11th January 2010

Dilärin…

Dilärin…

Hoş Habary ele alan badyma

Ruhy doganlarym düşýär ýadyma

Isaň ady bilen doga edemde

Gökdäki Atamdan iman dilärin.

Dilärin ýene-de köp zady

Duşmanymy söýmegi men dilärin

Günde iýjek çöregimi dilärin

Gökdäki Atamdan kuwwat dilärin.

Ýene-de ýüregim urýar ýerinde

Hoş Habary wagyz-ündew dilärin

Isaň patyşalygyna barsam diýip

Gökdäki Atamdan orunumy dilärin.

Imanly doganlam sizem ýadymda

Siziň üçin meniň gapym açykdyr

Isaň ady bilen doga edemde

Gökdäki Atamdan doganlarymyň  dilärin.

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

30th December 2009

Täze Ýyl Baýramyňyz gutly bolsun!

http://josephpatterson.files.wordpress.com/2007/12/fireworks.jpg

Gadyrly ildeşler, bizi sizň ähliňizi ýetip gelýän Täze 2010-njy Ýylyň ýetip gelmegi bilen çyn kalbymyzdan gutlaýarys! Her biriňize ruhy rowaçlygy we Rebbiň bereketlerini siziň üçin arzuw edýäris! Iň esasy hem siziň janyňyzyň gutulyşyny yglan eden we size “gurply ýaşaýyş” ýagny ebedi ýaşaýyş, Hudaýyň şatlygyndan we dynçlygyndan doly manyly ýaşaýyş berjek Isa Mesihi hakykat ýüzünde tanamagyňyzy we tanap şol “Ýol, Hakykat we Ýaşaýyş” Bolana iman getirmegiňiz üçin Biribardan dileg edýäris!

Hudaýyň Sözünden bolan bu aýatdaky, “Rebbiň Merhemet Ýyly” 2010-njy ýylda siziň üçin hem “Rebbiň Merhemet Ýyly” bolsun!

Rebbiň Ruhy üstümdedir. Çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Meni mesh etdi; Meni tussaglara azatlygy, körlere gözleriniň açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga. Rebbiň merhemet ýylyny yglan etmäge iberdi».”

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

16th December 2009

Işaýa Pygamberiň Mesih hakyndaky pygamberligi…

Işaýa pygamberiň Isa Mesih baradaky pygamberligi

53-nji bap

1 Biziň habarymyza kim ynandy?

Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?

2 Ol Rebbiň öňünde näzik maýsa dek,

gury ýerdäki kök deý ösdi;

biziň oňa serederimiz ýaly,

onda ne şekil, ne syrat bardy,

arzuwlarymyz ýaly keşp ýokdy.

3 Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi,

ol derdi, hassalygy bilýän adamdy;

adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler,

ol äsgerilmedi,

hiç zatça-da görmedik ony biz.

4 Ol biziň hassalygymyzy öz üstüne aldy,

biziň dertlerimizi çekdi;

biz bolsa ol Hudaý tarapyndan jezalandyrylyp,

urlup ejir çekendir diýip pikir etdik.

5 Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy,

biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi,

rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi,

onuň ýaralary bilen biz şypa tapdyk.

6 Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk;

öz ýolumyz bilen gitdik herimiz,

Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.

7 Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi,

emma şonda-da agzyny açmady.

Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek,

gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek,

hiç agzyny açmady ol.

8 Ol sütem, adalatsyzlyk bilen äkidildi.

Onuň nesilleri hakda kim aýdyp biljek?

Diriler diýaryndan mahrum edildi ol,

halkymyň ýazygy üçin zarba oňa degdi.

9 Onuň gabry pisler bilen boldy.

Ol baý adamyň ýanynda jaýlandy,

ol hiç hili sütem etmändi,

agzyndan ýalan sözler çykmandy.

10 Emma onuň ezilmesi,

dert çekmesi Rebbiň islegidi.

Onuň jany günä gurbanlygy edilse,

ol neslini görer, onuň ömri uzar;

Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.

11 Janynyň çeken jebir-jepalarynyň

hözirini görüp, ol kanagatlanar.

Öz bilşine görä,

Meniň dogruçyl gulum köpleri aklar,

öz üstüne alar olaryň etmişini.

12 Şonuň üçin Men oňa

beýik adamlaryň arasyndan paý bererin;

oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol,

janyny gurban etdi ol,

ýazyklylar bilen bir saýyldy;

ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy,

olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.


“Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur».

Sen muňa iman getirýärsiňmi we Hudaýyň Özüniň üpjün eden  Isa MEsihdäki gutulyşyny kabul edýärmiň. Isa Mesihe bolan ynamyň seniň bakyýeti nirede geçirjekdigiňi anyklaýandyr!


posted in Шахсы шаятлык | 5 Comments

17th November 2009

Diňe Sensiň

DIŇE SENSIŇ MENI DÜNÝÄ INDEREN ,

PÄK, MUKADDES RUHUŇ BILEN DOLDYRAN,

GAÝGY DÄL, ŞATLYK BILEN AK PATA BEREN

DIŇE SENSIŇ HUDAÝYMYZYŇ OGLY.

2.

ÇAGALYKDA SAŇA BOÝUN BOLMADYK,

ÇAGYRAŇDA SEŇ ÝANYŇA GELMEDIK,

TOBA EDÝÄS HUDAÝYMYZ BAGYŞLA BIZI

ŞONDA-DA SEN SÖÝÜPDIŇ ÖZ PERZENDIŇI.

3.

SEŇ ADYŇDAN AK PATALAP GÜNÄLILERI

“TOBA ET,ISA GEL HALASGÄR REBBE”

DIÝIP SEŇ SÖZÜŇI AÝDYP YNSANA

DIŇE SAŇA BOÝUN BOLUP,DYZAÇÖKERIS.

4.

SENIŇ BILEN BOLDUK INDI BERKARAR,

DURMUŞYMYZ BOLMAZ INDI BI KARAR,

RUHUMYZAM DIŇE SENI ALKYŞLAR,

BIZIŇ ÝÜREGIMIZDE DIŇE SEN BAR.

5.

SEN BIZE ÖWREDÝÄŇ SENI SÖÝMÄNI,

SEN BIZE GÖRKEZÝÄŇ ŞATLYK ÝOLUNY.

BIZ SENDE, MESIHDE BAKY ÝAŞARYS

DIŇE SENSIŇ EDÝÄN ÄHLI ZATLARY.

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

18th September 2009

Iýerusalimde “Golgot düzlüginde” Isa Mesihiň ezýeti…

Ertesi gün Ýahýa özüne tarap gelýän Isany görüp: “Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr” diýdi….Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagymyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz…” Injil

posted in Radio, Шахсы шаятлык | 0 Comments

12th August 2009

Isa Mesihiň “Rehimsiz hyzmatkäriň mysalynda…

forgiveness

Isa Mesihiň “Rehimsiz hyzmatkäriň mysalynda rehimli bolmak we bagyşlamak hakynda aýdan tymsaly…

“Onsoň Petrus (Isanyň şägirdi) gelip, Isa şeýle diýdi: “Ýa Reb, doganym maňa garşy näçe gezek günä etse, men ony bagyşlaýyn? Edi gezekmi?” Isa oňa şeýle jogap berdi: “Men saňa edi gezek däl, etmiş ýola edi gezek diýýärin. Şonuň üçin Gögüň Patyşalygy öz hyzmatkärleri bilen haklaşmak islän bir patyşa meňzeýär. Ol hasaplaşmaga duranda, oňa on müň talant borçly birini ýanyna geltirýärler. Ol bergisini töläp bilmäninde, patyşa onuň özüniň, aýalynyň, oglan-uşagynyň we bütin mallarynyň satylyp, bergisiniň berilmegini buýurýar. Hyzmatkär ýüzin ýykylyp, oňa ýalbaryp: “Eý agam, sabyr et! Baryny töläýin” diýýär. Patyşanyň rehimi inip, ol hyzmatkäri boşadýar, algysyny geçýar. Ýaňky hyzmatkär daşaryk çykanda, özüne ýüz dinar borçly bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: “Bergiňi ber” diýip, bokurdagyndan tutýar. Ýoldaşy onuň aýagyna ýykylyp: “Sabyr et, bergimi bereýin” diýip oňa ýalbarýar. Ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar. Ýaňky adamyň ýoldaşlary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar, bolan ähli zady baryp, patyşa habar berýärler. Onsoň patyşa ony çagyryp diýýar: “Eý, erbet hyzmatkär! Maňa ýalbaranyň üçin men şol algynyň baryny geçdim. Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?” Agasy gazaplanyp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline berýär. Siziň hem her biriňiz öz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň Gökdäki Atam hem sizi şeýle eder”.

Sen hem kalbyňda ýakynlaryňdan ýada dostlaryňdan birini bagyşlap bilmeýärmiň? Başgalary bagyşlap bilmegimiz üçin Hudaýyň bagyşlamagyna eýe bolmalydyrys! Sen Hudaý tarapyndan bagyşlananmy? Şü gün Hudaýyň Öňünde durmaly bolsaň Ol seni kabul edermi, bagyşlanandygyňa ynamyň barmy, muňa nähili deliliň bar, hyzmatkäriň ýalbaryşy ýaly sen Oňa bagyşlamagy üçin ýalbardyňmy?  Hudaý bize Isa Mesih arkaly rehim edýär we biziň bergimizii ýagny günälerimiz üçin jezany bize bermän Isa Mesihde gutulyşy üpjün edýär. Hudaýyň bu rehimine, söýgüsine, merhemetine we adalatyna esaslanan bagyşlamasyny düşünip kabul etmegimiz gerekdir we bize garşy günä edenleri hem bagyşlamalydyrys! Hudaý tarapyndan bagyşlanan durmuşda ýaşasak we Onuň söýgüsinden we rehiminden dolanymyzda, bizde hem başgalary bagyşlamaga we söýmäge güýç bolar! Öz-özümiz özümizi günäniň näletinden, jezasyndan gutuldyp bilmeýşimiz ýaly, bize garşy günä edýänleri bagyşlamagy hem Hudaýsyz başarmaýarys. Bize Onuň güýji we merhemeti gerekdir!

Gadyrdan dost, sen bu gün ruhy durmuşyňda nirede? Hudaýyň Patyşalygynda ornuň barmy? Ýaradyjy Hudaýy rehim we merhemet edýän Ata Hudaý hökmünde tanaýarmysyň? Ol bilen şahsy aragatnaşygyň barmy?

Pikirleriň biziň bilen paýlaş, eger Hudaý bilen bolan şahsy aragatnaşygymyz hakynda, gutulyş we baky ýaşaýyş hakynda soraglaryň bar bolsa bize hat üsti bilen şu websaýtymyzda bildirip bilersiň!

Siziň her biriňize Isa Mesihdäki ruhy rowaçlygy we bereketleri arzuw edýäris!

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

21st July 2009

Erkinlik

Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder!” Isa Mesih

 

Erkinlik…

 

Ynsan erkinligi küýseýär

Çünki ýaradylypdy ol erkin

Emma şeýtan ýalanyna aldanyp

Ýitiripdi erkinligin ýaýdanyp.

 

Erkinlik gözleginde

Hakykat gözleginde

Döredip däp-dessur, din ýoluny

Adamzat geçirdi müňläp ýylyny

 

Dünýä bermez erkinlik

Dinler bermez azatlyk

Hakykaty bilmek berer erkinlik

“Ýol, Hakykat, Ýaşaýyş”Bolan berer azatlyk

 

 

Erkinlikdir Hak Hudaýa ynanmak

Azatlykdyr Oň Sözüne boýun bolmak

Çünki Oldur erkinligiň çeşmesi

Adamzadyň ýaşaýşynyň gözbaşy

 

 

Dünýä geldi Hakykat Isa Mesihde

Azatlygy-erkinligi bermäge

Şeýtan güýjün eňip direlişde

Iman etseň – Isa berer erlkinlik

 

 

 

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

8th July 2009

Iman Getir


Iman getir…

Gadyrdan dost iman getir
Hakykaty kalbyňa ýetir
Bolmasana sen gatyr
Hoş Habary iliňe ýetir.

Syrkawlygyň sen bilsediň
Lukman gadryn bilerdiň
Günäň muzdyn elhençdigin bileňde
Hoş Habaryň gymmatyny bilerdiň

Ah, arman din seniň
Gözüň baglapdyr.
Şeýtan seni aldawyna salypdyr,
Tekepbirlik seni gurşap alypdyr.

Şonda-da Halasgär yzyn üzmän,
Senň gapyňy kakyp dur!
Kalbyň açsaň – gutulyşyn
Mugt, saňa berjek bolup dur!

Hudaý bize saýlaw berdi,
Imanmy ýa bi-iman.
Sen imany saýlagyn
Gutuluşy ýüregiňe salgyn.

posted in Radio, Шахсы шаятлык | 0 Comments

7th July 2009

Birahat Yürek

BIRAHAT ÝÜREK


Näme üçin aglaýaň gussaly ýürek.

Sag-aman öreniňe begenmä derek

Durmuş girdabyna berk düşen bolsaň,

Hudaýyň öňünde dyza çökmegiň gerek.


Bu dünýäň gerdişine özüň oýnadyp,

Baýlygyň yzynda gezdiň ganat galgadyp,

Duzaga düşeňde galdyň aňňalyp,

Çykalgany Rebden tapmagyň gerek.


Ynsan gursagynda nalap, perwana bolýaň.

Kapasa düşen dek, her ýan urunýaň.

Haraý gözläp daşyňa intizar bakýaň

Haraýy Hudaýdan gözlemäň gerek.

posted in Radio, Шахсы шаятлык | 0 Comments

6th July 2009

Iman Arkaly Aklanma

IMAN ARKALY AKLANMA

“Kanun we pygamberler tarapyndan güwä geçilen Hudaýyň dogrulygy, ýagny Isa Mesihe iman arkaly iman edenleriň ählisine we ählisiniň üstünde bolan Hudaýyň dogrulygy şu wagt kanunsyz aýan boldy. Çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy. Olar Isa Mesihde bolan gutulyş arkaly Onuň merhemeti bilen mugt aklanar. Hudaý Mesihi ganyna iman arkaly merhemet kürsüsi edip goýdy. Ol muny ozal Öz sabry astynda ýüze çykan günäleriň ötülmegine degişli adalatyny görkezmek üçin, Özi adyl bolu, Mesihe iman edeni aklar ýaly, Özüniň häzirki zaman adalatyny görkezmek üçin etdi. Onda öwünme nirede? Ol daşarda. Haýsy kanun bilen? Işleriňki bilenmi? Ýok, iman kanuny bilen. Çünki biz adam kanun işlerinden üzňelikde, iman arkaly aklanar diýip hasap edýäris. Eýsem Hudaý diňe ehudylarň Hudaýymy Özge milletleriňki hem dälmi? Ol, elbetde, olaryň hemHudaýy. Sebäbi sünnetlileri-de öz imanlary arkaly, sünnetsizleri-de öz imanlary arkaly aklajak Hudaý ýalňyz Hudaýdyr. Onda biz iman arkaly kanuny ýatyrýarysmy? Ýok, ony berkarar edýäris….

Şeýlelikde, iman bilen aklanandygymyz üçin, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşygymyz bardyr…”

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments