TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Minnetdar Ýaradana

24th December 2007

Minnetdar Ýaradana

 

Minnetdar Ýaradana!

 

Göz aýlamda jahana,

Göwnüm gelýär heýjana.

Minnetdar Ýaradana,

Baky şöhrat Atama.

 

Ýaradanym ýaratdy,

Ýeri, gögi hem deňzi,

Gury ýeri, haýwany,

Guşlary hem ynsany.

 

Berdi oňa jenneti,

Ondaky ähli zady.

Hudaýa gulak asyp,

Çekmändi ol azaby.

 

Hudaý bilen ynsanyň

ýokdy dawa-jenjeli.

Gynandyrdy bu ýagdaý

Päliýaman şeýtany.

 

Duzak gurup How enä,

Iýdirdi ol miwäni.

Şol pursatdan ölüme

Berdi Hudaý ynsany.

 

Gamlandyrdy Hudaýy

Ynsanyň bu ädimi.

Ýeňmek üçin ölümi,

Berdi bize Isany.

 

Isa dünýä gelende,

şeýtan azdyrjak boldy.

Köpden-köp wada berdi,

emma Rebbim: «Ýok» diýdi.

 

Çalyşmady Hudaýy

Dünýäň ähli malyna.

Haçda ýeňip ölümi,

Galdy ýene asmana.

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

22nd December 2007

Umyt Ýyldyzy!Baýramçylyk arzuwlary!

Isa Mesihiň Dogulyş baýramçylygyna arzuwlar!

christmas-star.jpg

Isa Mesihe iman eden we Oňa gulak asýan her bir ýürekde Onuň ýyldyzy ýagty saçýandyr! Akyldar adam heniz Ony agtarýandyr!

Gadyrly ildeşler! Tizden tiz dunýäniň dürli künjeklerinde adamlar Isa Mesihiň dogulan gunini uly baýramçylyk hökmünde belleýärler! Munuň üçin ilki bilen biz her biriňizi bu uly manydan doly bolan Isanyň dünýä gelişi baradaky baýram bilen gutlayýarys, size Isa Mesih arkaly Hudaýyň beren bereketlerini we uly gutulyşyna hakykatdan ýetmegiňizi arzuw edýäris!

Bilşimiz ýaly Isanyň dogulyşy bilen biziň eramyz başlanypdyr we Onuňdogulmagy gaty uly bir wajyp waka boldy. Isa Mesihiň doguljakdygy we nirede doguljakdygy, kimden doguljakdygy birnäçe ýuz ýyllar öňünden Hudaýyň pygamberleri tarapyndan pygamberlik edilip aýdylypdyr. Hudaýyň perişdesi bibi Merýeme aýan bolýar we onuň gudrat bilen bir ogul dogurjakdygyny buşlaýar. Injil bu hakynda şeýle diýýär: “…Jebraýyl perişde Hudaý tarapyndan Jeliläniň Nasyra atly şäherine, Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir äre çykmadyk gyzyň ýanyna iberildi. Bu guyzyň ady Merýemdi. Perişde onuň ýanyna gelip diýdi: “Salam, eý merhemet sezewar bolan! Reb seniň bilendir; sen aýallar arasynda mübäreksiň!” Merýem bu sözlere gaty aljyrap, “Bu nähili salam?” diýip içini gepletdi. Perişde oňa diýdi: “Gorkma Merýem; sen Hudaýdan merhemet tapdyň. Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýiler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedilik patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz” Merýem perişdä diýdi: “Bu nähili bolar? Mer äre baramok”. Perişde oňa jogap berip diýdi: “Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak Mukaddese Hudaýyň Ogly diýiler”.

Bu Merýeme öňünden berilen ajaýyp bir buşlyk! Ondan başgada haçanda Merýemiň adaglysy Yusup Merýemiň göwreligini eşidip çagany düşürmegi pikirlenende Hudaý oňa düşünde gepläp şeýle diýýär: “…Eý Dawut ogly Ýusup! Sen Merýemi özüňe aýallyga almakdan gorkma; çünki onuň göwresinden dörän zat Mukaddes Ruhdandyr. Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň; çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder” diýdi. Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly aýdan şu sözüniň erine etmegi üçin boldy: Ine, bir gyz göwreli bolup, bir ogul dograr, Onuň adyna Emanuel dakarlar”. Bu-da “Hudaý biziň bilendir” dien manyny berýär. Ysraýyl halky elbetde bir wagt bilen gejek Mesihe ýagny Halasgäre garaşýardylar, çünki olarda Mesih hakynda Pygamberleriň Ýazgylarynda aýdylan pygamberlikler bardy. Ýöne Hudaý bu buşlygy Ysraýyldan uzakda ýaşaýan, hatda başga milletlerden bolan akyldarlara, ýagny häzirki dil bilen aýtsak astranomlara, ýyldyz öwrenijilere hem edipdir. Ine bu hakynda ýazgy şeýle diýýär: “Isa Hirodes patyşanyň zamanynda Ýahudanyň Beýtullahamynda eneden dogulanynda, ine, Iýerusalime gündogardan (belkide biziň ýurdymyzdan ýada Orta Aziaýadan) müneçjimler gelip diýdiler: “Ehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sejde etmäge geldik” Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagolpluga düşdi. Ol ähli baş ruhanylary, halkyň kanunçylaryny ýygnap, olardan Mesih nirede dogulmaly diýip sorady. Olar hem oňa diýdiler: “Ýahudanyň Beýtallahamynda; çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr. … Müneçjimler ýola rowan boldular, ine gündogarda gören ýyldyzlary aga öňlerine düşüp, çaganyň bolan eriniň üstüne gelip durdy. Olar ýyldyzy görüp , gaty köp şatlandylar. Öýe girip, çaga bilen ejesi Meýemi gördüler, dyzlaryna çöküp, Oňa sejde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler…

Mundan başga Hudaýyň perişdesi bu ajaýyp Isanyň dogulyş habaryny ýönekeýje çopanlara hem aýan etdi. Bu hakynda ýazgy şeýle diýýär : “Ine, Rebbiň perişdesi çopanlara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. Perişde olara diýdi: “Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gudaga dolangy bir çagany taparsyňyz”… Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp göge çykanlarynda,” …çopanlar gidip çagany, ejesi Merýemi we Ýusuby gördüler.

Gadyrly ildeşler, iki müň ýyl mundan öň gelen bu Hoş Habar bu gün hem Hoş Habardyr. Hudaýyň Merýeme öňünde aýdylyşy ýaly bu Hoş Habar Hudaýyň Mukaddes Ruhyndan gudrat bilen dünýä inen Isa Mesihdir. Merýemiň adaglysy Yusupa aýan bolan şaýatlyk bolsa bu doguljagyň öz halkyny günälerden halas etjegiň Özüdigi we Onuň adynyň Isa bolmalydygy, Ol arkaly Hudaýyň adamlar arasynda boljakdygy hakynda buşlukdyr! Uzak bir yurtdan bolan akylldarlara Hudaýyň muny aýan edişi kimin bu Hoş Habar ebedilik Payşa boljak Isa Mesihiň dünýä inmegi bilen başlanýandyr. Hudaýyň çopanlara aýan edeni bolsa bu doguljak çaganyň Halasgär Mesihdigidir!

Merýem bu habary eşidende Hudaýa öwgüler aýtdy we bu habary bütin kalby bilen kabul etdi, şeýdip bu wada edilen Mesih Halasgäri dünýä inderdi. Yusup hem bu habara ynandy we Hudaýyň oňa aýdyşy ýaly edip oňa Isa diýip at berdi. Uzak ýurtdan bolan muneçjimler bolsa dünýä injek Mesihiň, ebedi Patyşanyň ýyldyzyny asmanda görenlerinde muňa ynanmazlyk etmediler, Onuň doguljak ýeri gaty uzakda bolsa hem Isa Mesihi görüp Oňa sejde etmek üçin we Oňa sowgatlar ýetirmek üçin kyn we uzyn ýoly geçdiler we baryp Çaga sejde etdiler we Oňa sowgatlar berdiler!

Indi bolsa biz hakynda näme, biz bu ajaýyp Hoş Habara ynanýarysmy, we ýokardakylar ýaly imanly bolup Isa Mesihe Halasgär, Ebedi Patyşa, günälerimizden gutulyş berjek Emanuele iman edýärismi we Oňa çyn ýüregimizden sejde ederismi?!

Iki müň ýyl gowrakdan bäri Isa Mesihiň dogulmagy mynasybetli bu baýramçylyk bize bu Isa Mesihdäki Hoş habary ýatladyp gelýär! Biziň Biribardan siziň üçin bu baýramçylyk baglanyşykly arzuwlarymyz bolsa, siziň Merýem, Yusup, ýyldyz öwreniji alymlar ýaly we çopanlar ýaly galybersede millionlarça başgada bu Hakykata düşünip kabul eden imanlylar ýaly Isa Mesihdäki gutulyşa we baky ýaşaýşa eýe bolmagyňyzdyr!

Isa şeýle diýdi, “Men sizde ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim”

posted in Durmuşyň Manysy näme, Kitaplar, Radio, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments

28th November 2007

Gutulyş Uçgynlary


Ýalňyzlygym Seniň bilen ikiçäk
Oturyp derdimi dökesim gelýär.
Hasratly ýürekde küle öwrülen
Umyt uçgunlarny ýakasym gelýär.
 
Ýaňadan köz edip ol uçgunlary,
Lowlap duran oda öwresim gelýär,
Ynsanlaryň buza dönen kalplarny
Şol oduň howruna çoýasym gelýär.
 
 
Razy, eger görüp bilsem buzlaryň
Ot öňünde ejizleýän pursatyn.
Onda ykbaldanam bolardym razy,
Bagş edenine ýalňyzlygyň kysmatyn.


 

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

27th November 2007

Musurli musulman radikal islamçynyň Isa Mesihe imany barada wideo ýazgy!

khalil-b.jpg
Musulman radikalçynyň Isa Mesihi düýşünde görüp täze durmuş alyşy barada wideo ýazgy!

Halil (Musürli) – Müsürli radikal terorist, zalym adamöldüriji Isa Mesih oňa düşünde görünenden soň bagyşlaýşy, söýgüden doly ynsana öwrülýär. Yahudileri we Mesihilileri ýigrenýän Mukaddes Kitaby ýalana çykarmak üçin işleýär emma Mukaddes Kitabyň dogrudygyna göz etirende we Isa Mesih oňa görünende onuň durmuşy dolylygyna çalyşýar!

Siz bu wideo ýazgyny arab dilinde görüp bilersiňiz, onda iňlis dilinde subtitle bar! Biz geljekde bu ýazgyny Turkmen diline terjime edip size hödürläris! Şu aşakdaky linke basyň:
Halil

posted in Durmuşyň Manysy näme, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 26 Comments

27th November 2007

Hudaý duçar etse merhemetine

 

Kalba aralaşar Mukaddes söýgi

Taňryny tanamak—söýgüleň beýgi

Göwnüňden ýok bolar gussadyr gaýgy

Hudaý duçar etse merhemetine

 

Biynjalyk etmez dünýe gaýgysy

Gulagyňa ilmez şeýtanyň sesi

Ýardam berer her dem Rebbiň söýgüsi

Hudaý duçar etse merhemetine

 

Hudaýyň Mukaddes Ruhundan dogan

Adamzat ýazygyn üstüne alan

Direlip, Atanyň sagyna baran

Isa duçar etsin merhemetine

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

22nd November 2007

Halasgärim Sereder

Adam gussa batanda,
Hudaý diýip ýüzlener
Çyn kalbyndan çagyryp
Ýüreginden er berer.

Halasgärim sereder
Onuň perýat ahyna
Günälerin bagyşlap
Oň kalbyna nur berer

Huzyryndan gaçmaň siz
Iblise ýol açmaň siz
Ýaşaýyş, hak, ýol barka
Başga ýola gitmäň siz

Şöhratlalyň biz Ony
Aýdym aýdyp şanyna
Buýrugyn berjaý edip
Baralyň Oň ýanyna.

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

30th October 2007

Gör Nähili Men Bagtly

 Hudaýa iman getirenler her bir zatda Hudaýa öwgüler getirmäge çalyşýarlar! Olaryň käbirleri günälerden, şeýtanyň garaňky tümlüginden we dowzah odundan Hudaýyň beren ajaýyp gutuluşyny aýdym-sazlarda wasp edýärler. Olar özlerinde dörän täze umytly durmuşlary üçin Biribara minnetdarlyk bildirýärler. Bilşimiz ýaly Ýaradyjy Hudaý ähli milletleri ýaratdy we olara dürli diller berdi we bu sebäpden oňa dürli dillerde öwgüler, dilegler, şükürler edilýär. Bu ýerde biz Turkmenistanly ildeşimiziň 28 ýyllap hakykaty bilmän şeýtanyň tümlüginde ezýet çekip, hiç bir erden we dinden gutuluş tapman ýaşan we durmuşda umytsyz gezen, emma Hudaýyň Isa Mesihdäki merhemeti we rehimi aýan bolanda beýik gutulyşa eýe bolan we Isany Reb we Mesih hökmünde kabul edip täze, tämiz, şatlykdan we dynçlykdan doly durmuşa eýe bolan ýigidiň döreden öwgi sazyny we aýdymyny size hödürleýäris! Bu aýdymyň üsti bilen ol Isa Mesihdäki durmuşyny wasp edýär! Bu sazyň we aýdymyň üsti bilen hem Hudaý size hakykatyny açar diýip umyt edýäris!!!

Gör nahili men bagtly

Gör Nähili men bagtly.

Hudaý-Halasgärim

Mukaddes gökde men üçin

Ajaýyp jaý taýyn.

Gaýtalama:

Şöhratlaýan Guzyny,

Men üçin ejir çekdi.

//Oňa alkyş. Omyn// 2gez

Dünýä baýlygy deň bolmaz

Ol altyn şähere.

Hudaý meni hiç taşlamaz,

Bolaryn ol erde.

Garaňkylyk ýitip gider,

Ebedi nur sönmez.

Alkyşlap joşar ýürekler

Indi gözýaş bolmaz.

posted in Radio, Шахсы шаятлык | 0 Comments

3rd October 2007

Türkmen imanlynyň döreden sazy

Hudaýa iman getirenler her bir zatda Hudaýa öwgüler getirmäge çalyşýarlar! Olaryň käbirleri günälerden, şeýtanyň garaňky tümlüginden we dowzah odundan Hudaýyň beren ajaýyp gutuluşyny aýdym-sazlarda wasp edýärler. Olar özlerinde dörän täze umytly durmuşlary üçin Biribara minnetdarlyk bildirýärler. Bilşimiz ýaly Ýaradyjy Hudaý ähli milletleri ýaratdy we olara dürli diller berdi we bu sebäpden oňa dürli dillerde öwgüler, dilegler, şükürler edilýär. Bu ýerde biz Turkmenistanly ildeşimiziň 28 ýyllap hakykaty bilmän şeýtanyň tümlüginde ezýet çekip, hiç bir erden we dinden gutuluş tapman ýaşan we durmuşda umytsyz gezen, emma Hudaýyň Isa Mesihdäki merhemeti we rehimi aýan bolanda beýik gutulyşa eýe bolan we Isany Reb we Mesih hökmünde kabul edip täze, tämiz, şatlykdan we dynçlykdan doly durmuşa eýe bolan ýigidiň döreden öwgi sazyny we aýdymyny size hödürleýäris! Bu aýdymyň üsti bilen ol Isa Mesihdäki durmuşyny wasp edýär! Bu sazyň we aýdymyň üsti bilen hem Hudaý size hakykatyny açar diýip umyt edýäris!!! Bu aydym ors dilinde, yone tizara bu imanly doganyn Turkmen dilinde hem aydym aydar diyip umyt edyaris! Ors diline dushunmediklere, terjimesini erleshdireris!

posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 0 Comments

28th June 2007

Dileg Edýän Aýalyň Guýji

 

Biz size bu bölümimizde Dileg Edýän Aýalyň Guýji atly kitaby okamaklyk mumkinçiligini hödürleýäris. Esasan hem bu kitap aýallara bagyşlanandyr. Bu kitaby ene siz websitymyzyň Umytly Aýallar bölüminde hem tanyşyp bilersiňiz. Bu kitap arkaly siz özüňize köp peýdaly durmuş we ruhy baýlyklara eýe bolarsyňyz diýip umyt edýäris. Eger bu kitabyň kitap görnüşini almak isleseňiz bize hat ýazyň!

Bu kitap size dilegiň beýik guýji hakynda gurruň berýär. Eger siziň nikaňyz agyr ýagdaýlary başdan geçirýän bolsa, belki-de, siz bu kitapda maşgalaňyzdaky ýagdaýa başgaça seretmeklige we kynçylyklardan çykalga tapmaga maslahatlar taparsyňyz. Siz aýalyň hakyky çakylygynyň nämeden duýandygyny bilersiňiz. Öz adasyňyza oňat düşünmekligi öwrenersiňiz. Siziň dilegiňiziň neneň peýdaly bolup biljekdigini Stormy Omartiýan durmuş mysallary arkaly görkezýär. Diňe dileg köp ýagdaýlarda bar zady düzedip bilýär ahyryn.

Stormy Omartiýan—meşhur amerikan ýazyjysy, şahyr-aýdymçy we orator. Ata-enäniň dileginiň guýji, Stormy, Meniň ýolumy yşyklandyryp, Hudaýyň şypa ýoly atly has geçginli kitaplaryň awtory. Adamsy Maýkl bilen onuň üç uly çagalary bar Kristofer, Amanda we Jon Deýwid. Biziň döwrümizdäki kyçlylyklaryň arasynda baglty nika amala aşyp bilinmeýän arzuw ýaly görünýändir. Emma biz kömek üçin Hudaýa ýüzlenenimizde, Ol mümkin däl zatlary amala aşyrýar! Awtor öz adamsyň üçin, esasan-da, onuň durmuşynyň şu aşakdaky ýagdaýlary hakda nädip dileg etmeklik barada gürruň berýär:

-onuň saglygy

-onuň duýgulary

-onuň atalyk we maşgalanyň başy bolmaklyk wezipesi

-onuň işindäki howpsuzlygy -onuň ruhy durmuşy

-onuň ynamy we geljegi

Är-aýal durmuşy hakyndaky birahatlyk hiç zady hem üýtgetmez—ol hakdaky dileg bolsa baryny üýtgedip biler.

Okamak üçin şu salgylanma bas:Dileg Edýän Aýalyň Güýji

posted in Kitaplar, Шахсы шаятлык | 0 Comments

22nd June 2007

Musulman Imamyň Isa Mesih Hakynda Şaýatlygy

Göni Ýol 

Göni ýol.
 Assalaamu  alaýkum wa Rahmatulaahi wa Barakaatuh.

Günleriň birinde 104 adamdan ybarat bolan aýal-erkek, we çagalar M1 981 nomerli uçara mündirilip, 19 reýsy bilen Žykarta şäherinden uçyp çykýarlar. Olar Singapura dynç alyş uçyşlara öwrenişen soň, olar barmaly ýerimize barmarys diýip hiç kimiň pikirinde-de ýokdy.  Olaryň ’’Boýengi 737’’ Palenbanganyň golaýlarynda birdenkä  aşak düşüp başlady, we Suneý Musi şäheriniň golaýynda aşak (ýere) gaçyp çym-pytrak bolýar, ýolagçylar bilen sürižiler ölýärler.

Bütin ýer ýüzinde adamlar ölüm bilen duş gelýärler: ýer-titremeler, howanyň dürli üýtgemekleri, dürli betbagytçylyklar, we her dürli uruşlara sebäp bolup adamlar ölýärler.  Buda bolsa ynsanyň ölümiň öňüni almak üçin etžek zatlarynyň ýokdygyny aňladýar. Başgalaryň ölmegine dürli pis keseller sebäp bolýarlar. Biz ölmäge taýynlyk göržek bolup çalyşýarys, ýöne welin biz onuň gelžek wagtyny bilip bilmän, we onuň gelmeginiň - de öňüni hem alyp bilmeýäris.

 Käbirler ömrüni uzaltžak bolup dürli esaslary ulanýarlar: olar çilim çekmegi taşlap beden-terbiýe bilen meşgullanyp belli zatlary iýip  ähli zatlary edip ömrüni uzaltžak bolup synanşýarlar. Ýöne bir zat biziň  ählimize bes-belli her näçede öňe gitmäge synanşsak hem biz belli bir wagtda ölmeli.

 Käbirler ölüm hakynda aslada pikirlenmeýärler: üýtgeşik bir howp abanyp durmasa, puly-iýmiti ýeterlik bolup, gelžekleri ýagty, maşgalalary abadan, daşyndan azar berýän bolman, žemgyýetiň arasynda görnükli kişi bolan wagtlary ölüm olaryň pikirinden daşda. Ýöne ölýänler diňe bir ýaşy ýeten garrylar bilen horluk çekýänler däldir: eýsem ýaşlarda, ýanyp duran güýç-gužurly, entek ýaş adamlar hem birden ölüp bilerler. Ölümiň öňünde biziň hemmämiz deňdiris.

Özüniň dogruçyl bolanlygy sebäpli, Alla Tagallanyň bizi žennete ýada dowzaha ibermäge doly güýži bilen haky bardyr. Onuň ady Ar Rahman Rahym (Rehimli we Rehimdar) şonuň üçinde bolsa, Ol biziň ölmäge we kyýamat güniniň gelmegine taýyn bolmalydygymyzy duýdurýar. Her bir adamyň ölmeli güni belli bir wagtda ýetip geler, şonda şol ahyrky günde, kyýamat güninde, şol wagt seniň we meniň entek bu ýerde ýaşan wagtymyzdaky eden işlerimiz hakynda žogap soralžakdyr.

Şonuň üçinde biziň elmydama, ylaýtada häzirki wagtda taýyn bolmalydygymyzy, Alla Tagalla bizden talap edýär. Kimde kim elmydam taýyn bolup, kim Syratul Mustakim (Göni ýol) bilen ýörese, şol adam Hudaýyň halanydyr.

Bu dünýýa wagtlaýyndyr.
Durmuş bilen ýaşaýşyň manysy nämedekä?

 Bu dünýe wagtlaýyn. Durmuş, hatda baýlygyň hem özi, bug ýaly, bir az wagta peýda bolup, soň bolsa ýitip gidýär. Emma biziň ýaşaýşymyz bu dünýeden has beýikdedir, we bu dünýäniň wagtyndan hem has uzyn bolup, we öňe geçip gidýär, sebäbi ol bize baky ýaşaýan Alla tarapyndan berilendir

               Köpler bu dünýäniň şatlygy, we bagty üçin ýaşaýarlar. Biz günlerimiziň her birini diýen ýaly şu durmuşyň aladalaryna bagyşlap geçirýäris. Biz köp zatlaryň gözleginde, puldyr, ýada bolmasa iş, ýada başga şat wagt geçiriş ýerlerini, ýöne bu zatlar şeýle tiz geçýär welin, biz ahyr soňy olaryň gutarýandygyny, we durmuşyň manysynyň ýitendigini düşünýäris. Şu göze görünip duran bagtyň yzyndan ýetiň diýip, şeýtan hem biziň gulagymyza ýuwaşlyk bilen pyşyrdap durýar. Ol biz durmuşymyzy günäde ýaşap, ahyry soňunda-da bolsa ömürlik dowzahda galmagymyzy isleýär.

               Biz başymyzdan erbeti gowulykdan köp geçirýändigimiz hem hakykatdyr. Ahyrynda, biziň žanlarymyzyň hožaýyny bolan Allanyň ýanyna gaýdyp barmalydygymyzy ýadymyzdan çykaryp, biz durmuşymyzyň manysynyň bardygyna göwnimiz ýetenok.

               Ýöne welin Alla Tagalla elmydama bize dogry ýoly görkezip, bize hakyky bagtyň nämededigini görkezmegiň ugryndadyr. Onuň diýenine boýun bolan wagtymyz, bu dünýede özümizi halal we arassa saklamak üçin güýç tapýarys. Onuň Syratul Mustakim, ýagny (Göni Ýoly) bilen ýöränimizde, biziň durmuşymyz Ol tarapyndan arassalanyp, şeýle derežede päklenýär welin, biz hatda Onuň günäsiz we abadan žennetiniň ýaşaýžylary bolup bilýäris.

               Ahyrzamanda, adamyň ruhy iki ýere düşüp bilýär. Ol ýerler, žennet bilen dowzahdyr. Belli bir wagtda biziň ruhymyz (ýagny biziň özümiz), kyýamat güninde sud ediler, ýanky ýerleriň haýsy-da bolsa birine baryp, soň ol ýerden yzyna ýol bolman, ýada biziň düşen ýerimizi hem üýtgetžek zat bolmaz. Biz şol düşen ýerimizde baky bolmaly bolarys.

               Häzirki wagtda biz haýsymyz öleris diýip hiç zat bilmän aýdyp bilmeris, şonuň üçin-de, bolsa biz gelžeki baržak ýerimimizi häli şindi ýerdekämiz saýlamaga mümkinçiligimiz bar.

Gelžeki baky bolmaly ýeriňi edip, sen haýsy ýeri saýlap alarsyň?

Žennet.
Žennet - bu iň bir ažaýyp, dynç alyş üçin ýerlikli, we baky durmuşyňy geçirmek üçin iň bir gözel ýerdir. Ol ýeriň salkyn bag-bakžaly, täsin, žadylaýžy owadanlygy bar.
Žennetiň gözelligini adamyň akyl-huşy beýan edip bilmez. Buny bize, Kitap ýagny şol ýerdäki adamlar, Alla Tagallanyň halas eden, günäniň agramyndan we öz ýazyklary bagyşlananlar, diňe şol ýerde bolup bilžekdigini aýdyň görkezýär.
Ýöne biz günäli adamlar bolup şol ažaýyp ýere nähili ýollar bilen ýetip bileris?

Ol gözel ýere diňe Alla tarapyn mukaddeslenen adamlar baryp bilerler. Isanyň bizler üçin nämäni taýynlap goýandygyny Gurhanda Alla Tagalla bize açýar, bütin adamzat üçin Isa, Meremiň Ogly mukaddes sowgadydyr.

«We Biz Ony adamlar üçin alamat ederis, we Biziň rehimdarlygymyz».                                                                                                                              Sura 19:19, 21
Asmanda we ýerde Alla Tagalla Isanyň adyny baş ýerde goýdy.

«Mesih atly Isa, Meremiň ogly, golaýdaky we indiki dünýälerde täsin, we ynanýanlardan».                                                                                                                                                                                                                                                                              Sura 3:45
Dowzah.
Dowzah - bu iň bir erbet žebir çekmek üçin niýetlenen ýerdir. Ol ýeriň düşen adamlary ömürlik žebir çekýärler, hatda olaryň eşikleri, ýassyk-düşekleri otdan edilen ýaly. Ýalyn olary bütünleýin gurşap dur. Ol ýerde baran ýeriňde garankylyk, ot bilen tüsseden doly. Şol elhenç ýere gözleri körelip, dilleri lal, we gulaklary ker. Ol ýerde diri žanlar öli ýaly. Ol ýeriň žebiriniň hem soňy ýok. Ilki ýaradylan adam Adam-atanyň wagtyndan bäri, Şeýtan ähli adamlary azdyryp, aldadyp gelýär. Olar şol sebäpli günäli bolup, şol ýerde bolmaga ikiuçsyz düşmelidirler.

«Siziň araňyzda oňa düşmežek ýokdyr, seniň Rebbiň üçin bu iş-bellenen zatdyr».                                                                                                                                                                                                                                                                         Sura 19:71

Al Syratul Mustakim
(Žennetiň göni ýoly)
Alla Tagallanyň Öz kelamyndan hemme açan we görkezýän zatlaryna ynanýanlary şol žennetiň göni ýolundadygyny biziň ählimiz bilýäris. Muňa goşmaça şol wagty-wagtyna ýerine ýetirilýän dogalar, berilýän sadakalar üçin kyýamat güninde öz sylaglaryny žennetde alarlar.

«Ýöne berk bilýänler, we ynanýanlar, şol saňa berilen zatlara ynanýanlar, hemde senden öň iberilen zatlara, we dogalary ýerine ýetirýänler, we päklenýänler, we Alla ynanýanlar we kyýamat günine - bulara Biz uly sylag bereris».                                                                                                                                                                                        Sura 4:162                                                                  

            Ýöne welin biziň näçämiz şol Allanyň açan aýdyň alamatlardyr-wakalaryň bizi şol göni ýolda saklap bilžekdigini bilýäris?
Egerde Alla tarapyn aýdyň hadyslar bolmasa, biz şol göni ýolyň hakyky göni ýoldygyny nädip bilip bileris? Hudaýyň açan alamatlaryny bilmesek, Alla Tagalla biziň olara ynanýandygymyzy nädip görer?         

Biz žennete barmak üçin bizde ýeterlik zatlaryň bardygyny näme bilen we nenen ölçäp bileris? Biz žennete düşmezden öňürti dini kanunlara nähili halda berk boýun bolup, olary ýerine ýetirmeli? Men žennete girmäge doly hakym bar diýip aýdyp biler ýaly ýerine ýetirilmeli dogalardyr sadakalaryň sany näçe? Bu sowallara diniň kanunlary bize aýdyň žogap berenok.

Hakykatdan hem biziň näçämiz Alla Tagallanyň şol žennet ýolundan äkidýän nusgalaryny doly beržaý edýäris? Biz žennete düşmegimizden öň, şol boýun bolmaly nusgalary, dogadyr sadakalary ýerine ýetirmäge biziň näçämizde güýç, we gaýrat bar? Netižede, köp adamlar, hatda žan çekip dogalar okap, sadaka sogap işlerini etselerde, olaryň ýan ýoldaşy şübhe bilen ýigrençdir. Asyrlar boýy, Alla Tagalla biz Oňa doga edip, şol Onuň biz üçin taýynlan pes-pällik, we mukaddes ýoluny, Onuň Özi bize görkezsin diýip soramalydygymyzy Ol bize aýdýar.

«Bizi göni ýoldan äkit».

                                                                                                                                          Sura 1:6                            

«Hemme ynanýanlar!  Alladan gorkyň, Oňa golaýlaşyň».             
                                                                                                                                          Sura 5:35                                      
Siz bu ýol hakynda bilýärdiňizmi?     

Iň Rehimdar we Rehimli
(Ar Rahman Rahym)
Sura 1:3
 Güdreti güýçli Hudaý iň rehimli we rehimdar bolanlygy sebäpli Ol bize gaýtadan Öz ýolbaşçylygy bilen Kurhanyň üsti bilen ýatladyp durýar. Geliň Kurhanyň we hadyslaryň  diýänlerine ser salalyň.

Aşakdaky ýazylşy ýaly:

Kurhanyň we hadyslardaky biz žennete barmak
üçin bar bolan ýolbaşçylyk.

  1. Yzyndan eýermek üçin göni ýol Isadyr!

«Hakykatdan hem Ol-wagtyň alamaty. Munyň şeýledigine şübhelenmäň, we Meniň yzyma düşüň! Bu – göni ýoldyr»                                                                                                                                                                                                                                                      Sura 43:61                                                                                                                  

  1. Boýun bolmak üçin şam-çyrag Isadyr.

« Haçanda Isa aýdyň alamatlar bilen gelende, Ol diýdi: Men size akyl bilen geldim, we siziň dawalaşýan zatlaryňyzy aýdyňlaşdyryp düşündirerin.»                                                                                                                                                           Sura 43:63

                                                                                                                       

  1. Isa dawalaryň arasynda hakykady sözleýär.

 «Bu Isadyr, Meremiň Ogly haka görä, we olar munyň şeýledigine  şübhelenýärler».                                                                                                                                                                                                                                                                                                Sura 19:34

  1. Isa Allanyň pygamberi we Onuň Sözüdir.

« Sebäbi Mesih, Isa Meremiň Ogly-Allanyň ibereni we Onyň sözi»                                                                                                                                                           Sura 4:171                                                                                                  

  1. Isa Hudaýyň Ruhy we Onuň Sözi.

«Isa hakykatdan hem Allanyň Ruhy we Sözidir».
                                                                                             (Hadis-Anna-s Bin Malik sah. 72)

  1. Isa Ymam Mahdidir.

   «Laa mahdian illa Isabnu Mariýam» «Meremiň Ogly Isadan başga Imam Mahdi ýokdyr
                                                                                                        (Hadis Ibnu Madžah)
 

  1. Isa adamyň islegi boýunça dogman, eýsem Hudaýyň Ruhydan doguldy.

 «We şol päkligini saklan… We Biz Oňa Ruhymyzdan berdik, we Ony we Onuň Ogluny dünýäler üçin alamat etdik».                                 

                                                                                                                                      Sura 21:91

  1. Isa doguldy, öldi we direldi.

«We şol gün mana parahatçylyk bolar, meniň dogulan günim, we ölžek günim, we ýenede direlžek günimde»                                                                                                                                                                                                                                                 Sura 19:33

  1. Isa ölenden soň täzeden direlip, baky ten alyp, ynamsyzlardan beýgeldilendir.

 « Alla Tagalla diýdi: Isa, Men Seniň žanyňy alaryn, we Seni Özümiň ýanyma alaryn. We Men Seni ynamsyzlardan aýryp goýaryn. We Seniň yzyňa eýerenleri ynanmaýanlardan beýikde goýaryn».                                                                                                                                                                                                       Sura 3:55

  1. Isa dürli pis kesellerden açyp, körleriň gözlerini açdy.

 «Men köriň gözüni açaryn, kesellini hem sagaldaryn, we ölüleri Allanyň rugsady bilen direlderin».                                        

                                                                                                                                        Sura 3:49             

  1. Isa ölüleri direldipdi.

«Sen ölüleri Meniň rugsadym bilen direldýärdiň».
                                                                                                                                     Sura 5:110                                                           

  1. Güdüretler we Mukatddes Ruh Alla tarapyn Isa berilipdi.

 «We Biz Isa Meremiň Oglyna aýdyň alamatlary berdik, we Ony mukaddes Ruh bilen güýçlendirdik».                                                                                                                                                                                                                                                     Sura 2:253                                                                      

  1. Alla Tagalla Isany, Allanyň pygamberini inkär edenleri «kapyr» hasap edýär.

 «Olaryň ynanmaýandyklary üçin, we Merem hakynda uly ýalan sözlediler».                                                                                                                                                                                                                                                                                    Sura 4:156

Ähli ýazgylardaky ruhanlar Isa ynanarlar.

 «Hakykatdan hem ýazgylardaky adamlardan Oňa ynanmažak hiç kim bolmaz, Onyň ölümine çenli we Onyň direlen güninde Ol olaryň ýalnyşlaryny görkezer».                                                                                                                                                                 Sura 4:159

  1. Kanun Kitabyny, ýagny Töwraty, we Inžili inkär edenler «dynsyz» ýagny kapyr höküminde Alla tarapyndan seredilžekdir.

  1. Isa Hudaýyň Sözi bolanlygy sebäpli, Ol Alla tarapyndan gelip biziň üçin Kitaby açýar.

«Ol Kitapdadyr, akylly we beýik»                                                                                                                                                                                                                                    Sura 43:4

      17. Zemin bilen asmanyň üstinden häkimiýetçilik Isadadyr.

 «Perişdeler diýdiler: Merem, Alla Seni şol söz hakyndaky habar bilen begendirýar, Onuň ady Mesih Isa, Meremiň Ogly, golaýdaky we indiki dünýälerde täsin we ynamdarly»                    
                                                                                                                                        Sura 3:45                                        
  Bu dünýäniň we gelžeki dünýäniň üstinden güýži, haky, we häkimiýeti Isada bardyr. Isa göni ýoldyr, kurhanyň bize ýatladyşy ýaly, Isanyň yzyna eýerýänler kapyrlardan beýikdedirler. Isa Alla Tagalla üçin şeýle wažyp bir adam bolupdyr welin, kurhanda Onuň ady 97 sapar ulanylypdyr.
 Ženneti uly owadan we täsin köşk bilen deňeşdirip bolar. Mysal üçin, egerde şol köşkdäki ýaşaýan prezident, ýada hožaýyn sizi şol köşge çagyran bolsa, sizde girip bilerin diýip şep-şübhe bolup bilmez, sebäbi ol adam şol ýeriň eýesi bolup, şol köşgde doly haky bar.

 Ýöne egerde men, ýönekeý bir şol ýerdäki hyzmatkär bolup, hiç hili hakym bolman sizi çagyrsam, siz elbetde şübhelenip başlarsyňyz: belki-de köp haražat, güýç sarp eden soň, şu ýoly geçip, indi hem köşge girmäge rugsat edilmese nätžek?

 Özüniň rehimdar bolanlygy sebäpli, Alla Tagalla Isany ýanky hökümdar höküminde goýdy. Onuň ruhy hemde alamaty bütin adamzady žennete eltmek üçin niýetlenendir. Isa Alla tarapyndan iberilip, bize Onuň gymmatly çagyryşyny getirdi. Isa Alla tarapyndan ýokardaky kitapdan geldi, we Allanyň sözi höküminde gelenligi sebäpli, Onuň sözi ýalňyşsyz we düzümi boýunça päkdir. Isa Hudaýyň Oňa tabşyran işini şowly, we gyşarnyksyz ýerine ýetirdi: kim-de kim Ony kabul etse, we Allanyň göni ýolyndan Onuň yzyna eýerse, şol adam dogruçyl ýaşap žennete baržakdygyny berk bilip biler. Şonuň üçin-de bolsa, Alla Tagalla kurhanda aýdyşy ýaly, Isa bu dünýede uly sylagdadyr we ähli Oňa boýun bolýanlar žennetde öz sylaglaryny alarlar. Muhammet pygamber öz ölüminiň öň ýanynda öz eden açyşlarynda kurhanda täsin habarlar beýan edýär.

Иň Beýik Ýan Ýoldaş.Muhammet pygamber ölüminiň öň ýanyndaky dogasy:
«Eý Hudaýym, meni bagyşla, maňa rehimiň gelsin we meni iň beýik Ýoldaş bilen bileleşdir».
                                                                                               (Hadis Şahi Bukari 1573)

 Soňra bolsa Muhammet pygamber elini ýokary galdyryp diýdi:
 «iň beýik ýoldaş»                                                                               (Hadis Şahi Bukari 1574)
 Soň elini göýberip, ötdi.
Şahy Bukarynyň hadysalalarynyň ýazgylaryna görä şol «ýoldaş» pygamberlerden we perişdelerden bolmaly. Ýöne welin perişdeler iň beýik diýip atlandyrylan ýeri ýok. Şeýlelik bilen, Muhammet pygamberiň in beýik ýan ýoldaşy perişde bolman eýsem pygamber bolan bolmaly.  Onda pygamberleriň haýsysy şol «iň beýik ýoldaş» diýen ada mynasyp bolupdyr?

1) Adam-Ata Şafiullah-Alla Tagallanyň päklän adamsy

2) Nuh Nažiullah- Nuh Allanyň halas eden adamsy.

3) Ybraýym Halyl- Ybraýym Allanyň halan adamsy.

4) Ysmaýyl Žabiullah- Alla gurban edilipdi.

5) Musa Kalimullah- Allanyň iberen adamsy.

6) Daut Kalimullah- Daua Allanyň yzyna eýeren adamsy.

Ýöne onuň özi şeýle diýärdi:

{Men Isa Meremiň Oglyna ýerde we asmanda iň ýakyndyryn. Ähli pygamberler bir maşgalaçylyga baglydyrlar. Atalary başga bolsada din birdir.}                                                                                                                            Hadys şahy bukary 1501 «Isa Meremiň Ogly, bu dünýäde sylagda bol, we soňra şol Alla ynanýanlardan.»                                                                                                                               Cura3:45  

                                                                                                                               
  {Men Hudaýdan ant içýärin, meniň žanym Onuň elinde. Hakykatdan hem wagt gelýär haçan Isa, Meremiň Ogly size gelip, Ol dogruçyl sud eder}                                                                                                                                                 Hadys şahih muslim 127Şeýlelik  bilen iň beýik ýoldaş Meremiň Ogly Isadan başga hiç kim däldir.

Bu iň beýik ýoldaş Alla tarapyndan şu sözleri diýer ýaly iberildi:

«Maňa boýun boluň- bu göni ýoldyr»                                                                   Sura 43: 63,64

«Olar ýaly bolmaň, olar diýärler: Biz eşitdik, ýöne olar diňlänoklar.»                                                                                                                                                                  Sura 8: 21,22                           

Şonuň üçin habardarlyk bilen Alla Tagallanyň aýatlaryny ýazyp alalyň. Olaryň diýenine boýun bolalyň, sebäbi olar Allanyň bize ýol görkeziži komposy ýalydyr.

Onuň diýenine boýun bolmagymyz üçin biz toba gelip, pälimizden gaýtmalydyrys.

Şol Allanyň bu görkezen ýazyp goýan göni ýolyndan gitmegimizi dowam edeliň.

Eýsem şol beýik ýoldaş Bize häzirki wagtda neneň kömek edip bilýär?
  Şol beýik ýoldaşyň aýdyň hadysalary we wakalary şol Syratul Mustakim (göni ýoly) has-da aýdyňlaşdyrýar.

 «Biz Isa, Meremiň Oglyna aýdyň almatlary berdik, we Ony mukaddes Ruh bilen
güýçlendirdik»                                                                                               Sura 2:253, 256

Belkide biz öz dinimize uýup, köplenç adamyň çykaryp düzen adat ýedilen ýollaryna eýerip, Alla Tagallanyň täsin ýollaryny unudýarys? Belki biz Nabi Muhammediň düşünip aňan zadyny

duşumyzdan geçirdik? Bize şol  Alla Tagalanyň beýik ýoldaşyň üsti bilen berilen aýdyň alamatlary gerek. Geliň şol ähli Allanyň kitapda ýok ýollarynyň hemmesini inkär edeliň.

 Onuň aýdyň alamatlary bize şeýtanyň aldawly ýollaryny görkezýär. Olar bizler üçin Alla Tagallanyň dogruçyl ýollaryny açýarlar. Isa aleýssalamyň  bize adamyň adat edilen ýollarynyň boşlugyny we ikiýuzliligini görkezýär.

Isanyň alamatlaryna boýun bolup başga ýollary inkär edenler, Allanyň ýolbaşçylygyndadyrlar. Olar elmydama ölüme-de, kyýamat güniniň gelmegine-de taýyndyrlar. Olarda žennete baržakdyklaryna çuňňur ynamlary bar,çüňki olar şol beýik ýoldaşyň päk mukaddesliginde özlerine pena tapandyrlar. Olar adamyň dürli adatlaryna eýermänlikleri üçin olaryň Hudaýyň öňünde hiç hili ýazyklary ýokdyr, we olaryň päk durmuşlary öz dogruçyl işlerine mätäç däldirler.
                                             Biz başga ýollary inkär  etdikmi? 

Biz biziň iň beýik ýoldaşymyzyň bize Alla Tagallanyň bizler boýun bolar ýaly täsin berilen sözlerine gulak goýarysmy?
Şol göni ýolda biziň beýik ýoldaşymyz bizi aman saklap, bize ýardym edýär.
Biz Alla Tagallany görüp, ýada bolsa elimizi oňa degirip bilmeýän bolsakda, biz şol göni ýoldan sag aman ýörär ýaly Ol bize Öz ynamdar ellerini uzadýar. Alla Tagallanyň Ruhy,we Isa Aleýssalam şu ýere(dünýä)adam şekilinde gelipdi
«Şol berk arka daýançdan ýapyşyň, ol hiç haçan bozulmaz»                                                                                                                                                                                                Sura 2:256                                                                  
Biz 2-nži suranyň 253 aýatyna garanymyzda, şol belli ul kursi aýaty biz üçin hasda düşünikli we aýdyň bolýar. Isanyň we pygamberleriň päk alamatlaryna ynanan wagtymyzda biziň daýanžymyz bar.
 

  • Berk ynamy diňe Allanyň Özi berip biler. Alla Tagallanyň Ruhyndan bolanlygy sebäpli, Isa dürli hapaçylygyň görnüşi bilen bozuk bolman, eýsem Ol hemme taraplaýyn päkdir. Diňe Onuň mukatdessliginde biziň Alla Tagalla bilen aragatnaşygymyz bolup biler, sebäbi Alla Tagalla mukatdesdir. Ruhdan- Ruh, Isa Alla Tagallanyň Ruhyndan bolany sebäpli Ol haýsydyr bir pis kesele elini degirip rehimillik bilen ol keselden Hudaýyň güýži bilen açýar.
  • Isa Al Hakdan geleni sebäpli, Ol şol beýik hakyň Özi bolup, bu ýalançy dünýäde iň ynamdarlydyr.
  • Onuň ynamdarlygy hiç haçan üýtgeme, sebäbi Ol synag edilip, Ol iň aňry çeti dürli kynçylyklary başdan geçiren wagty ýüreginiň we žanynyň asudaçylygyny saklap başardy.

        Ol diýdi                    

«We şol gün maňa parahatçylyk bolar, meniň dogulan günim, ölžek günimde, we ýenede direlžek günimde»                                                                                                                                                                                                                               Sura 19:33

Baky berk arka daýanç. Haçanda biz Alla Tagallanyň bize görkezen durmuşdyr ýada ölüme degişli bolan alamatlaryna berk ynansak, onda biziň hem kalbymyzyň asudalygy bolup biler. 3-nži suranyň 55-nži aýatynda kyýamat güniniň ýolbaşçysy bolan Alla Tagalla Isanyň žanyny alyp, Ony Öz ýanyna aldy. Alla Tagalla Isany ynamsyzlardan aýryp, we päkläp, we Isanyň gurban bolandygyna ynanýanlary sylažakdygy hakynda aýdylýar. Ýeniş Alla, biz Isanyň biziň günälerimiz üçin gurban bolandygyny kabul eden wagtymyz, Alla Tagalla bizi täsin päkläp, bizi Özüniň ýanyna alžakdygyny habar edýär.
Alhamdulyllah!
Hatda Muhammet pygamber öz güýžine garaşly bolman, eýsem bu dünýeden ötžek wagtynyň gelendigini duýanda, Ol şol iň beýik ýoldaşyň howupsyzlygyny kabul etdi. Şeýlede biz, has hem beter şol ynam ýolundan gitmelidiris.
 Doga.
▫ «Allahumma! (Eý güdüreti güýçli Hudaý!)
▫ Astafirullah! (Meniň günälerimi geç!)
Meni şu wagta çenli Seniň mukatddes ýoluňdan gitmänligim üçin bagyşla. Men başga meni halas edip bilžek ýollaryň ählisini inkär edip, men Sana ynanyp, we Isanyn gurban bolanlygynyn alamatyna, men kyýamat güninde halas bolmak üçin ynanýaryn. Men diňe Seniň ýoluňy kabul edýärin.

Meniň beýik Ýoldaşym meni Özüň şol göni ýoldan ynamdarly äkitmegini Senden soraýaryn.

Biz Allanyň ynamdarly ýelinde howupsyz dälmidiris eýsem?  

Goý Alla Tagalla bizi Öz güýži bilen şepa berip hemde bizi Al Siratul Mustakiim ýolynda gitmegimizde bize ak pata bersin! 

Wassalamu alaýkum wa rahmatulla wa barakatu!

Ýokarydaky Kurhan sanlary  1928-nži ýyldaky
 Kair magaryfyndan alynan.
 

posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 45 Comments