TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Suleymanyng Pahimleri 1-nji bap Audio yazgysy

26th March 2012

Suleymanyng Pahimleri 1-nji bap Audio yazgysy

Audio klip: Adobe Flash Player (9-njy gornush yada ondan yokarky gornushi) bu audio klipi oynamak uchin gerekdir. Ine shu salgylanmada songky gornushini indirip al here.
Yene-de browserinde JavaScript-e rugsat berilen bolmaly.

Suleymanyng pahimleri 1-nji bap
Download this file.

Audio klip: Adobe Flash Player (9-njy gornush yada ondan yokarky gornushi) bu audio klipi oynamak uchin gerekdir. Ine shu salgylanmada songky gornushini indirip al here.
Yene-de browserinde JavaScript-e rugsat berilen bolmaly.

posted in | 0 Comments

21st March 2012

ESASY BAŞLANGYÇ NOKADY—HAÇ

ESASY  BAŞLANGYÇ  NOKADY—HAÇ

 

 

MAZMUNY:

 

Giriş

 

1—nji bap

Haçyňy alyp, Meniň yzyma düş.

 

2-nji bap

Ýagdaýlar üçin ajaýyp

 

3-nji bap

Kimdir biri bilen gidendemi ýa-da bir zatdan geçendemi?

 

 

Giriş  

 

Adamyň başlangyç nokat sistemasy—bu onuň ähli bahalaryny esaslandyrýan goldaýjy strukturasydyr. Başlangyç nokat sistemasy pikirleri we çözgütleri esas bilen üpjün edýär. Özüňiziň başlangyç nokat sistemaňyz siziň deregiňize çözgüt çykarýar. Bu siziň standartyňyzdyr. Siziň başlangyç nokat sistemaňyz—bu özüňizsiňiz (Süleýmanyň pähimleri 23:7).

Bu kitabyň maksady, biziň pikirimizçe, Hudaýyň imanlylarda başlangyç nokat hökmünde görmek isleýän zadyny size görkezmekden ybaratdyr. Bu

a). Isanyň çakmak daşy hökmünde Öz nazaryny saklan zadydyr (Işaýa 50:7; Luka 9:51).

b). Onuň daşlaşyp bilmeýän zadydyr (Matta 16:23).

ç). Pawlusyň öwünýän zadydyr (Galatýalylar 6;14).

Dowamy  shu linke bas…

posted in Kitaplar | 1 Comment

7th March 2012

Mesih Hudayyng gudraty we danalygy!

Haça çüýlenen Mesih — Hudaýyň danalygy we gudraty

18 Haç baradaky habar diňe heläkçilik ýolundan barýanlar üçin akmaklykdyr. Emma biz, ýagny gutulyş ýolundan barýanlar üçin bu habar Hudaýyň gudratydyr. 19 Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:

Men danalary danalykdan mahrum ederin, paýhaslylary paýhasyndan aýraryn1».

20 Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi? 21 Çünki dünýä öz danalygyna daýanyp, Hudaýyň danalygyna laýyklykda Oňa akyl ýetirip bilmedi. Şoňa görä-de, Hudaý akmak saýylýan habarymyz arkaly iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi. 22 Ýehudylar gudratly alamatlary talap edýärler. Grekler danalygy agtarýarlar. 23 Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýehudylar üçin büdreme daşy, ýehudy däller üçin bolsa akmaklykdyr. 24 Emma çagyrylanlar üçin: ýehudy ýa ýehudy däl — parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr. 25 Çünki Hudaýyň “akmaklygy” ynsan danalygyndan danadyr. Hudaýyň “ejizligi” hem ynsan güýjünden güýçlüdir!

26 Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, atly-abraýly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi. 27 Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady. 28 Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady. 29 Şoňa görä-de, goý, hiç kim Hudaýyň huzurynda öwünmesin! 30 Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygy, ýagny dogrulygymyz, mukaddesligimiz we azatlygymyz boldy. 31 Şunlukda, Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly:«Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin2».



 1[Işaýa 29:14]

 2[Ýermeýa 9:24] 

posted in Kitaplar | 0 Comments

6th February 2012

Admine yuzlenme…!

 

Gadyrly admin! Siziň saýtyňyzyň aglaba köp bölümleri islam dininiň wekillerinde uly jedel ýüze çykarýar. Rugsadyňyz bilen siziň bu mömin musulmanlar bilen edýän gürrüňleriňiz barada öz pikirimi aýdaýsam!

Meniň pikirimçe, siziň olar bilen gürrüňiňiz deň derejeli gürrüň dälmikän. Siz, göräýmäge şol bir zat hakda jedel edýän ýaly, emma hakykatda siz dürli zadyň gürrüňunu edýärsiňiz.

Siziň gürrüňiňize näme üçin musulmanlar goşulyp, emma başga din wekilleri goşulmaýar-ka?

Çinki siziň Isadaky gutulyş baradaky bu gürrüňiňiz olaryň haýsy dine uýýanligina seretmezden hemme milletlere degişli ahyryn? Şeýle hem bolsa, bu jedeliň sebäbi, Gurhanu-Kerim we Injili-Şerif diýlip atlandyrylan bu mukaddes kitaplaryň taglymatyndaky käbir zatlaryň gabat gelmegi, emma käbir zatlaryň bolsa gapma-garşylykly gelmegidir.

Eger şu jähtden biz, Isa ynananlar, musulmanlar bilen nämedir bir zatlar barada ylalaşyga geläýen ýagdaýda-da, onda başga dine uýýanlar bilen, dini garaýyşlarynyň Injiliň taglymatyna gabat gelýän ýeri bolmadyklar bilen nädip düşünişmeli? Eger siz musulmanlaryň namazynyň deregine Krişnaçylaryň ruhy derejä (ýalňyşmaýan bolsam, brahman derejesine) çykmak üçin edýän ruhy maşklarynyň (meditasiýasynyň) aklanmak üçin (bagyşlanma üçin) ýeterli däldigini ýazaýsaňyz, onda mundan beter duşunişmesi kyn jedelleri dörederdiňiz. Şol sebäpli hem biz Krişnaçylaryň dini parzlaryny ýerine ýetirilmeginiň Hudaýyň öňünde aklanmak üçin ýeterli ýa-da ýoklugyny gürrüň etmeýşimiz ýaly (Krişnaçylarda umuman aklanma zerurlygy hem öňe sürülmeýär), musulmanlaryň hem dininiň kem ýa-da artyk gelýän ýerleriniň gürrüňini etmedigimiz gowy.

Her bir diniň, eger oňa çuňdan aralaşanda, güýçli, keramat we gudrata eýe taraplary bar. Hakykatdan eger menden dünýäde iň gowy din haýsy diýip soralanda, men ikiuçsiz yslam dini diýerdim. Eger maňa din gerek bolanda, onda men musulmandyryn. Emma biz diniň gürrüňini etmeýäris ahyryn.  Biragyzdan dine kesgitleme berenimizde, onda din – Ýaradyjysynyň öňünde medet tapmagy, ahyretde-de Onuň öňünde dogry bolup çykmagy üçin (käbir dinde ýokary derejeli ýaşaýşa ýetilmegi üçin) adamlaryň edýän hereketleridir. Islendik din – bu ýokary, ruhy maksatlara ýetmek üçin adamzat tarapyndan Ýokary idealyň buýruklary bolan ol ýa-da bu işleriň ýerine ýetirilmegidir.

Emma Biziň wagyz edýän Hoş Habarymyzda mundan nam nyşan hem ýokdur. Ýokarda aýdan deň derejeli gürrüň däl diýenim hem şulara esaslanýar: olar-a din tarapdarlary, emma siz dinden daşda. Çünki siziň (biziň) wagyzymyzda adamyň aklanmagy üçin etmeli işleri Hudaýyň özi etdi diýilýär. Biziň wagyzymyz etmeli işler däl-de, edilen işler baradaky wagyzdyr. Injildäki Hoş Habarda adam eden dini işleri bilen aklanyp bilmeýär, çünki ýekeje günä edilen hem bolsa, munuň muzdy ölümdir (ýagny Hudaýdan baky aýra düşme) diýilýär. Bu gürrüňiň dowamy ýazylmadyk bolsa, onda bu,  Hoş Habar bolmazdy, bu erbet habar bolardy. Dowamynda bolsa: „ Hudaý bize ebedilik, Öz huzuryndaky ýaşaýşy mugt sowgat berýär“ diýilýär (Injil. Rimlilere hat 6 bap 23 bent). Bu sowgat biziň üçin mugt bolsa-da, Hudaý üçin örän gymmat bahalydy. „Çünki Hudaý dünýäni (bizi) köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny (gurban) berdi. Hudaý Ogluny dünýäni höküm etsin diýip däl-de, eýsem, dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. Oňa ynanýan höküm edilmez, ynanmaýan bolsa, Hudaýyň ýekeje Oglunyň adyna iman etmeýänligi üçin eýýäm höküm edilendir“ (Injil. Ýahýanyň ýazan Hoş habarynyň 3 baby 16 bendi). Ine bu Hoş Habar. Bu Hoş Habarda Hudaýyň Isada eden işleri arkaly bizi we Hudaýy aýra salýan günä bowedi aradan aýrylýar,  bizi gorka salýan ölüm we iblis eňilip, ýok edilýär, imanlylar Isa bilen ebedi ýaşaýyş üçin gabyrdan galýar: „Çagalaryň (ýagny biziň) et hem gandandygyna görä, Özi hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak, ömürboýy ölüm gorkusy zerarly gul bolanlaryň hemmesini ( bizi) erkinlige ýetirjek bolup etdi“ (Injil. Ewreýlere hat bölüminiň 2 bap 14-15 bentleri). „Şonuň üçin Ol (Isa) halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna (ynsan keşbinde bize) meňzemeli boldy“ (Şol ýerde 17 bent). Şu bilen meniň dini gözleglerim gutarýar. Biziň bu wagyzymyz hiç bir din wekillerine ýüzlenme däl-de, umuman adamzada, onuň içinde kim özüni Hudaýyň öňünde günäli saýýan bolsa, kimde günälerden gutulyş mätäçligi bar bolsa, şolara ýüzlenmedir. Men günäli diýýänlere bu habar gerekdir. Näsag adam lukmana matäçdir, emma sagdyn adama lukman gerek däldir. Öz dininden kanagatlanma tapyp, Hudaýyň öňünde aklanar ýaly sogap işleri etmegi başararys öýdýänler muny diňlemez. Çunki biz bu habar bilen olaryň elinde bar bolan magtanma umydyny alýarys ahyryn. Men hatymy Injiliň aşakdaky setirleri bilen jemlemek isleýärin. „Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir, Ony bize Atasynyň gujagynda bolan ýalňyz Ogly tanatdy“ (Ýahýanyň ýazan Hoş habarynyň 1baby 18 bendi). „Hudaýyň ýolunyň syry uludyr, muny hiç kim ihkär edip bilmez. Hudaý bedende aýan boldy, Ruhda tassyklandy, perişdeler tarapyndan görüldi, milletlere wagyz edildi, dünýäde Oňa iman getirildi, şöhrat içinde ýokary alyndy“ (Injil. Isanyň resuly Pawlusyň Timoteosa haty 3 bap 16 bent).

posted in Шахсы шаятлык | 1 Comment

30th January 2012

Paýhas öwgüsi (Eýýup pygamberiň kitabyndan)

Paýhas öwgüsi

1 «Elbetde kümşüň käni, Altynyň eredilýän göweji bardyr.

2 Demir ýerden alynýar, Mis daşdan eredilýär.

3 Ynsan garaňkylygyň soňuna çykýar, Zulmatda mis agtaryp, Tüm garaňkylykda ýeriň aňry çägine ýetýär.

4 Ynsan aýagy degmedik ýerlerde, Ýüplerden aşak sallanyp, Ilatsyz ýerde magdan gazýar.5 Ýerden çörek önýär, Asty bolsa ot bilen oýuk-oýuk edilýär.

6 Daşlary gök ýakudyň mekany, Topragynda altyn bar.

7 Bu ýodany ýyrtyjy guş bilýän däldir, Oňa algyryň gözi düşmedik asla.

8 Güýjüne buýsanýan haýwanlar ol ýere aýak basan däldirler, Arslanyň-da aýagy degen däldir oňa.

9 Magdançylar gaýalary agtaryp, Daglaryň düýbüne çenli gazýarlar.

10 Gaýalaryň içinden tunnel geçirýärler, Gözleri gymmatbaha zatlaryň gözlegindedir.

11 Çeşmeleriň akymyny togtadyp, Gizlin hazynalary ýüze çykarýarlar.

12 Emma paýhas nireden gelýär? Düşünjäniň gözbaşy nirede?

13 Paýhasyň gadyryny bilmeýär ynsan,

Tapylgysyzdyr ol bu dünýäde. 14 Çuňluk: „Ol mende ýokdur” diýýär,

Deňiz: „Ol mende däl” diýýär. 15 Ne sap altyna, ne-de kümşe,

Çalşyp bolýar ony. 16 Opyr altyny, gymmatbaha hakyk,

Gök ýakut onuň bahasyna ýetmez. 17 Ne altyn, ne-de durun oňa taý geler,

Ony sap altyn gaplara çalşyp bolmaz. 18 Merjen bilen dürüň-ä adam agzalmasyn,

Paýhasyň bahasy lagyldanam gymmatlydyr. 19 Kuş topragynyň gök ýakudy oňa taý gelmez,

Hatda sap altyn bilen hem baha kesip bolmaz.

20 Onda paýhas nireden gelýär? Düşünjäniň gözbaşy nirede?

21 Ähli janly-jandardan gizlenýändir Ol, Gökdäki guşlardan hem ýaşyrylýandyr.

22 Heläkçilik Ýeri we Ölüm: „Diňe paýhasyň myş-myşyny eşitdik” diýýärler.

23 Paýhasa ýoly Hudaý bilýär, Onuň mekanyny diňe Ol bilýär.

24 Çünki Hudaý ýeriň aňry çägine ser salýar, Gökleriň astyndaky ähli zady görýär.

25 Ýeliň agramyny kesgitläp, Suwlary ölçege görä paýlanda,

26 Ýagyş ýagdyryp, Gök gübürdisine ýol açan wagty,

27 Ol paýhasy görüp, yglan etdi, Ony tassyklady, soňam synady.

28 Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak — bu paýhasdyr.

Şerden gaça durmak — bu düşünjedir” diýdi».

posted in Гозлеглер ве ачышлар, Kitaplar | 0 Comments

26th January 2012

Kuran Mukaddes Yazgylar bolan Hudayyng Towrat, Zebur, pygamberler yazgylary we Injiling uytgedilendigini owredyarmi?!!1

Bu sorag elbetde hemishe diyen yaly musulmanlar bilen edilen gurrungdeshliklerde yuze chykyan “Towrat, Zebur, Injil uytgedilipdir, bu sebapden biz olary okamayarys we ynanmayarys…” diyen dushunjelering bardygy uchin yuze chykyar. Hakykatdan hem bu barada chungur owrenip, yone kimdir birining aydanyna ynanman, yslamdaky taryhy deliller yagny ilki bilen yslamyng esasy kitaby bolan Kurandan esas gorkezip bilyarlermi. Dogry we anyk gurrungdeshlikde elbetde bu mesele dogry owrenilip songra bu yada bashga “dushunje” onge surulmelidir…

Biz size bu yerde bu meselani jikme-ji owrenen we bu soraga jogap beryan yslam alymy professor Faouzi Arzaouni owrenip bizing bilen paylashyanlaryny size hodurlemek isleyaris. Bu video bu wagt English dilinde bolup, tiz gelejekde Turkmen dilimize terjime etmek maksadynda:

Kuranyng Mukaddes yazgylaryng uytgedilmandigi baradaky delilleri!

Yslamyng belli tafsirchileri yagny Kurana dushundirish beryan alymlaryng Mukaddes Yazgylaryng yagny Towradyng, Zeburyng, Injiling uytgedilmandigini tassyklayshy:

Injil yitirildimi?

posted in | 1 Comment

13th January 2012

Ýaşaýyş Sözi

Ýaşaýyş Sözi

1 Biz size ezelden bar bolan Ýaşaýyş Sözi barada yglan edýäris. Biz Ony gulagymyz bilen eşidip, elimiz bilen tutup, gözümiz bilen gördük. 2 Bu Ýaşaýyş aýan boldy, biz Ony gördük. Ata bilen bile bolan bu ebedi Ýaşaýyş bize äşgär boldy. Indi biz bu hakda şaýatlyk edip, ony size habar berýäris. 3 Hawa, siziň-de biziň bilen şärikçiligiňiz bolar ýaly, görüp-eşidenimizi size mälim edýäris. Biziň şärikçiligimiz bolsa Ata we Onuň Ogly Isa Mesih bilendir. 4 Şatlygymyza dolup-daşsyn diýip, bulary size ýazýarys.

Nurdaky ýaşaýyş

5 Biziň Isa Mesihden eşidip, size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç tümlük ýokdur. 6 Biz Onuň bilen şärikçiligimiziň barlygyny aýdyp-da, tümlükde ýaşaýan bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris. 7 Onuň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen şärikçiligimiz bardyr, Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir. 8 Günämiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur. 9 Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär. 10 Günä etmedik diýsek, Ony ýalançy edýändiris. Diýmek, Onuň sözi kalbymyza ornaşmandyr.

Hudayyng Mukaddes Sozi bolan Isa Mesihdaki shayatlyk yagny Injil-Hosh Habar kabir dindaki yaly bir adamyng yagny “dini orta chykaran” ynsanyng oz aydan sozlerine esaslanman, Hudayyg Sozi bolan Isa Mesihi oz gulaklary bilen eshiden, gozleri bilen goren we elleri bilen tutan shayatlaryng yagny resullaryng shaytlygyna esaslanyar. Bilshimiz yaly Kone Aht dowrunde Hudayyng Sozi perishde arkaly Hudayyng saylan ynsanlaryna ayan bolyardy. Shol Hudayyng oz sozuni ayan eden ynsanlaryna hem pygamberler yada resullar diyilyar. Bu wagt bolsa shol ozal bashda ezelden bar bolan Hudayyng Sozuning Ozi yer yuzune Ynsan bolup bizing gorup bilmegimiz uchin, gulagymyz bilen Ony eshidip, ellerimiz bilen tutup bilmegimiz uchin ynsanlar arasynda yashamaga gelipdi. Shonung uchin-de Isa Mesihing saylap Ozuni ayan eden shagirtlerine resullar yada pygmberler diyilipdi, sebabi olar shol Sozung Ozuni gorupdiler, Ony dinglapdiler! Munung ajayyplygy bolsa shol Hudayyng Sozi bolan Isa Mesihing Yashayyshdygydyr. Ol ozal bashda Hudaydady, bu wagt bolsa bize ayan bolupdy. Ol Yashayysh, Baky Soz, Nur bolan Isa Mesih arkaly Huday ynsanlar bilen aragatnashygyny dikeldip olar bilen sharikchilikde bolmak isleyardi. Isa Mesihing resuly bolan Yahya munga guwalik gechip, bu sharikchiliging ozunde bardygyny we Isa Mesihe iman eden her bir imanlyda bardygyny bu ayatlar arkaly bildiripdir. Bu bolsa ajayyp bir dushunjedir! Bu imana eye bolan yagny Isa Mesihing bizing uchin gokden inip gelendigine, Oung yashayysh, Soz we Nurdygyna kalbyndan iman getirenlering bolsa durmushy shatlykdan dolup dashyandyr.

Bu Huday bilen bolan aragatnashygyng dikeldilmegi uchin Hudayyng Sozi bize gerekdir, chunki bizi Hudaydan ayyran, bizi sheytanyng guly eden boyun bolmazlyk yagny guna we gunaning naletleri we belalary Halasgar bolan bizing uchin Oz janyny beren, mukaddes gany arkaly bizing gunalerimizi yuwan Isa Mesih arkaly bolup gechyar. Shonung uchin yokarda Yazgy bize, “Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.”

diyyar. Shonung uchin “ozumizing gunalidigimizi, gunaning bolsa bizi Hudaydan baky ayyryp bizi baky dowzah oduna tarap alyp baryandygyna, ozumizing bolsa Hudayyng Halasgari bolmasa  oz-ozumizi din arkaly hem, gowy ishler arkaly hem, hich bir zat bilen hem bu naletden halas edip bilmejegimize dushunmeli, boyun almaly we Yashayysh, Nur, Hakykat we Yol bolan baky Sozi -Isa Mesihi kabul etmelidiris, Ony kalbymyza chagyryp iman arkaly Onung bizing uchin edenlerine ynanmalydyrys. Shonda Huday bizing gunalerimizi bagyshlar, Sozi arkaly bizi Oz ongunde dogry hasaplar. “Günämiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur. 9 Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär. 10 Günä etmedik diýsek, Ony ýalançy edýändiris. Diýmek, Onuň sözi kalbymyza ornaşmandyr.”

Gadyrdan ildeshim, sen bu gun nahili yagdayda? Heniz hem oz guyjunge, dininge, etjek we eden yagshy ishleringemi bil baglayarsyng? Ozunging syrkawdygyny we Lukmana matachdigingi bilyarmising?

Hudayyng gutulyshyna, Nuryna, Yashayshyna, Merhemetine iman getir!


 a1:4 Käbir soňky golýazmalarda Şatlygyňyz

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments