Hudaýyň aýaly we maşgalany ýaradyşy

Hudaýyň aýaly we maşgalany ýaradyşy

Başlangyç kitabynyň 2:18-24-nji aýatlarynda şu barada aýdylýar: “18 Reb Hudaý: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi. 19 Reb Hudaý ähli haýwanlary, guşlary toprakdan döretdi we adamyň olary atlandyryşyny görmek üçin, olary onuň ýanyna getirdi. Adam ähli janly-jandarlara näme at beren bolsa, şol-da olaryň ady boldy. 20 Şunlukda, adam ähli mallara, guşlara, ähli haýwanlara at berdi. Ýöne adamyň özüne laýyk kömekçi tapylmady. 21 Reb Hudaý adamy agyr uka giderdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi. 22 Reb Hudaý adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi. 23 Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol ärinden alnandyr» diýdi. 24 Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten bolýar”.

Ine, şu aýatlarda görşümiz ýaly, Hudaý ilkinji aýaly we maşgalany ýaratdy. Reb Hudaý (18-nji ayat): «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi. Hudaý biziň mätäçliklerimizi öňünden bilýär. 22-nji aýatda, Hudaý How enäni Adam ata üçin ýaradýar: “Reb Hudaý adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi”.

Maşgala bu Hudaýyň pikiridi. Hudaý adamyň mätäçdigini gördi. Emma, Adam ata maşgala barada pikir hem etmeýärdi. Hudaýyň Özi oňa düşündi. Aýaly onuň gapyrgasyndan ýasady. Sebäbi olaryň ýaşaýşy, gatnaşygy haýwanlardan tapawutlydy. Çünki Hudaý olary Özüne meňzeş edip ýaradypdy. Gapyrgadan ýasalmak, bu deňsizligi aňlatmaýar. Bu erkegiň aýalyny söýüp, bir ten bolmagy üçin, goramagy üçindir. Hudaý erkek we aýaly dürli wezipeler üçin tapawutly edip ýaratdy. Emma bir maksat üçin ýaratdy. Ol-da Hudaýy hormatlamak üçindir!

Ine, Hudaý maşgalany erkek we aýala sowgat edip berdi. Hudaý erkek bilen aýalyň ýaşaýyş gatnaşygyndaky esaslaryny  adamlaryň  däp-dessuryna, medeniýetine ýada düşünjelerine laýyklykda ýaratman, Öz islegine we maksadyna laýyk edip ýaratdy. Hudaýyň maksady 24-nji aýatda görkezilýär: “Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýalyna ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten bolýar”. Hudaý aýaly kömekçi edip ýaradandygy üçin adam ene-atasyny taşlap, aýalyna goşulmalydy. Olar indi biri-biri üçin jogapkärçilik çekmelidi, biri-birini başgalardan ýokary söýmelidi, biri-biri bilen päk är-aýallyk gatnaşygynda bolmaklygy aňladýardy. Güýçli, sagdyn maşgala bolmak üçin şol Hudaýyň 24-nji aýatdaky prinsipini saklamalydyrys. Maşgalaň maksady birlik bolmaly! Är-aýal birleşenden soň tende bir bolýarlar.

Mukaddes Kitapda maşgala barada näme diýýär:

  1. Nagmalar nagmasy 4:9-10:  “Eý, ezizim, gelinligim, köňlümi maýyl etdiň, gözleriň bilen bir bakyşda, boýnuň hünjüsiniň biri bilen köňlümi maýyl etdiň. Ne şirin söýgiň seniň, eý, ezizim, gelinligim! Yşkyň şerapdan, atyryňyň hoşboý ysy ähli hoşboý ysly zatlardan lezzetlidir!” Romantika hökman gerek.
  2. Matta 5:32: “Men welin size diýýärin, zynadan başga sebäp bilen aýalyny aýyran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir”. Ahlaksyzlyk ynamy we gatnaşygy bozýär.
  3. Matta 19:6, 9: “Şoňa görä, indi olar iki däl-de, bir ten hasaplanarlar. Hudaýyň goşanyny hiç kim aýyrmasyn. Men size aýdýaryn, kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, ol zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen hem zyna edýändir”. Maşgala bu hemişelik bolmaly.
  4. Rimliler 7:2-3: “Ärli aýal diri ärine kanun arkaly baglydyr, äri ölse welin, nika kanunyndan boşaýar. Şoňa görä-de, aýal äri dirikä başga äre barsa, oňa zynahor diýler, ýöne äri ölse, ol kanundan azatdyr, başga äre barsa hem zynahor däldir”. Diňe ölüm är-aýaly aýyrmaly. Başga hiç zat aýyrmaly däl.
  5. Efesliler 5:21-33: “21 Mesihe bolan uly hormatyňyz bilen birek-birege tabyn boluň. 22 Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň. 28 Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. 29 Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam, ony iýmitlendirip timarlaýandyr. 33 Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärini sylasyn”. Maşgala duýgy däl-de, söýgi esasynda gurulmaly.
  6. Efesliler 5:23-32”: “Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň”. Maşgala bu ýygnagyň we Mesihiň simwoly bolmaly.
  7. Ýewreýler 13:4: “Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder”. Maşgala hormat goýulmaly we günä bilen hapalanmaly däl.

 

Hudaý maşgalany Öz şöhraty üçin döretdi we we maşgala duýgy esasynda däl-de, söýgi esasynda gurulmaly. Men yokardaky aýatlar siziň maşgala baln düşünjäňizi has giňeldendir diyip umyt edýärin.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *