Merýemiň gabanjaňlygy we onuň netijesi

Merýemiň gabanjaňlygy we onuň netijesi

Merýem ýaş gyz özüni parasatly görkezýär. Ol Hudaýyň halkynyň halas edilmeginde wajyp rol oýnady.

Merýem Musanyň janyny halas etdi. Ol onuň uly aýal doganydy. Haçanda Hudaý ysraýyllary müsürlilerden halas eden-de, Merýem halky muny aýdym-saz, tans bilen bellemekde baştutanlyk edipdi. Ol Hudaýy beýik işleri üçin alkyşlapdy.

Indi bolsa Merýem dogany bilen Harun bilen Musa gabanjaňlyk edip otyrdy. Şeýle hem “Harun bilen Merýem Musany hebeşistanly aýala öýlenendigi üçin ýazgardylar.Olar: «Reb diňe bir Musa bilen gepleşmän, biziň bilenem gepleşdi ahyryn» diýdiler. Reb olaryň bu diýenlerini eşitdi.  3 Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy. 4 Birdenkä Reb Musa, Haruna we Merýeme: «Üçiňizem Maňa ýüz tutulýan çadyra geliň» diýdi. Onsoň olaryň üçüsi-de ol ýere gitdiler. 5 Reb bulut sütüni görnüşinde aşak indi we çadyryň girelgesinde durup, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olar öňe çykdylar.  6 Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň:  “Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men — Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin. Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir, Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.  8 Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin. Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär. Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?”»  9 Olara garşy Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy we Reb ol ýerden gitdi. 10 Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy.” (Sanlar 12:1-10). Onsoň Musa Rebbe perýat edip: «Eý Hudaýym, oňa şypa ber» diýip ýalbardy (13). Goý, ol ýedi günläp düşelgäniň daşynda bolsun. Ol soňra ýene düşelgä girip biler» diýip jogap berdi. 15 Şeýdip, Merýem ýedi günläp düşelgäniň daşynda saklanyldy.” Onsoň Merýem gutuldy we düşelgä dolanyp geldi. Ol ynamda güýçli bolan aýal. Ýaş gyzka, jigisi Musany halas etdi. Ol pygamber aýal, Hudaýyň halkyny ruhlandyryp, Hudaýy alkyşlamakda olara baştutanlyk etdi. Ine, şonda-da biz bu ýerde onuň ynamda berk bolsa-da, islendik ynsan ýaly, Hudaýa garşy günä edýändigini görýäris. Şeýtanyň ýoluna düşýär we günäsi üçin jeza alýar.

Hudaýa garşy günä edenimizde näme bolýar? Jeza çekýäris!

Merýemiň günäsi nämedi? Ol Musanyň Hudaý bilen ýakyn gatnaşygyna gabanjaňlyk etdi.

Ine, gabanjaňlyk nämä getirýär? Merýem Musada kemçilik tapmak bahanasyny gözledi we ýazgarmak isledi. Ol hiç zat tapman, onuň keseki milletden bolan aýaly barada arz/zeýrenç edýär. Bu esasy problema däldi. Esasy problema gabanjaňlykdy. Kabyl gabanjaňlyk zerarly inisi Abyly öldürdi. Gabanjaňlyk gaty howply zat durmuş üçin. Bu edil rak keseli ýaly. Adamy heläk edýär. Şonuň üçin ondan gaçmaly. Siz-de ýürekleriňizi barlap görüň, belki sizde hem gabanjaňlyk bardyr. Ondan azat boluň tiz! Siz hem Musa ýaly özüňize garşy erbetlik edýänleri bagyşlaň, ýogsam bu sizi heläk eder. Musa Hudaýdan Merýemi deri keselinden gutultmagyny soraýar. Ol nähili mähirli adam. Gabanjaňly şeýtandan, Hudaýdan däl. Bu Hudaýy närazy edýär.

Näme üçin bu olaryň düşelgesinde gaty uly günä boldy? Olar Hudaýyň üstlerinden bellän liderini sorag etdiler, Hudaýy sorag etdiler, buda halkyň arasynda bölünişik döretdi. Halka erbet görelde boldy. Biziň günälerimiz beýlekilere uly täsir edýär.

Merýemiň mysaly bize günä, Hudaýyň jezasy we ötünç barada näme öwredýär? Biziň günälerimiz Hudaýyň nazaryndan sypmaýar. Günä jeza çekýär, ýöne Hudaýdan ötünç sorap, onuň bagyşlamagyny sorasak, Hudaý günämizi bagyşlaýar. Ol merhemetlidir! Yahýa 1:9: “Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar.” Ýöne günämiz geçilse-de, biz günäň netijesini çekýäris, bahasyny töleýäris.

Edil Hudaýyň Merýemi bagyşlaýşy ýaly, Ol sizi hem bagyşlamaga taýýar. Hudaý biziň günälerimize jeza berýände bolsa, ol sabyrsyzlyk bilen biziň toba etmegimize garaşýar we günämizi ötüp, bizi Öz patyşalygyna kabul edýär. Biz täzeden Hudaý bilen päk, täze, bagyşlanan gatnaşyga girýäris. Zebur 102:1-2: “Eý janym, Rebbe alkyş aýt, eý özenim, Onuň mukaddes adyna alkyş oka. 2 Eý janym, Rebbe alkyş aýt, onuň ähli ýagşylyklaryny unutma.” Mika 7:18:Ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka?”

Şu hepde kalbyňyzy barlap, Hudaýyň ýüregini eşitmek üçin biraz wagt tapyň. Hudaý size birzat görkezse, toba ediň. Soňra Oňa sizi günäňizden halas edeni üçin alkyş aýdyň. Hudaý sizi ýalkasyn!

 

 

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *