda Mukaddes Ýazgy näme diýýär? Hudaýyň sanardan köp perişdeleri ýaradandygyny, Ýazgy aýdýar. Belentlerde, Hudaýyň huzurynda, “bir topar perişdeler…olaryň sany müňlerçe müňler, on müňlerçe on müňlerdi.” (Ylham 5:11) Biziň Rebbimiz Hudaý beýikdir! Çäksiz bolan Hudaý, Özi üçin müňlerçe müňler owadan, gowy we akylly perişdeleri ýaradypdyr. Hudaýyň perişdeleriniň beýik güjçiniň bardygyny bize Mukaddes Ýazgylar aýdýar. Olar bizden has güýçlidirler. Ýöne şol bir hatarda, ähli ýaradylanlar ýaly olaryň güýji hem çäklidir. Olar ähli zada güýji etýän däldir. Olar hemme erde bolup bilmeýärler we hemme zady bilmeýärler. Olar hem ýardylyşdyrlar. Diňe Biri çäksizdir. Ol Biride Hudaýdyr.

Perişdeler hakynda biziň bäşga bir düşünmeli zadymyz: Hudaý perişdeleri ýaradanda olaryň ählisi mukaddes ýaradylyşdylar. Başda hiç hili erbet perişde ýokdy. Başda (Iblis) Şeýtan ýokdy. Erbet ruhlar ýokdy. Biz bir zady gowy ýatda saklamaly: Hudaý diňe bir zatdan başga hemme zat edip bilýär. Hudaý erbet zady edip bilmeýär. Muny ýatdan çykarmalyň. Ol gowydyr. Hudaý kemçilik goýberip bilmeýär, çünki Ol kämildir. Günä ondan çykyp bilmeýär, çünki Ol tämiz we mukaddesdir. Hudaýyň oýlaýan we erine etirýän zatlarynyň ählisi gowydyr we kämildir. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär: “Hudaý erbetlik bilen synalýan däldir Onuň özi hem hiç kimi synaýan däldri.”(Ýakyp 1:13b) Bäh, onda erbet ruhlar nireden geldilerkä? Muňa bolan Hudaýyň jogabyny biz tiz eşideris. Ilki bilen, nähili bolsada, perişdeler hakynda biziň ene bir bilmeli zadymyz bar.

Näme üçin Hudaý perişdeleri ýaratdy? Gögiň şatlygynda Hudaýy baky söýmekleri, şöhratlamaklary we Oňa hyzmat etmekleri üçin Hudaý olary ýaradypdyr. Hudaý olaryň eýesidi, çünki Ol olaryň hemmesini ýaradypdy. Olaryň hemmesiň, aýdan, günden we ýyldyzlardan-da belentde bolan Hudaýyň “öýünde” mesgen tutýardylar. Hudaýyň mesgen tutýan bir aýratyn eriniň bardygyny bilýärmiň? Dogry, Hudaýyň hemme erdedigini biz geçen gepleşigimizde öwrendik. Şol bir hatarda, bize Hudaýyň mesgen tutýan ýaşaýan we bütin şöhratynyň bolýan mukaddes, nurdan doly we ajaýyp bir eriniň bardygyny Mukaddes Ýazgy öwredýär. Ol eri, Hudaýyň huzyry ýada Jennet diýip Hudaýyň pygamberleri atlandyrypdyrlar. Ine şol erde Hudaý öz mukaddes perişdeleri bilen bolýar.

Perişdeler hakynda biziň bilmeli ene bir zadymyz bar. Ýagny, perişdeleriň hemmesi bir meňzeş däldigidir. Käbir perişdeler beýlekilerinden has owadan we has akyllydyr. Käbir perişdeler Hudaýyň gökdäki tagtynyň daşyny gurşaýandyr. Beýlekileri bolsa adamlara ýardam berýärler we goraýarlar. Başga perişdeler, mysal üçin Jebraýyl perişde we Mikael perişde ýaly, Hudaýyň huzurynda durup, Onuň erde bellän aýratyn buýruklaryny berjaý edýärler. Käbir perişdeler, başga perişdelere ýolbaşçylyk edýärler. Sen Lusifer dien ady eşidipmidiň? Birwagtlar, Lusiferiň Hudaýyň ähli perişdeleriniň üstünden ýolbaşçylyk eden wagtynyň bolandygyny Hudaýyň Sözi aýdýar. Eger sen Lusiferiň taryhyny bilseň onda, Şeýtanyň nireden gelip çykandygyny bilersiň. Hudaý perişdeleri ýaradanda, Lusiferiň olaryň içinde iň owadany, iň güýçlisi we iň akyllysy bolandygyny Ýazgylar aýdýar. Lusifer diýmek şöhle saçýan diýmegi aňladýar. Lusifer ähli perişdelerden bilimde, akyldarlykda, güýçde we ygtyýarda üstündi. Hudaý oňa ölçegden daşary owadanlyk we akyll paýhas beripdi. Lusifer Hudaýa baky sežde etmelidi, Ony söýmelidi we Oňa boýun bolmalydy, çünki Hudaý ony ýaradypdy we köp bereketläpdi. Ýöne, Ýazgylarda biz, Lusiferiň bir gün Hudaýa göripçilik edip, ýüreginiň bolsa tekepbirlik bilen dolandygyny görýäris. Lusifer ýüreginde şeýle diýdi: “Göklere çykaryn. Tagtymy Taňrynyň tagtyndan köp beýiklerde goýaryn…Bulutlaryň üstüne çykjak;özümi Iň Beýik (Hudaý) ýaly ederin.!” (Işaýa 14:13,14)

Gaty haýran galdyryjy! Hudaýyň bereninden başga hiç bir zady bolmadyk, Lusifer Iň Beýik bolan Hudaýyň şöhratyny ogurlamak isledi. Şeýdip, diňe bir Lusifer Hudaýa garşy baş götermän, onuň bilen perişdeleriň üçden bir bölegide Hudaýa garşy öwrülip, Lusiferiň edne günäsinde yzyna eýerdiler. (Ylham 12:4 seret)

Ýöne Hudaý Hudaýdyr we Lusiferiň we onuň yzyna eýeren perişdeleriň näme etjekdigini Ol bilýärdi. Geçen gepleşigmizde öwrenişimiz ýaly, hiç kim Hudaýdan gizlinlikde bir zat edip bilmez, çünki Hudaý bir zat bolmazyndan öň hem bilýändir! Lusiferiň ýüreginde we onuň yzyna eýeren perişdeleriň ýüreginde günäniň bardygyny Hudaý bilýärdi.

Onda soň näme boldy? Hudaý näme etdi? Garşy çykan Lusifere, Özüniň erine geçmäge Hudaý ýol berermi? Hudaý günä göz ýumup bilermi? Hudaý günä, tekepbirlik we başbozaglyk bilen bile ýaşap bilermi? Hiç haçan! Biziň Hudaýymyzyň mukaddesdigini we erbetlige seredip bilmeýändigini, Pygamberleriň Ýazgylary bize öwredýär. Hudaý günä çydam edip bilýän däldir. Ol öz şöhratyny başga birine berýän däldir. Hudaý aýratyndyr; hiç kim Oňuň erini çalyşyp bilmez! Şonuň üçin, Hudaý Lusiferi we onuň yzyna eýeren perişdeleri Özüniň mukaddes huzyryndan kowandygyny Ýazgylar aýdýar. Lusifer we onuň yzyna eýerenler mundan beýläk gökde ýaşap bilmediler, çünki olar Hudaýyň erine geçjek bolup günä etdiler. Şonuň üçin Hudaý Lusiferi we onuň perişdelerini kowdy. Mukaddes bolan Hudaý Özüne garşy baş göterýänleri höküm etmeli we jeza bermelidir. Lusifer günä edenden soň, onyň ady çalyşyldy. Ol mundan beýläk, şöhle saçýan biri diýip many berýän Lusifer diýilip atlandyrylman, Şeýtan diýildi. Şeýtan diýmek Ýalançy diýmegi aňladýar. Lusifer Hudaýyň duşmany boldy. Bilşiňiz ýaly, Şeýtan we onuň perişderleri şu wagt hem Hudaýa we gowylyga garşy herket edip gelýär. Ýöne, Hudaý beýik Hökümdardyr we hiç kim Ony eňip bilmeýär! “Ýumurtga daş bilen göreş tutmaly däldir!”

Hudaý Şeýtany we onuň yzyna eýeren perişdeleri kowandan soň, olar üçin baky sönmez dowzah oduny döredendigini Mukaddes Ýazgylar aýdýar. Şeýtanyň, onuň perişdeleriniň we olaryň yzyna eýerjekleriň hemmesini şol oda zyňyljak wagty geler. Şonuň üçin bu hakynda Ýazgyda şeýle diýilip ýazylan: “Olar gije-gündiz ebedilik gynalar.” (Ylham 20:10)

Ýöne, häli Şeýtanyň dowzah oduna taşlanmandygyny Ýazgy aýdýar. Hudaýyň garşysyna göreşip Şeýtan hşli bu dünädedir diýip Hudaýyň Sözi aýdýar. Ol ýykyp ýok edijidir. Ol Hudaýyň işini ýok etmek isleýär. Hudaýyň ýaradan ynsanlarynyň ýok bolup özi bilen dowzaha taşlanmagyny Şeýtan isleýär. Köp adamlaryň Şeýtanyň gol astyndadygyny, ýöne özleriniň muny bilmeýändigini, çünki Şeýtanyň aldawçydygyny Mukaddes Ýazgy aýdýar. Bu hakynda Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär, “Şeýtanyň özi-de nur şerişdesiniň keşbine girýär.” (2Kor.11:14) Hudaýyň Sözüne üns bermesin diýip Şeýtan köp adamlary aldamaga çalyşýar. Şonuň üçin Hudaýyň pygamberiniň biri şeýle diýýär, “Hüşgär boluň, oýanyň; ýagyňyz bilan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir.” (1Petrus 5:8)

Hüşgär boluň! Şeýtan sizi baky ýok etmek isleýär! Ýöne, Hudaýa şükür! Şeýtanyň güjünden gutulmagymyz üçin Hudaý Öz Sözüni berdi. Ýazgy şeýle diýýär, “Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder!” (Ýahýa 8:32) Şeýtanyň dürli erbet duzaklaryndan azat etjek hakykaty sen bilýärmisiň? Şeýtanyň bizden has akyllydygyny, geliň ýatdan çykarmalyň. Emma Hudaý Şeýtandan has akyllydyr. Şeýtan bizden has güçlüdir. Emma Hudaý Şeýtandan has güýçlüdir. Seni Şeýtanyň güýjünden halas edip biljek Hudaýyň Hakykat Sözüni bilýärmiň? Köp adamlar Hudaýyň hakykatyny diňlemegi gowy görmeýärler. Näme üçin adamlar hakykata gulak asmak islemeýär? Çünki, şeýtan olary aldady. Ol olary hakykat bolmadyk zatlara ynanmaga ruhlandyrýarlar. Hakykaty aýtsak, hakykaty diňlemek gulaga ýakymly däl. “Hakykat ajydyr!” Ýöne, eger siz Hudaýyň hakykat sözüni bilseňiz we oňa iman getirseňiz, Şeýtanyň güýjünden halas bolarsyňyz. Hudaýyň hakykaty adamlary Şeýtanyň ýalanlaryndan azat edip bilýär. Bu üçin siz hakykaty bilmeli we oňa ynanmaly!

Hudaýyň Sözüniň näme diýýändigine gulak sal: “Eý söýgüli doganlar, her bir ruha ynanmaň, ruhlaryň Hudaýdan bölüp-bolmadygyny synap görüň; çünki dünýä köp ýalan pygamberler çykdy.” (1Ýahýa 4:1) “Pygamberlik sözleriniň äsgermezlik etmäň. Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň. Her hili erbetlikden gaça duruň.” (1Selanikler 5:20-22) Hudaýyň pygamberleriniň ýazanlaryny bilýärmisiň? Hakykat Sözüne düşünýäňmi? Sen olara ýüregiňden iman edýäňmi?

Dostlar, diňläniňiz üçin köp sag boluň. Hudaýyň nädip dünýäni ýaradandygy hakynda indiki gepleşigimzde diňlemäge çagyrýaryn.

Bu günki örenenlerimiz hakynda soraglaryňyz bar bolsa onda bize hat ýazyň. Siziň bilen indiki radio tolkunlarymyzda duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Aşakdaky Hudaýyň Öz Sözünde berýän ajaýyp wadasyna düşünmekde Reb size pata bersin,

“Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder!” (Ýahýa 8:32)

posted in Durmuşyň Manysy näme, Radio | 0 Comments

22nd December 2007

Umyt Ýyldyzy!Baýramçylyk arzuwlary!

Isa Mesihiň Dogulyş baýramçylygyna arzuwlar!

christmas-star.jpg

Isa Mesihe iman eden we Oňa gulak asýan her bir ýürekde Onuň ýyldyzy ýagty saçýandyr! Akyldar adam heniz Ony agtarýandyr!

Gadyrly ildeşler! Tizden tiz dunýäniň dürli künjeklerinde adamlar Isa Mesihiň dogulan gunini uly baýramçylyk hökmünde belleýärler! Munuň üçin ilki bilen biz her biriňizi bu uly manydan doly bolan Isanyň dünýä gelişi baradaky baýram bilen gutlayýarys, size Isa Mesih arkaly Hudaýyň beren bereketlerini we uly gutulyşyna hakykatdan ýetmegiňizi arzuw edýäris!

Bilşimiz ýaly Isanyň dogulyşy bilen biziň eramyz başlanypdyr we Onuňdogulmagy gaty uly bir wajyp waka boldy. Isa Mesihiň doguljakdygy we nirede doguljakdygy, kimden doguljakdygy birnäçe ýuz ýyllar öňünden Hudaýyň pygamberleri tarapyndan pygamberlik edilip aýdylypdyr. Hudaýyň perişdesi bibi Merýeme aýan bolýar we onuň gudrat bilen bir ogul dogurjakdygyny buşlaýar. Injil bu hakynda şeýle diýýär: “…Jebraýyl perişde Hudaý tarapyndan Jeliläniň Nasyra atly şäherine, Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir äre çykmadyk gyzyň ýanyna iberildi. Bu guyzyň ady Merýemdi. Perişde onuň ýanyna gelip diýdi: “Salam, eý merhemet sezewar bolan! Reb seniň bilendir; sen aýallar arasynda mübäreksiň!” Merýem bu sözlere gaty aljyrap, “Bu nähili salam?” diýip içini gepletdi. Perişde oňa diýdi: “Gorkma Merýem; sen Hudaýdan merhemet tapdyň. Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýiler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedilik patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz” Merýem perişdä diýdi: “Bu nähili bolar? Mer äre baramok”. Perişde oňa jogap berip diýdi: “Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak Mukaddese Hudaýyň Ogly diýiler”.

Bu Merýeme öňünden berilen ajaýyp bir buşlyk! Ondan başgada haçanda Merýemiň adaglysy Yusup Merýemiň göwreligini eşidip çagany düşürmegi pikirlenende Hudaý oňa düşünde gepläp şeýle diýýär: “…Eý Dawut ogly Ýusup! Sen Merýemi özüňe aýallyga almakdan gorkma; çünki onuň göwresinden dörän zat Mukaddes Ruhdandyr. Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň; çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder” diýdi. Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly aýdan şu sözüniň erine etmegi üçin boldy: Ine, bir gyz göwreli bolup, bir ogul dograr, Onuň adyna Emanuel dakarlar”. Bu-da “Hudaý biziň bilendir” dien manyny berýär. Ysraýyl halky elbetde bir wagt bilen gejek Mesihe ýagny Halasgäre garaşýardylar, çünki olarda Mesih hakynda Pygamberleriň Ýazgylarynda aýdylan pygamberlikler bardy. Ýöne Hudaý bu buşlygy Ysraýyldan uzakda ýaşaýan, hatda başga milletlerden bolan akyldarlara, ýagny häzirki dil bilen aýtsak astranomlara, ýyldyz öwrenijilere hem edipdir. Ine bu hakynda ýazgy şeýle diýýär: “Isa Hirodes patyşanyň zamanynda Ýahudanyň Beýtullahamynda eneden dogulanynda, ine, Iýerusalime gündogardan (belkide biziň ýurdymyzdan ýada Orta Aziaýadan) müneçjimler gelip diýdiler: “Ehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sejde etmäge geldik” Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagolpluga düşdi. Ol ähli baş ruhanylary, halkyň kanunçylaryny ýygnap, olardan Mesih nirede dogulmaly diýip sorady. Olar hem oňa diýdiler: “Ýahudanyň Beýtallahamynda; çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr. … Müneçjimler ýola rowan boldular, ine gündogarda gören ýyldyzlary aga öňlerine düşüp, çaganyň bolan eriniň üstüne gelip durdy. Olar ýyldyzy görüp , gaty köp şatlandylar. Öýe girip, çaga bilen ejesi Meýemi gördüler, dyzlaryna çöküp, Oňa sejde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler…

Mundan başga Hudaýyň perişdesi bu ajaýyp Isanyň dogulyş habaryny ýönekeýje çopanlara hem aýan etdi. Bu hakynda ýazgy şeýle diýýär : “Ine, Rebbiň perişdesi çopanlara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. Perişde olara diýdi: “Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gudaga dolangy bir çagany taparsyňyz”… Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp göge çykanlarynda,” …çopanlar gidip çagany, ejesi Merýemi we Ýusuby gördüler.

Gadyrly ildeşler, iki müň ýyl mundan öň gelen bu Hoş Habar bu gün hem Hoş Habardyr. Hudaýyň Merýeme öňünde aýdylyşy ýaly bu Hoş Habar Hudaýyň Mukaddes Ruhyndan gudrat bilen dünýä inen Isa Mesihdir. Merýemiň adaglysy Yusupa aýan bolan şaýatlyk bolsa bu doguljagyň öz halkyny günälerden halas etjegiň Özüdigi we Onuň adynyň Isa bolmalydygy, Ol arkaly Hudaýyň adamlar arasynda boljakdygy hakynda buşlukdyr! Uzak bir yurtdan bolan akylldarlara Hudaýyň muny aýan edişi kimin bu Hoş Habar ebedilik Payşa boljak Isa Mesihiň dünýä inmegi bilen başlanýandyr. Hudaýyň çopanlara aýan edeni bolsa bu doguljak çaganyň Halasgär Mesihdigidir!

Merýem bu habary eşidende Hudaýa öwgüler aýtdy we bu habary bütin kalby bilen kabul etdi, şeýdip bu wada edilen Mesih Halasgäri dünýä inderdi. Yusup hem bu habara ynandy we Hudaýyň oňa aýdyşy ýaly edip oňa Isa diýip at berdi. Uzak ýurtdan bolan muneçjimler bolsa dünýä injek Mesihiň, ebedi Patyşanyň ýyldyzyny asmanda görenlerinde muňa ynanmazlyk etmediler, Onuň doguljak ýeri gaty uzakda bolsa hem Isa Mesihi görüp Oňa sejde etmek üçin we Oňa sowgatlar ýetirmek üçin kyn we uzyn ýoly geçdiler we baryp Çaga sejde etdiler we Oňa sowgatlar berdiler!

Indi bolsa biz hakynda näme, biz bu ajaýyp Hoş Habara ynanýarysmy, we ýokardakylar ýaly imanly bolup Isa Mesihe Halasgär, Ebedi Patyşa, günälerimizden gutulyş berjek Emanuele iman edýärismi we Oňa çyn ýüregimizden sejde ederismi?!

Iki müň ýyl gowrakdan bäri Isa Mesihiň dogulmagy mynasybetli bu baýramçylyk bize bu Isa Mesihdäki Hoş habary ýatladyp gelýär! Biziň Biribardan siziň üçin bu baýramçylyk baglanyşykly arzuwlarymyz bolsa, siziň Merýem, Yusup, ýyldyz öwreniji alymlar ýaly we çopanlar ýaly galybersede millionlarça başgada bu Hakykata düşünip kabul eden imanlylar ýaly Isa Mesihdäki gutulyşa we baky ýaşaýşa eýe bolmagyňyzdyr!

Isa şeýle diýdi, “Men sizde ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim”

posted in Durmuşyň Manysy näme, Kitaplar, Radio, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments

14th December 2007

Imansyzlyk

imansyzlyk.jpg

Bu radio gepleshigimizden Hudayn dogrulyk yoly barada owrenersiniz we janlarynyzyn gutulushyna yetersiniz diyip umyt edyaris!

Bu radio gepleshigi dinlemek isleseniz shu ashakdaka basyn:

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments