TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Uzak Ýurtdan Hat

31st March 2008

Uzak Ýurtdan Hat

 

Uzak ýurtdan hat
Size Abdyl Kadyr hakdaky gürrüňi diňlemegiň gyzykly boljakdygyny men bilýärin. Onuň ata-enesi ýogalypdy. Ol wagt Abdyl heniz iki hem ýaşamandy. Olar öz ogluna uly baýlyk we birnäçe jaýlary miras galdyrdylar. Çaga we onuň emlägine kakasynyň dogany hossarlyk edip ugrady. Adaty şertlerde şeýle ylalaşyk doly amatly bolardy. Emma Abdylyň daýysy örän zalym adamdy. Ol çagany başga bir daş erdäki garyndaşlarynyňka iberdi, olar-da çaga barada hiç bir alada etmeýärdiler. Soňra daýysy Abdyl Kadyr ölüpdir dien myş-myş ýaýratdy. Ol özüniň şahsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin Abdylyň emlägini satyp, pullary harçlapdy.Abdyl ulalanda ol özüniň adamlaryň rehmine mätäç, öýsüz-öwzarsyz etimdigine göz etirdi. Şu döwürden başlap, ol bir döüm çörek üçin meýdanda agyr zähmet çekmelidi. Şonuň netijesinde ol zordan okamagy we ýazmagy öwrendi. Ýyllar geçip, Abdyl ýigrimi iki ýaşady. Bir gün giç agşam, eke özi öýünde otyrka, oňa öz adyna iberilen bir bukja gelip gowuşdy. Ol –hatdy! Siz onuň togunmasyny bir görsediňiz! Ertesi ol meýdana gelensoň, töwerekde hiç kimiň görmeýändigine göz etirip, bukjany açdy we kynlyk bilen okamaga durdy:
Hormatly Mübärek ogly Abdyl Kadyra: saňa parahatlyk bolsun!Haty ýazýan men-Abdyl Eziz, ejeň dogany. Birnäçe ýyl ozal men seniň nähili ýagdaýlara düşendigiňi eşitdim. Seniň diridigiňe men şatlygymdan iki bolup bilmedim, çünki sen meniň tenimden ten we ganymdan hem gansyň. Meniň ýüregim saňa ýüzlenýär.
Gadyrly Abdyl Kadyr. Kakaň saňa goýup giden mal-mülkünden mahrum eden duşmanlaryňyň arasyndadygyňa sen heniz güman hem etmeýärsiň. Men şeýle gynançly hakykat barada eşidenimde, ene-de saňa degişli bolar ýaly, seniň emlägiňi yzyna satyn almagy karar etdim. Indi, köpýyllyk tagallalar bilen men uly töleg tölänimden soň, seniň ägirt uly emlägiň babatda dokumente eýe boldum. Ol document Kazynyň elinde, onuň adyny we adresini hatyň ýanyna goşandyryn. Ol dokumentde seniň eke goluň kemlik edýär we şonda ähli emläk seniňki bolar. Indi bolsa şu haty al-da Kazynyň ýanyna bar we özüňi tassykla. Ertesi biz duşuşanda bile şatlanarys.
Beýle zady Abdyl öz ömründe hiç haçan eşitmändi. Ol namä ynanjagyny bilenokdy. Ýaş, garyp ýigit galan ömrüni bir döwüm çörek ugrunda gul ýaly geçirmelimi? Ýa hakykatdan hem ol ägirt uly baýlygyň eýesimikä? Şeýle howsala düşenligi üçin ol haty näçe gezek okandygyny hem bilmeýärdi. Ahyr soňy hojaýyn görmez ýaly ol haty daşyň astynda gizledi. Emma ertesi irden ol ähli zady hojaýynyna gürrüň berdi. Hojaýyn güýçli gazaplandy. “Sen nähili samsyk ýigit! Sen, name, dünýäde Abdyl Kadyr eke men diýip pikir edýäňmi? Bu hat seniň üçin däl, başga bir Abdyl Kadyr üçin nietlenen”. Muňa ýaş ýigit, şeýle jogap berdi: “Şeýle bolmagy-da mümkin, ýöne her halda hatda meniň hem adym bar. Men ol ere giderin we ähli zat barada bilerin, soňra name boljagyny göreris!”
Hojaýyn Abdyl Kadyry haty görkezmäge yryp ugrady. Hatda onuň haýbat atmagy hem biderek bolup çykdy. Gün ýaşmazynyň öňüsyrasynda Abdyl Kadyr haty gizlän erine gizlinlikde geldi. Ol ony öwran-öwran okap çykdy. Şol agşam nahardan soň, käbirleri Abdyl Kadyra şeýle diýdiler: “Ýigit, bizi diňle-de, parasatly maslahaty Kabul et. Saňa gelen ol hata ynanma. Kimdir biri seniň üstünden güljek bolyp, seni aldaýar. Bu hat ýalan we ondaky gol hem galp. Biz haty getiräý, biz onuň toslamadygyny subut ederis”. Bu gezegem Abdyl Kadyr olaryň aýdanyny etmedi. Ýaşulylar örän gaharly bolsalar-da, hiç zat edip bilmejekdigini duýdular.
Şeýle hem bolsa, ýaşulylar Abdyl Kadyryň ýüreginde şübhe döretdiler. Aýdaly olar dogrumyşyn. Ertesi ol bazaar gidend adamlardan bu barada soramagy ýüregine düwdi. Köp soraglap, ahyr soňy hatyň iberilen eri barada bilýän adamy tapdy.
Ol dam bir ýyl mundane öň ol şäherde bolan eken. Gürrüňini dowam etdirip, ol adam şeýle diýdi: “Ol şäherde Abdyl Eziz atly bir adam ýaşaýar. Şäher adamlary onuň aýratyn häsietli we oňat adamdygy barada gürrüň edýärler. Olaryň aýdyşyna görä, ol örän gurply adam, ýöne soňky bir ýylyň dowamynda güýçli işläp, girdejisini nähilidir bir geň maksat üçin süýşürip, özi garyp ýagdaýda ýaşapdyr”.
Abdyl Eziziň agyr zähmetiniň maksady gürrüň berýäne düşnüksiz ýaly bolup görünsede, Abdyl Kadyr muňa düşünýärdi. Onuň ýüregi umyt we şatlyk bilen güpürdäp, şu wagta çenli bilmedik duýgulary başdan geçirýärdi. Ol Abdyl Eziziň agyr zähmetiniň maksadynyň söýgüdigini bilýärdi. Onuň ozone, Abdyl Kadyra bolan söýgüdi.
Abdyl Kadyr ol şähere gitmäge hyýallanýandygyny ene bir ýola hojaýynyna bildirdi. Hojaýyn türmä basaryn diýip, ene-de haýbat atdy. Ol şeýle hem etid. Emma Hudaý Abdyl bilendi. Ol diwaryň aşagyndan çykalga etmek üçin gije güýçli işledi. Çykalga edip, ol gaçdy. Aýyň ýagtysynda gizlän hatyny tapdy-da, Abdyl Eziziň şäherine ugrady. Adamlardan ugur sorap, birnäçe hepdeläp ýol ýörenden soň, şähere etdi we Kazynyň öýüni tapdy. Eden syýahatynda ol ene-de ençeme gezek haty okady! Hat ony ruhlandyrýardy, umyt berýärdi.
Kazy kakylýan gapysyny açanda gözi düşen ýaş ýigidi uly emlägiň eýesine meňzemeýärdi. Abdyl Kadyr ýola azyk almak üçin özüniň bar bolanja ähli zadyny satypdy. Eşigi ýyrtykdy, aýagy ýalaňaçdy, emma şeýle hem bolsa Kazy Abdyl Kadyryň özüniň tanyş edip, haty görkezmeginden hoşal boldy. Ol: “Sen gowy edipsiň” diýdi. “Abdyl Eziz seni gelmäge mejbur edesi gelmedi. Özüniň beren wadasyna ynanyp, seniň şeýle ýoly söküp gejekdigiňi bilmek isledi. Şondan soň sen öz emlägiňe eýe bolup bilerdiň”. Şol gije ýatanynda Abdyl Kadyr özüni nähili duýýandygyny siz göz öňüne getirip bilersiňizmi? Ýok, ol bularyň düýş däldigine doly ynanmalydy. Ol hakykatdan hem uly baýlygyň, birnäçe jaýlaryň eýesidi. Ol özüniň täze emlägini dogry ulanjakdygyna wada berdi.
Şol günden başlap Abdyl Kadyryň şatlygy barada we özünde bar zatlaryň gözelligine guwanyşy barada aýdyp oturmagyň geregi ýok. Emma ähli zatdan artyk ol Abdyl Eziz bilen duşuşjak gününi arzuw edýärdi. Sebäbi ol özüniň ähli emlägini hut Abdyl Eziziň satyn alayp, sowgat edendigini ýatdan çykaryp bilmeýärdi. Hakykatda ol satyn alyjyny satyn alnan zatlaryndan gymmat hasaplaýardy!
Gadyrly dostum, mende seniň adyňa uzak ýurtdan gelen hat bar. Bu hat-gökden gelen Mukaddes Injil. Ol seniň üçin Hudaýyň gökde taýýarlan mirasy hakda gürrüň berýär. Ol çüýremez mirasdyr, erdäki wagtlaýyn baýlyklara meňzeş däldir, arassadyr, kämildir we ebedidir. Şol ebedi mirasyň hazynalarynyň arasynda-günäleriň geçilmegi, täze ýaşaýyş we Hudaý bilen ýaraşyk bardyr. Özüniň gökdäki mirasyny saňa we ähli adamzada Hudaýyň eýýäm wesýet edendigini, sen bilýäňmi?
Bu hatda şeýle hem Hudaýyň ol mirasy seniň üçin nähili edip taýýarlandygy barada aýdylýar. Onda seniň üçin Hudaýyň Isa Meishih agyr jebirlere iberendigi aýdylýar. Seniň bähbidiň üçin Isa Mesih Göklerdäki Patyşalygynyň şöhratyny hem-de baýlygyny taşlap, Özüni gurban berdi. Ol Öz janyny seniň üçin bermäge ynsan kimin bu dünýä geldi. Onuň ölülerden direlmegi bolsa Onuň mirasynyň hakykatdan saňa degişlidigi baradaky Hudaýyň beren subutnamasydyr.
Emma name üçin Mesih seniň üçin bu zatlary etdi-kä? Sebäbi, bu hatda aýdylyşy ýaly, sen duşman-şeýtanyň elindesiň. Ol seniň mirasyň ogurlamak isledi. Ol seniň bu zatlar barada hiç zat bilmezligiň üçin seni garaňkylykda we gapyllykda saklamak isleýär. Hudaýyň seni söýýänligi sebäpli, seniň mirasyňy halas etmek we seni şeýtanyň zynjyrlaryndan azat etmek üçin Mesih kän zähmet çekdi.
Gadyrly dostum, sen Hudaýyň bu wadasyna ynanýarsyňmy? Ozalky günäli ýaşaýşyňy we şeýtanyň elindäki gulçulygy taşlamaga sen erk edip bilermiň? Sen Hudaýyň berjek bolýan beýik sowgadyny almaga taýynmy? Elbetde, bu zatlar ýalan diýip käbir adamlaryň seni yryp ugrajagy şübhesizdir. Olar seniň ozalky ýaşaýşyň dogrudygyny subut edip ugrarlar. Beýlekiler bolsa bu hat, Injil, seniň üçin däl, başga biri üçin ýazylan diýerler. Ene birileri bu hat hakyky däl, onuň mazmuny galplaşdyrylypdyr, ähli wadalary bolsa-ýalan dierler.
Her niçik-de bolsa, gadyrly dost, bu hat ähli günäkärler bilen birlikde saňa ýollanandyr. Ony açyk ýürek bilen üns berip oka. Haçanda onuň hakykylygyny göreniňde we ebedilik mirasyň gymmatyny bileniňde, seniň ýüregiň hem edil Abdyl Kadyryň ýüregi ýaly özüniň eýe bolan täze zatlaryna guwanar. Sen Isa Mesihiň seniň üçin gazanan günäleriň geçilmegine, rahatlyga hemde täze ýaşýaýşa eýe bolarsyň. Sen hem Onuň bilen duşyşyga sabyrsyz garaşarsyň
Hudaý beýik! Onuň ähli eden işleri üçin Oňa şöhrat bolsun!
“Emma Ol Özüni Kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň ogullary bolma hakyny berdi.” (Ýahýa 1:12)
“Şeýlelikde, sen indi gul däl-de, ogulsyň. Ogul bolsaň onda Isa Mesih arkaly Hudaý seni mirasçy hem edendir.”
(Galat. 4:7)

posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 0 Comments

26th March 2008

TAÝYN BOL!

perfectly_ready.jpg

HUDAÝYŇ BILEN DUŞUŞMAGA TAÝYN BOL!

Siziň bu okaýan ýüzlenmäňiz Injildäki tekste esaslanandyr. Hudaý: “Şonuň üçin Men seniň bilen şeýle edýärin, Ysraýyl; seniň bilen näme edýändigimi görä-de, öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol, Ysraýyl” (Amo 4:12). Bu aýat, Hudaýyň öňündäki ebedi ýörelgäni habar berýär. “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” - bu, islendik nesile edilýän çakylyk we duýduryşdyr.

Amerikadyky iň uly demir ýol kompaniýasy, demir ýol geçelgelerinde polat parawozlar bilen awtoulagdyr ýük maşynlarynyň arasyndaky döreýän howply çaknyşyklaryň öňüni almak maksady bilen, geçelgelerde duýduryş hökmünde hyzmat etjek iň gowy üç sözi tapan adama 2,500 amerikan dollaryny baýrak berjekdigini yglan etdi. Akylly we bagtly adamlaryň biri, baýragy almak üçin häzirki wagtda geçelgelerde gabat gelýän: “SAKLAN! ÄGÄ BOL! GULAK AS!” diýen sözleri teklip etdi. Bu sözleriň her biri 833 dollara barabardy. Eger şol sözler berjaý edilmese, geçelgäni kesip geçýän üçin olar düýbünden peýdasyz boljakdy. Eger adamlar saklanmak islemese, “SAKLAN!” sözüniň peýdasy näme? Eger hiç kim ägä bolmak islemese, “ÄGÄ BOL!” sözünden nähili peýda bolar? Eger biz gulak asmak islemesek, “GULAK AS!” sözi nähili duýduryşy aňladar? Eger siz gulak asmasaňyz we taýynlanmasaňyz, ebedilik taýynlyk baradaky çakylyklary, edil ýaňky mysallar ýaly ýene köp gezek eşidip bilersiňiz.

1. Ýönekeý sözlere üns beriň. Mysal getirilen tekstiň her biz sözünde adatdan daşary ýönekeýlik bardyr. Injilde: “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” – diýlipdir. Taýynlanmak – bu, taýyn bolmagy aňladýar: ölüme taýyn bolmak, Höküme taýyn bolmak, Rebbiň gelmegine taýyn bolmak. Mukaddes Ýazgy adamlaryň bu dünýä gelip dogulaly bäri, Hudaý bilen duşuşyga taýyn däldigine şaýatlyk edýär. Hudaý, islendik adamyň kanunsyzlykda dogulandygyny aýdýar. Beýle diýildigi, biziň Hudaý bilen bu dünýäde duşuşmagymyz üçin, günälerimiziň bizden aýrylmalydygyny aňladýar. Injil hem Isa Mesihiň ganyndan başga hiç zadyň günäni ýuwup bilmejekdigini anyk yglan edýär. Resul Ýahýa öz hatynda: “… Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir” – diýýär (1Ýah. 1:7). “Taýyn bol” sözi – örän ýönekeý sözdür, onda hiç hili zat gizlenen däldir. Bu tekstiň sözleri matematikanyň meselesi-de däldir. Islendik adam olaryň näme aňladýandygyny bilýändir. “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” – jümlesi, Hudaý bilen duşuşmaga taýyn bolmagy aňladýar. Bu, edil smolanyň (gara sakgyz – şepbeşigiň) garyň ýüzündäki zolagy ýaly aýdyňdyr. Köp adamlar, nähili-de bolsa bu ýönekeý sözleri nädogry kabul edýärler. Birleri öýlenmäge taýynlanýar, başga birleri dynç alyşa gitmäge taýynlanýar. Köp adamlar çagalaryny mekdebe taýynlaýar. Köpler, pensiýa üçin goýlan pullary garran çaglary ulanmak üçin, garrylyga taýynlanýar. Ýöne olar, diňe özleriniň durmuşynda wajyp zat bolan, ebedilikde Hudaý bilen duşuşmaga taýynlanmaýarlar. Dost, Injiliň bu ýönekeý sözlerine gulak goý, – öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol.

2. Hudaý bilen boljak duşuşyk gutulgysyzdyr. Bir zat şübhesizidir. Ol hem, ähli adamyň Hudaý bilen duşuşmagydyr. Isle baý bolsun isle-de garyp, isle garry bolsun isle-de ýaş, isle bilimli bolsun isle-de bilimsiz – hemmeler Hudaý bilen duşuşarlar. Siz, bu dünýäde, bu durmuşyňyzda, şertlenen ähli duşuşyklaryňyzy üýtgedip bilersiňiz. Emma, ýekeje duşuşyk – hemişe öz güýjünde galýandyr. Size, özüňizi ýaradan Hudaý bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak garaşýandyr. Mukaddes Ýazgy: “Her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer” – diýýär (Rim.14:12).

Belki, bu, duýdansyz ölüm bolup biler. Sizi hem, öňünden duýdurmazdan Hudaýyň ýanyna alyp giderler. Bir garry şotland wagyzçysy bir gezek öz obadaşynyň dükanyna gidipdir. “Wagyzçy, gapyny kakman, bir söz aýtman dükana girende, men bir iş bilen gümra bolup ýördüm” – diýip, soň şol dükanyň eýesi gürrüň berýär. Wagyzçy: “Siz maňa garaşýaňyzmy?” – diýýär. “Ýok, jenap, garaşmandym.” – diýip, dükanyň eýesi jogap beýär. Wagyzçy biraz dymyp duransoň, ýüzüni gamaşdyryp: “Eger bu ölüm bolsa näme?” – diýýär-de, gelişi ýaly basym çykyp gidýär. Dükanyň eýesi, soň bu ýagdaý barada gürrüň berip, wagyzçynyň aýdanlarynyň özüni oýlanmaga mejbur edendigini ýatlaýar. Netije-de, dükanyň eýesi Reb Isa iman etdi. Mesihi üçin Hudaý bilen duşuşmak örän ajaýyp başdan geçirme bolar. Resul Pawlus öz ömrüniň soňunda: “Çünki men eýýäm Hudaýa hödürlenen şerap kimin dökülip durun, meniň bu dünýäden ötmeli wagtym geldi” – diýýär (2Tim. 4:6). Ol bu sözleri aýdanyndan soň, basym ölüm hem gelip ýetdi. Hatda, imanly üçin Hudaý bilen duşuşmak – gorkuly synagdyr. Injil şeýle diýýär: “Diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir” (Ýew.10:31). “Reb sabyrlydyr we rehimdardyr, Ol kanunsyzlygy we jenaýaty bagyşlaýandyr” (San.14:18). Emma Ol günäkäri-de jezasyz goýmaýar. Eger siz Hudaýyň söýgüsini äsgermeseňiz, Onuň berýän gutulyşyny ret etseňiz, Onuň duýduryşlaryna üns bermeseňiz, onda Onuň öňünde durjak günüňiz, siziň üçin elhenç gün bolar.

3. Soňa goýmak bolgusyzlykdyr Biziň her birimiz Hudaýyň garşysyna köp günä etdik. Hudaýyň adalatlylygy günälerimiz üçin jeza berilmegini talap edýär. Hudaýyň bize bolan söýgüsi bolsa, adalatlyk talabyna jogap berýär. Bu jogap hem – Hudaýyň Ýeke-täk Oglunyň ölümi bilen düşündirilýändir. Işaýa pygamber: “Hudaý Oňa biziň hemmämiziň günälerimizi ýükledi” – diýýär (Iş.53:6). Mesihiň ölmüniň biziň günälerimize hakykatdan hem töleg bolmagy üçin, bize Ony öz ýüregimize kabul etmek zerurdyr. Emma, köp adamlar muny soňa goýmaga ýykgyn edipdirler. Soňa goýmak – bu, “yza süýşürmekdir”. Injil Resul Pawlusyň (Iudeýiň rim hökümdary) Felikse Hudaýyň halas ediş ýoly barada wagyz edendigini beýan edýär. Şonda Feliks gorkup: “Häzirlikçe git, pursat tapan mahalym seni çagyrdaryn” – diýýär (Res.işl. 24:25). Biziň islendik birimiz agşama çenli ýaşamazlygymyz mümkin – bu, tassyklama-da degişme däldir! Biz ölümiň haçan geljekdigini bilmeýäris, emma Hudaý bizi çagyran wagty – biz barmaly bolarys. Käbir adamlar sagadyň 11 bolmagyna garaşýarlar, şondan soň olar öz ýüregini Hudaýa bermek isleýärler. Emma, sagadyň 11 bolmagyna garaşanlaryň köpüsi 10.30-da öldüler. Şunlukda, olar muny hiç wagt etmediler. Soňa goýmak – hemişe howpludyr! Durmuşyň sagady diňe bir gezek tow alýandyr Has giç ýa-da ýene irki wagtda – Olara täzeden şol bolmak berilende Hiç kimiň hem bir zat aýtmaga erki ýokdur

4. Mesihi inkär etmek – akylsyzlykdyr. Gutulyş – bu sylagdyr. Ony gazanyp bolmaz. Injil: “Sebäbi günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr” – diýýär (Rim.6:23). Bu ýerde, günä, edilen iş üçin hak (muzdy) tölenýän hojaýyn bilen deňeşdirilýär. Eger, “günäniň muzdy ölüm” bolýan bolsa, onda aýatyň ikinji böleginde şeýle diýilmeli ýaly: “Dogrulyk üçin sylag – ýaşaýyşdyr”. Emma, aýatda sadaja seýle diýilýär: “Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr” . Ebedi ýaşaýyş – bu, sylagdyr. Hudaý gutulyşy satmaga büs-bütin garşy bolýar. Emma, Injiliň soňky sahypasynda, siz jemleýiji çakylygy taparsyňyz: “Ruh we gelin: “Gel!” diýýär. Her eşiden “Gel!” diýsin. Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn” (Ylh.22:17). Gutulyş – Hudaýyň sylagydyr. Köpler, özleriniň eden oňat işleri arkaly, öz dininiň işine we däplerine işjeň gatnaşýanlygy arkaly, Hudaý bilen boljak duşuşyga taýynlanýarlar. Emma Injil, Hudaýyň bizi “dogrulyk bilen bitiren işlerimiz üçin däl-de, Öz rehimdarlygy bilen gutarýandygyny” – aýdýar (Tit.3:5). Hiç kim: “Men muny etdim, beýleki zatlary etdim, indi maňa Hudaý gutulyş bermelidir” – diýip, aýdyp bilmez. Mesihiniň durmuşyndaky oňat işler adatdan daşary wajyp zatlardyr, emma olar, günälerimiz üçin töleg bolup hyzmat edip bilmez. Biz, bu dünýä gelip, Öz Ganyny haçda döken we biziň ählimiziň günälerimizi Öz üstüne alan Isa Mesihe eden imanymyz arkaly halas bolup bileris. Reb, Özüniň haçdaky gahrymanlygyny berjaý edip, bize, günälerimiz üçin rehimdarlyk gazanyp berdi. Ine, Hudaýyň rehimdarlygynyň netijesi-de – bize berlen gutulyş sylagydyr.

Elbetde siz, sylag kabul edilmese, sylag bolmajakdygyna, rehimdarlyk inkär edilse, rehimdarlyk bolmajakdygyna göz ýetirýänsiňiz. Amerikanyň taryhynda adaty bolmadyk sud işine garamagyň biri, Jorj Wilsonyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde, Endrýu Jekson Birleşen Ştatlaryň prezidentidi. Wilsona jeza birilmegine üç hepde galanda, Endrýu Jekson, Jorj Wilsonyň köp dostlarynyň towakgasyny nazarda tutup, onuň günäsiniň geçilmegi üçin perman çykardy. Ýöne, hemmeleri geň galdyran zat, Wilsonyň öz günäsiniň geçilmegini inkär etmegidi. Hatda, ol suduň kararyna görä jeza berilmegini-de talap etdi. Şonda, Jorj Wilson, günä geçiş kabul edilmese – günä geçiş däldigini yglan etdi. Taryhda öň hem, söň hem döremedik hukuk ýagdaýy ýüze çykdy duryberdi. Sebäbi, hemişe günä geçiş barada perman çykarylanda, ony şatlyk bilen kabul edýärdiler. Suduň Wılsona jeza bermek baradaky karary ýerine ýetrilmelimi ýa-da günä geçmek baradaky prezidentiň permany berjaý edilmelimi? Kanun, bu sorga jogap berip bilmänsoň, Jekson gutarnykly karar kabul edilmegi üçin Ýokary Sud geňeşligini çagyrdy. Gutarnykly Karar şeýleräk yglan edilipdi: “Günä geçiş – berilýän adamyň kabul edip-etmeýändigine garamazdan, hakyky resminamadyr. Ölüm jezasy berileniň günä geçişi kabul etmejekdigini göz öňüne getirmek kyndyr: emma, günä geçiş inkär edilýän bolsa – günä geçiş ýokdur. Jorj Wilsona ölüm jezasy berilmelidir”. Şunluk bilen, Jorj Wilsony dardan asdylar. Elbetde, köp adamlar, Wilson tarapyndan günä geçilşiň kabul edilmezligini akylsyzlyk hasaplarlar. Ýöne şonda-da, köp adamlar Hudaýyň ýollan günä geçişinden her gün diýen ýaly boýun gaçyrýarlar. Eger siz, bu gün halas edilmedik bolsaňyz, siz – günäniň hökmüniň astyndaky we tüm garaňky dowzahdaky ebedi ejire höküm edilen günäkärsiňiz. Emma Hudaý, bu gün size, ýene günäňiziň geçilýändigini teklip edýär. Ol size ölmegiň zerur däldigini, siziň üçin Isanyň ölendigini aýdýar. Akyl taýdan sagdyn kimdir-biriniň Hudaýyň söýgüsine ýugrulan, Isanyň haçda gazanan günä geçişini inkär edýändigini göz öňüne getirmek kyndyr. Eger siz, ondan boýun gaçyrýan bolsaňyz – onda günä geçiş ýokdur. Beýle bolýan bolsa, günäden gazanylýan netijeleri, özüňiz, öz başyňyzdan geçirmeli bolarsyňyz.

Hudaý Öz Sözünde şeýle çagyryşlary edýär: “Reb Isa iman et” – (Res.işl. 16:31). “Toba ediň, günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň. Ine, şeýdip, siz Mukaddes Ruhuň sylagyny alarsyňyz” (Res.işl. 2:38). Muny, şu gün berjaý ediň!

posted in Durmuşyň Manysy näme, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments

22nd January 2008

Ruhym Şat Saňa

Ruhym Şat Saňa

 

Hudaý Saňa minnetdar

Meni ýaratdyň

Ogluň ere iberip

Özüň tanatdyň

 

Ruhym şat Saňa

Minnetdar Saňa

Näçe waspyň etsem-de men

Şonça az saňa

 

Öz üstüňe aldyň Sen

Ähli günäni

Meniň üçin öldüň Sen

Çekip jezany

 

Üç günden soň direlip

Haýrana goýduň

Meň durmuşyma girip

Arkadag bolduň

posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 0 Comments

24th December 2007

Minnetdar Ýaradana

 

Minnetdar Ýaradana!

 

Göz aýlamda jahana,

Göwnüm gelýär heýjana.

Minnetdar Ýaradana,

Baky şöhrat Atama.

 

Ýaradanym ýaratdy,

Ýeri, gögi hem deňzi,

Gury ýeri, haýwany,

Guşlary hem ynsany.

 

Berdi oňa jenneti,

Ondaky ähli zady.

Hudaýa gulak asyp,

Çekmändi ol azaby.

 

Hudaý bilen ynsanyň

ýokdy dawa-jenjeli.

Gynandyrdy bu ýagdaý

Päliýaman şeýtany.

 

Duzak gurup How enä,

Iýdirdi ol miwäni.

Şol pursatdan ölüme

Berdi Hudaý ynsany.

 

Gamlandyrdy Hudaýy

Ynsanyň bu ädimi.

Ýeňmek üçin ölümi,

Berdi bize Isany.

 

Isa dünýä gelende,

şeýtan azdyrjak boldy.

Köpden-köp wada berdi,

emma Rebbim: «Ýok» diýdi.

 

Çalyşmady Hudaýy

Dünýäň ähli malyna.

Haçda ýeňip ölümi,

Galdy ýene asmana.

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

22nd December 2007

Umyt Ýyldyzy!Baýramçylyk arzuwlary!

Isa Mesihiň Dogulyş baýramçylygyna arzuwlar!

christmas-star.jpg

Isa Mesihe iman eden we Oňa gulak asýan her bir ýürekde Onuň ýyldyzy ýagty saçýandyr! Akyldar adam heniz Ony agtarýandyr!

Gadyrly ildeşler! Tizden tiz dunýäniň dürli künjeklerinde adamlar Isa Mesihiň dogulan gunini uly baýramçylyk hökmünde belleýärler! Munuň üçin ilki bilen biz her biriňizi bu uly manydan doly bolan Isanyň dünýä gelişi baradaky baýram bilen gutlayýarys, size Isa Mesih arkaly Hudaýyň beren bereketlerini we uly gutulyşyna hakykatdan ýetmegiňizi arzuw edýäris!

Bilşimiz ýaly Isanyň dogulyşy bilen biziň eramyz başlanypdyr we Onuňdogulmagy gaty uly bir wajyp waka boldy. Isa Mesihiň doguljakdygy we nirede doguljakdygy, kimden doguljakdygy birnäçe ýuz ýyllar öňünden Hudaýyň pygamberleri tarapyndan pygamberlik edilip aýdylypdyr. Hudaýyň perişdesi bibi Merýeme aýan bolýar we onuň gudrat bilen bir ogul dogurjakdygyny buşlaýar. Injil bu hakynda şeýle diýýär: “…Jebraýyl perişde Hudaý tarapyndan Jeliläniň Nasyra atly şäherine, Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir äre çykmadyk gyzyň ýanyna iberildi. Bu guyzyň ady Merýemdi. Perişde onuň ýanyna gelip diýdi: “Salam, eý merhemet sezewar bolan! Reb seniň bilendir; sen aýallar arasynda mübäreksiň!” Merýem bu sözlere gaty aljyrap, “Bu nähili salam?” diýip içini gepletdi. Perişde oňa diýdi: “Gorkma Merýem; sen Hudaýdan merhemet tapdyň. Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýiler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedilik patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz” Merýem perişdä diýdi: “Bu nähili bolar? Mer äre baramok”. Perişde oňa jogap berip diýdi: “Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak Mukaddese Hudaýyň Ogly diýiler”.

Bu Merýeme öňünden berilen ajaýyp bir buşlyk! Ondan başgada haçanda Merýemiň adaglysy Yusup Merýemiň göwreligini eşidip çagany düşürmegi pikirlenende Hudaý oňa düşünde gepläp şeýle diýýär: “…Eý Dawut ogly Ýusup! Sen Merýemi özüňe aýallyga almakdan gorkma; çünki onuň göwresinden dörän zat Mukaddes Ruhdandyr. Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň; çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder” diýdi. Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly aýdan şu sözüniň erine etmegi üçin boldy: Ine, bir gyz göwreli bolup, bir ogul dograr, Onuň adyna Emanuel dakarlar”. Bu-da “Hudaý biziň bilendir” dien manyny berýär. Ysraýyl halky elbetde bir wagt bilen gejek Mesihe ýagny Halasgäre garaşýardylar, çünki olarda Mesih hakynda Pygamberleriň Ýazgylarynda aýdylan pygamberlikler bardy. Ýöne Hudaý bu buşlygy Ysraýyldan uzakda ýaşaýan, hatda başga milletlerden bolan akyldarlara, ýagny häzirki dil bilen aýtsak astranomlara, ýyldyz öwrenijilere hem edipdir. Ine bu hakynda ýazgy şeýle diýýär: “Isa Hirodes patyşanyň zamanynda Ýahudanyň Beýtullahamynda eneden dogulanynda, ine, Iýerusalime gündogardan (belkide biziň ýurdymyzdan ýada Orta Aziaýadan) müneçjimler gelip diýdiler: “Ehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sejde etmäge geldik” Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagolpluga düşdi. Ol ähli baş ruhanylary, halkyň kanunçylaryny ýygnap, olardan Mesih nirede dogulmaly diýip sorady. Olar hem oňa diýdiler: “Ýahudanyň Beýtallahamynda; çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr. … Müneçjimler ýola rowan boldular, ine gündogarda gören ýyldyzlary aga öňlerine düşüp, çaganyň bolan eriniň üstüne gelip durdy. Olar ýyldyzy görüp , gaty köp şatlandylar. Öýe girip, çaga bilen ejesi Meýemi gördüler, dyzlaryna çöküp, Oňa sejde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler…

Mundan başga Hudaýyň perişdesi bu ajaýyp Isanyň dogulyş habaryny ýönekeýje çopanlara hem aýan etdi. Bu hakynda ýazgy şeýle diýýär : “Ine, Rebbiň perişdesi çopanlara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. Perişde olara diýdi: “Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gudaga dolangy bir çagany taparsyňyz”… Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp göge çykanlarynda,” …çopanlar gidip çagany, ejesi Merýemi we Ýusuby gördüler.

Gadyrly ildeşler, iki müň ýyl mundan öň gelen bu Hoş Habar bu gün hem Hoş Habardyr. Hudaýyň Merýeme öňünde aýdylyşy ýaly bu Hoş Habar Hudaýyň Mukaddes Ruhyndan gudrat bilen dünýä inen Isa Mesihdir. Merýemiň adaglysy Yusupa aýan bolan şaýatlyk bolsa bu doguljagyň öz halkyny günälerden halas etjegiň Özüdigi we Onuň adynyň Isa bolmalydygy, Ol arkaly Hudaýyň adamlar arasynda boljakdygy hakynda buşlukdyr! Uzak bir yurtdan bolan akylldarlara Hudaýyň muny aýan edişi kimin bu Hoş Habar ebedilik Payşa boljak Isa Mesihiň dünýä inmegi bilen başlanýandyr. Hudaýyň çopanlara aýan edeni bolsa bu doguljak çaganyň Halasgär Mesihdigidir!

Merýem bu habary eşidende Hudaýa öwgüler aýtdy we bu habary bütin kalby bilen kabul etdi, şeýdip bu wada edilen Mesih Halasgäri dünýä inderdi. Yusup hem bu habara ynandy we Hudaýyň oňa aýdyşy ýaly edip oňa Isa diýip at berdi. Uzak ýurtdan bolan muneçjimler bolsa dünýä injek Mesihiň, ebedi Patyşanyň ýyldyzyny asmanda görenlerinde muňa ynanmazlyk etmediler, Onuň doguljak ýeri gaty uzakda bolsa hem Isa Mesihi görüp Oňa sejde etmek üçin we Oňa sowgatlar ýetirmek üçin kyn we uzyn ýoly geçdiler we baryp Çaga sejde etdiler we Oňa sowgatlar berdiler!

Indi bolsa biz hakynda näme, biz bu ajaýyp Hoş Habara ynanýarysmy, we ýokardakylar ýaly imanly bolup Isa Mesihe Halasgär, Ebedi Patyşa, günälerimizden gutulyş berjek Emanuele iman edýärismi we Oňa çyn ýüregimizden sejde ederismi?!

Iki müň ýyl gowrakdan bäri Isa Mesihiň dogulmagy mynasybetli bu baýramçylyk bize bu Isa Mesihdäki Hoş habary ýatladyp gelýär! Biziň Biribardan siziň üçin bu baýramçylyk baglanyşykly arzuwlarymyz bolsa, siziň Merýem, Yusup, ýyldyz öwreniji alymlar ýaly we çopanlar ýaly galybersede millionlarça başgada bu Hakykata düşünip kabul eden imanlylar ýaly Isa Mesihdäki gutulyşa we baky ýaşaýşa eýe bolmagyňyzdyr!

Isa şeýle diýdi, “Men sizde ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim”

posted in Durmuşyň Manysy näme, Kitaplar, Radio, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments

28th November 2007

Gutulyş Uçgynlary


Ýalňyzlygym Seniň bilen ikiçäk
Oturyp derdimi dökesim gelýär.
Hasratly ýürekde küle öwrülen
Umyt uçgunlarny ýakasym gelýär.
 
Ýaňadan köz edip ol uçgunlary,
Lowlap duran oda öwresim gelýär,
Ynsanlaryň buza dönen kalplarny
Şol oduň howruna çoýasym gelýär.
 
 
Razy, eger görüp bilsem buzlaryň
Ot öňünde ejizleýän pursatyn.
Onda ykbaldanam bolardym razy,
Bagş edenine ýalňyzlygyň kysmatyn.


 

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

27th November 2007

Musurli musulman radikal islamçynyň Isa Mesihe imany barada wideo ýazgy!

khalil-b.jpg
Musulman radikalçynyň Isa Mesihi düýşünde görüp täze durmuş alyşy barada wideo ýazgy!

Halil (Musürli) – Müsürli radikal terorist, zalym adamöldüriji Isa Mesih oňa düşünde görünenden soň bagyşlaýşy, söýgüden doly ynsana öwrülýär. Yahudileri we Mesihilileri ýigrenýän Mukaddes Kitaby ýalana çykarmak üçin işleýär emma Mukaddes Kitabyň dogrudygyna göz etirende we Isa Mesih oňa görünende onuň durmuşy dolylygyna çalyşýar!

Siz bu wideo ýazgyny arab dilinde görüp bilersiňiz, onda iňlis dilinde subtitle bar! Biz geljekde bu ýazgyny Turkmen diline terjime edip size hödürläris! Şu aşakdaky linke basyň:
Halil

posted in Durmuşyň Manysy näme, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 26 Comments

27th November 2007

Hudaý duçar etse merhemetine

 

Kalba aralaşar Mukaddes söýgi

Taňryny tanamak—söýgüleň beýgi

Göwnüňden ýok bolar gussadyr gaýgy

Hudaý duçar etse merhemetine

 

Biynjalyk etmez dünýe gaýgysy

Gulagyňa ilmez şeýtanyň sesi

Ýardam berer her dem Rebbiň söýgüsi

Hudaý duçar etse merhemetine

 

Hudaýyň Mukaddes Ruhundan dogan

Adamzat ýazygyn üstüne alan

Direlip, Atanyň sagyna baran

Isa duçar etsin merhemetine

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

22nd November 2007

Halasgärim Sereder

Adam gussa batanda,
Hudaý diýip ýüzlener
Çyn kalbyndan çagyryp
Ýüreginden er berer.

Halasgärim sereder
Onuň perýat ahyna
Günälerin bagyşlap
Oň kalbyna nur berer

Huzyryndan gaçmaň siz
Iblise ýol açmaň siz
Ýaşaýyş, hak, ýol barka
Başga ýola gitmäň siz

Şöhratlalyň biz Ony
Aýdym aýdyp şanyna
Buýrugyn berjaý edip
Baralyň Oň ýanyna.

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

30th October 2007

Gör Nähili Men Bagtly

 Hudaýa iman getirenler her bir zatda Hudaýa öwgüler getirmäge çalyşýarlar! Olaryň käbirleri günälerden, şeýtanyň garaňky tümlüginden we dowzah odundan Hudaýyň beren ajaýyp gutuluşyny aýdym-sazlarda wasp edýärler. Olar özlerinde dörän täze umytly durmuşlary üçin Biribara minnetdarlyk bildirýärler. Bilşimiz ýaly Ýaradyjy Hudaý ähli milletleri ýaratdy we olara dürli diller berdi we bu sebäpden oňa dürli dillerde öwgüler, dilegler, şükürler edilýär. Bu ýerde biz Turkmenistanly ildeşimiziň 28 ýyllap hakykaty bilmän şeýtanyň tümlüginde ezýet çekip, hiç bir erden we dinden gutuluş tapman ýaşan we durmuşda umytsyz gezen, emma Hudaýyň Isa Mesihdäki merhemeti we rehimi aýan bolanda beýik gutulyşa eýe bolan we Isany Reb we Mesih hökmünde kabul edip täze, tämiz, şatlykdan we dynçlykdan doly durmuşa eýe bolan ýigidiň döreden öwgi sazyny we aýdymyny size hödürleýäris! Bu aýdymyň üsti bilen ol Isa Mesihdäki durmuşyny wasp edýär! Bu sazyň we aýdymyň üsti bilen hem Hudaý size hakykatyny açar diýip umyt edýäris!!!

Gör nahili men bagtly

Gör Nähili men bagtly.

Hudaý-Halasgärim

Mukaddes gökde men üçin

Ajaýyp jaý taýyn.

Gaýtalama:

Şöhratlaýan Guzyny,

Men üçin ejir çekdi.

//Oňa alkyş. Omyn// 2gez

Dünýä baýlygy deň bolmaz

Ol altyn şähere.

Hudaý meni hiç taşlamaz,

Bolaryn ol erde.

Garaňkylyk ýitip gider,

Ebedi nur sönmez.

Alkyşlap joşar ýürekler

Indi gözýaş bolmaz.

posted in Radio, Шахсы шаятлык | 0 Comments