9th April 2007

Pesah (Pasxa)

Pesah 

PESAH (PASHA) BAÝRAMY
Bütin Mesihilik (hristian) dünýäsinde Pesah (Pasha) baýramy giňden, aýratyn bellenip geçilýär. Bu sebäpli biz hem Isa Mesihiň yzyna eýerýan ildeşlerimizi bu baýramçylyk bilen gutlaýarys! Size Rebbimiziň ähli bereketlerini arzuw edýäris. Şeýle hem gysgaça bolsa-da bu Pesah baýramçylygynyň taryhy we manysy hakynda ildeşlerimiz bilen paýlaşmak isledim.
Ehudylar üçin bu baýram Ysraýyl halkynyň gulçulykdan azat bolma baýramçylygy. Isa Mesihiň yzyna eýerijiler üçin bu Isa Mesih arkaly günälerden gutulyş we Isanyň ölümden direlmeginiň ýatlanma baýramydyr. Isa Mesihiň ölümden direlmegi bu geljege bolan umydy we baky ýaşaýşa bolan ynamy tassyklaýar. Ýöne hemmeler bu baýramyň gelip çykyş taryhyny we manysyny bilmeýärler. Mukaddes Ýazgylarda bellenmeli diýip görkezilen her bir baýramçylygyň manysy we simwoliki suratlandyrýan bir hakykaty bar. Geliň şu wagt Pesah baýramynyň gelip çykyş taryhy barada gürrüň edip geçeliň. Pesah (Pasha) dien sözüň manysy “sowulup geçme” diýmegi aňladýar. Müňlerçe ýyllar mundan öň Hudaýyň halky diýip at alan Ysraýyl halky Müsürde gulçulyk çekipdi, ýöne Hudaý olaryň ata babalary Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada edişi ýaly olary Müsüriň gulçulygyndan azat etmek üçin we olara yurt bermek üçin Musa atly pygamberi olara ýollapdyr. Musa arkaly Hudaý Müsür patyşasyna gudratlar we alamatlar görkezipdir. Müsür patyşasy Bar bolan Biribara imansyz bolupdyr we Musanyň berýän duýdyryşlaryny kabul etmändir, Hudaý näçe gudrat görkezsede ýüregini gataldypdyr. Hudaý on sany belany Müsür patyşasynyň we halkynyň başyna inderipdir. Şolaryň onunjysy bilen Pesah ýagny “ sowulyp geçme” baýramçylygy dolylygyna esaslanandyr. Şol onunjy bela-da Hudaý Musa şeýle diýipdi, “her bir adam öz maşgalasy üçin bir arassa, çirksiz we sagdyn guzyny alsyn we ony soýup öldürsin. Ganyny alyp şol guzynyň eti iýiljek jaýyň daşky gapylarynyň gapdal we üstki söýelerine şol gany çalsyn. Bu — Rebbiň Pesahydyr. 12Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. 13Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden aýlanyp geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.
14Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Maňa bagyşlap, baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.” Hudaý aýdyşy ýaly hem guzynyň gany çalynan her bir öýden “sowulyp geçýär” ýagny ölüm belasy “sowulyp geçýär”. Şol beladan soň Müsür patyşasy Ysraýyl halkyny gulçulykdan azat edýär. Ysraýyl halky soňra Hudaýyň wada eden ýurdyna barýar we ol ýurda eýe bolýarlar. Bu ajaýyp taryh we biziň üçin hem iň wajyp taryh bolup durýar. Munda ruhy many we Hudaýyň bütin adamzat üçin döreden gutulyş ýolunyň nyşany bar. Injilde Isa Alehsalama “Bütin dünýäniň jezasyny öz üstüne aljak Hudaýyň güzusydyr” diýilýär. Ondan başgada Isa Mesih biziň hakyky “Pesahymyzdyr” hem diýip Injil aýdýar. Ysraýyl halkynyň ilkinji dogulan çagalarynyň halas bolmagy üçin guzynyň gany gerekdi. Şol gapylarynyň daşyna çalynan guzynyň gany arkaly olar ölümden halas boldular. Muňa meňzeşlikde Isa Mesih hem adamzat günäsiniň jezasyny çekmek üçin guzy kimin öldürildi we ganyny haçda dökdi. Ölüp jaýlandy we üçünji güni direldi. Hudaý Ysraýyl halkyny gan arkaly gulçulykdan halas edişi ýaly bu günki gün hem her bir ynsanyň günä üçin çekmeli jezasyny Isa Mesihiň gurbanlygy arkaly bagyşlamak isleýär. Isanyň direlmeginiň hakykaty arkaly bolsa diri baky ýaşaýyş üçin ajaýyp umyt berýär. Ysraýyl taryhyndan görşimiz ýaly, olaryň halas bolmagy üçin olaryň erine etirmeli zady bardy. Birinjiden olar Hudaýyň Musa arkaly aýdýan sözlerini kabul edip ynanmalydylar we munuň netijesinde hem şol guzyny öldürip, ganyny bolsa gapylarynyň daşky söýelerine çalmalydylar. Muny berjaý edenler bolsa halas boldylar. Şeýle günälerden gutulyşy hem Hudaý muňa meňzeş ýol bilen amala aşyrdy we aşyrýar. Ol gutulyşda guzynyň gany esasy bolşy ýaly Isa Mesihiň gany hem gutulyş üçin esasydyr. Şol döwürde ýaşaýan jaýlarynyň gapysyna guzynyň ganyny çalmaly boldular, bu gunki gün hem her bir kişi Injiliň Isa Mesih hakyndaky Hoş Habaryna ynanyp, Isanyň döken ganyny iman bilen kabul etse günäleri bagyşlanyp Hudaýyň wada eden jennedine girmäge mümkinçilik alar. Şonda bu baýramçylyk Isa Mesihi Halasgär we Reb hökmünde kabul eden her bir adam üçin hem hakyky manysyna eýe bolar we hakyky baýramçylyk bolar. Isa direldi, Ol hakykatdan hem direldi!
 Bu hakynda radio gepleşigimizi hem diňläp bilersiňiz:

posted in Kitaplar, Radio, Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

23rd February 2007

ИНҖИЛ

Гадырлы достлар, шу ашакдакы салгыланмадан сиз Бирибар Алланың Сөзи болан Инҗилден кәбир бөлеклери окап билерсиңиз. Шу вагт биз сизе Луканың Хош Хабарыны хөдүрлейәрис! Инҗилиң бу бөлүминде сиз Иса Месихиң нәдип гудратлы ёл билен дүнйә иниши ве Ол хакында пыгамберликлериң ерине етишини, Онуң аҗайып дурмушыны, вагыз-несихатларыны, хачда бизиң гүнәлеримиз үчин гетирен гурбанлыгыны, үчүнҗи гүни дирелишини ве гөге гидип Худайың сагында отурышы барада окап өвренерсиңиз. Иса Месих шейле дийипди, “Сиз хакыкаты билерсиңиз, хакыкат-да сизи азат эдер”! Биз сизиң Худайың Сөзүнден хакыкаты билҗекдигиңизе ве азат болҗак гүнүңизе гарашярыс!

Луканың Хош Хабары

posted in Durmuşyň Manysy näme, Kitaplar, Radio, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments

21st February 2007

Turkmen Şahyrynyň Isa Mesih hakynda goşgysy

Şahyr, Isa Mesihiň adamzat uçin getiren gutulyşyny we berýän ruhy rowaçlygyny öz goşgysynda belent şahyranalyk bilen beýan edýär. Diňläp lezzet alyň!

Isa Mesih

posted in Durmuşyň Manysy näme, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 4 Comments

15th February 2007

Ýöne Bir Agaç Ussasy Däl

Biz size, Isa Alehsalamyň hakykat ýuzunde kimdigini ret edip gelen, ýöne haçanda Biribaryň hak sözüni öwrenende Isa Meishi kabul edip Onuň hakykatda Dünýäniň Halasgäridigini we her bir Oňa iman eden ynsana günälerden gutulyş we baky ýaşaýyş berjekdigini Hudaýyň Mukaddes Kitaplaryna esaslanyp subut edýän Joş Makdaueliň kitabyny size hödürleýäris. Bu kitap siziň uçhin gyzykly we ruhy gözleriňizi açyjy bir gural bolup size hyzmat eder diýip umyt edýäris! 

 josh-m.jpg

 Joş Makdauel mesihiler “aklyndan azaşandyrlar” diýip pikir etdi. Ol olary kemsidip, olaryň ynamyna garşy body. Emma, wagtyň geçmegi bilen, ol özüniň çekeleşiginiň uzaga çekme egini bildi. Joş kollejlerde, ýuniwersitetlerde özi ýaly ynamsyz, şubhelenýän adamlary çagyryp, çykyş edýärdi. Joş “Ýöne bir agaç ussasy däl” dien kitabyny özüniň durmuşyny uýtgeden şahsyet, Isa Mesihe gönükdirýär. Bu kitap Isanyň Hudaýlygyna, Onuň ölüp direlendigine, Onuň adamlalryň durmuşyndaky talaplaryna ynamsyzlyk edýän adamlar üçin nietlenendir.

Şu aşakdakylary basyp açmak bilen siz bu kitaby okap bilersiňiz:

Awtordan  Kitabyň mazmuny Isanyň beýle uýtgeşikligi nämede-kä? Hudaýmy, Aldawçymy ýa-da Akmak? Bu barada ylym näme diýip biler? Mukaddes Kitap: Oňa bil baglap bolarmy? Ýalan zat uçin kim ölüme gider? Öli Mesih kime gerek? Saul bilen bolan zatlar barada eşidipmidiňiz? Isa Mesih direldi! Hakykatdan hem, direldi! Bu erde kim hakyky Mesih? Kim Ol bolsa, erinden tursun! Başga hili ýol ýokmy, eýsem? Ol meniň durmuşymy uýtgetdi?

 

posted in Durmuşyň Manysy näme, Kitaplar, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments

6th February 2007

Dört Ruhy Hakykatlar

DÖRT RUHY HAKYKATLAR

Siz olar hakda eşitdiňizmi?

Ýaradyjy Biribar Hudaýy şahsy tanamak isleýärmisiň? 

Mälim bolşy ýaly, älemde tebigatyň fiziki kanunlary hereket edýär. Şonuň ýaly-da ruhy hakykatlaryň bardygyndan habaryňyz barmy? Bu hakykatlar Hudaý bilen biziň aramyzdaky gatnaşyklary kesgitleýärler! Geliň olara seredip geçeliň. 


1 HUDAÝ SIZI SÖÝÝÄR WE ÝAŞAMAGYŇYZ ÜÇIN AJAÝYP BIR MAKSADY BAR HUDAÝYŇ SÖÝGÜSI
Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr.” (1Ýahýa 4:16)

HUDAÝYŇ MAKSADY
Hezreti Isa şeýle diýýär, “Men ynsanlarda ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim.”(Ýahýa 10:10)
Näme üçin onda köp adamlar bu gurply ýaşaýşa eýe bolanoklar?
                                                                                                                  SEBÄBI…
 2  IKINJI HAKYKAT

 YNSAN GÜNÄLIDIR WE HUDAÝDAN AÝRY DÜŞENDIR. INE ŞOl SEBÄPLI HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINI WE ÝAŞAÝYŞ ÜÇIN BOLAN MAKSADYNY BILMEÝÄR WE DÜŞÜNMEÝÄR.
 YNSAN GÜNÄLIDIR
“Sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy.” (Rim.3:23)
 
Adam Hudaý bilen içgin gatnaşykdaky ýaşaýyş uçin ýaradylypdy, emma ol kesirlik bilen özbaşdak ýoluny saýlap aldy. Şonuň netijesinde adamyň Hudaý bilen gatnaşygy kesildi. Hudaýa boýun bolmaýan ýa-da Oňa ýöne biperwaý garaýan özbaşdaklyga Injilde günä diýilýär.

HUDAÝ MUKADDESDIR
“Mukaddes boluň, çünki Men Mukaddesdirin.” (1Petrus1:16)
 YNSAN AÝRALYGA DUŞDI
“Sebäbi günäniň tölegi ölümdir…” (Rim. 3:23) 
Adam aýra düşüpdir.
“Sebäbi günäniň jezasy ölümdir” (Hudaýdan ruhy aýra düşmekdir). 
Bu surat Hudaýyň mukaddesdigini, adamyň bolsa günälidigini görkezýär. Olaryň arasynda uly uçut ýatyr. Adam öz güýji bilen, meselem, gowy işler arkaly, filosofiýa ýa-da dinler arkaly mydama Hudaýa we “gurply ýaşaýşa” ýetmek isleýär. Emma günä sebäpli bu mumkin däl.
Üçünji hakykat bu çykgynsyz ýagdaýdan ýalňyz çykalagany görkezýär. 

 3    ÜÇÜNJI HAKYKAT
 ISA MESIH-ADAM GÜNÄSINDEN GUTULMAK ÜÇIN HUDAÝ TARAPYNDAN BERLEN EKE-TÄK ÝOLDUR. ONUŇ ÜSTI BILEN SIZ HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINI DUÝUP WE BILIP BILERSIŇIZ.

Ol biziň üçin öldi                                                                                                                                                                                              
“Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entäk günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi” (Rimliler 5:8) 

Ol ölülerden direldi
“…Mesih ýazgylara görä, biziň günälerimiz üçin öldi, jaýlanyp, Ýazgylara görä hem üçünji güni direldi. Onsoň Kifasa, soň-da Onkilere göründi. Ondan soň bäş ýuzden köp dogana birden göründi…”(1Korin.15:3-6)

Ol—Hudaýa bolan eke-täk ýoldur.
“Isa oňa diýdi: “Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn; Mensiz hiç kim Hudaýa baryp bilmez”(Ýahýa 14:6)
guzy.jpgSuratda görşüňiz ýaly, Hudaý Isa Mesihi biziň günälerimiziň jezasyny çekmäge ölüme iberip, bizi we Özüni bölýän uçudyň üstünden köpri gurdy. Isa Alehsalam edil şu guzy ýaly biziň günälerimiz üçin öldi.                                                                            
Bu üç hakykaty ýöne bir bilmek eterlik däldir…

 4   DÖRDÜNJI HAKYKAT
 BIZIŇ HER BIRIMIZIŇ ISA MESIHI HALASGÄR WE TAŇRY HÖKMÜNDE KABUL ETMEGIMIZ GEREK. DIŇE ŞONDAN SOŇ BIZ HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINI DUÝUP WE ONUŇ NIETINI BILIP BILERIS
 

Bize Isa Mesihi kabul etmek gerek.
          “Emma Ol özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň ogullary bolmak hakyny berdi” (Ýahýa 1:12)
Biz Isany ynam bilen kabul edýäris.
          “Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr. Hiç kim magtanmaz ýaly oňat işlere-de bagly däldir” (Efesliler 2:8-9).
Isany kabul edip, biz täzeden dogulýarys.
Adamyň bu ikinji, ruhy dogluşyna “ýokardan dogluş” diýilýär. (seret: Ýahýa 3:1-8). 

Biz Ony kalbymyza çagyran wagty şeýle bolup geçýär.
Isa diýdi: “Ine Men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin” (Ylham 3:20)
Ýokardan dogulmak, toba etmek, Isany kabul etmek, günälerden gutulşa eýe bolmak, mesihi bolmak—bularyň hemmesi hem şol bir wakany suratlandyrýar. Bu çyn ýürekden özüňiň günälidigiňi boýun alyp, günäli ýaşaýyşdan ýüz döndermegi; Hudaýa dogada ýüzlenip, günäleriňi bagyşlamagyny soramagy aňladýar. Şonda isa Mesihiň siziň kalbyňyza girjekdigine we siziň ähli günäleriňizi bagyşlap, sizi Hudaýyň island adamy etjekdigine ynanmaly. Gurrüň bu zatlara diňe bir paýhas bilen ýa-da duýgy arkaly akyl etirmek barada däl. Esasy Isa bolan ynam we Onuň yzyna eýermek baradaky karardyr. 

BU IKI TÖWEREK IKI HILI DURMUŞY ŞEKILLENDIRÝÄR:

Adamyň özi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän durmuş
towerek-1.jpg

M- Tagtda –adamdaky “MEN” I- Isa –durmuşyň daşynda

  • -Isleg-arzuwlar adamyň özünden gelýär. Olar ahyrsoňy lapykeçlige getirýär.

 


Isa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän durmuştowerek2.jpg 

M- “MEN” erini Isa berdi.  I- Mesih ýüregiň merkezinde

  • -Islegler Isa tarapyndan Hudaýyň nieti boýunça gönükdirilýär.

Şu töwerekleriň haýsy siziň durmuşyňyzy aňladýar?
Olaryň haýsy boýunça ýaşasam diýýärsiňiz?
Isany nädip kabul edip boljakdygyny bilesiňiz gelýärmi… 

Siz häziriň özünde doga arkaly ýüzlenip, Isany ynam bilen kabul edip bilersiňiz.
          (Doga—bu Hudaý bilen geplşikdir)
Hudaý adamyň ýüregini gowy bilýär. Şol sebäpli Oňa sözleriňiz däl-de, ýüregiňiziň islegi zerurdyr. Siziň dogaňyz şeýleräk bolup biler:
“Rebbim Isa, Sen maňa gerek. Meniň günälerim üçin haçdaky ölümiňe men minnetdar. Meniň günälerimi bagyşla! Men ýüregimiň gapysyny Seniň üçin açýaryn we oňa girmegiňi soraýaryn. Meniň Halasgärim we Rebbim bol. Meniň durmuşyma ýolbaşçylyk edip, meni Öz islan adamyň edip etişdir. Meniň günälerimi geçenligiň üçin we maňa baky ýaşaýşy berenligiň üçin men Saňa minnetdar. Omyn.”
Şeýle doga siziň ýorek islegiňizi aňladýarmy? Aňladýan bolsa, onda häziriň özünde şu doga bilen Hudaýa ýüzleniň. Şonda Isa Mesih wada edişi ýaly siziň ýüregiňize girer. 

Isa siziň kalbyňyza girdimi, ony nädip bilmeli
          Siz Mesihden ýüregiňize girmegini soradyňyzmy? Onuň Ylham 3:20-däki wadasyna laýyklykda Ol inid s ize görä nirede? Isa siziň gapyňyza girmegi wada edipdi. Ol sizi aldap bilermi? Hudaý dogama jogap berdi dien ynamyňyz name esaslanýar? Hudaýyň aýdan Sözüne, Hudaý we Onuň Sözi ynama mynasyp.
Injil Isany kabul edenleriň ählisine baky (ebedi) ýaşaýyş wada edýär.
“Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Onuň oglundadyr. Kimde ogul bar bolsa, onda şaýaşyş hem bardyr, kimde Hudaýyň Ogly ýok bolsa, onda ýaşaýyş hem ýokdur. Men muny size—Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenleriň adyna ýazdym. Şeýle, siz Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenler ebedi ýaşaýşyňyz barlygyny biliň” (1Ýahýa 5:11-13).
          Isanyň elmydama siziň bilen boljakdygyna we sizi hiç haçan taşlap gitmejekdigine Oňa hemişe minnetdarlyk bildiriň. (Ewreýlere13:5,6) Ony kabul eden günüňizden başlap, Isanyň sizde ýaşaýandygyny we özüňiziň ebedi ýaşaýşa eyedigiňizi Onuň beren wadalary boýunça bilip bilersiňiz…
Ýatda saklamaly zerur zat…
 DUÝGULARYŇYZA ESASLANMAŇ
Biziň ynamymyzyň esasy – biziň duýgularymyz däl-de, Injilde ýazylan Hudaýyň wadalarydyr. Isany kabul eden adam Hudaýyň Özüne we Onuň Sözüne bil baglaýar. Aşakdaky otlynyň suraty mesihilik durmuşy şekillendirýär. Ol fakt bolan Hudaýyň Sözi bilen biziň oňa ynamymyzyň we ynamyň netijesi – duýgumyzyň arasyndaky baglanyşygy görkezýär.

otly-1.jpg
Parawozyň wagonsyz hem ýöräp biljekdigi düşünikli zat. Emma wagon bilen parawozy ýöretmäge synanyşyk biderek bolardy. Şunuň ýaly biz, mesihiler hem, öz duýgularymyza esaslanmaly däldiris, gaýtam biz öz ynamymyzy Hudaýyň we Onuň Sözüniň mizemez abraýyna esaslandyrýarys. 

ISANY KABUL EDENIŇIZDEN SOŇ

Siz ynam bilen Isany kabul edeniňizde köp zatlar bolup geçdi:
1.     Isa siziň durmuşyňyza aralaşdy. (Ylham3:20, Kol.1::27)
2.     Siziň günäleriňiz geçildi (Kol.1:14, Efes 1:8)
3.     Siz Hudaýyň perzendi bolduňyz (Ýahýa 1:12)
4.     Siz ebedi ýaşaýşa eýe bolduňyz (1Ýahýa 5:11-13, Ýahýa 5:24)
5.     Hudaýyň sizi ýaratmak bilen baglanyşykly bolan beýik maksadyna tarap ýola gadam urduňyz Ýahýa 10:10, 2Kor. 5:17, 1Sel5:18)
Siz özüňiz üçin Isa Meishi kabul etmekden başga-da ajaýyp zady heý bir göz öňüne getirip bilýäňizmi? Hudaýyň siz üçin eden ähli işlerine häziriň özünde minnetdarlyk bildirmek isleýäňizmi? Hudaýa minnetdarlyk bildirmek bilen siz Oňa bolan ynamyňyzy beýan edýärsiňiz. Siziň Isadaky täze ýaşaýşyňyz doly mazmunly bolmagy üçin siz ruhy ösmelisiňiz…


  RUHY ÖSÜŞ ÜÇIN NÄMÄLERI BILMEK GEREK
 Ruhy ösüş biziň Isa Mesihe bil baglap ýaşaýşymyza (ynamymyza) bagly. “Dogry adam iman bilen ýaşar” (Galtlylar 3:11) Ynam bilen ýaşaýyş size her bir uly bolmadyk zatda hem Hudaýa bil baglap ýaşamaga hem-de aş aşakdakylary amal etmäge kömek eder:
1.     Her doga bilen Hudaýa ýüzlenmeli.( Ýahýa 15:7)
2.     Her gün Hudaýyň Sözi —Injili okamaly (Res. Iş.17:11) Ýahýanyň Hoş Habaryndan başlaň
3.     Ähli zatda Hudaýa boýun bolmaly (Ýahýa 14:21).
4.     Söz we iş bilen bütin ýaşaýşyň bilen adamlary Mesih hakda güwälik etmeli. (Matta 4:19, Ýahýa 15:8)
5.     Gündelik durmuşyňyzda we Isa hakdaky güwälikleriňizde Öz güýji bilen doldurmaga hem-de ýolbaşçylyk etmäge Mukaddes Ruha mumkinçilik bermeli (Galatlýalylar 5:16, Res. Işl. 1:8)

IMANLYLAR ÝYGNAGYNDA OLAR BILEN GATNAŞYK
 
Hudaýyň Sözi imanlylara “ýygnanyşmagy goýmazlygy” maslahat berýär (Ewreýler 10:25)
 Odunlar üýşürililgi bolsa ot gowy ýanar, emma ekelikde olar tiz söner. Imanlylar bilen hem edil şeýle bolýar. Eger siz entek mesihiler ýygnagyna barmaýan bolsaňyz, onda ol ere çagyrýançalar garaüyp oturmaň. Ýaşaýan eriňizde Isa tagzym edilýän we Onuň Sözi wagyz edlýän er-mesihiler ýygnagyny tapyň. Bu siziň ruhy durmuşyňyz üçin örän wajypdyr.
 
 
 
     

 

posted in Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 19 Comments

29th January 2007

Jana Jan

Birnäçe ýyl mundan ozal şeýle bir adaty däl, geň we tolgundyryjy waka bolup geçdi welin, bu barada jikme-jik gürrüň bermäge men özümi borçly hasap edýän. Gündogar şäherleriniň birinde iki dogan bile ýaşaýardylar. Doganlaryň kiçisi eňilkelle durmuşy alyp barýardy: daň säherden tä garaňky gijä çenli günä hezilliklere özüni berip, keýpi-sapalykda ýaşaýardy, göräýmäge olardan el üzesi-de gelenokdy. Doganlaryň ulusy bolsa, tersine, Hudaýdan gorkýan, ýuwaşwe dogry adamdy. Kiçi dogany öz ýaşaýşy bilen ony kän alada goýýanlygy üçin, ol telim gezek kiçii doganyna günäli durmuşdan el çekmegini sorap, gözýaş bilen ýalbarypdy. Şeýle hem bolsa, kiçi dogany agasynyň ýalbarşyna we gözýaşlaryna üns bermeýärdi. Ol öňküsi ýaly öz janynyň we teniniň zeleline ýaşamagyny dowam etdirýärdi. Onuň ýary gije çenli manysyz gezmegi günden-güne gaýtalanýardy. Agasy bolsa, şeýle halatlarda ýatman, ol barada Hudaýdan dileg edip, öýünde garaşýardy. Bir gün gijäniň bir wagty, doganlaryň ulusy gapynyň güýçli kakylandygyny eşidýär. Oll derrew gapyny açan badyna ondan ganly geýimde ýüzi agaryp, saňňyldap duran jigisi içerik kürsäp girýär. “Meni halas et! Meni gizle! -diýip, ol gygyrdy. -Meni polisia yzarlaýar, men adam öldürdim! Ah, seret, ynha, bu onuň gany. Nähili elhenç!”. Emma ony tapmazlyklary we jeza bermezlikleri üçin nirä gizlemeli? Köp wagt ýitirmän, agasy jigisiniň üstünden gana bulaşan geýimlerini çykaryp aldy-da, derrew öz üstüne geýdi. Onsoň züniň arassa geýimlerini jigisine geýdirip, beýlekii otaga itekledi. Gapyny onsoň üstünden gulplap, name bolaryna garaşyp oturdy. Oňa kän garaşmak gerek bolmady. Tiz wagtda aýak sesler eşdilip, polisia etip geldi. “Biz şeýle hem çak edipdik: adam öldüren şu erde!-olaryň biri gygyrdy..-Biziň çaklamalarymyz başga sebäplere görä hem şu öýi görkezýär”. Olar güman edilýän jenaýatkäre golaýlaşdylar. “Adam öldüren senmi?” diýip, olaryň biri hyrsyz seredip sorady.. Emma ol bir sözem diýmedi. “Sorag edip, wagt ýitirmegiň geregi ýok, - olaryň birinjisi böldi,-onuň geýmine serediň, onuň günäkärdigine bular doly güwä geçýär”. Olar bu pahyryň ellerini daňyp, öz yzlary bilen garaňky köçelerden alyp gitdiler. Getirip, ertire çenli türmä dykdylar. Ol pahyr bütin gije ekeje söz hem diýmedi. Ireden olar ony sorag etmäge geldiler, emma onuň eke jogaby şeýle boldy: “Şu jenaýat üçin men özümiň ölmelidigimi bilýärin we bu näçe tiz erine etse, şonça-da gowy bolar”. Birnäçe günden soň ony suda getirdiler. Sudýa onuň ganly eşiklerini gördi-de: “Bu ýagdaýda başga görkezmeleriň geregiiýok, ähli zat aýdyň” diýdi. “Sende aklaýjyň (adwokatyň) barmy?” diýip sudýa sorady. Ol hem, “Mende beýle adam ýok” diýip jogap berdi. Sudýa, “öz goragyňa çykyş etmek isleýärmiň?” diýdi. Ol hem, “Islemeýän” diýip kesgitli jogap berdi-de, özüniň günäsizdigini gözünden duýulmazlygy üçin aşak seretdi. Sud derrew höküm çykaryp, oňa ölüm jezasyny berdi. Suduň hökümi erine etirilmezden bir gün öň höküm edilen gepläp ugrady. Ol türmäniň naçalnigineň gelmegini haýyş etdi. Haçanda, türmäniň naçalnigi gelende, öz islegini aýtdy: “Men sizden tiz wagtda öldürilip ýok boljak adamyň iň soňky islegine razy bolmagyňyzy soraýaryn. Maňa hat ýazar ýaly kiçijik kagyz, sürgüç, syýa hem-de ruçka beriň. Men ölenden soň bukçany açman, ony görkezilen adres boýunça ibermegi Hudaýyň öňünde wada ediň. Bu erde hiç bir erbetlik ýok, maňa ynanaýyň. Mer ertir Hudaýyň alnynda durmaly bolaryn we men ömrümiň iň soňky sagatlarynda-da ýalan gepläp bilmerin”. Naçalnik tussag edileniň ýüzüne üns bilen seretdi. Ol onuň sözlerine nähili ynanjagyny bilmese-de, onuň iň soňky islegine ýok diýip-de bilmedi. Tussag edilen bütin kalby bilen şu haýyşan siňen ýaly göründi. Ol rahat we mähirli seredýärdi we onuz gözlerinden nähilidir bir adaty däl yşyk gelýärdi. Tussa edileniň soran haýyşyny doly eriine etirjekdigine wada berdi. Giçlik türmäni barlag edeninden soň, onuň agzy sürgüç bilen möhürlenen bukjasyny aldy. Gije soňlap gelýärdi. Bu gije, ebediligiň bosagasyna golaýlaşýan we beýleki dünýäni görýän adam ýaly Hudaýa dogada dyz çöken tussag üçin rahat geçse-de, ol ukusyz gijedi. Daň agardy. Ony ölüme äkitjek adamlar hem, beýleki adamlar ýaly, öz işine başladylar. Bir sagatda…bary gutardy. Şondan soň, tiz wagtda eli bukjaly biri ýola düşdi. Ol iki dogan ýaşaýan jaýyň gapysyny kakdy. Gapyny ýüzi howsalaly, gorkudan ak tam bolan bir ýaş ýigit açyp, bukjany kabul etdi. Ol, haman diersiň oňa däl ýaly, bukja geňlik bilen seretdi. Ahyr soňy ony açyp, haty okady. Okap boldy-da zaryn seslendi. Aklynda däl ýaly, ilki gapa tarap, onsoň yza özüni oklady. Ol durşy bilen saňňyldaýardy. Bukjadaky hatda näme ýazylgydy? Diňe birnäçe söz: “Ertir, seniň geýimiňde, seniň deregiňe men ölerin. Sen bolsa meniň geýmimde täze, dogruçyl durmuşda ýaşap bilersiň. Seniň eriňe men ölerin!” -Ol eňildi. Bu sözler günäden we gorkudan daşa öwrülen, duz ýaly ýüregini eretdi we ony doldurdy. Indi, ýaňy ukudan açylan ýaly, batly gygyrdy: “Seniň deregiňe men ölerin!… Belki, on heniz ölen däldir!”. Ol agasyny halas etmek üçin daşaryk ylgap çykdy. Ol türmä gelende ony sakladylar. Ol özüniň naçalngiň ýanyna goýberilmegini talap etdi. Onuň şeýle bir janygyp soraýanlygy üçin türmäniň sakçysynyň rehmi gelip, ony naçalnigiň ýanyna goýberdi. “Seniň deregiň men ölerin!”-Bu sözleri okanda olar naçalnigiň hem kalbyny gozgady. Ölüme höküm edileniň haýyşy, özüniň oňa garşy çykyp bilmedik mylaýym we rahat seredişi naçalnigiň ýadyndady. Güýçli tolgunma bilen ol haty sudýa getirdi. Sudýa haty okap, bar zady boýun alan we öz gürrüňini: “Maňa jeza beriň, men günälidim” diiýip soňlan, hakyky günäkäri sorag etdi. Şeýle hem bolsa, ölen agasynyň sözleri öz güýjüni ýitirmändi. Ol sözler sudýa üçin mukaddesdi. Ol ret edip bolmajak we manysy peselmejek gurbanlyk getiripdi. Sudýa şeýle beýik söýgä eýe bolan ýaş ýigide onuň ýürek agyrysyny paýlaşýan ýaly seretdi. Ol ölüm jezasy barada aýdybam oturman, hatda ony günäkär etmäge-de hakynyň ýokdugyna düşünýärdi. Şeýlelikde, doganlaryň kiçisine ýaşaýyş we azatlyk üpjün edilipdi. Günäsi üçin jeza berilmedik jenaýatkär eli hatly öýüne dolanyp geldi. Ol perişan halda, günä ýüküniň astynda perýat edip, Hudaýa ýüzlendi. Öz derdini toba etmek bilen Oňa açdy. Ol gözýaş döküp doga etdi: “Taňrym- Hudaý, meni günälerimde heläk bolmaga taşlama! Olar üçin başga biri öldi. Maňa ýamanlyga garşy durmaga kömek et. Meniň erime öleniň geýimlerini geýmäge meni mynasyp et. Men geýmimi arassa saklaar ýaly maňa rehim et we meni her bir günäden gora!” Şol pursatdan başlap adamlar ony tanamaýardylar. Ol özgerdi. Ol adamlaryň arasynda ýat ýurtly adama meňzeýärdi. Şeýle hem bolsa ol olara söýgüden we duýgudaşlykdan doludy. Ilkibaşda dostlary ony ozalky ýaşaýşyna çekjek bolup dyrjaşdylar, emma ol hemmelere mylaýym, ýöne aýgytly jogap bererdi: “Bu geýimde men gelip biljek däl. Meniň doganym onuň ýally erlere barmazdy”. Ýuwaş-ýuwaşdan olar zat diýmediler, beýleki adamlar bolsa oňa we onuň geýmine hormat bilen seredýärdiler. Köp adamlar onuň Hudaýa bagş edilen durmuşyny görüp, özleri-de günäden ýüz öwürdiler. köp ýyllar geçdi, onuň durmuşy oňat miweleri getirdi. Soňra Hudaý onuň: “Maňa ölmäge rugsat ber” diýip, has ir eden haýyşyna jogap berdi. Haçanda bu dünýädäki ýaşaýyş tamamlananda, baky ýa-da ebedi ýaşaýyş başlanýar. Wagt geldi we bu iki doganlar ebedilikde (bakyýetde) duşuşdylar. Indi olara hiç wagt biri-birinden aýrylmak gerek bolmaz! Meniň gürrüňim soňuna etdi. Emma biziň günlerimizde-de, biziň her birimiz üçin onuň täsiri bar, şeýle-de şu setirleri okap duran gadyrly dostum. sen üçin hem. Belki-de, eliňde Injil tutmaga seeniň mümkinçiligiň bolandyr, ony okansyň ýa-da ol hakda eşidensiň. Emma sen ony ähli beýleki zatlar ýaly ýüzleý kabul edensiň. Injiliň Isa Mesih baradaky, Halasgäriň ýaşaýşy we ölümi baradaky taglymatyny kabul etmegiňi haýyş edýärin. Ol seni eke bir geljek jezadan we baky dowzahdan halas etmek üçin däl, eýsem Ol seni günälilikden we günäniň güýjünden azat edip, saňa dogry ýaşaýşa güýç bermek üçin hem Öz janyny berdi. Onuň gany bilen ýuwlup, Onuň dogrulygyna geýinmegiň üçin, Onuň Ruhundan doglup, seniň päk we günäden azat bolan Hudaýyň perzendi bolmagyň üçin Ol seniň deregiňe öldi (Tit.3:5-7, Filip.2:14-15). Bu barada ýürekde pikirlen-de aýt, bular saňa ýönelen Biribaryň sözleri dälmi-kä? Oýlan, nähili edip Ol, seniň günäler ýüküňi Öz üstüne almak bilen, seniň geýmiňde, seniň deregiňe öldi. Olmuny seniň halas bolma geýmini geýnip, Onuň dogrulygynda we päkliginde ýaşap bilmegiň üçin etdi. Reb Isa bize: “Özümiň doganlarym” diýmekden utanmaýar.. (Ewr.2:11) Ol bize meňzeş bolupdy, emma bizi günäniň höküminden gaňryp almak we “Hudaýlyk tebigata şärik etmek, şeýle hem Onuň şalygynyň mirasçylary etmek üçin Ol günäsiz bolupdy! Injil seniň günäleriň üçin seniň eriňe ölen Isa Mesihden hatdyr. Onuň hatyna seniň jogabyň nahili bolar? Ölüm Isany elinde saklap bilmedi. Ol ölümi eňip direldi we senden Özi üçin kalbyňy açmagyňy soraýar: “Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn, biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin.” (Ylham 3:20)

“Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi”. (2 Kor. 5:21)

“Ol ýaşaýan artykmaç özleri üçin däl-de, olar ugrunda Ölen we Direlen üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi”. (2Kor. 5:15)

“Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagymyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi; siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz”. (1Pet.2:24)

“Ol biziň günälerimiz üçin alnypdy we biziň jenaýatlarymyz üçin gynalypdy; dünýäniň jezasy Oňa ýüklenipdi we biz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyk”. (Işaýa pygamber 53:5)

“Şunluk bilen, öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy egniňizden çykaryň… Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginide döredilen täze ýaradylyşy geýniň”. (Efes.4:21-24)

“Isa iman eden her kesiň Onuň ady bilen günäsiniň ötüljegine ähli pygamberler güwä geçýär”. (Resul.işl.10:43)

posted in Durmuşyň Manysy näme, Kitaplar, Radio, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 9 Comments

17th January 2007

Гөзлеглер ве ачышлар

Гөзлеглер ве ачышлар атлы радио гүррүңдешлигиң текстини сизе хөдүрлейәрис. Мунда сиз өсен дөвлетлердәки гөрнүкли алымларың Худай хакындакы эден гүррүңлери ве ылымың хем Худайың бардыгыны көп ёллар билен тассыклаяндыгы хакындакы материаллар билен таншып билерсиңиз. Бу хакында өз пикирлериңиз билен пайлашып билерсиңиз.

Гөзлеглер ве ачышлыклар
Д.Фишер
Июнь 1993
1150 сөз
Тема: Худайың ады сөзбашыларда
Профессор: Худайың ады сөзбашларда! Өзүни бутханалар ве ыбадатханалар билен чәкленмегиң дерегине худай соңкы вагтларда өзүни лабороторияларда ве обсерваторияларда- иң бәркиси дүнйәниң бир тәзеликлер журналының даш җилтинде аян эдйәр.
Сес: Җикме-җик- бир минутдан.
Плёнка: Тема ве билдириш
Профессор: « Ылым худай барада нәме айдйяр?» Гөвнүңе болмаса, шейле сөзлер бу тема үчин махсус дәл тәсин ерде йүзе чыкды.Олар дүнйә дереҗесинде көп окалян американың «Тайм» журналының җилтиниң дашында бар.
Макала 1992-нҗи йылың декабрының соңкы хептелигинде чапдан чыкыпдыр.
Сес: Макала тассыкламакдан ве сорагдан башланяндыгыны мен белледим. Цитатаны гетирйәрин: «Физикада, космологияда ве биологияда болян тәзе ачышлыклар әлем-җаханы хас дүшнүкли хем тәсин эдйәр. Соңра шейле сораг: «Бу дине ынанмагы гүчлендирйәрми я-да говшадярмы?»
Профессор: Көп санлы тебигаты барлагчылар тебигатың гурулшының өрән чылшырымлыдыгыны ачярлар, Бу болса аң-акыл хакында гүррүң берйәр.Шол себәпли-де, тебигаты яраданда Ёкары Аңың болаймалы мүмкинчилигине өрән чынлакай середйәрлер.
Сес: Сиз худая меңзеш кимдир бирини я-да башга бир зады гөз өңүнде тутярмысыңыз?
Профессор: Хавва. 20-нҗи асырың башында Эйнштейн тәзе теорияны әлемиң дүрли тарапларындан баха берип, сорапды: «Эгер мен худай болан болсам, шуңа меңзеши эдип билердимми?» Мениң гөвнүме болмаса, барха көп алымлар Әлемиң чылшырымлыдыгыны яңадан гөрүп, тебигат адамыңкыдан ёкары акылың ярадандыгының нетиҗеси- дийип логики пикире гелйәрлер.
Сес: «Тайм» журналындакы макала гошмача сораглары гойяр. Цитата: «Ылым җаның сырыны молекулалара(өйҗүклере) гетирип дирейәр, а, сырларың иң улусы- нәме хакында.? Әлем-җахан өңүнден ниетленип дөредиленми? Ызы гутарныксыз довам этмегинде яшайышың максады бармыка?» Башгача айдыланда, бар затлар тебиги процесслер билен дөрәнми я төтәлейин? Өңүнден ниетленип, ишләп Әлеми дөреден акыллы Ярадан бармыка?
Профессор: Хер чынлакай макалада автор бир сорага аргументлери ики тарапдан берйәр. Ол мүмкин тебиги процесслер җаханы ве ондакы әхли затлары дөретди дийилйән теория середйәр. Эмма ол шу ашакдакыларам тассыклаяр. Цитатаны гетирйәрин: «Кәбир хәзирки заман ылымының эпики аян эдилшинде, шол санда адамзадың йүзе чыкышы ялы дүшүндиришлерде хакыкатданам диниң дүшүндиришлерине йүзленйәрлер».
Сес: Меселем?
Профессор:Ене цитата: «Физикададакы бир гызыклы гөзегчилик Әлем –җаханы яшайыш үчин йөрите ниетленип дөрдилене меңзедйәр».Цитатаның соңы. Эгер гравитацияның гүйҗи бираз көпрәк боланда, йылдызлар чакдан аша чалт янып, планеталарда яшайшың болмагына мүмкинчилик бермән хас чалт янҗакдыгыны физиклер аныкладылар. 20-ден 30-а ченли дүрли физики параметрлерде шейле кувватың болмалыды ве оларда шолар хем бар, ёгсам яшайыш болуп билмезди. Әлемиң код ялы инструкциялар билен программирлененлиги, шу коды акылың язандыгыны гөркезйәр- дийип Франк Пейгальс айдыпды. Башга бир акылдар өңүмиздәки идеяны йүзе чыкарды. Цитата: «Тебигат-нетиҗе, онуң себәби-Худай».
Сес: Бир вагтлар биологлар яшайышы бейле тәсин гөрмейәрдилер. Бир биологияның тарыхчысының чакламагына гөрә, Дарвиниң хасаплан хемме дири клеткасы (өйҗүги) бир дамҗа елиме меңзеш гөрүнйәр. Ол клетканы шейле йөнекей чаклап, җансыз материя дири клетка өсүп гечйәр- дийип аңсат гөз өңүне( чак этмеги) гетирендиги хем мүмкин.
Профессор: Ондан бәри генетиклер ДНК-аны ачдылар.Хат-да йөнекей клеткаларыңда өрән,өрән чылшырымлыдыгыны олар хәзир билйәрлер.Оларың кәбирлери клеткаларың гелип чыкышының говы дүшүндириши- акыллы Худайың яраданы ве дөредени диен нетиҗелере гелйәрлер.
Сес: Бу макаланың башга бир тассыкламасы-да бар. Цитата: «20-нҗи асырың ылымларының айратын хәсиетлериниң бириси -Әлем акылың дөреден нетиҗеси диен пикирленмек үчин хасыллы топрак билен үпҗүн этди
Профессор: Мүмкин, компютериң совук логикасы ялы маныда йөнекей дөредиш дәлдир. Кәбир алымлар акыл, Әлеми ярадан өз дөреденлерине шатлыгы ве леззети дуймак мүмкинчилигини алмагының алдасыны эдйәр- дийип хем чаклаярлар. Меселем, иңлис биологи Җон Мейнард Смит эволюцион теория өз гошанды билен ады беллидир. Смит нәме үчин хайван ве адам организминде эмоцияның бардыгыны эволюцияның хич хачан оңа канагатландырыҗы дүшүндирип билмейән ягдайыны айтды. Биологларың аглаба көпчүлүги өзүңи алып барыш тениң ичинде болян биохимики үйтгешмелериң контролында ве эмоция хем тениң химиясының йөнекей гошмача өнүми дийип чаклаярлар. «Таймдакы» макалада шейле нукдай назар индики җеми нетиҗелешдирйәр, Цитата – « горкмаклык, ыза (агыры), тәсинлик я-да сөйги биохимияның чыкарып ташлаян йөнекей көлегеси болуп, ол өз-өзүнден организмиң өзүни алып барыш яшайышы үчин эйле бир мөхүм дәлдир. Эгер бейле болса, дуйгы хич зат этмейән болса, умуман нәме үчин олар бар?»
Сес: Эгер Әлем-җахан өзи дөрән ве өз-өзүни доландырян болса, онда гурҗаклар кими сахнада сценариясыз ойнаярлар. Эгер Әлеми Худай ярадан ве доландырян болса, онда бу херекетлери доландырян акыллы сценаристиң ве режиссёрың бардыгыдыр.
Профессор: Якында эдилен тебигаты өвренишдәки ачышлар тебигаты өвренйән алымлара ким әлемиң аңырсында, я-да нәме дур дийилен сорагларың җогабыны билмейәндиклери себәпли олары оңа дүшүнмәге меҗбур эдйәр Макаланың сөзлеринден гетирйәрин: «Эгер сиз пердәниң аңырсына әңедип билмейән вагтыңыз, ол ерде нәме бардыгыны билмейәндигиңиз билен ылалашсаңыз, онда сиз ол ерде хич задың ёкдугыны ничик ынамлы айдып билйәрсиңиз?
Сес: Сизе ене бир совал берҗек. Нәме үчин бизиң программамыз « Гөзлеглер ве ачышлар» дийип атландырыляр?
Профессор: Себәби, философлар дурмуш хакында чылшырымлы сораглары берип башланындан бәри, бизиң ылымымыз узак ёл гечди. Гадымы Грецияның танымал алымлары Әлем җаханың башы ве соңы бар я-да ёк, эҗәниң гөвсүнде чага тохумы онуң хайсы өсүш стадиясында җанланяр ве Әлем акыл билен дөредиленми?- дийилен сораглара җогабы диңе чак эдип билйәрдилер.Хәзирки заман ылымларының гөзлеглери ве ачышлары бизи шол сорагларың җогабына дүшүнмегмизи гаты якынлашдырды.
Сес: Ылмы гөзлеглер соңкы хакыкаты тапмага мүмкинчилилер берйәрми? Яңыҗа Худай бармы я-да ёк- диен сораглара ылым җогап берип билмейәр дийип биз айтмадыкмы?
Профессор: Догры( гөнүмел) җогап берип биленок. Энтек Худайы гөрер ялы хич ким «Богоскоп» дөреденок. «Худай шейле бир әгирт,оны асманларың асманыда өзүне сыгдырып билмейәр»-дийип Библиде айдыляр. Шонуң үчин хем биз Худайы лабораторя пробиркасына салып өвренҗек асла боламызок. Эмма бар-ха кән алымларың айдышларына гөрә, Худайың элиниң ызыны олар өз ишлеринде гөрйәрлер. Биз тебигатың үсти( аркасы, көмеги) билен муны аңлап билерис.Хас анык ылым-билимлериң сетирлеринң аралыгыны окап, биз тебигаты хас ынамлы билмәге укыплы ве мүмкин оны ярадан Худайың акылдарлыгы барада көп аңлап билерис. Бизиң «Гөзлеглер ве ачышлар» программамызда ылмы ачышлыклар барада хабарлар элмыдам болар, буларың әхлиси бизи акылдар Худай-Ярадан хакындакы пикире үндейәр.
Сес: Бу айданларыңыз бир нәче минут өң сизиң гетирен « Тебигат- бу нетиҗе, онуң себәби-Худай» цитатаңызы маңа ятладяр.
Профессор: Хакыкатдан хем шейле.
Сес: Бир нәче йылдан мундан озал мениң мугаллымларымдан бир нәчеси «атеизмиң ылым» курсларыны окадыпдылар. Менде диңе атеизм хакыкы ылым ве тебигат билими атеистик дийилйән дуйгы дөрәпди.
Профессор: Бу хемме алымларың пикиридир дийип хасапламаярын.Элбетде, еке бу гүн дәл. Көп барлагчылар тебигатда гөрйәнлермизиң Худайың ишидгине, онуң өзүни Библияда ачандыгына ынанярлар.
Сес: Алымлардан ким Худая ынаняр?
Профессор:А, бу улакан списокдыр. Алалың, мысал үчин, астрономиядан дүнйәде иң ёкары сылагың лауреаты. Шейле-де Нобел премиясына хөдүленен квант химиясы билен мешгулланян алым я-да дүнйеде иң хорматланян барлагчылар-генетиклер.
Американың бир нәче астронавтлары христианлар. Иң бәркиси, Королева Елизавета тарапындан рыцарлык дереҗесине галдырлан ики адам, оларың икинҗисине ылыма гиризен улы гошанды үчин берилди.
Сес: Мен Худая ынанян ве тебигаты өвренмекде белли бир үстүнликлер газанан адамы диңләсим гелйәр.
Профессор: Сизиң ислегиңизи кабул эдйәрис! Гелҗек хепде-де биз христиан-астронавт билен болан интервьюны берерис. Канаверал мысындан( бурунындан) полковник Гай Гарднер ики космики учушлары ерине етирди. Ол хәзир НАСА-да рус программасының директоры ве руслар билен американларың Шаттл-мир хызматдашлыгы учуш программасыны тайярлаяр.
Сес: Говы( боляр). Индики хепде-де шу вагтлар шу толкунда биз астронавт Гай Гарднери диңләрис. Мен өз достларымы хем шу программаны диңлемәге чагырярын.

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments