TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Iň wajyp güne taýýarlyk…

19th February 2010

Iň wajyp güne taýýarlyk…

Gadyly ildeshler, bashga bir turkmen websaytynda Injil barada bizing bir imanly ildeshimize berilen soraglara onung beren jogaplaryndan kabirini bu yere yerleshdirmegi makul bildik, ol ildeshimizing rugsady bilen biz bulary size hodurleyaris!

Chunki ajy olum bizi baky ayralyga bir gun salyar, we ol gunung geljekdigi 100% anykdyr emma hachan haysy sagatda yada sekuntda geljegi welin namalim, ine bu sebapden mening pikirimche adamzadyng ing gayragoymaz durmushynda ing wajyp meselesi: Huday bilen yarashmak, Onung seni jennetine kabul etjekdigine ynamlylyga eye bolmak, bular hem bolsa Hudayng Sozuning esasynda Onung beren wadalaryna we gutulyshyna dushunmek arkaly, munung netijesinde kalbymyzda dorejek hak imanyng netijeleri arkaly yetip bolyar! Sheytan bizi gyssagly we ikinji derejeli bu dunyadaki zatlar bilen guymap, shol olum bilen duchar etmeging aladasynda, emma Huday bizing her birimizing kalbymyzyng gapysynyng agzynda durup, Ozuning yaradan tebigaty arkaly, yaradan ajayyp ynsanlaryndaky barmak yzlary arkaly, Oz Mukaddes Yazgylaryndan bolan ajayyp wadalary arkaly bizing kalbymyzyng gapysyny kakyar! Huday biz uchin bolan “Yoluny, Hakykatyny we Yashayshyny”-Isa Mesihi gokden yere yollady, emma Ol Hak Yoly tapyanlar az, Ondan yoreyanlar kem we Ony gozleyanler azalyar, chunki gutulysha getirjek Yol insiz, Gapy dardyr, Ony tapyanlar azdyr, emma helakchilige eltyan “yol” sheytanyng yoly inlidir we gapysy gingdir, ondan yoreyanler yada pyada yada mashynly gidip baryanlar kopdur!
Elbetde Hudayng Yazgylary wagty gelip Hudayng bu dunya ahyrzmana getirjekdigini duyduryar, sheyle ahyrzmany Huday adamzat taryhyndan ong hem bir getiripdi, yagny Nuh pygambering dowrunda adamlaryng eden-etdiliklerining, gunalerining, we hatda pikirlerining hem pislikden dolup dashan wagtynda, Huday Oz yaradan adamyny yaradandygyna okunmage chenli gynanyp bu erbet nesli, dinge imanly bolan Nuh pygamber, onung ayaly, onung uch ogly we gelinleri, jemi 8 adamy “gutulysh gamisi” arkaly halas edip, galan ahli adamazat neslini yer yuzunden supurip tashlapdy. Sheyle yene-de hokum gununing bir gun geljekdigini we munung alamatlaryny aydyp Huday duydurysh beryar. Emma gynansak-da, Nuhung dowrundaki yaly adamlar hem ol gunung duydansyz geljekdigine ynanyp bilmeyarler, chunki adamlar Hudayng Sozune dal-de adamlaryng sozune ynanyarlar, munlap munlap yyllar gechipdir ahyrzamana bolanok, indi hem bolmaz diyen dushunja eyeryarler. Emma taryhda bolshy yaly, adamlar yalnyshyar, Hudayng Yazgylary bolsa hemishe hem dogry bolup chykyar!
Bolyar belki biz ahyrzamanyng boljakdygyna ynanman bileris, chunki muna menzesh zadyng bolup gechendigini gozumiz bilen goren daldiris, yada eshiden daldiris, emma olumi bolsa hemmamiz gorup we eshiden zadymyzdyr we 100% bolan takyk zatdyr we onung ing uzaga gitse bizing durmushymyzda yene-de 80 yyldan bolup biljekdigini bilyaris, yone shonda-da bolmajak yaly geziberyaris! Adam pahyr bir yurtda bashga yurda gezmage baranda gerek bolan tayyarlyklaryny goryar, yagny passportyny bejermeging yzyna dushyar, viza sorap baryar gitjek yurdyna, bilet alyar, iymit we egin-eshik uchin serishde alyar, barjak yerinde kabul ediljek yeri hakynda habarlashyar we sh.menzeshler. Emma gynansakda wagtlayn bir yer barada sheyle alada edyan ynsan, bakyyeti nirede gechirjegining welin aladasyny etmeyar we bu iching gayra goyulmaz tayyarlygy gormeyar!? Bu bolsa Hudayng kalbyny agyrdyar, chunki Ol bizing Onung baky oyunde oluming indi hich hachan bolmajak yerinde mesgen tutmagymyzy isleyar, dine bir isleman bu uchin bizi ol ajayyp mekana eltjek “Yoly, hakykaty we Yashayyshy” berdi, bu hem Isa Mesihdir! Ine shonung uchin Isa Mesih gokden yere biz uchin gelende bu ahli adamzat uchin HOSH HABAR boldy!
Ine bu sebapden Isa Mesih Ozune Halasgar hokmunde iman edenlere ine sheyle diyyar: “Yureginiz gysmasyn. Hudaya iman eding, Mana iman eding. Atamyng oyunde mesgenler kopdur; sheyle bolmasa Men size “Yer tayyarlamaga baryaryn” diyermidim? Gidip yer tayyarlanymdan song, sizing hem Oz yanymda bolmagynyz uchin yene gelip, sizi Ozum bilen alyp giderin. Siz Mening nira baryanymy , yoly bilyansiniz”. Tomas (Isanyng shagirdi) Onga: “Ya Reb, biz Sening nira baryanyny bilmeyaris, yoly nadip bileli?” diydi. Isa onga sheyle diydi: “Men -Yol, Hakykat we Yashayyshdyryn, Mensiz hich kim Ata Hudaya baryp bilmez…” Injil

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

15th February 2010

Hudaýyň Töwrat, gadymy pygamberler, Zebur, Injildäki gutulyş maksady…

Hudaýyň Töwrat, gadymy pygamberler, Zebur, Injildäki gutulyş maksady Kuranda we yslamda dowam edýärmi ýada ters gelýärmi….

Bu soraga elbetde biz ilki bilen Töwratdan başlap Hudaýyň adamzada bolan gutulyş maksadynyň nähili aýan bolandygy hakynda gürrüň etmelidiris. Eger bu barada gysgaça gürrüň etsek, onda Hudaý Töwradyň ilkinji kitaby bolan Barlyk ýada Gelip Çykyş kitabyndan başlap Özüniň älem jahany ýaradandygyny, ondan öňürti bolsa müňlerçe müň perişdeleri hem ýaradandygyny we olaryň Özüne baky gulluk etmekleri we şöhratlamaklary üçin ýaradandygyny. Perişdeleriň biri-birinden tapawutly bolup, şöhratda we wezipede tapawutlanandygyny aýdýar. Şol ýaradylan perişdeleriň içinde iň owadany we wezipesi boýunça iň belent wezipede bolan Lusifer (şöhle saçýan) baş perişdäniň hem bolandygyny, soňra Lusiferiň Hudaýa göripçilik edip, “tagtymy Hudaýyň tagtyndan belentde guraryn…” diýip tekepbirlik edendigini, munuň netijesinde başgadä birnäçe perişdeler onuň tarapyna geçendigini, soňra bolsa adalatly Hudaý olary Öz huzuryndan kowandygyny we baş göteren perişdeler üçin baky dowzah oduny ýaradandygyny Töwrat we gadymy pygamberler ýazgylary öwredýär. Soňra Töwratda ýene-de Hudaýyň nädip tebigaty we ondaky haýwandyr ösümlikleri we soňra hemme ýaradylyşdan tapawutly bolan ynsany Öz keşbinde, ýagny olara aň-düşünje, kalb we erk-ygtyýarly edip, ruh, jan we tenli edip ýaradandygyny we ilkinji adam bolan Adam atany ýeriň topragyndan we ilkinji aýal bolan How enäni bolsa Adam atanyň gapyrgasyndan ýaradandygyny bize öwredýär. Soňra Hudaý ilkinji ynsanlar bolan Adam ata we How enäni Hudaý bilen baky we ýakyn aragatnaşykda bolmaklary üçin aýratyn bir bagda ýerleşdirýär. Ol bagyň adyna bolsa Erem bagy diýilipdir. Ol bagda Hudaý olar üçin ähli mümkinçilikleri we olar üçin gerek bolan zatlary artygy bilen ýaradypdyr, iň esasy hem Hudaý olar bilen bile gezerdi we bagda Olar bilen gürleşerdi we ýakyn aragatnaşykda bolýardy. Hudaý olara ýönekeý bir synag goýdy we şol bagdaky agaçlaryň içinde bir agajyň miwesinden iýmezligi emr etdi. Ol agaç hem ýagşylygy we ýamanlygy bilme agajydy. Hudaý şeýle diýdi: ” Ýagşylygy we ýamanlygy tanama agajynyň miwesinden iýme, ondan iýen günüň ölersiň…” diýdi. Muny hem Hudaý, “hany meniň şeýle Özüme ýakyn edip ýaradan ynsanym maňa öz erki-ygtyýary bilen boýun bolarmy we meni çyn kalbyndan hoşnut edermi diýip şeýle ýönekeý synagy berdi.  Ýöne Hudaýyň duşmany we ynsanyň duşmany şeýtan hem ýöne ýere gezmedi, ol Hudaýyň iň gymmatly ýaradany we kalbyna ýakyn bolany ynsanyny Ondan aýyrmagy maksat edinipdi. Bu sebäpden şeýtan mekir bolan ýylanyň keşbine girip How enäni Hudaýyň äýdan sözüne şübhe döredip…”Hudaý şeýle diýdimi, ýok eýle bolmaz beýle bolar….” diýen ýaly edip Hudaýyň diýýänlerine ýalan goşup azdyrdy we aldady, How ene oňa ynandy we ol gadagan edilen miweden iýdi, Adam ata hem aýalynyň gepine girip ol miweden iýdi we Hudaýa boýun bolmazlyk etdiler. Söýgüden doly bolan Hudaýyň kalby paralandy, ýöne Ol adalatly hem bolany üçin olara boýun bolmazlygynyň jezasyny bermelidi we aýdyşy ýaly şol pursatdan başlap Adam ata we How ene ölümli boldy, ýagny hem fiziki olaryň teni ölüme tarap hereket etdi we baky ölüm ýagny dowzah jezasyna hem mynasyp boldular. Hudaý olary jennet bagy bolan Erem bagyndan kowdy. Olaryň üstüne olaryň eden günäsi köp näletleri getirdi…

Hudaý näme etdikä…şeýle umytsyzlykda umyt barmyka….indiki ýazgymyzda mundan soň nämeleriň bolandygyny gürrüň ederis…

Eger sen bu hakynda bilýän bolsaň onda biz bilen paýlaşyp bilersiň…belki seniň bilýän taryhyň biziň bilýänimizden tapawutlydyr…eger şeýle bolsa bu ýazgy barada öz pikirleriňi bildirip bilersiň….

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

18th January 2010

Turkmen dilinde TV programlar

DİRİ SÖZLER

Bir sagat gündiz we bir sagat agşam boljak 18nji Ýanwardan başlap Türkmen dilinde bolan täze programmamyza başlaýarys.

Diri Sözler atly programamyzda İsa Mesihiň sözünden wagyzlar berilýär we şeýle hem bu gözel programma ajaýyp türkmen ylahy aýdymlaryny hem size hödürleýär.

18-nji Ýanwardan başlap her güni:

Türkiye sagady bilen irden 6:00-7:00 arasy

Türkmenistan sagady bilen irden sagat 9:00-10:00 arasy

Türkiye sagady bilen agşam sagat 17:00-18:00 arasy

Türkmenistan sagadybilen agşam saat 20:00-21:00 arasy

Satellite arkaly ine shu maglumatlar arkaly gorup bolyar: Kanal Hayat ýada ECTV

Hotbird 7A 13.0º Doğu

11411 Ghz Yatay

27,500 Sembol/Saniye

5/6 Fec

Batyr

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

16th December 2009

Umyt Ýyldyzy…baýramçylyklar mynasybetli gutlaglar

christmas-star

Isa Mesihiň Dogulyş baýramçylygyna arzuwlar!

Isa Mesihe iman eden we Oňa gulak asýan her bir ýürekde Onuň ýyldyzy ýagty saçýandyr! Akyldar adam heniz Ony agtarýandyr!

Gadyrly ildeşler! Tizden tiz dunýäniň dürli künjeklerinde adamlar Isa Mesihiň dogulan gunini uly baýramçylyk hökmünde belleýärler! Munuň üçin ilki bilen biz her biriňizi bu uly manydan doly bolan Isanyň dünýä gelişi baradaky baýram bilen gutlayýarys, size Isa Mesih arkaly Hudaýyň beren bereketlerini we uly gutulyşyna hakykatdan ýetmegiňizi arzuw edýäris!

Bilşimiz ýaly Isanyň dogulyşy bilen biziň eramyz başlanypdyr we Onuň dogulmagy gaty uly bir wajyp waka boldy. Isa Mesihiň doguljakdygy we nirede doguljakdygy, kimden doguljakdygy birnäçe ýuz ýyllar öňünden Hudaýyň pygamberleri tarapyndan pygamberlik edilip aýdylypdyr. Hudaýyň perişdesi bibi Merýeme aýan bolýar we onuň gudrat bilen bir ogul dogurjakdygyny buşlaýar. Injil bu hakynda şeýle diýýär: “…Jebraýyl perişde Hudaý tarapyndan Jeliläniň Nasyra atly şäherine, Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir äre çykmadyk gyzyň ýanyna iberildi. Bu guyzyň ady Merýemdi. Perişde onuň ýanyna gelip diýdi: “Salam, eý merhemet sezewar bolan! Reb seniň bilendir; sen aýallar arasynda mübäreksiň!” Merýem bu sözlere gaty aljyrap, “Bu nähili salam?” diýip içini gepletdi. Perişde oňa diýdi: “Gorkma Merýem; sen Hudaýdan merhemet tapdyň. Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýiler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedilik patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz” Merýem perişdä diýdi: “Bu nähili bolar? Mer äre baramok”. Perişde oňa jogap berip diýdi: “Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak Mukaddese Hudaýyň Ogly diýiler”.

Bu Merýeme öňünden berilen ajaýyp bir buşlyk! Ondan başgada haçanda Merýemiň adaglysy Yusup Merýemiň göwreligini eşidip çagany düşürmegi pikirlenende Hudaý oňa düşünde gepläp şeýle diýýär: “…Eý Dawut ogly Ýusup! Sen Merýemi özüňe aýallyga almakdan gorkma; çünki onuň göwresinden dörän zat Mukaddes Ruhdandyr. Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň; çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder” diýdi. Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly aýdan şu sözüniň erine etmegi üçin boldy: “Ine, bir gyz göwreli bolup, bir ogul dograr, Onuň adyna Emanuel dakarlar”. Bu-da “Hudaý biziň bilendir” dien manyny berýär. Ysraýyl halky elbetde bir wagt bilen gejek Mesihe ýagny Halasgäre garaşýardylar, çünki olarda Mesih hakynda Pygamberleriň Ýazgylarynda aýdylan pygamberlikler bardy. Ýöne Hudaý bu buşlygy Ysraýyldan uzakda ýaşaýan, hatda başga milletlerden bolan akyldarlara, ýagny häzirki dil bilen aýtsak astranomlara, ýyldyz öwrenijilere hem aýan edipdir. Ine bu hakynda ýazgy şeýle diýýär: “Isa Hirodes patyşanyň zamanynda Ýahudanyň Beýtullahamynda eneden dogulanynda, ine, Iýerusalime gündogardan (belkide biziň ýurdymyzdan ýada Orta Aziaýadan) müneçjimler gelip diýdiler: “Ehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sejde etmäge geldik” Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagolpluga düşdi. Ol ähli baş ruhanylary, halkyň kanunçylaryny ýygnap, olardan Mesih nirede dogulmaly diýip sorady. Olar hem oňa diýdiler: “Ýahudanyň Beýtallahamynda; çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr. … Müneçjimler ýola rowan boldular, ine gündogarda gören ýyldyzlary aga öňlerine düşüp, çaganyň bolan eriniň üstüne gelip durdy. Olar ýyldyzy görüp , gaty köp şatlandylar. Öýe girip, çaga bilen ejesi Meýemi gördüler, dyzlaryna çöküp, Oňa sejde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler…

Mundan başga Hudaýyň perişdesi bu ajaýyp Isanyň dogulyş habaryny ýönekeýje çopanlara hem aýan etdi. Bu hakynda ýazgy şeýle diýýär : “Ine, Rebbiň perişdesi çopanlara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. Perişde olara diýdi: “Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gudaga dolangy bir çagany taparsyňyz”… Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp göge çykanlarynda,” …çopanlar gidip çagany, ejesi Merýemi we Ýusuby gördüler.

Gadyrly ildeşler, iki müň ýyl mundan öň gelen bu Hoş Habar bu gün hem Hoş Habardyr. Hudaýyň Merýeme öňünden aýdyşy ýaly bu Hoş Habar Hudaýyň Mukaddes Ruhyndan gudrat bilen dünýä inen Isa Mesihdir. Merýemiň adaglysy Yusupa aýan bolan şaýatlyk bolsa bu doguljagyň öz halkyny günälerden halas etjegiň Özüdigi we Onuň adynyň Isa bolmalydygy, Ol arkaly Hudaýyň adamlar arasynda boljakdygy hakynda buşlukdyr! Uzak bir yurtdan bolan akylldarlara Hudaýyň muny aýan edişi kimin bu Hoş Habar ebedilik Patyşa boljak Isa Mesihiň dünýä inmegi bilen başlanýandyr. Hudaýyň çopanlara aýan edeni bolsa bu doguljak çaganyň Halasgär Mesihdigidir!

Merýem bu habary eşidende Hudaýa öwgüler aýtdy we bu habary bütin kalby bilen kabul etdi, şeýdip bu wada edilen Mesih Halasgäri dünýä inderdi. Yusup hem bu habara ynandy we Hudaýyň oňa aýdyşy ýaly edip oňa Isa diýip at berdi. Uzak ýurtdan bolan muneçjimler bolsa dünýä injek Mesihiň, ebedi Patyşanyň ýyldyzyny asmanda görenlerinde muňa ynanmazlyk etmediler, Onuň doguljak ýeri gaty uzakda bolsa hem Isa Mesihi görüp Oňa sejde etmek üçin we Oňa sowgatlar ýetirmek üçin kyn we uzyn ýoly geçdiler we baryp Çaga sejde etdiler we Oňa sowgatlar berdiler!

Indi bolsa biz hakynda näme, biz bu ajaýyp Hoş Habara ynanýarysmy, we ýokardakylar ýaly imanly bolup Isa Mesihe Halasgär, Ebedi Patyşa, günälerimizden gutulyş berjek Emanuele iman edýärismi we Oňa çyn ýüregimizden sejde ederismi?!

Iki müň ýyl gowrakdan bäri Isa Mesihiň dogulmagy mynasybetli bu baýramçylyk bize bu Isa Mesihdäki Hoş habary ýatladyp gelýär! Biziň Biribardan siziň üçin bu baýramçylyk baglanyşykly arzuwlarymyz bolsa, siziň Merýem, Yusup, ýyldyz öwreniji alymlar ýaly we çopanlar ýaly galybersede millionlarça başgada bu Hakykata düşünip kabul eden imanlylar ýaly Isa Mesihdäki gutulyşa we baky ýaşaýşa eýe bolmagyňyzdyr!

Isa şeýle diýdi, “Men sizde ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim”

posted in Durmuşyň Manysy näme, Гозлеглер ве ачышлар | 1 Comment

7th December 2009

Durmush….

Biz yashamak uchin gazanyas, emma gazananlarymyzy bashgalar bilen paylashmak bilen taze yashaysh doredyas!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

7th December 2009

Sap tegmiltsiz iman…

Ata Hudayng yanynda sap, tegmiltsiz dindarlyk budur: yetimleri, dul hatynlary mushakgatlarynda idemek, ozungi dunyaden chirksiz saklamak.” Yakup 1:27

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

30th November 2009

Hosh Habar bolan Injilden song yene bir habar gelermi…

Bu soraga elbetde durli dining wekilleri durli hem jogap bermage chalyshar… Mysal uchin Islam dinine uyyan ildeshlerimiz: hawa Injilden song yene bir hosh habar gelipdir Hudaydan bu hem Muhammeting getiren habarydyr…Injil dine oz dowrune degishli dalmi eysem …”diyip jogap bererler.

Emma bu jogap hakykata yagny Hudayng maksadyny ayan eden Sozune dogry gelyarmi we oz esasyny olardan tapyarmy?! Yok, beyle pikir duybunden Hudayng hakykatyna gabat gelmeyar. Munung sheyledigini Isanyng ilkinji shagirtleri bolanlaryng durmushyndan hem gorup bilyaris. Isa Mesih hakyndaky bolan Hosh Habardan “bashga bolan hosh habary” getirjeklering dinge bir 6-njy asyrda bolman eyyam 1-nji asyrda hem dorap bashlandygyny taryh bize owredyar.

Bu barada ine Isa Mesihing ilkinji shagirtlerining hataryna goshulanlaryndan biri resul Pawlus ine sheyle diyip Isa Mesihinkiden bashga hich hili hosh habaryng yokdugyny duydyrysh berip ine sheyle diyyar:

“Men sizing Mesihing merhemeti arkaly ozunizi Chagyrany beyle tiz tashlap, bashga Hosh habara owrulishinize hayran galyaryn. Dogrudan-da bashga Hosh habar yok, yone sizi bulashdyrjak, Mesihing Hosh Habaryny yoyjak bolyan kabir adamlar bar. Emma biz ya Gokden inen bir perishde hem size wagyz edenimizden bashga bir zady Hosh Habar diyip wagyz etse, ona lagnat bolsun! Ong aydyshymyz yaly, yene-de aydyaryn: biri size kabul edeninizden bashga bir zady wagyz etse ona lagnat bolsun! Indi men adamlaryng razychylygyny gozleyarinmi ya Hudayng razychylygyny?…”

Gadyrly dost sen barada name…sen kiming hosh habaryna ynanyang Hudayng Ozuning ayan edeni Isa Mesih barada bolan Hosh Habaramy yada adamlaryng doreden bashga bir habarynamy…alty yuz yyldan song doran bir habaramy ynanyarsyng? Sen kiming razychylygyny gozleyarsing: adam tarapyndan doredilen dininkinimi, dindashlarynkynymy yada sana merhemet, rehim we soygi echilyan Hudayng razychylygyny gozleyarsing?

Adamzadyng gunaning jezasyndan, sheytanyng guyjunden we baky olumden gutulmagy uchin Hudayng Isa Mesihde upjun eden gutulyshyndan bashga hich bir zat Hosh habar bolup bilmeyar. Bu sebapden Isa Mesihing shagirdi bolan resul Petrus munlerche adamlaryng onunde durup we olaryng imansyzlygyny pash edip ine sheyle diyip guwa gechipdi:

“Siz ussalar tarapyndan asgerilmedik bu Dash burchbashy bolup chykdy. Bashga hich kimde gutulysh yokdur, chunki bizing halas bolmagymyz uchin adamzada berlen gayry at (Isa Mesih) asmanyng astynda yokdur!”

Bu sebapden gadyrly dost, bu hakykata iman getirip Hudayng sana mugt berjek “Belent Gutulyshyna” eye bol! Adamlaryng guwaligini, habaryny kabul etme-de, Hudayng Ozuning Isa Mesih barada eden guwaligini we Hosh Habaryny kabul et!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

6th November 2009

Tagzym

TAGZYM

Diri Hudaý dünýäni ýaradyp,
Gözellikden doldudy.
Ynsany güýçli söýýäni üçin,
Ony ygtyýaryna berdi.

Gaýtalama

Ýaradyjym diri Hudaý, merhemetiňe tagzym,
Ýalňyz Rebbim Mesih Isa, Seniň söýgiňi tagzym,
Teselliçim Mukaddes Ruh, Seniň güýjüňe tagzym,
Men-ä siziň öňüňizde baş egip dyzyma çökýän.

Ýalňyz Rebbim Mesih Isa,
Meň deregime haça gitdiň.
Haçda görgi içinde ölüp,
Üç günden soň direldiň

Gaýtalama

Teselliçim Mukaddes Ruh
Meň kalbymyň şatlygy,
Ak patalarymyň gözbaşy
Rebbiň beren sowgady

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

6th November 2009

Ya Rebbim

ÝA  REBBIM

Seň söýgiňe men haýran.

Ýüregiňe başym gurban

Seň Sözüň jana derman

Ýa Rebbim! Ýa Rebbim!

Toba gelmek Senden perman.

Ah, muny bildim giç arman.

Bagyşlaýaň günäme bakman.

Ýa Rebbim! Ýa Rebbim!

Ýaşaýyş täjin geýdirýäň

Söýgiň bilen gurşaýaň,

Patyşalygyňy sowgat berýäň

Ýa Rebbim! Ýa Rebbim!

Rehimiň Seniň çäksiz.

Merhemtiňem düýpsiz

Söýgiňem tükeniksiz

Ýa Rebbim! Ýa Rebbim!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

28th October 2009

Sen Ölersiňmi?

Dowzah Ody

Sen ölersiňmi? Hawa

Hawa, sen bir gün ölersiň. Bu, ýerine ýetjegi anyk bolan statistikadyr: 10-dan 10-ysy hem öler.

Eger seniň ýüregiň şu wagtyň özünde dursa, sen janyňyň senden gidip barýan azajyk döwründe nähili bolarsyň? “Beýle zat meniň bilen hiç haçan bolmaz.” –diýip özüňi aldamakdan el çek! Ölüm başgalar bilen bolup geçýär diýip pikir etmek ynsanlaryň häsiýetine mahsusdyr. Emma her gün 150 000 adam ölýär, olaryň şu wagt bakyýetdedigine şubhe ýok, olaryň her biri hem seniň ýaly —ölüm “meniň bilen bolup geçmez” diýip oýlanypdy.

Ol gün gelende, sen Hudaýyň hökümi bilen duşmaly bolarsyň. Şonuň üçin, seniň soramaly iň wajyp soragyň: “Men jennete kabul edilerinmi?” diýen sorag bolmalydyr. Muny bilmek üçin gysgaça barlag: Sen ýalan geplediňmi, ogurlyk etdiňmi ýada Hudaýyň adyny nähak ulandyňmy? Isa Alehsalam şeýle diýipdi: “Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm zyna edendir” Sen kimdir birine azgyn nebis bilen seretdiňmi? Höküm günde sen günäkär bolarsyňmy? Eger biz şu ýokarda agzalan zatlary eden bolsak, onda Hudaý bizi ýalançy, ogry, Hudaýa dil ýetiren, zynagär hasaplaýar.

Hudaýyň gören seniň pikiriňde ýada hereketiň bilen eden zatlaryňy ýüregiňe ýagty saçyp görkezmegini Hudaýdan sora. Onuň mukaddes gözlerinden hiç bir zat gizlin däldir. Eger Hudaý saňa etmişiňe laýyk adalatlylyk görkezse onda sen bakyýeti elhenç dowzahda geçirmeli bolarsyň. Hudaý bolsa muny seniň üçin islemeýär. Seniň Hudaýyň jezasyndan halas bolmagyň üçin Isa Mesih seniň ýeriňe haçda ezýet çekdi we öldi. Ine nä derejede Hudaý seni söýýär. Biz Hudaýyň Kanunyny bozduk, ýöne Isa Mesih jezany töledi. Soňra Ol ölümden direldi we ölümi eňdi. Eger sen günäleriň üçin toba etseň we Oňa bil baglasaň, Hudaý seniň günäleriňi bagyşlar we saňa baky ýaşaýyş berer.

“Durmuş” diýilen zatda bizde diňe bir gezek mumkinçiligimiz bar. Bu baky ýaşaýyş mumkinçiligini elden giderme. Hoş Habara bu gün boýun bol. Soňra bolsa Mukaddes Ýazgyny her gün oka we onda ýazylanlara boýun bol, Hudaý bolsa seni hiç haçan taşlamaz!

Eger sen bu ýazgy bir akmaklykdyr diýip oýlansaň, onda sen maňa aýt: ölmejegiňe sende ynam barmy. Elbetde seniň haçan öljegiňi aýdyp biljek tapylmaz, emma her bir ynsanyň öljegi welin anykdyr.

Ýöne göz öňüne getirip gör, eger sen “sunami” tupanynda 229.200 adamyň Indonesiada, Şri Lankada, Indiada, Tailanda ölen döwri bolan 2004 ýyldan öňrak bir wagta gaýdyp baryp bilsediň. Sen näme ederdiň? Eger sen “geljekde boljak zatlary görendigiňi” adamlara aýdyp duýduryp başlan bolsaň we olaryň bu betbagtlykdan gutulmaklary üçin öňünden taýýarlyk görmelidiklerini aýdan bolsaň, olaryň köpüsi seni aklyndan azaşan diýerdiler. Emma näme hakyky akmaklyk bolardy…elbetde sen hiç bir zat etmedik bolsaň.

Dost oýlan, Hudaý geljegi bilýär. We Ol “Sunamiden” hem elhenç zadyň geljekdigini duýdurýar… ol Höküm Güni, ol günde sen Hudaýyň öňünde durmaly bolarsyň.

Aý men muňa ynanmaýaryn diýmegiň, hiç bir zady uýtgetmeýär. Bu, gara ýoluň orta arasynda durup, “Men maşyna ynanamok” diýýänçäň biriniň seniň kakyp geçmegine meňzeýär.

Ölüm gelýär, Hudaý seni Höküm eder we Dowzah bolsa Onuň kanuny bozanlar üçin tükenmez bolan ezýet türmesidir. Bilýäňmi näme hakyky akmaklyk bolardy…eger biz saňa muny aýtmadyk bolsak.

Bu hakykata göz etiren bolsaň onda günäleriň üçin toba et we Hudaýyň Özüniň seniň üçin berýän gutulyş ýoly Isa Mesihi kalbyňa kabul et!

Sen Hudaýa şeýleräk sözler bilen ýüzlenip bilersiň:

“Hudaýym, men seniň öňüňde eden günälerim üçin ökünip toba edýärin, meni bagyşla. Isa Mesih men saňa minnetdar, sen meniň günälerimiň tölegini, jezasyny tölemek üçin haçda ezýet çekdiň we janyňy berdiň. Men saňa öz halasgärim hökmünde ynanýaryn. Hudaýym meniň durmuşymy öz eliňe al we meni Öz erkiň bilen ýöret. Omyn”

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments