TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Halasgar Mesihing dunya girip gelmegi!

26th December 2011

Halasgar Mesihing dunya girip gelmegi!

Salam gadyrdan ildeshlerim! Mahriban doganlarym!

Sizing hemmangizi bu gunki  Halasgar Isa Mesihing doglan guni bilen gutlayaryn! Sizing her biringize we mashgala ojagyngyza Rebbimizing bereketlerini, parahatchylygyny, shatlygyny oz adymdan, mashgalamyng adyndan we butin imanly doganlarymyng adyndan arzuw edyarin!

Gechen gepleshigimizde Mesihing dunya gelmelidigi barada ongunden aydylan ajayyp wadalary yagny pygamberlikleri we olaryng Isa Mesihing doglyshy bilen berjay bolandygyny we olarda aydylan ajayyp hakykatlary sizing bilen owrendik.

Hudayyng bash perishdesi Jebrayyl pak gyz bolan Meryeming yanyna gelip ine sheyle diyipdi: “«Gorkma, Merýem, sen Hudaýyň nazarynda merhemet tapdyň. 31 *Sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. 32 Ol beýik bolar, Oňa Beýik Allanyň Ogly diýler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. 33 *Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz». Luka 1:30-33

Doguljak chaga barada aydylan  zatlar gaty hayran galdyryar! Onung ady hem “Isa” bolar bu bolsa “Halasgar” diymegi angladyar. Ol beyik bolar, Onda Patyshalyk tagty bolar, shalygynyng songy bolmaz!

Bu aydylanlar berjay bolmanka, oz gozlering bilen gormankang bulara ynanyp bolarmy? Adam olchegi bilen bu zatlar bolup bilermi? Hudayda bolan Biri yagny Beyik Allanyng Ogly gelip Ynsan bolup yasharmy? Munga elbetde ynanmak we Kabul etmek biz ynsanlara kyn dushup biler! Bibi Meryem hem bu habary eshiden-de, «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok ahyry» diýdi.

Meryem uchin beyle zat bashda mumkin daldi, chunki ol hem bizing yaly adaty ynsan bolup Hudayyng bu beyik zatlaryna angy bilen dushunip bilmeyardi. Emma bash Perishde Jebrayylyng ony ynanmaga ruhlandyryp aydan ine bu sozlerinden songra ol ynandy. Angy bilen doly dushunip bilmesede, kalbynda iman etdi. Perishde onga bizing uchin hem wajyp bolan bir hakykaty aytdy: “«Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Allatagalanyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler. 36 Anha, seniň garyndaşyň Elizabet hem garrydygyna garamazdan göwresinde çaga bar. Önelgesiz diýilýän bu aýalyň eýýäm altynjy aýydyr. 37 *Hudaý üçin hiç bir mümkin däl zat ýokdur». 38 Merýem: «Men Rebbiň bir gyrnagydyryn. Goý, maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» diýdi. Şundan soň perişde onuň ýanyndan gitdi.

 

Eger bu gun biz hem heniz oz aklymyza, dushunjamize dayanyp Hudayyng bu beyik gudratyny ret edyan bolsak onda Jebrayyl perishdaning ine bu aydan sozi sanga hem ynanmaga yardam etsin: “Huday uchin hich bir mumkin dal zat yokdur”

 

Geling bu ajayyp “Chaganyng” yagny Halasgaring, Baky Patysha bolan birining doglushynyng nahili bolup gechendigini owreneli!

Hudayyng asyrlaryng dowamynda pygamberler arkaly aydanlary hem, Jebrayylyng bibi Meryeme aydanlary hem doly jikme-jiklik bilen berjay boldy. Ine Yazgy Mesihing dogulyshyny sheyle beyan edyar:

Isanyň dogulmagy

*Şol günlerde rim imperatory Awgustus tutuş Rim imperiýasynda ilat ýazuwyny geçirmeli diýen perman çykardy. 2 Bu ilkinji ilat ýazuwy bolup, ol Kiriniusyň Siriýa hökümdarlyk edýän döwründe geçirildi. 3 Hemmeler ýazylmak üçin öz şäherine gitdiler.

*Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden Ýahudadaky Dawut şäheri Beýtullahama gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi. 5 Ýusup ýazylmak üçin ol ýere göwreli adaglysy Merýem bilen bile gitdi. 6-7 Olar Beýtullahamdakalar, Merýemiň aýy-güni dolup, ilkinji ogluny dogurdy. Merýem Ony gundaga dolady-da, bir ahyrda ýatyrdy, sebäbi olara myhmanhanada ýer ýokdy.

 

Sereding Ishaya pygamber arkaly Huday bu doglan “chaga” barada nahili ajayyp sozleri aydyar:

“Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize,

hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady

Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.

7 Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar.

Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny.

Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar” Ishaya 9:6-7

Dunyaning Halasgari, Baky Patyshasy, Ajayyp Maslahatchy, Gudratly Huday, Parahatlyk Shazadasy, Beyiklering Beyigi, Beyik Hudayyng Ogly, Hudayda bolan Baky Soz, Emanuwel gelip adaty bir yagdayda, adaty bir obada, adaty bir mashgalada doguldy! Ol Ozuni sheyle bir kicheltdi welin, hatda gul hasiyetini aldy…Onga hatda myhmanhanada hem yer tapylmandy…Yaradyjy Huday “yaradylanlaryng arasyna geldi” Ozuni kichijik “chaga” bolup olara ynandy. Bizing yaly dogulyp, yashap, kynchylyk gorup, hatda ezyet chekip yashady sheydip bizing ejziliklerimize, kynchylyklarymyza, agyrylarymyza gamhorluk etmegi uchin bize teselli bermek uchin muny etdi!

Ol elbetde dogulanda ing guychli gudratly bir shol dowurdaki Patyshanyng koshgunde hem doglyp bilerdi, emma Ol adaty bir mashgalany saylady, adaty bir yagday bilen dogldy. Patyshanyng chagasy bolup doglan bolsa elbetde bu barada hemme yerde habar berilerdi, jar chekilerdi, toy tutulardy…

Emma Huday muny islemedi, Ol iman arkaly ynsanlaryng ilki bilen kalbynda dorejek Patyshalygy gurup, shol yureklerde baky Patysha bolup dogulmak islapdi. Ozune syyasy hakimyet, at-abray isleman tersine bizing ejizliklerimizi gotermage, gunalerimizi bagyshlamaga we bizi baky dowzah naletinden halas etmek ucin Ozuni kicheltdi!

Ine, bu sebapden, hem gelip bir merkez bolan Iyerusalim shaherinde dogulman, chet bir obada Beytullahamda doguldy. Bu barada Huday ilkinji bushluguny patysha koshgunde dal-de, yonekey chopanlar arasynda ayan etdi! Bilshimiz yaly chopanlar, yonekey bir adamlar bolup durmushynyng kop bolegini meydanda, wagshy haywanlardan bolan howp astynda we halk tarapyndan ing pes durmush gatlagynda bolan adamlardy. Emma Huday yuz gormedi, shol yonekey chopanlara Mesihing dogulyshy baradaky Hosh Habary bushlady! Bu bushluk hayran galdyyryjy ajayypdyr:

Çopanlar we perişdeler

Şol ýere golaý ýaşaýan çopanlar bardy. Olar gijelerine düzde galyp, sürülerini goraýardylar. 9 *Birdenkä olaryň öňünde Rebbiň bir perişdesi peýda bolup, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. 10 Perişde olara şeýle diýdi: «Gorkmaň! Men size ähli halky begendirjek şatlykly Hoş Habar getirdim: 11 *Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol — Rebbimiz Mesihdir. 12 *Ine, bu size bir alamat bolar: siz gundaga dolangy, ahyrda ýatan bir çagany taparsyňyz». 13 Birdenkä perişde bilen birlikde san-sajaksyz gögüň goşuny göründi. Olar Hudaýy öwüp:

14 *«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.

15 Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, göge göterilenlerinde, çopanlar biri-birlerine: «Ýörüň, Beýtullahama gideliň. Rebbiň bize aýan eden bu wakasyny göreliň» diýişdiler.

16 Şeýlelikde, olar gyssanmaç gidip, Merýemi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. 17 Olar Isany görenlerinde, bu Çaga hakda özlerine aýdylan sözi olara gürrüň berdiler. 18 Çopanlaryň gürrüňlerini eşidenleriň bary haýran galdylar. 19 * Merýem bolsa bu ähli zatlar hakda çuňňur pikire batyp, olary ýüreginde saklaýardy. 20 Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolandygy üçin, Hudaýy şöhratlandyrdylar, öwgüler aýdyp, yzlaryna dolandylar.

 

Dunyaning bu ajayyp Halasgarining dunya inmegi barada jar chekmegi Hudayyng goklerdaki perishdeleri arkaly ayan edildi. Yerde ynsanlar arasynda Rebbing Halasgaring dogulanyna entek jar chekilip Hudaya owguler aydymlarda yanglanmasa-da Hudayyng goklerde perishdelerden doly goshuny or-gokden turup asmany dolduryp Yaradana owguler aydyardylar!

*«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.

 

Elbetde sheyle Gudratyguychli Hudayyng bize gorkezen merhemeti uchin, Halasgar bolup dunya gelendigi uchin Onga baky owguler bolsun!

 

Gudratyguychli Huday dinge bir yonekey bir chopanlara bu ajayyp waka barada aytmak bilen chaklenman. Alem-jahanda yagny yyldyzlar dunyasinde hem bir alamat berdi. Bu barada hem Injilde shayatlyk edilyar.

Hirodes patyshanyng zamanynda, Yahudanyng Beytullaham shaherinde Isa eneden dogulanda, ine, Iyerusalime gundogardan munechjimler gelip: ”Yehudylaryng Patyshasy bolup doglan nirede?” Biz gundogarda Onung yyldyzyny gorup Onga sejde etmage geldik!” diydiler” Matta 2:1-2

 

Belki sizde, ”munechjimler kim?” diyen sorag yuze chykandyr. Munechjimler yonekey bir adam bolman akyldar we bilimli adamlar bolupdyr. Olar durli ylymlary owrenipdirler. Bu munechjimler yyldyz ylymyny owrenyan alymlardy. Munga bizing hazirki ylmy dilde astranomiya ylymy diyilyar. Olar gundogarda yashayardylar. Bilshimiz yaly gundogarda yashayan halklar ichinde sheyle yyldyzlary owrenyan alymlar bolupdyr. Munga mysal edip, Ozbegistandaky Samarkand shaherinde Ulugbek tarapyndan gurlan yyldyzlary owrenyan merkezi mysal gorkezse bolar. Irki dowurlerde shol yerlerde hem bu ylym we bashgada kop ylym bilen meshgullanan akyldar adamlar yashap gechipdirler.

Isa Mesihing doglandygy uchin Yerusalime gelen akyldarlar ”ayratyn bir yyldyzy” goryarler. Bu yyldyz beyleki yyldyzlardan has uytgeshikdi. Chunki ylmy barlag netijeleri esasynda shol wagt yagny Isa doglanda, Yupiter we Saturn planetalary birwagtda ”Balyk” diyip atlandyrylan yyldyzlar toplumy bilen bir nokada gelipdir. Bu yagday bash aylap dowam edipdir. Bu sebapden, akyldarlar sheyle yyldyzlar dunyasinde bolyan tasin yagdayyng, Baky Patysha bolup geljek Mesih bilen baglydygyny owrenipdirler. Olar Ol Mesihing dunya geljekdigini, bu goren alamaty esasynda yone bir ylmy tarapdan owrenman, kalbyndan Mesihe ynanypdyrlar. Shonung uchin biz olaryng uzak, howply yoly gechip shol doglan ”chaga” sejde etmage gelendiklerini goryaris.

Ine, gundogarda goren yyldyzlary onglerine dushup, chaganyng bolan yerining ustune gelip durdy. Olar yyldyzy gorup juda begendiler. Oye girip, chaga bilen ejesi Meryemi gorduler. Dyzlaryna chokup, Onga sejde etdiler-de, hazynalaryny achyp, altyn, ladan we mur sowgat berdiler.”

Sereding, sizing taze doglan chaganyza uzak bir yurdyng beyyik tanymal alymlary sejde etmage gelse we ing gymmat baha sowgatlar getiren bolsa, onda siz chagangyzyng adaty daldigini bilersingiz!

Sheydip biz adaty doglan Isa Mesihing adaty dal bir Shahsyyetdigine goz yetiryaris!

Mundan bashgada akyldarlaryng bu ”chaga” bardaky habary butin Yerusalim shaherini we Hirodes patyshanyng koshgunde galagopluk doretdi. Hey bir kichijik adaty chaga sheyle galagopluk doredip bilermi? Bu yagdayda hem Isa Mesihing adaty daldigini gorup bolyar!

 

Gadyrdan ildeshim, ine sheyle kop delillerden song sen name pikir edyang?

Pygamberlikler edilen, gokde yydyzlar dunyasinde alamat gorkezilen, alymlar-akyldarlar gelip sejde eden, perishdeler tarapyndan bushlanan, chopanlar tarapyndan gorulen, Yerusalimda patysha koshgunde hem galagopluk doreden bu Halasgar Isa Mesihe ynanmak isleyarming! Ol bu gun iman arkaly sening kalbyngda dogulmak isleyar, sening durmushyngy tazelemek we gunaleringden halas edip yureginge we durmushynga parahatlyk bermek isleyar!

 

Gadyrly imanly doganlarymyz, sheyle ajayyp baky we beyik Halasgar Rebbimizing bizing uchin bu dunya gelendigine shatlanalyng we owguler aydalyng! Sizing hemmangizi yene bir gezek Mesihing doglan guni bilen gutlayaryn.

Sizing bilen yene-de  dushushyanchak hosh sagbolung!

 


 *1.31: Lk 2.21; Mt 1.21.

 *1.33: Mt 28.18; Dan 2.44.

 *1.37: Gel.çyk 18.14.

 *2.1: Lk 3.1.

 *2.4: Lk 1.27.

 *2.9: Lk 1.11; Res. işl. 5.19.

 *2.11: Ýah 4.42; Res.işl. 5.31; Mt 16.16; Res.işl. 2.36.

 *2.12: 1 Şam. 2.34; 2 Patyş. 19.29; Işa 7.14.

 *2.14: Lk 19.38; 3.22.

 *2.19: Lk 2.51.

 *2.14: Lk 19.38; 3.22.

posted in Durmuşyň Manysy näme, Гозлеглер ве ачышлар | 2 Comments

6th December 2011

“Dilan alar, agtaran tapar, gapy kakana achylar.” Matta 7:8

Dilan alar, agtaran tapar, gapy kakana achylar.” Matta 7:8

Bir wagtlar bir adam Hudaya sheyle diyip yuzlenmage milt edip bilipdir: “Musa pygambere “yanyan chalyny” yakyp Ozungi ayan edishing yaly, alow bilen bir chalyny yak, men Sening yzynga dusheyin. Yeshuwa pygambere “galany” yykyshyng yaly manga hem bir diwary yykyp gorkez men sening uchin goresheyin.

Sheydip, ol adam garashyp bir “chalynyng” yanynda durup, bir diwaryng golayynda oturyp Hudayyng onga geplemegine garashypdyr.

Huday bolsa ol adamy eshidipdir we jogap beripdir. Ol alowy bir agaja yada chalyng ustune inderman, Ozune iman edenlering kalbyna alow yaly ynamy beripdir. Kerpichden bolan bir diwary ashak yykman, ynsan kalbyndaky guna diwaryny yykyp yumurypdyr.

Sheydip, Huday ol adamyng jogabyna garashypdyr, dowamly yene-de garashypdyr…

Emma ol adam ynsanlaryng kalbyndaky iman alowyna seretman chalynyng yanmagyna garashdy, adamlaryng tazelenen durmushyna dalde, kerpichli diwaryng yykylmagyna garashyardy. Sheydip hem oz yanyndan, Huday hich bir ish etmedi diyip hasaplapdy. Songunda bolsa Hudaya yuzlenip, “Huday sen guyjungi yitirdingmi?” diydi.

Huday bolsa onga seredip, “Sen eshitmegingi yitirdingmi?” diydi.

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 1 Comment

5th December 2011

Isa Mesihing dogulysh bayramchylygy bilen gutlaglar!

Salam gadyrly ildeşler!

Köpümiziň bilşimiz ýaly dünýäniň dürli künjeklerinde köp milletler birnäçe günlerden uly baýramçylyk belläp geçýärler, bu baýramçylygyň orsçada ýörgünli ady “Rojdestwo Hrista” iňlis dilinde bolsa “Christmas” türkmençe göni terjime edilende bolsa “Isa Mesihiň Dogulyşy” baýramçylygy diýip atlandyrylýar! Elbetde köp ildeşlerimiziň içinde bu barada ýazmaly däl ekeniň diýip gürrüň etjekler hem tapylar, ýöne şu taýda-da köpçüligiň Isa Mesihi iň azyndan pygamber hökmünde hormat edýändigi we ynanýandygy köpümize belli. Isa Mesih ýöne bir pygamber bolman ol dünýäniň Halasgäridigini hem size bildirmek we muňa siziň düşünmegiňizi isläp hem Isa Mesihiň dogulyşy baýramçylygy barada kelam agyz söz ýazmagy we siziň hemmäňizi bu ýetip gelen baýramçylyk bilen gutlamagy makul bildik!

Beýleki pygamberleriň durmuşyndan tapawutlylykda we başgada tanymal ynsanlardan tapawutlylykda näme üçin Isa Mesihiň dogulmagy uly bir bellenip we ýatlanyp geçilýän gün bolup durýar?! Munuň sebäbini hemişede bolşy ýaly Mukaddes Ýazgylardan jogap gözläp bileris. Mukaddes Ýazgy bolan Injilde Isa Mesihiň dogulyşy barada ajaýyp wagalar gürrüň berilýär. Onuň dünýä geljekdigi we nähili ýaşajakdygy, öwretjek taglymaty, ölümi we direlişi hakynda ýüzlerçe ýyllar öňünden ýüzerçe pygamberlikler aýdylyp geçilipdir. Ol pygamberlikleriň gelip Isa Mesihde ýerine ýetmegi bolsa, Onuň hakykatdan hem şol Halasgär Mesihiň Özüdiginiň subutnamasydyr. Ine Isa Mesihiň dogulmagynyň edil öň ýanyndan dünýä inen Ýahýa pygamberiň kakasynyň aýdan sözlerine üns berip göreliň: “Ýahýanyň kakasy Zekerýa Mukaddes Ruh bilen dolup, welilik edip diýdi: “Ysraýylyň Hudaýy REb mübärek bolsun! Ol Öz halkyny idemäge geldi, oňa gutulyş gazandyrd. Ol gadymdan Öz mukaddes pygamberleriniň agzy bilen aýdyşy ýaly, bize bendesi Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykaryp, duşmanlarymyzdan, bizi ýigrenýänleriň ählisiniň elinden gutular ýaly etdi. Ol muny atalarymyza rehim etjek, Öz mukaddes ähtini, biziň atamyz Ybraýyma eden kasamyny ýatlajak bolup etdi… ogly Ýahýa pygamber hakynda şeýle diýdi: Eý çaga, sen hem hemmelerdn beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsy. Çünki sen Onuň ýollaryny taýarlamak, Onuň halkyna günäleriniň ötülmegi bilen gutuljakdyklaryny bildirmek üçin, Rebbiň öňünden ýörärsiň. Sebäbi Hudaýymyz ýüreginiň rehimliliginde görä, garaňkyda, ölüm kölegesinde oturanlara yşyk bermek üçin, aýaklarymyzy parahatlyk ýoluna gönükdirmek üçin, dogan Gün (ýagny Mesih kimin) ýokarlardan bizi idemäge geler!” Soňra bolsa edil ýokarda wada edilişi ýaly Halasgär bolup Isa Mesih hökmünde dünýä inýär, ine Onuň dogulyşy hakynda buşlygyň çopanlara bildirilişi: “Şol töwereklerde çopanlar bardy. Olar gijelerine düzde galyp, sürülerini bakardylar. Ine, Rebbiň perişdesi olara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. Perişde olara şeýle diýdi: “Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gundaga dolangy bir çagany taparsyňyz.” Birdenkä perişde bolen birlikde Gökdäki goşundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler: “Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde Ony razy eden ynsanlara parahatlyk bolsun, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!” Perişdeler çopanlaryň ýayndan aýrylyp, Göge çykanlarynda, çopanlar biri-birlerine: “Beýtullahama gidip, bu bolan wakany, Rebbiň bize bildiren zadyny göreliň” diýişdiler. Şeýlelikde ylgap baryp, Merýemi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. Muny görenlerinde, bu çaga hakda özlerine aýdylan sözi olara gürrüň berdiler. Muny eşidenleriň bary çopanlaryň aýdanlaryna haýran galdylar…Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolanlygy üçin, Hudaýy şöhratlandyryp, öwüp, yzlaryna öwrüldiler.”

Nahili ajaýyp buşlyk, biz bu buşlyga çopanlaryň ynanyşy ýaly ynanyp kabul edip şatlanarysmy! Şatlanmalydyrys! Çünki Ol dogulan Hudaýyň bütin adamzadyň Halasgäri edip ýollany Isa Mesihdir!

Bu baýramçylyk döwründe Isa MEsihe imanlylar biri-birlerine sowgat bermekleriniň bir sebäbi hem Hudaýyň bize Halasgäri sowgat hökmünde bermegini ýatlap birek -birege hoşniýetli arzuwlar bilen sowgat bermek däbi emele gelipdir. Ondan başgada Isa Mesih dogulanda, diňe bir şol halkdan bolan çopanlar Ony görmäge gelmän, hatda gündogardan, ýagny häzirki Orat Azia we Eýran töwereklerinde muneçjimler ýagny astronomia ylymlaryny öwrenýän alymlar Ony uzaklardan görmäge gelipdirler.

Bu barada Injilde ine şu taryh ýazylandyr: “HIrodes patyşanyň zamanynda Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde Isa eneden doglanynda, ine, Iýerusalime gündogardan müneçjimler gelip: “Ehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede? Biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sejde etmäge geldik” diýdiler. Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagolpluga düşdi. Ol ähli baş ruhanylar, halkyň kanuçylaryny ýygnap, olarda Mesih nirede dogulmaly diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: “Ýahudanyň Beýtullahamynda, çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr: “Eý, Ýahuda ülkesindäki Beýtullaham, sen Ýahuda hökümdarlary arasynda asla iň kiçisi dälsiň. Çünki halkym Ysraýyla çopançylyk etjek Hökümdar senden çykjakdyr” Onsoň Hirodes müneçjimleri ýaşyryn ýanyna çagyryp, ýyldyzyň haçan görnenini çintgäp sorady. “Baryň, çaga hakda ýagşyja sorag-ideg ediň, tapaňyzda maňa hem habar beriň, men hem baryp, Oňa sejde etjek” diýip, olary Beýtullahama iberdi. Olar patyşany diňläp, ýola rowana boldular. Ine, gündogarda gören ýyldyzlary öňlerine düşüp, çaganyň bolan ýeriniň üstüne gelip durdy. Olar ýyldyzy görüp, juda begendiler. Öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Dyzlaryna çöküp, Oňa sejde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler. Hirodesiň ýanyna öwrülmezlik hakda düýş üsti bilen duýduryş berlensoň, olar öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.”

Ol müneçjimler Isa Mesihi çaga wagtynda görmäge bardylar we Ony tapanlarynda juda begendiler, olary şeýle juda belent begenje eýe eden zat nämekä, näme üçin ol alym adamlar uzak ýurtdan, agyr we howply ýol geçip täze dogulan çagany görmäge geldilerkä? Munuň sebäbi olar hem ol doguljak çaganyň bütin adamzadyň Halasgäri bolup doguljakdygyny öňünden iman edip garaşydylar, Isa Mesih barada öňden aýdylan pygamberliklere iman edipdiler we ol aýdylanlaryň Isa MEsihde ýerine ýetenine ynanypdylar, şol sebäpden hem olar Isa Mesihiň ýanyna baryp görmegi we Oňa sejde etmegi durmuşynyň iň bir wajyp maksady edip goýupdylar. Olar ol maksadyna ýetdiler, Isa Mesihi çagalykda görüp Oňa sejde etdiler we Oňa iň gymmatbaha sowgatlary sowgat berdiler!

Isa Mesihiň dünýä inmegi bu ähli ynsanlar üçin şatlandyryjy buşlukdyr, bu sebäpden hem Isa Mesihiň dünýä gelmegi, ýaşaýşy, taglymaty we ol baradaky ähli zatlar ýazylan Hudaýyň Sözünede “Injil” ýagny “Hoş Habar” diýilýär!

Siziň her biriňize bu Hoş Habara galyberse çopanlar ýaly, iň bolmanda hem müneçjimler, ýagny astronomiýa alymlary ýaly kabul etmegiňizi we kabul edip iman getirmek arkaly siziň durmuşyňyza geljek ähli ruhy patalary siziň üçin arzuw edýärin!

Goý Ýaradyjyny Hudaýyň parahatçylygy we şatlygy siziň hemmämiziň kalbymyzy doldursyn we geljek 2012-nji ýyl siziň üçin ruhy rowaçlyk getirsin we hemmämiziň maşgalamyzda, il-günümizde we bütin dünýäniň halklary arasynda Hudaýyň hoşniýetligi höküm sürsün!!!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments