Musa pygamber bilen Isa Mesihing mezeshligi

Musa pygamber bilen Isa Mesihing mezeshligi.

Hudayynygyz Reb sizing uchin oz halkyngyzyng (doganlaryngyzyng) arasyndan mening yaly pygamber chykarar. Siz shol pygambere gulak asyng. Horep dagynda uyshen gunungiz, siz Hudayyngyz REbden hayysh edip: Hudaymyz Rebbing sesini mundan artyk eshitmali we bu beyik ody indi gormali, yogsam biz oleris diyipdingiz. REb manga olaryng aydyanlary dogry. Men olar uchin oz halkynyng arasyndan sening yaly pygamber chykaararyn. Mening buyran zatlarymyng ahlisini halka aydar yaly, Men sozlerimi pygambering agzyna salyp bererin…Kanunyng taglymaty 18:15-18

Musa kim barada gurrung edyarka? Mukaddes Yazgylardan owrenishimiz yaly Isa Mesihi Musanyng pygamberlik eden Adamy diyip hasaplayarlar.

Mysal uchin Injilde Yahya 1:45 ayatda, Isa Mesihing ilkinji shagirtleri Ol bilen tanyshanlarynda sheyle diyip guwalik beripdiler: “Filipus Nataniyeli tapyp, onga: “Biz Musanyng kanunynda (Kanun taglymaty), pygamberler yazgysynda yazylan Yusubynb ogly nasyraly Isany tapdyk” diydi.

Bu tayda hem gorushimiz yaly Ysrayyl halky shol Wada Berilene garashyardylar.

Geling bu wagt Musa bilen Isanyng mengzeshliklerinde durup gecheling:

1. Musa hem Isa hem Musurde chaga wagtynda boldular. Musa chaga wagtynda Faraondan gizlendi Musurde. Isa Mesih bolsa, Huday tarapyndan babek wagtynda Musure akidilip ol yerde goraldy.
2. Musa 12 sany Ysrayyl taypasyna yolbashchylyk edip olara yol gorkezdi. Isa bolsa 12 sany shagirdini saylap olara yol gorkezdi.
3. Hudayyng Ozi gonuden goni Musa bilen gepleshdi. Isa Mesih hem yerde wagtynda Ata Huday bilen gonuden goni gepleshdi.
4. Musa hem Isa Mesihing hem yuzleri we eginbashlary yaldyrap shohle sachdy.
5. Musa hem Isa Mesih hem gudratlar we alamatlar gorkezdi. Bulary bolsa ynanmayanlar hem ynanyanlar hem gorduler olarda.
6. Musa hem Isa Mesih hem 40 gunlap oraza tutdylar.
7. Musa hem gudrat bilen suwdan gechdiler. Yagny Musa, gyzyl dengzini Hudayyng gudraty bilen iki bolege bolmage gatnashdy. Isa Mesih bolsa suwung yuzunden yoredi we bashga yagdayda suwa we yele ygtyyar bilen buyruk berdi we olar Onga gulak asdylar.
8. Musa suwy gyzyl gana owurdi, Isa Mesih bolsa suwy sheraba owurdi.
9. Musa hem Isa Mesih hem hachan oljegini bilyardiler.
10. Musa hem Isa Hem dagda olduler.
11. Musa butin halky Hudayyng gokden iberen mannasy bilen iymitlendirdi, Isa Mesih bolsa 5 mungden gowrak adamy 2 sany balyk we 5 sany chorek bilen iymitlendirdi.
12. Musa Hudayyng kanunlaryny gowy bilyardi we Isa Mesih hem Yazgylary doly bilyardi.
13. Isa Mesih Musanyng cholde “burunchden yylanyng keshbine yasap yokary galdyrandygyny we onga sereden ysrayyl halkynyng yylanlaryng zaherinden halas bolup gutlandygyny aytdy, Ozuning bolsa bedenining agachda oldurilip yokary galdyryldy we Onga seredip iman edenler bolsa halas boldular. (Yahya 3:14-16)
14. Musanyng hem yzyna eyerenler we Isa Mesihing hem shagirtleri Hudayyng sesini eshitdiler.
15. Musanyng yzynda goyup giden shagirdining ady yagny yzynan gelen pygambering ady Yeshuwa-dy bu bolsa yewrey dilinde bolup Isa diymegi angladyar. Ylyas pygambering shagirdining ady bolsa Elisha bolup bu “Mening Hudayyng halas eder” diymegi angladyar. Yeshuwa yagny Isa Mesih diymek bolsa “Reb Halas eder” diymegi angladyar. Musa bilen Ylyas bolsa Isa Mesihe dagda gorunipdiler we shonda Isa Mesihign gornushi uytgapdi!
Ine shular Musa bilen Isa Mesihing arasyndaky kabir mengzeshlikler!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *