NÄME BIZIŇ MESGEN TUTAN ÝERIMIZ BOLUP DURÝAR?

 

    NÄME  BIZIŇ  MESGEN  TUTAN  ÝERIMIZ  BOLUP  DURÝAR?

 

Biz nirede bolsagam, şol ýer biziň bagtymyzy, lapykeçligimizi, ýeňşimizi we ýeňlişimizi, ynamlylygymyzy we birahatlygymyzy, güýjümizi we ejizligimizi ölçeýändir. Bu zatlaryň hemmesi biziň nirede bolýandygymyz bilen kesgitlenilýär.

Haçda üýtgedilen durmuşdan daşlaşanymyzda, aýralykda bolmagymyzam mümkindir. Nätakyklyk we daşlaşma ýerinde bolmaklyk örän aňsat zatdyr. Öňräk bir zenan öz adamsynyň şeýle çuň depressiýada bolýandygyny, hatda işläbem bilmeýändigini aýtdy. Sagdyn adam, sagdyn erkek kişi, ýöne onuň bolýan ýeri çuň depressiýa bolup durýar.

Aldanmagyň kosmiki atmosferasynyň strategiýasy biziň günäli ýagdaýymyzda töweregimizdäki we kanagatlandyrylmadyk isleglerimiz bilen emele gelýän merkezi nerw sistemasy arkaly genetiki fond bilen kontakty ýola goýmakda jemlenendir. Şeýtan biziň bolýan ýerimizi öz janymyzyň köp ýagdaýlarda bolýan ýerinden başga zat bolmadyk ýerinde berkidip goýmaklyga synaşyşýar.

Kosmiki inisiasiýalar dürlüdir. Olar inçe mana eýedirler we hemişelikdirler. Olaryň maksady biziň öz kalbymyzyň bolýan ýerinde, ýagny atmosfera hem öz köne günäli tebigatymyz bilen zäherlenen ýerinde bolmagymyzdan ybaratdyr. Şeýtan eger köp ýyllaryň dowamynda ýalanyň içinde toplanylýan genetiki meýillilik arkaly tenimiziň öýjüklerini zäherläp bilse, onda biziň üçin hemişelik galar ýaly ýeri hem emele getirip biljekdigini bilýär. Şu sebäbe görä-de, Reb Isa Mesih täze merhemetleri almagymyz üçin her gün irden Öz ýanyna gelmelidigimizi öwretdi.

Rebbiň wepaly söýgüsi tükenmezdir, 

çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.   

Her säher bular täzelenýär,

Seniň wepadarlygyň beýikdir!   

 Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr.

Şonuň üçin men Oňa bil baglaryn”  (Ýermeýanyň agysy 3:22-24).

 

Onuň merhemeti  her  säher  täzelenýär

 

Biziň her gün ertirine Hudaýyň huzuryna gelmegimiz wajypdyr. Ýöne biz Onuň merhemetini almak üçin gelýärismi? Ertirine biziň etmeli ilkinji wajyp zadymyz günälerimizi boýun almak däldir, hatda Hudaýy şöhratlandyrmagam däl-de, ýöne bir Onuň berýän merhemetini kabul etmekdir. Ýermeýanyň agysy 3:22:24 hut şuny hem öwredýär. Onuň duýgudaşlygy ýitýän däldir, merhemeti her ertir täzelenýändir. Mundan öň bir günde ýa-da bir hepde-de näçe ýalňyşlyk goýberendigimize garamazdan, Hudaý biziň her gün irden Öz ýanyna gelip, täze merhemeti kabul etmegimizi isleýär. Biz şondan soň Oňa tagzym edip we Ony şöhratlandyryp hem-de Oňa öz isleglerimizi açyp bilýäris. Her bir täze gün şeýdip başlanýandyr. Bu Hudaýyň merhemetinde siziň bolýan ýeriňizdir.

 

Merhemetiň  we  rehimiň  manysy

 

Biz size mesihilik hoş habar jemgyýeti üçin adaty bolmadyk zady öwredýäris. Biz merhemetiň hemme zat üçin töleg töleýändigini, rehimdarlygyň bolsa, geçmişiň ähli erbetliklerini aýyrýandygyny öwreýdäris. Şonuň üçin resul Pawlus Timoteosa: “merhemet, rehim, parahatlyk” (1 Timoteos 1:2) diýip ýazanda, bu ýöne bir merhemet bilen parahatçylygy aňladýan däldir. Merhemetiň her gün ertirine täzelenýandiginiň sebäbi, Reb Isa Mesihiň onda geçmiş bilen, biziň ölümli tenimize hökümdarlyk etmäge çalyşýan genetiki meýillilik bilen hiç hili baglanyşyksyzlykda bolup bilýändigindedir (Rimliler 6:12). Ýöne siz merhemet arkaly iman bilen şol rehimdarlygy kabul edeniňizde, şol rehimdarlykda bolup başlanyňyzda, ýüzüňiziň keşbem, pikirleriňizem, toba edişiňizem üýtgeýär.

Bize diňe bir daşlaşmaga däl, eýsem, merhemet babatda ümsümlik bolmaga-da mejbur etmek şeýtana diýseň ýaraýar. Biziň Hudaýyň öňünde ümsüm bolmagymyzam, dymmagymyzam şeýtana ýaraýar.

Ýetmişinji ýyllarda Nýu-Ýorkda biz şenbe güni agşamara ýygnak binasyna baranymyzda, dyza çöküp, dogada Reb bilen gürleşip oturan bir aýaldan başga hiç kim ýokdy. Ol diýseň gowy ýaş ýigide durmuşa çykmalydy. Olaryň toý tutmaga hemme zady taýýardy. Gelniň toý köýnegi-de taýýardy, ýöne toýa iki hepde galanda, onuň ýigidini öldürýärler. Ine, şeýdibem, ol dyza çöküp doga edýär, doga edýär… Ol Rebbe: “Sen gowy Hudaý däl, bu söýgi däl” diýýär. Bu aýal kinede bolmagyny dowam etdirýärdi. Kine onuň ýaşaýan ýeri bolýar. Soň günä duýgusy bardy, sebäbi ol bu duýgyny duýýardy. Ol Hudaýy günäkärleýandigi üçin özüni günäkär saýyp başlady. Kine, garşydaşlyk we özüňi günäkär duýmaklyk köpelýändir. Şondan soň mesihiler bu aýala gulluk etjek bolanlarynda, ol muňa otrisatel garap başlady. Ol hiç kim özüne düşünmeýändir öýdýärdi, ýöne oňa düşünýärdiler. Adamlar onuň bilen bile aglaýardylar. “Meniň durmuşa çykjak bolan ýigidim Rebbiň öýüne gitdi. Hudaýyň ony meniň durmuşyma getirendigi we ony tanap bilendigim üçin men Oňa minnetdar” diýmegiň deregine, bu aýaly öz-özi bilen galmaga mejbur etmek bilen şeýtan Hudaýyň planyny ulandy. Eger bu aýal Hudaýyň planynda bolan bolsa, eger imanda bolan bolsa, eger merhemetde bolan bolsa, eger ol söýgüde bolan bolsa, ine, şunuň ýaly garaýyşda bolardy, sebäbi Ýahýa 15:7-9-da Hudaýyň Sözi: “Siz Mende galsaňyz, Meniň sözlerim sizde galsa, islän dilegiňiz biter. Siziň köp miwe bermegiňiz bilen Atam şöhratlanar. Şeýlelikde, siz Meniň şägirtlerim bolarsyňyz. Atamyň Özümi söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm. Meniň söýgimde galyň” diýýär. Özümizi iň mukaddes imanyň üstünde gurmaklyk (Ýahuda 20), özümizi Hudaýyň söýgüsinde saklamak (Ýahuda 21), merhemet gözlemek nämäni aňladýan eken. Ine, bu artykmaçlykda türgenleşenimizde, her gün ertirine merhemetde bolanymyzda näme bolýan eken, biz hiç hili erbet täsirler we durmuşymyzda erbet netijeler bolmaýan eken.

 

Söýülýänler  Hudaýyň  şahsy  söýgüsiniň  obýektidir

 

Soň biz merhemet arkaly Mesihiň akyldarlygynda bolup başlaýarys, söýgüde hem asudalykda bolýarys. Öňräk biz Kanun taglymaty 33:12-däki:

“Benýamin hakda şeýle diýdi:

«Ol Rebbiň iň gowy görýäni, howpsuz ýaşar,

Allatagala günuzyn onuň üstüne ganat gerer,

Ol Rebbiň dagynda mesgen tutar” diýen sözleri ýatlap geçdik. Söýülýän—bu Hudaýyň şahsy söýgüsiniň obýektini aňladýar. Hudaý sizi “söýgüli” diýip atlandyranda, bu göni manysynda biziň Onuň söýgüsiniň obýekti bolup durýandygymyzy aňladýandyr. Hudaý bize Öz söýýän adamy hökmünde ýüzlenýär. Bu bolsa Onuň bize adymyzy tutup ýüzlenýändigini, Mukaddes Kitaby okaýandygymyzy we Onuň bize: “Saklan, bu seniň üçindir!” diýýändigini aňladýar. Ol Timoteosa hatda: “Söýýänim, sen Meniň şahsy söýgimiň obýektisiň”. “Bilýärsiňmi, Timoteos, Atam Meni söýşi ýaly, seni-de söýdi” (Ýahýa 15:9) diýýär.

Men Ýahýa 15:9 hiç düşünip bilmeýärdim. Hudaýyň Öz Ogluny näme üçin söýýändgine düşünýärin, ýöne Onuň meni-de edil Ogluny söýşi ýaly söýüp bilýändigine düşünip bilmeýärdim. Özümi şunuň ýaly duýýandygymyň sebäbi, meniň muňa mynasyp däldigimdedi. Ýöne men Onuň dogrulygy arkaly mynasyp edildim, şol sebäpli-de, indi men mynasypdyryn. Öz dogrulygy sebäpli, Onuň her birimizi söýüp bilýändigine men düşünýärin. “Rebbiň söýýänleri Ol arkaly howpsuzlykda bolar”. Onuň şahsy söýgüsiniň obýekti bolan söýülýänler özümizi Söýýäniň arkasyndan howpsuzlykda bolýarlar.

 

Hudaýyň  goragy

 

Reb Özüniň söýenini onuň bütin ömrüne goraýandyr. Her gün ertirine merhemet täzelenende, siz Hudaýyň şahsy söýgüsiniň obýekti bolýarsyňyz. Ol siziň adyňyzy tutup çagyranda, siz şol merhemeti kabul edeniňizde, geçmişden, atmosferanyň proýeksiýasyndan, synagdan, aýyplanylmadan, otrisatel zatlardan, daşky täsirlerden her gün goralýarsyňyz.

“Ol Öz söýýänleriniň arasynda bolýar” (Kanun taglymaty 33:12). Başga sözler bilen aýtsak, Hudaý: “Meniň Özüm her gün seniň bolýan ýeriň bolmak isleýärin. Men depressiýanyň, kanagatlanmazlyk duýgusynyň, lapykeçligiň, ýazgarmanyň, gorkynyň, goragsyzlyk duýgusynyň seniň bolýan ýeriň bolmagyny islemeýärin. Men günuzyn, her gün seniň goragyň bolmak isleýärin. Men bu zatlaryň diňe seniň bilimiňde däl-de, ýüregiňde bolmagyny isleýärin.

Eý beýik daglar, Hudaýyň Özüne mesgen üçin saýlan dagyna näme üçin göripçilik bilen çiňerilýärsiňiz?” (Zebur 68:16). Hudaý bu ýerde meňzeşlik geçirmek isleýär. Durmuşymda Hudaýa özümde bolmaga rugsat edýän islendik ýerimde, ýüregime we janyma şu gün, şu gije Onuň öýi bolmaga rugsat berenimde, men beýik dag bolýandyryn. “Meniň dynçlyk mekanym ebedilik budur; Men bu ýerde mesgen tutaryn, çünki muny isledim” (Zebur 132:14). Hudaýa ýakynlaşandygym sebäpli, Isa Mesihiň berjaý eden işini kabul edenimde, pozisiýany doly kabul edenimde, asudalykda bolanymda (Eýýup 22:21), mende Onuň rahatlygy bolýar, janym Ol nämäniň içinde bolsa, şol zatlaryň hemmesinde dynç alar. Bu Hudaýyň bu dünýäde isleýän rahatlyk ýerini berer, şonuň üçin Hudaý Eýýuby şeýtanyň öňünde agzap öwündi (Eýýup 1:8).

 

Hudaýyň  tagtynyň  ýeri

 

“Eý, ynsan ogly! Meniň tagtymyň we aýak dabanymyň ýeri, ysraýyl halkynyň arasynda ebedilik oturjak ýerim bu ýerdir. Mundan beýläk ysraýyl halky-da, olaryň patyşalary-da zyna edip, sežde edilýän ýerlerinde patyşalarynyň heýkellerini oturtmak bilen Meniň mukaddes adymy murdar etmezler” (Ezekiýel 43:7). Bu parçada janyň ýeri, Hudaýyň aýak dabanynyň bolýan ýeri hakda gürrüň berilýär. Efesliler 1:22-23-de-de biziň Onuň bedenidigimiz, hemme zady doldurýan Onuň dolulygydygymyz aýdylýar. Biz Hudaýyň aýaklarydyrys. Biz Hudaýyň elleridiris, gözleridiris. Şol ýerler Rebbiň edil ýüregimde we kalbymda bolşy ýaly, meniň fiziki bedenimde bolmak isleýän ýerleridir. Men Hudaýyň Ruhunda teselli taparym ýaly, Reb meniň bedenimiň öz bolýan ýerinde kanagatlanma tapmagyny isleýär. “Iýerusalim gyzlary, aýdym aýdyň, Men siziň araňyzda, siziň bilen bile bolaryn!”. Bu şeýle üýtgeşik prinsipdir, sebäbi Hudaý her bir owunjak zadyň içinde bolup, şol ýerde ýaşaýar, hökümdarlyk edýär we şol ýerde bolýar.

“Bolmaklyk” sözi “hökümdarlyk etmek” manysyny berýär. Men size içiňizde durup hökümdarlyk etmek üçin araňyzda bolýaryn. “Hudaýyň ybadathanasynyň butlar bilen näme ylalaşygy bar? Çünki siz diri Hudaýyň ybadathanasysyňyz; Hudaý bolsa: <<Olaryň arasynda mekan tutup gezerin, Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolar>> diýipdir” (2 Korintoslylar 6:16). Hudaý: “Men siziň butlar, öz-özüňiz ýa-da öz bedeniňiz bilen ylalaşygyňyzyň bolmagyny islämok. Men siziň bu dünýä, bu dünýäniň häsiýeti we durmuşy bilen ylalaşykda ýaşamagyňyzy islemeýärin. Siziň bedene bagly bolup ýaşamagyňyzy islemeýärin, sebäbi Men sizde ýaşamak isleýärin. Men siziň içiňizde, siziň araňyzda bolmak isleýärin” diýýär. Bu hemme taraplaýyn gözegçiligi aňladýar.

Köp ýyllar mundan ozal biz käbir adamlaryň diri bolsalar-da, öz durmuşy bilen ýaşamaýandygyny wagyz edipdik. Olar diri bolsalar-da, ýaşamaýarlar. Hudaý biziň galan ömrümizi gurply durmuşda ýaşap geçirmegimizi isleýär. Biz Mukaddes Ruhuň üsti bilen Hudaýyň Öz bolýan ýeridiris (Efesliler 2:21-22). Hudaýyň gizlin ýerinde we Ýaradanyň kölegesi astynda bolmaklyk diýseň ajaýyp zatdyr (Zebur 91:1).

Reb meniň kömekçim bolmasady, janym eýýäm ölüm ümsümliginde mesgen tutardy” (Zebur 94:17). Dymmaklyk—bu otrisatel keýpdir. Men sustupeslikden ýaňa ümsüm bolardym. Grek dilinde bu söz özüňe kast etmegi aňladýan sözüň sinonimi bolýar. Başgaça aýtsak, men erbet keýpde bolsam, soňundan özüme kast etmegiň pikirini ederdim, sebäbi men Hudaýyň merhemetinde, söýgüsinde bolmaýaryn, sebäbi özümiziň täze piriklerimizde, täze ýaradylyşymyzda bolmaýarys.

 

Ýygnagyň  ortasynda  durmak

 

Biz bu prinsipleriň üstünde oýlananymyzda, olara düşünýäris. Şonda 2-nji Ýyl ýazgylarynda aýdylyşy ýaly, biz ýygnagyň arasynda Hudaýyň öňünde durarys. Ýygnagyň ortasynda durmaklyk—ýygnagyň ortasynda haçyň öňünde bolmakdyr we ýaşamakdyr. Ine, mezmurçy Zebur 116:8-9-da “ýygnagyň öňünde Rebbi şöhratlandyraryn we öz wadalarymy ýerine ýetirerin” diýmek bilen näme hakda gürrüň eden eken. Ýygnagyň öňünde wadaňda durmaklyk nämäni aňladýar? Olar nähili bolýarlar? Wadalar—bu ruhy çopanyň Hudaýyň Sözi boýunça öwreden zatlaryny ýygnagyň öňünde saklamakdyr. Bu—Mesihiň gymmatly sözleridir. Bu söz Köne we Täze Ähtlerde ruhy çopan—mugallymyň üsti bilen berlende, munuň hakykatdygy, Hudaýyň özümiz bilen gürleşendigi, öz durmuşymyzda Onuň sözüniň kesgitleýji söz bolandygy bilen ylalaşýandygymyzy aňladýar. Biziň ýüregimiz seslenip: “Hawa, men Seniň sözüňe eýermek isleýärin, mende bol!” diýdi.

 

 

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *