Immanuel-Hudaÿ biziñ bilendir!

December 11, 2018

Huday biziñ bilendir —Emmanuweliñ dünyä inmegi!

Zebur 144:18; Matta 1:18-25;

Salam mahriban imandaky doganlarym! Salam gadyrdan ildešlem. Siziñ baryñyzy ÿetip gelÿän Dunÿäniñ Halasgari we Rebbi bolan Isa Mesihiñ dogulmak mynasybetli we Taze 2019 yyl bayramy bilen gutlaÿaryn. Rebbimiziñ bereketleri, parahatlygy we šatlygy her biriñiziñ kalbyñyzy doldursyn diyip dileg edÿarin. 

Isa Mesihiñ dünÿa Ynsan kešbinde gelmegi dunya taryhynda iñ wajyp bolan gündür.

 Bu wada edilen we wadalaryñ berjay bolan Mesihiñ gelmeginde name wajyplyk bar? Onuñ gelmegi name uçin šeyle wajyp bolupdyr, ynsanlara name sebapden bu Gelmeli bolan we dunya gelen Mesih gerek bolupdyr diyip soramagyñyz mümkin. Bu tayda biz bu soraglaryñyza jogap bereris.

Siz durmušyñyzda kimdir birine garašyp gördüñizmi? Mysal üçin iñ gowy goryan we soyyan soyguliñiz bir yere giden bolsa oña sabyrsyzlyk bilen garašyp gorensiñiz, yada oglunyz armiya gidende onuñ gaydyp gelerine garašyp gorensiñiz, yada ene atañyz yada dost yarlarnyz bilen uzak wagtdan song dushushmaga garašyp gorensiñiz… Biziñ her birimiz hem iñ yakyn sayyan adamlarymyz bilen,  soyup hormat goyyan adamlarymyz  bilen bile bolmak isleyaris, olardan ayrylmak islemeyaris. Dogry dälmi? Emma gynansak-da aÿralyk bar? Iñ erbedi hem “ölüm” bizi yakynlarymyzdan ayyryar. Bu bolsa gynançlydyr, ezÿetlidir, kalbymyzy agyrtyandyr… Ayralyk belasy, ölüm belasy her bir ynsanyñ bašynda bar. Dogry dälmi?

Bu ayralyk belasy her bir ynsanyñ bašyna ilkinji gezek bolan ruhy ayralykdan gelyandir. Yagny ozal bašda Huday ata-babalarymyz bolan Adam ata we How ene bilen yakyn aragatnašykda bolup, olar bilen Erem bagynda bile bolardy. Emma sheytanyñ aldawyna ynanyp, Hudaÿyñ gadagan eden agajynyñ miwesinde iymek arkaly, boyun bolmazlyk etdiler netijede ilki bilen “ruhy ölümli” boldular, yagny Hudaydan ruhy taydan ayryldylar we netijede “beden taydan hem ölümli” boldular. Çünki Huday olara “bu yagšylygy we yamanlygy bilme” agajynyñ miwesinden iyen guńiz olersñiz diyip, duydurysh beripdi. Netijede, Adam ata we How ene bu ajayyp bagdan, jennet mekandan, Hudayyñ huzurundan kowuldylar. Çùnki Hudaÿyñ adalaty bu boyun bolmazlyga jeza bermelidi, bularyñ jezasy Hudaydan ayrylyp ruhy we beden taydan “ayralykda, ölümli” bolmakdy. “Olüm diymeging” bir manysy ayralyk diymekdir, yagny ruhuñ Hudaÿdan ayrylmagy we bedening jandan ayrylmagydyr. Emma ynsanlar ynamsyz bolsalarda Huday olara ynamdar galdy. Huday ynsanlaryñ özünden baky ayralykda galmagyny islemedi we olaryñ özüne we onung jennet mekanyna gaydyp gelip bilmekleri uçin çykalga, yagny Yol upjun etdi we bu Yoluny ynsanlara wada berdi. Huday bu baradaky ilkinji wadasyny Erem bagyndan kowulan Adam ata we How ena berdi. How enaning neslinden dorejek Biriniñ wagty gelip bu “sheytanyng bashyny” mynjyratjakdygyny aydypdy. Soñra Huday Ybrayma we Onuñ nesillerine, Musa we beyleki pygamberlere bu geljek Biriniñ nadip dunya geljegi we dunya gelmeginiñ maksady baradaky ajayyp wadalaryny ayan edip geldi. Hudaÿyñ halky hem bu wada edilen Mesihe garašÿardylar. 

Bu wada edilen Mesihiñ ynsan kešbine girip bir babek çaga kimin dogulmagy bu wadalaryñ barynyñ berjay bolmagydy. Ine bu barada yazgy sheyle diyyar:

18 Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Merýem bilen Ýusup adaglydy, emma olar entek ýassykdaş bolmankalar, Merýem özüniň Mukaddes Ruh arkaly göwreli bolandygyny bildi.19 Onuň adaglysy Ýusup dogruçyl adamdy, şoňa görä ol Merýemiň ile masgara bolmagyny islemän, ony ýaşyryn aýryp goýbermegi ýüregine düwdi.20 Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.21 Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.22-23 Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar.24 Ýusup ukudan oýanansoň, Rebbiň perişdesiniň buýrugyny ýerine ýetirip, Merýeme öýlendi.25 Emma Merýem ogluny dogurýança, Ýusup oňa ýanaşmady. Ýusup doglan çaganyň adyna Isa dakdy.

Bu ayatlarda biz Hudaÿyñ nädip bu wada edilen Mesihi dünÿa getirmek üçin bir äre barmadyk gyz Merÿemi we onuñ adaglysy Yusuby bu maksady üçin ulanandygyny goryaris. Meryem we Yusup  Hudaÿyñ olar arkaly bu bellan Mesihini dunya getirmek we Ol arkaly butin adamzady halas etmek maksadyny ayan edeninde bu maksada boyun boldular we Hudaÿyñ ozlerinden talap eden her bir išini berjay edendigini goryaris. Yusup Hudaÿyñ özune duyshunde ayan edenlerine ynandy we Hudaÿyñ buyrušy yaly Mukaddes Ruhuñ gudraty arkaly babek Mesihi garnynda göteryan Meryeme oylendi. Šeydip Mesihiñ dunya sag aman gelmegine hyzmat etdi. Yusup Meryemi we bu babegi gorady, osup ulalmagy uchin elinde baryny etdi. Bu doguljak çaga “Isa yagny yewreychede Yeshuwa” diyen at dakdylar. Yeshuwa diymek “Hudaÿ Halas eder” yada “Halasgar” diymegi añladÿardy. Bu bolsa Hudaÿyñ özüniñ yer yuzunde Isa Mesih arkaly ynsanlary gunalerinden halas edip, Olaryñ kalbynda bolmak uçin gelendigini añladyardy. Bu doguljak çaga barada bu bolan wakalardan 600 yyl oñ Išaÿa pygamber arkaly Huday ine bulary ayan edipdi we bular Isa Mesihde berjay bolupdy. Isaya sheyle diyipdi:

 Işaýa 7:14: Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.

Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar. 

Ine bu atda, yagny Isa Mesihde Hudaÿyñ biziñ bilen tazeden bile bolmaklyk maksadynyñ amala ašandygyny goryaris. Huday Erem bagyndan kowulan Adam ata we How enaniñ nesilleri bilen yitirilen šol gatnašygy tazeden dikeltmek we Olar bilen yakyn gatnašykda yenede bolmak maksadyny Isa Mesihi yer yuzune ibermek arkaly berjay etdi. Hudaÿyñ islegi biziñ bilen bile bolmakdyr. Hatda ynsanlar oz yollaryny saylap, gunali howeslerinde galyp Hudaydan uzaklašsalarda, Huday bilen yayn gatnasykda bolmak islemeselerde Huday hemise hem ynsanlar bilen yakyn gatnašykda bolmak isleyar. Goklerde gudratynda we shohratynda bolan Yaradan Biribar Hudayyñ yerdaki bir gunali ynsanlar uchin beyle islegini bolup biljekdigi kopunizde belkide shubhe doredyandir. Huday beyle zady etmez, Ozuni beyle peseltmez diyip pikir edyanler hem bardyr. Emma aslyna seretsek butin Mukaddes Yazgylaryñ esasy taglymaty ine shu hakykata esaslanandyr: yagny Hudaÿ biziñ bilen yitirilen gatnašygy dikeltmek uchin maksadyny ayan etdi.  Soñunda her bir ynsanyñ mukaddes, kamil we šöhratly Hudaÿ bilen tazeden ÿarašyp bile bolup bilmegi üçin Isa Mesihde muny her bir ynsana üpjün edÿär. Hudaÿ Isa Mesih arkaly biziñ her birimiz bilen bolmak isleÿar we erem bagynda Adam ata we How ene beren çyn bagtlylygyny, rahatlygyny, šatlygyny yagny gurply ÿašaÿšyny bize bermek isleyar. Hakykatdanda Hudaÿ biziñ bilen bolmak isleÿär we Ol bizden uzakda däldir, emma eger biz özümiz hem Huday bilen yakyn aragatnašykda bolmak islemesek onda Huday biz bilen erkimize garšy bolup yakyn bolup bilmez. Zeburda ine bu barada šeÿle diyyar: Mezmur 144:18

Reb Özüni çagyrýanlaryň hemmesine, Özüni çyndan çagyrýanlaryň hemmesine ýakyndyr.

Isa Mesihiñ dunya gelmegi Hudaÿyñ biziñ bilendiginiñ subutnamasydyr. Çünki Isa Mesih Huday bilen Birdir, Ol Hudaÿyñ baky gudratly, alem jahany, butin barlyklary yaradan gudratly Sözi -Kelamydyr. Onuñ ynsanlar arasyna gelmegi, Hudaÿyñ patyšalygynyñ ynsanlara gelenligidir. 

Bu sebapden Isa Mesihiñ dogulyp dunya gelmegi we ynsanlar arasynda yashamagy bize Hudaÿyñ biziñ bilendigini, biziñ tarapymyzdadygyny, Onuñ biziñ üçin bolan belent soygusini, merhemetini, erkinligini, umudyny, maksadyny we parhatlygyny bize görkezyar we iman edenlere beryar. 

Geliñ hazir Hudaÿ biziñ bilen bolanda,  yagny Isa Mesihde bize berilen wadalar we bereketler barada öwrenip geçeliñ. 

#1-njiden, Isa Mesih ÿer ÿüzüne gelende, ynsanlara göklerdäki Hudaÿyñ çuññur we çäksiz söÿgüsini getirdi. 

Biziñ iman eden Hudaÿymyz gaty uzakda bolan duygusyz bolan biri bolman, bize yakyn bolan, soyguden doly bolan bir Ata kimindir. Bu sebapden Isa Mesih bize ine bu Hudayyñ soygusini beryar. Serediñ Yazgylarda Hudaÿ Isa Mesihe iman edip kabul edenlere soygusini nähili ayan edyar: 1 Yahya 3:1

Atamyz Hudaýyň bizi nähili güýçli söýýändigini bir görseňizläň! Ol bizi Öz perzentleri diýip atlandyrýar. Dogrudan-da, biz Onuň perzentleridiris! Dünýä Hudaýy tanamansoň, bizi-de tanamaýar.

Isa Mesih REbbimiziñ dunya gelendigine we eden ahli išlerine iman edip Ony kabul edenlere Hudaÿyñ söygusi berilyar, bu imanlylara Hudaÿyñ perzentleri bolmak we Hudaÿyñ bu çuññur soygusinde yasamak bagty berilyar. 

Bu dunyade gynansakda çyn soygude yashayanlar gaty azdyr, bu dunya yalan soyguden, aldawdan, diñe wagtlayyn, oz bahbidini gozleyan soyguden bashga soyguni bize berip bilenok. Nira seretsek, ynsanlar soygini gozleyarler, mašgalada bolsun, iš yerinde yada okuwda bolsun yada gatnašyklarynda kimdir biri tarapyndan kabul edilmeklerini, goldanylmaklaryny isleyarler. Her bir ynsan özüniñ çyndan soÿülmegini isleyar. Aslyna seretsek, her bir ynsanyñ yašayšynyñ esasynda soyulmek islegi bar. Emma gynansakda ynsanlar bu çyn soyguni bašga nadogry yerlerden gozleyarler. Elbetde ynsanlar arasynda kamil bolmadyk soygiden doly  aragatnashyk, dostluk bolup bilyar, emma ynsanyñ kuyseyan we onuñ kalbyny doldurjak  kamil, mukaddes soyguni bolsa diñe Huday beryar. Huday ynsanlara bolan bu çuññur soygusini ayan etdi: Yahya 3:16-18

Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.17 Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi.18 Oňa iman eden höküm edilmez. Emma iman etmedik eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol Hudaýyň ýeke-täk Ogluna iman etmedi.

Hudaÿ biziñ her birimizi soyyandigi uçin Ozundaki iñ gymmatly bolan baky Sözüni yagny ruhy manydaky Ogluny -Isa Mesihi yere iberdi, Isa Mesih gelip biziñ gunalerimiziñ jezasyny çekdi, biziñ berjay edip bilmejek dogrulygy, kamilligi, mukaddesligi berjay etdi we ölup, baky ruhy olumi aradan ayyrdy. Hudaÿyñ soygusi, iš yuzunde ayan edildi. Soygi iñ gymmatly janyny hem biri uchin berip biler. Beyle soyga gahrymaçylykly soygi diyilyar. Hudayyng bize bolan soygusi sheyledir. Elbetde adamlar ozleriniñ gowy goryan adamlaryny soyup bilerler, hatda gowy adamlar uchin janlaryny hem pida ederler. Emma dušman bolan adamlary uçin kim janyny pida edip soygi gorkezer. Seyle soygini, Huday her birimize heniz biz gunakarkak, gunalerimizi soyup Hudaydan uzakda wagtymyz, dushman wagtymyz Huday bizi Isa Mesihde soyyandir. Rimlilere hat 8:5-5

Biziň özümizi aklamaga güýjümiz ýokka, Isa Mesih Hudaýyň öňden bellän wagtynda biz hudaýsyzlar üçin öldi.7 Hatda dogry adam üçin ölmäge taýyn adamy tapmak kyndyr. Ýöne kim bilýär, belki, ýagşy adam üçin ölüp biljegiň tapylmagy-da ahmal.8 Emma Isa Mesih heniz günäkärkäk, biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý bize bolan söýgüsini görkezdi.

#2-njiden, Hudaÿyñ Isa Mesih arkaly biziñ bilen bolmagynda bize Hudaÿyñ merhemeti ayan bolandyr we berilyandir.

Biziñ gunalerimiz bizi Hudaydan dašlašdyrdy,  ruhy uçut emele geldi, gunaniñ netijesinde adamzat naletlere, betbagtlyklara sezewar boldy. Bu uçutdan biz hiç bir zat bilen, din yada gowy išlerimiz, bilmdir, guyjumiz bilen geçip bilmeyaris. Bu gunaniñ naletinden, dowzah odunan özümiz gutulyp bilmeyaris. Emma Huday biziñ bašarmajak zadymyzy biziñ üçin berjay etdi. Huday bu uçutdan geçip Oña baryp bilmegimiz üçin  “Yol, Hakykat we Yašaÿyš” bolan baky Sozi — Isa Mesihi bize iberdi. Isa Mesih arkaly Hudaÿyñ merhemeti bize ayan boldy. Merhemet diymek näme diymegiñiz mumkin? Merhemet bu – gazanylmadyk, yada gazanyp bolmayan beÿik, gymmatbaha sowgat diymegi añladyar. Isa Mesih adamzat üçin iñ gymmatly, iñ wajyp, iñ šöhratly sowgadydyr, merhemetidir. Bu merhemet arkaly Huday biziñ günalerimizi bagyšlady, bize ahli bereketlerini we baky yašaÿšyny sowgat berdi. Šonuñ uçin bu barada Yazgyda šeyle diyyar: Efeslilere hat 2:4-9 Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz.6 Hawa, Hudaý bizi Mesih bilen bile direltdi we Ol arkaly bizi gökdäki älemde oturtdy.7 Ol muny Isa Mesih arkaly bize eden merhemetiniň we mähremliliginiň ummasyz baýlygyny geljek döwürde görkezmek üçin etdi.8 Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi.

Isa Mesihde bize ajayyp merhemetinini beren Hudayymyza ömür baky ösguler we šohrat bolsun!

#3-njiden Isa Mesihiñ yer yuzune gelmeginiñ maksady Onuñ bize erkinligi-azatlygy bermegidir.

Isa Mesih adamlara ine šeyle diyip Ozuniñ dunya gelmeginiñ maksady barada Yazgylardan okap ykrar edipdi: Luka 4:18-19

18-19 «Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».

Biz Isa Mesihde ine bu ajayyp wadalarda yašap bilyaris. Günäler netijesinde biziñ her birimiz šeytanyñ golastynda, yesirlikde, gulçulukda galdyk. Gunaleri etmek bilen biz šeytanyñ yorelgelerine we šalygyna gulluk etdik. Biziñ ellerimiz zynjyrlanandy, emma Isa Mesih gelip bizi azat etdi. Isa Mesih bizi öz gymmatly mukaddes ganyny gurbanlyk guzu kimin dökmek arkaly gunaning gulçulygyndan azat etdi. Bize diñe gökde baky mekanynda azatlygy upjun etman yerdaki yašayšymyzda hem biziñ gunäden azat yašamagymyzy, seytanyñ tasirinden we guyjunden yeñišli yašamagymyzy hem upjun etdi. 

#4-njiden, Hudaÿyñ Isa Mesihde biziñ bilen bolmagynda bize sarsmaz umyt berildi.

Adam umudyny yitirende yašamak islegini yitiryandir. Yer yuzunde durli kynçylyklara uçrap soñunda umydyny yitirenlerinde kop ynsanlar janlaryna kast edyarler we ozuni olduryarler. Umyt bolmadyk yerde ösüš, döredijilik we bagtly yašaÿyš bolmayar. Bu sebapden gunanin naletinde galyp, baky olume hokum edilen biz ynsanlara Isa Mesih sarsmaz umyt berdi. Çünki Isa Mesihde –Hudaÿ biziñ bilendir. Hudaÿ biziñ umydymyzdyr, janymyzdyr, gelejegimizdir, barlygymyzdyr, bakyetimizdir, nurumyz, bagtlylygymyz, jennetimiz, rahatlygymyz ahli zadymyzdyr!

Yazgy Hudaydaky umudymyz barada ine seyle diyyar: Emma şuny ýatda saklaýan, şonda ýene-de umyt döreýär: Agy 3:22-23

22 Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir, çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.23 Her säher bular täzelenýär, Seniň wepadarlygyň beýikdir!

Hudaÿyñ Isa Mesih arkaly biziñ kalbymyza gelmegi, biziñ bilen yakyn aragatnašykda bolmagy, Onuñ bize bolan wepadarlygy, gowulygy, soygusi, rehimdarlygy bizde umyt doredyar. Bize dogrulykda, hakykatda yašamaga guyç kuwwat beryar. 

Išaya pygamber  bu umyt barada šeyle diyyar: 40:31

Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar. 

#5-njiden, Huday Isa Mesihde biziñ bilen bolmagynda ynsanyñ durmušy üçin maksady barlygyny ayan edyar. Bu arkaly biziñ gymmatlydygymyzy, biziñ bahamyzyñ beyikdigini gorkezyar.

Hudaÿ biziñ bilen yakyn bolmagynda uly many bar. Alem jahany yaradan Huday bir topakdan bolan, toz kimin biz ynsanlaryñ arasynda, kalbynda ÿašamak islemegi akylyñy añk ediji, hayran galdyryjy hakykatdyr. Biziñ dunyamiziñ we hatda biziñ her birimiziñ yuzbe yuz bolyan problemamyz özumiziñ gymmatymyzy bilmezligimizdir. Adamlar ozlerini beygeltmek uchin, yada gymmatyny gorkezmek uchin bir birine yamanlyk edyarler, bir birini peseldyarler yada dinge kimdir birining yeten ustunligi, derejesi netijesinde bir birine baha beryarler. Dunya adamlara dunye olchegleri we yorelgeleri bilen baha beryarler we bir birining gymmatyny olar arkaly olcheyarler. Emma Huday bolsa biziñ her birimize biziñ ukubymyza, yeten derejamize, gazanan zatlarymyza, yada gazanyp bilmedik yetip bilmedik yagdaylarymyza seredip bize baha bermeyar, gymmatymyzy olar arkaly olchemeyar. Huday bizi Onuñ kešbinde yaradylan ynsanlar kimin soyyar we bizi öz önünde gymmatly sayyar. Šonuñ üçin Huday biziñ bilen bolmak isleyar we kalbymyza Isa Mesihde gelip biziñ bilen Oz perzentleri kimin gatnašykda bolup yašamak isleyar. Dawut pygamber bu barada sheyle diyipdi: Mezmur 138:13-14

Sen meniň içgoşlarymy ýaratdyň, enem göwresindekäm Sen şekil berdiň.14 Men Saňa öwgi aýdýaryn, çünki meni ajaýyp, täsin ýaratdyň. Ajaýypdyr Seniň işleriň, muny juda oňat bilýändir kalbym.

Bizi yaradan Hudayymyzdyr we biziñ her birimiz ozumiziñ Hudayyñ yanyndaky gymmatymyzy bilmelidiris. Bu sebapden Huday biziñ her birimiziñ durmušymyz ücin maksady bardyr. Ol biziñ her birimiz arkaly šohratlanmak we Onuñ ajayyp islerini berjay edyanler we Patyšalygynyñ jarçysy bolmagymyzy isleyar. 

#6-njydan, Isa Mesihiñ dunya gelmegi we Ol arkaly Hudaÿyñ biziñ bilendigi bize Hudaÿyñ egsilmez, bu dunyaden bolmadyk Hudaydan bolan rahatlygyny beryar. 

Dunyade parahatlyk yetišmeyandigini her birimiz bolyan dunya wakalaryndan bilyaris. Isa Mesihe diñe  – Imannuel yagny Huday bizing bilendir, diyen at berilman, bašga yerde oña Parahatlygyñ Šazadasy diyen hem at berilipdi. Isa Mesih biziñ bilen bolmaga gelende Ol bize parahatlygyny hem getiryar. Biziñ her birimiz kalbymyzda rahatlyga matachdiris. Biziñ her birimiz gaygy-aladalarda, gorkularda yašayarys. Rahatlygy bolsa dunyaning zatlarynda gozleyaris, emma bize rahatlygy diñe Parahatlyk Šazadasy Isa Mesihe iman edenimizde we Oña durmušymyzy boyun edenimizde gelyar. Bu sebapden hatda kynçylyklarymyzda hem, problemalarda hem hemiše  unsumizi Isa Mesihe we Onuñ biziñ bilendigine gonukdirmelidiris. Eger Hudaÿyñ biziñ bilendigini doly bilsek we bu hakykata ynansak, onda Hudayyn rahatlygy bize geler. Isaya 26:3

Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar.

Mahriban imanly doganlarym, gadyrdan ildesler, Isa Mesih Rebbimiziñ dunya gelmegi we Ondaky wadalar we bize berilyan bereketler diyseng sanardan kopdur. Biziñ bir programmamyzda olaryñ hemmesi barada gurrung edip gutaryp bilmejegimiz anykdyr. Aslynda Hudayyng ajayyp gutulyšy, soygusi, merhemeti we maksady barada ediljek gurrunglerimiz hich hachan hem gutarmaz, çunki olar çaksizdir, bakydyr. Bu sebapden yzygiderli geplešiklerimizde bular barada gurrung edyaris. 

Emma bu gunki ayratyn Mesihiñ dogulyš programmamyzda size Mesihdaki ajayyp wadalary beyan etmage çalyšdym we siziñ Ony tanamagyñyza we imanyñyzyñ berkemegine gošant gošandyryny diyip umyt edyarin. 

Isa Mesihiñ dunya gelmegi bilen her birimize Huday biziñ bilen yakyn gatnasykda bolmagyna mumkinçilik açylandygyny yatda saklañ. Eger siz Isa Mesihe Halasgar we Reb hokmunde ynsañyz onda bu geplešimizde yatlap geçen Hudayyñ ajayyp wadalaryna hem eye bolarsyñyz. Isa Mesih diñe bir yer yuzunde dogulyp yašamaga gelmän siziñ kalbyñyzda hem iman arkaly dogulyp size ahli ajayyp bereketlerinden doly yašayšyny bermek isleyar. 

Biziñ bilen yakyn aragatnašykda bolmaga we bize ahli wadalaryny bermâge gelen Reb Hudayymyza baky owguler we šöhrat bolsun! Omyn

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *