7th
March
2012
Mesih Hudayyng gudraty we danalygy!
posted in Kitaplar |
Haça çüýlenen Mesih — Hudaýyň danalygy we gudraty
18 Haç baradaky habar diňe heläkçilik ýolundan barýanlar üçin akmaklykdyr. Emma biz, ýagny gutulyş ýolundan barýanlar üçin bu habar Hudaýyň gudratydyr. 19 Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:
Men danalary danalykdan mahrum ederin, paýhaslylary paýhasyndan aýraryn1».
20 Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi? 21 Çünki dünýä öz danalygyna daýanyp, Hudaýyň danalygyna laýyklykda Oňa akyl ýetirip bilmedi. Şoňa görä-de, Hudaý akmak saýylýan habarymyz arkaly iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi. 22 Ýehudylar gudratly alamatlary talap edýärler. Grekler danalygy agtarýarlar. 23 Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýehudylar üçin büdreme daşy, ýehudy däller üçin bolsa akmaklykdyr. 24 Emma çagyrylanlar üçin: ýehudy ýa ýehudy däl — parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr. 25 Çünki Hudaýyň “akmaklygy” ynsan danalygyndan danadyr. Hudaýyň “ejizligi” hem ynsan güýjünden güýçlüdir!
26 Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, atly-abraýly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi. 27 Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady. 28 Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady. 29 Şoňa görä-de, goý, hiç kim Hudaýyň huzurynda öwünmesin! 30 Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygy, ýagny dogrulygymyz, mukaddesligimiz we azatlygymyz boldy. 31 Şunlukda, Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly:«Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin2».
This entry was posted
on Wednesday, March 7th, 2012 at 3:09 pm and is filed under Kitaplar.
You can follow any responses to this entry through the RSS 2.0 feed.
You can leave a response, or trackback from your own site.
posted on May 29th, 2012 at 1:09 pm
posted on June 6th, 2012 at 2:53 pm
posted on June 6th, 2012 at 2:56 pm
posted on June 6th, 2012 at 3:05 pm
posted on June 12th, 2012 at 12:08 pm
posted on June 12th, 2012 at 12:12 pm