TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Taze aydym “Adamlar”

29th November 2011

Taze aydym “Adamlar”

Audio klip: Adobe Flash Player (9-njy gornush yada ondan yokarky gornushi) bu audio klipi oynamak uchin gerekdir. Ine shu salgylanmada songky gornushini indirip al here.
Yene-de browserinde JavaScript-e rugsat berilen bolmaly.

Download this file. Adamlar

posted in Durmuşyň Manysy näme, Radio | 0 Comments

27th November 2011

Hudayyng Sozi

Audio klip: Adobe Flash Player (9-njy gornush yada ondan yokarky gornushi) bu audio klipi oynamak uchin gerekdir. Ine shu salgylanmada songky gornushini indirip al here.
Yene-de browserinde JavaScript-e rugsat berilen bolmaly.

Download this file.

“Ozal-bashda Soz bardy. Soz Hudaydady, Soz Hudayyng Ozudi. Ol ozal-bashda Hudaydady. Hemme zady Ol yaratdy, yaradylan zatlaryng hich biri Onsuz yaradylmady. Onda yashayysh bardy, yashayysh bolsa ynsanlaryng Nurudy. Bu Nur garangkylykda parlayandyr, garangkylyk ony ochurip bilen daldir.” Injil

posted in Radio | 1 Comment

18th November 2011

Hudayyng merhemeti…ing kyn yagdaylarda hem umyt beryar we bize yashamaga many beryar…

Bu Nick Wuyching Hudayyng rehmi we merhemeti bilen durmushynyng ing erbet yagdayynda hem Ondan umyt tapypdyr we taze mana eye bolup taze Hudayy shohratlandyryan durmush bilen yashap bashlapdyr!
Bu shayatlyk Rus dilinde, gelejekde Turkmen diline gechirmek maksadymyz bar. Eger siz bu videony Turkmen diline gechirmekde yardam bermek islegingiz bolsa bize bildirip bilersingiz!

Goy Huday size pata bersin!

Nic by Poiskboga

posted in Шахсы шаятлык, Filim | 0 Comments

9th November 2011

Hudaýyň aýaly we maşgalany ýaradyşy

Hudaýyň aýaly we maşgalany ýaradyşy

Başlangyç kitabynyň 2:18-24-nji aýatlarynda şu barada aýdylýar: “18 Reb Hudaý: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi. 19 Reb Hudaý ähli haýwanlary, guşlary toprakdan döretdi we adamyň olary atlandyryşyny görmek üçin, olary onuň ýanyna getirdi. Adam ähli janly-jandarlara näme at beren bolsa, şol-da olaryň ady boldy. 20 Şunlukda, adam ähli mallara, guşlara, ähli haýwanlara at berdi. Ýöne adamyň özüne laýyk kömekçi tapylmady. 21 Reb Hudaý adamy agyr uka giderdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi. 22 Reb Hudaý adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi. 23 Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol ärinden alnandyr» diýdi. 24 Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten bolýar”.

Ine, şu aýatlarda görşümiz ýaly, Hudaý ilkinji aýaly we maşgalany ýaratdy. Reb Hudaý (18-nji ayat): «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi. Hudaý biziň mätäçliklerimizi öňünden bilýär. 22-nji aýatda, Hudaý How enäni Adam ata üçin ýaradýar: “Reb Hudaý adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi”.

Maşgala bu Hudaýyň pikiridi. Hudaý adamyň mätäçdigini gördi. Emma, Adam ata maşgala barada pikir hem etmeýärdi. Hudaýyň Özi oňa düşündi. Aýaly onuň gapyrgasyndan ýasady. Sebäbi olaryň ýaşaýşy, gatnaşygy haýwanlardan tapawutlydy. Çünki Hudaý olary Özüne meňzeş edip ýaradypdy. Gapyrgadan ýasalmak, bu deňsizligi aňlatmaýar. Bu erkegiň aýalyny söýüp, bir ten bolmagy üçin, goramagy üçindir. Hudaý erkek we aýaly dürli wezipeler üçin tapawutly edip ýaratdy. Emma bir maksat üçin ýaratdy. Ol-da Hudaýy hormatlamak üçindir!

Ine, Hudaý maşgalany erkek we aýala sowgat edip berdi. Hudaý erkek bilen aýalyň ýaşaýyş gatnaşygyndaky esaslaryny  adamlaryň  däp-dessuryna, medeniýetine ýada düşünjelerine laýyklykda ýaratman, Öz islegine we maksadyna laýyk edip ýaratdy. Hudaýyň maksady 24-nji aýatda görkezilýär: “Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýalyna ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten bolýar”. Hudaý aýaly kömekçi edip ýaradandygy üçin adam ene-atasyny taşlap, aýalyna goşulmalydy. Olar indi biri-biri üçin jogapkärçilik çekmelidi, biri-birini başgalardan ýokary söýmelidi, biri-biri bilen päk är-aýallyk gatnaşygynda bolmaklygy aňladýardy. Güýçli, sagdyn maşgala bolmak üçin şol Hudaýyň 24-nji aýatdaky prinsipini saklamalydyrys. Maşgalaň maksady birlik bolmaly! Är-aýal birleşenden soň tende bir bolýarlar.

Mukaddes Kitapda maşgala barada näme diýýär:

  1. Nagmalar nagmasy 4:9-10:  “Eý, ezizim, gelinligim, köňlümi maýyl etdiň, gözleriň bilen bir bakyşda, boýnuň hünjüsiniň biri bilen köňlümi maýyl etdiň. Ne şirin söýgiň seniň, eý, ezizim, gelinligim! Yşkyň şerapdan, atyryňyň hoşboý ysy ähli hoşboý ysly zatlardan lezzetlidir!” Romantika hökman gerek.
  2. Matta 5:32: “Men welin size diýýärin, zynadan başga sebäp bilen aýalyny aýyran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir”. Ahlaksyzlyk ynamy we gatnaşygy bozýär.
  3. Matta 19:6, 9: “Şoňa görä, indi olar iki däl-de, bir ten hasaplanarlar. Hudaýyň goşanyny hiç kim aýyrmasyn. Men size aýdýaryn, kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, ol zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen hem zyna edýändir”. Maşgala bu hemişelik bolmaly.
  4. Rimliler 7:2-3: “Ärli aýal diri ärine kanun arkaly baglydyr, äri ölse welin, nika kanunyndan boşaýar. Şoňa görä-de, aýal äri dirikä başga äre barsa, oňa zynahor diýler, ýöne äri ölse, ol kanundan azatdyr, başga äre barsa hem zynahor däldir”. Diňe ölüm är-aýaly aýyrmaly. Başga hiç zat aýyrmaly däl.
  5. Efesliler 5:21-33: “21 Mesihe bolan uly hormatyňyz bilen birek-birege tabyn boluň. 22 Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň. 28 Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. 29 Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam, ony iýmitlendirip timarlaýandyr. 33 Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärini sylasyn”. Maşgala duýgy däl-de, söýgi esasynda gurulmaly.
  6. Efesliler 5:23-32”: “Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň”. Maşgala bu ýygnagyň we Mesihiň simwoly bolmaly.
  7. Ýewreýler 13:4: “Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder”. Maşgala hormat goýulmaly we günä bilen hapalanmaly däl.

 

Hudaý maşgalany Öz şöhraty üçin döretdi we we maşgala duýgy esasynda däl-de, söýgi esasynda gurulmaly. Men yokardaky aýatlar siziň maşgala baln düşünjäňizi has giňeldendir diyip umyt edýärin.

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

8th November 2011

Dar gapydan giring…

luke-1324-narrow-door.jpg

“Dar gapydan giring; chunki helakchilige getiryan gapy ging, yol inli, ol gapydan giryanler kopdur. Yone yashaysha getiryan gapy dar, yol insiz, ony tapyanlar azdyr.” Matta 7:13-14

posted in Шахсы шаятлык, Filim | 0 Comments

2nd November 2011

Morokkaly musulman ayalyng goni efirde Isa Mesihi Reb hokmunde kabul edishi hakynda video

Umumy terjime sheylerak:

Bu jang Morrokkadan Sana atly uyamyz. Men Sana ozum Morrokkaly we sshu wagt Englanda yashayan. Men ilki bilen “ menden ongki morokkaly birining size erbet sozleri aydany uchin erbet boldum we sizden ol adam uchin bagyshlama sorayaryn. “ Zyany yok biz ol sozlere owrenishen” diyip Rashid atly alyp baryjy jogap beryar. “Men sizing gepleshikleringiz kopden bari goryarin, we sizing gepleshikleringiz gowy goryarin. Men Mesihi bolmaga gaty yakyn chunki men Hakykaty bilip bashladym. “Name uchin Kabul edengok” ? “sebabi men arim bar we ol fanatik musulman. Mening chagalarym bar we yoldashym bilse onda menden ayrylyshar we chagalarymy menden alar” Rashid: “ Men sening bashdan gechirenleringi bilyarin, emma bizing kopumiz hem kop ezyetler gorduk, kynchylyklar chekdik, Reb mbize yardam berer…”  Sana: “men yslama shubhe edip bashladym,….yslamdada erkinlik yok….” Sizing uchin dileg etmek isleyan.

Biz dileg etmezden ongurti, Rebbe yuzlening: Mening Rebbim , merhemetli Atam, Sening merhemeting we soygunign uchin minnetdar. Oz Oglunyg mening bgunlaeirm uchin hachda olume berendigi uchin minnetdar. Men gunalerim uchin toba edyan we Seni oz halasgarimhokmun Kabul edyan. Meni halas et Reb. Manga komek et meni gora, mening chagalarymy gora, yoldashyma hem komek et. . Mening yolumy yagty et we manga yolungy owret we ol yolungdan gezip bileyin!”

Rashit: “ Reb onung kyn wagtlarynda ol bilen bile bol, sen onung kalbyny bilyarsing, ony gora, onung durmushyny gora…biz sanga onung durmushyny doly tabshyryarys!”

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments